ALTMYŞ DÖRDÜNJI BAP: YRYM, BILGIÇLIK, ŞUMLUK, GUŞLARYŇ UÇUŞYNDAN PAL ATMAK, PALÇYLYK, GÖZBAGÇYLYK, JADY, GÖZ DEGMEK, TAPMAÇA, MATAL WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ALTMYŞ DÖRDÜNJI BAP: YRYM, BILGIÇLIK, ŞUMLUK, GUŞLARYŇ UÇUŞYNDAN PAL ATMAK, PALÇYLYK, GÖZBAGÇYLYK, JADY, GÖZ DEGMEK, TAPMAÇA, MATAL WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Süleýman ibn Bureýde kakasynyň aýdanlaryndan şeýle gürrüň beripdir: «Resulallanyň ýanynda yrym barada agzaldy. Şonda ol: «Eger kime şunuň ýaly yrymlardan bir zat gabat gelse, onda: «Eý, Allam! Seniň ýazgydyňdan başga yrym ýokdur, seniň haýryňdan başga haýyr ýokdur, senden başga Hudaý ýokdur, Alladan başga hiç hili güýç we kuwwat ýokdur» diýsin» diýdi».

* * *

Hadysda şeýle diýlipdir: «Kim yrym edýän bolsa ýa-da yrym etdirýän bolsa, pal atýan bolsa ýa-da pal atdyrýan bolsa, ol bizden däldir».

* * *

Enes Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Resulalla bir gezek:

— Ne kesel ýokaşma, ne-de yrym bardyr. Maňa ýagşa ýormak hoş ýakýar — diýdi.

Onda oňa:

— Ýagşa ýormak diýýäniňiz näme? — diýdiler.

Ol:

— Ýagşy söz — diýdi».

* * *

Hadysda şeýle diýlipdir: «Resulalla (her işi) ýagşa ýormagy we ýagşy ady söýýärdi».

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Eger güman etseňiz, güman edýän zadyňyzy amala aşyrmaň, eger yrym etseňiz, ol zatdan daşlaşyň we Alla töwekgel ediň».

* * *

Arwa ibn Amyr şeýle diýipdir: «Resulallanyň ýanynda yrym barada agzaldy, onda ol: «Gowusy olary ýagşa ýormakdyr we ol musulmana böwet bolup bilmez. Eger siz halamaýan bir zadyňyzy göreniňizde: «Eý Allam! Ýagşylyklardiňe senden gelýär, erbetlikleri diňe sen dep edýärsiň, Alladan başga hiç hili güýç-kuwwat ýokdur diýiň»diýipdir».

* * *

Abdylla ibn Bureýde kakasyndan şeýle gürrüň beripdir: «Resulalla hiç zada yrym etmezdi. Eger ol bir ýere kimdir birini häkim bellese, onuň adyny soraýardy. Eger onuň ady göwnüne ýarasa begenýärdi. Onuň bu şatlygy ýüzünde görünýärdi».

* * *

Nakyl:

 — Guş[1] Allanyňky, seniňki däl (ýagny ýazgyt Alladandyr).

* * *

Bir çarwa arap Ubeýdylla ibn Zyýadyň dälizinde ýolbarsyň, goçuň we itiň suratyny görüp: «Ýolbars arlap dur, goç süsüp dur, it üýrüp dur. Ol olara hiç haçan hem düşünmez» diýipdir. Şondan soň Ubeýdylla birnäçe gün ýaşapdyr.

* * *

Kubeýsa şeýle diýidpir: «Men Resulallanyň: «Guşlaryň uçuşyndan pal atmak, yrym we bilgijiň hasa bilen urmagy – bularyň hemmesi Alla ortak goşmakdyr» diýendigini eşitdim».

* * *

Ibn Apbas Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Kim palçynyň ýanyna gidip, onuň aýdýanlaryny tassyklasa, ýa-da haýyzly aýaly bilen jynsy gatnaşykda bolsa, ýa-da aýalynyň arkasyndan barsa, Muhammede indirilenden ýüz öwürendir».

* * *

Halypa Seffahyň serkerdesi Amyr ibn Ysmaýyl Mezjahy Müsürden emewi halypasy Merwan ibn Muhammediň gözlegine çykypdyr. Ol Feýýum obasynda bir topar arap bilen gabatlaşypdyr. Olaryň içinden bir adama:

— Seniň adyň näme? — diýip sorapdyr.

Ol:

— Mansur ibn Sagt. Men Sagdyl-aşyrat[2] taýpasyndan — diýipdir. Amyr oňa yrym edip we öz işi oňuna bolsun diýip ýylgyrypdyr. Soň ýoluny dowam etdiripdir. Ol şol gijede Merwan ibn Muhammedi tapypdyr.

* * *

Lebit şeýle diýidpir:

Ömrüňe ant-kasam bolsun, bu kelamym menden saňa,

Hasa bilen ýere urýan bilgiçlere ýalan ýardyr,

Guşlaryň uçuşyndan habar berýäne ynanma,

Ählisinem ýaradyjy Alla bardyr, Alla bardyr.

* * *

Mezret ibn Dyrar[3] şeýle diýipdir: «Men şeýle bir adam, meniň saçlarym möjegiň uwwaldysyna we garganyň gagyldysyna syh-syh bolmaýar».

* * *

Hezreti Aly aý ýitende we aý akrap ýyldyzlar toparyna girende, sapara ýola çykmagy we toý tutmagy halamaz eken.

* * *

Harp Rawendiniň hyzmatkäri Beşir Abu Müslimiň öldürilen güni Halypa Mansuryň ýanyna gelip:

— Eý, möminleriň emiri, men şu gün Abu Müslime şum bolan üç sany zat gördüm — diýipdir.

Onda Mansur:

— Olar näme? — diýip sorapdyr.

Beşir:

— Ol atyň üstündekä kellesinden telpegi ýere gaçdy — diýipdir.

Mansur:

— Allahu ekber! Onuň yzyndan, kellesi hem gitdi, eý, Beşir — diýipdir.

Beşir:

— Onuň bilen aty hem taýyp ýykyldy — diýipdir.

Mansur:

— Allahu ekber! Onuň ykbaly we onuň gaty tirsek süňkleri döwüldi — diýipdir.

Beşir:

— Ol: «Men öldürildim we nebsim meni aldady» diýdi. Şol wagt çölde bir adam: «Bu gün seniň bilen meniň aramda ajalyň soňky güni» diýýärdi — diýipdir.

Mansur:

— Allahu ekber! Onuň ajaly ýetdi we bu dünýäden onuň yzy kesildi — diýidpir.

* * *

«Satyh ýaly görýär» diýlen söz araplarda nakyl hökmünde getirilýär. Satyh bir jadygöýüň adydyr. Olaryň aýtmaklaryna görä, ol ähli gizlin zatlary göýä eliniň aýasynda ýaly görýärmiş. Şeýle hem jadygöýligiň ähli tilsimlerini ele alanmyş.

* * *

Mundan başga-da «Şakka jadygöý ýaly» diýen söz hem ulanylýar. Ol ýarym adam, ýarym jyn bolanmyş.

* * *

Ibn Rumy şeýle diýipdir:

Sen göýä Şakkanyň we Satyhyň görüşi ýaly görýärsiň, olar meşhur jadygöýlerdir,

Olar gaýypdaky zatlary ynsanyň aýdyň gözi bilen görýärler,

* * *

Mezit öz gyrnagynyň elinde altyn ýüzük görüp:

— Ýüzügiňi maňa ber, men saňa ol barada şygyr aýdyp bereýin — diýipdir.

Onda ol şeýle diýipdir:

Elimdäki bu zehep[4],

Heder edýän en tezhep[5].

Ýöne, algynyň udy[6],

Gaýdyp geler söz hak.

* * *

Jahyz şeýle diýipdir: «Museýlime[7] «pygamberlikden» ozal Ubulläniň[8], Bakkanyň[9] we Hiranyň[10] bazarlarynda aýlanyp ýörer eken. Ol jady we gözbagçylyk bilen meşgullanarypdyr. Ol ýyldyza seredip pal atar eken we doga-tumar eder eken. Ol çagalara tilsim edip, olaryň boýnuna jaň dakyp, gijelerine ýeliň öňünden ylgadar eken we olara: «Perişdeler seniň ýanyňa gelýärler, bu perişdeleriň tykyrdysy» diýip, guşlaryň ganatlaryny bir ýüpe daňyp, olaryň üstünde uçurar eken. Soň yslam ýüze çykanda, ol öz kowumynyň arasyna barypdyr. Olar bolsa çarwa araplar bolupdyrlar we olaryň arasynda özüni pygamber hasaplap başlapdyr. Soň bolsa musulmanlar ony öldüripdirler we halk ondan dynypdyr.

* * *

Araplar itler we pişikler barada şeýle diýipdirler: «Olar öňüňizden çyksa kowuň ýa-da güýmener ýaly oňa bir zat oklaň».

* * *

Asmagy şeýle diýipdir: «Gözi degýän bir adam şeýle diýdi: «Eger meni bir zat haýran galdyrsa, gözümden gyzgynlyk çykýar».

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Biziň ýanymyzda iki sany gözi degýän kişi bardy. Olaryň biri daşdan howzuň ýanyndan geçip gitdi we şeýle diýdi: «Men ony bu günki ýaly hiç haçan görmändim» diýdi. Howuz ikä bölünip ýaryldy. Ol ýene oňa: «Sözüm bilen seni heläk edäýdim-ow» diýdi welin, howuzda dört sany ýaryk emele geldi.

Beýleki gözi degýän diwaryň aňyrsyndan peşewiň sesini eşidip:

— Seniň akyşyň nähili güýçli eken — diýdi.

Oňa:

— Ol seniň ogluň — diýdiler.

Ol:

— Meniň gözüm oňa degmäwersiň — diýdi.

Oňa:

— Belki, oňa zyýany ýetmez — diýdiler.

Soň ol oglan hiç haçan peşew edip bilmedi we tä ölýänçä şeýle ýagdaýda geçdi.

* * *

Gözi degýän bir adam sagylyp duran sygryň süýdüniň sesini eşidip geň galypdyr we şeýle diýipdir: «Bu kimiň sygryka? Nähili süýtli eken» diýipdir. Şol wagt derrew oňa başga sygry görkezipdirler. Emma sygyrlaryň ikisem ölüpdir.

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

Maňa sowgat berdiň gülden — sewseni[11],

Gowulyk görmedim syn edip ony.

Ady «sewden»[12] hem-de «senden»[13] ybarat,

Görmesem, belki-de hoş eder meni.

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

Ýasemin gülünden durýaryn daşda,

«Ýas»[14] sözi bar ahyr ol sözde — başda.

Maňa erbet onuň adynyň ýary,

«Ýasda» näme görjek hederden başga.

* * *

Dowamlylygy üçin mirt[15] gülüne gowy yrym edýärler we çalt dargaýandygy üçin nerkes gülüni yrym edip halamaýarlar, oňa dönük diýýärler.

Apbas ibn Ahnef şeýle diýipdir:

Eý, ajalym, seni nerkes diýende,

Ynsap bar ekeni, mirt diýse weli,

Onda sen wepaly bolardyň bilýän,

Sebäbi wepadar bolýar mirt güli.

* * *

Araplaryň ynanjyna görä, jynlar haýwanlaryň üstüne münýärmişler. Emma towşandan welin, onuň haýyz bolýandygy üçin gaçýarmyşlar. Şonuň üçinem araplar towşanyň aýak yzyny ýasadyp boýnuna dakyp gezer ekenler. Olar kim muny dakynsa, oňa göz degmeýär, oňa jady täsir etmeýär we jyn ondan gorkýar diýip ynanypdyrlar.

* * *

Asmagy şeýle diýipdir: «Men Ibn Awndan yrym barada soradym. Onda ol: «Eger bir adam syrkaw ýatan bolsa oňa: «Eý, sag adam!» ýa-da kimdir biri bir zat gözleýän bolsa: «Eý, gözleýän zadyny tapan!» diýen ýaly bimany zatdyr» diýdi».

* * *

Ykryma şeýle diýipdir: «Biz Ibn Apbasyň ýanynda otyrdyk. Şol wagt bir guş gygyryp uçup gitdi. Içimizden bir adam:

— Haýyrdyr — diýdi.

Ibn Apbas:

— Onda haýyr-da ýok, şer-de ýok — diýdi.

* * *

Mugawyýa Hudbe atly bir adamy Hajar ibn Adyý Kindini[16] we onuň ýany bilen on üç kişini öldürmegi üçin iberipdir. Hudbe ýeke gözli eken. Haşgam taýpasyndan bir adam oňa seredip: «Dogrudan hem guşuň uçmagy dogry bolup çykdy, ol biziň ýarymyzy öldürer» diýdi. Haçanda ol ýedi kişini öldürende, Mugawyýa ilçi iberip, galanlaryny bagyşlady.

* * *

Kesir[17] Müsüre ugrap özüniň söýgülisi Yzzatyň gözlegine çykypdyr. Ýolda oňa neht ogullary taýpasyndan bir çarwa arap duşupdyr. Ol oňa:

— Sen düýşüňde näme gördüň? — diýipdir.

Onda Kesir:

— Men düýşümde söwüt agajyndan ýere ýykylyp, ýelekleri ýolnan gargany gördüm — diýipdir.

Onda çarwa:

— Sen Müsüre git, Yzzat wepat boldy — diýipdir.

Ol bu söze üstünden suw guýlan ýaly bolupdyr. Soň ol Müsüre gelipdir. Adamlar bolsa Yzzatyň jynazasyndan dargap barýan ekenler. Ol şeýle diýipdir:

Nehtli nähili gowy bilgiç eken, onuň bilgiçligi aýrybaşga eken,

Ol guşlar arkaly nähili dogry bildi.

Yrym onuň nähili gowy kömekçisi.

Men düýşümde goranyp, söwüdiň üstünden ýykylyp, uly ganatlarynyň, gyrylýandygyny gördüm,

Ol bolsa guşlar bilen pal atdy we maňa,

Garga seniň ýat ülkä gitmegiň we gynanç,

Söwüt bolsa seniň söýýän durmuş ýoldaşyňdan jyda düşmegiň diýdi.

* * *

Hezreti Äşe şeýle diýipdir: «Eger Resulallanyň bir ýeri agyrsa, onuň ýanyna Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Allanyň ady bilen saňa zyýan ýetirýän ähli dertden, saňa bahylyň bahylçylyk edýän şerinden we ähli gözden-dilden seni gorap saklaýan dogany okaýaryn» diýerdi.

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Eger biziň birimiz Resulallanyň ýanyna bir ýerimiz agyryp gelsek, ol sag eli bilen ony sypalap, soň bolsa şeýle diýýärdi: «Eý, ynsanlaryň Rebbi, derdi gider, şypa ber, sen şypa berijisiň, seniň şypaňdan başga şypa ýokdur. Senden ähli dertlere şypa isleýäris».

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Resulalla öz ymmatyndan kimdir biri syrkawlasa, oňa muawwizeteýn[18] sürelerini okaýardy».

* * *

Ümmi Seleme şeýle diýipdir: «Resulalla özüniň öýdäki gyrnagynyň ýüzünde gara tegmil görüp: «Oňa göz degipdir, oňa em ediň» diýdi».

* * *

Jabyr ibn Abdylla şeýle diýipdir: «Biziň aramyzdan bir adamy içýan çakdy. Onda bir adam:

— Eý, Allanyň resuly, oňa em edeýinmi (ony okaýynmy)? — diýdi.

Onda Resulalla:

— Kim doganyna peýdaly bolup biljek bolsa, ony ýerine ýetirsin — diýdi.

* * *

Awf ibn Mälik Eşjagy şeýle diýipdir: «Biz jahylyýet döwründe doga-tilsim edýärdik. Biz bir gezek:

— Eý, Allanyň resuly, siz muňa nähili garaýarsyňyz? — diýdik.

Ol:

— Siz bilýän emleriziňi ediberiň. Eger içinde Alla şirk bolmasa, em etmekde zyýan ýokdur — diýdi.

* * *

Abu Sagyt Hudry şeýle diýipdir: «Resulallanyň sahabalaryndan birnäçe kişi bolup, saparda gezip ýördük. Araplardan bir kowumyň ýanynda düşledik we olardan bizi myhman almaklaryny soradyk. Olar myhman almadylar. Soň olaryň ýolbaşçylaryny içýan çakdy.

Olar hem biziň ýanymyza gelip:

— Içiňizde içýan çakany okap, sagaldyp bilýän barmy? — diýdiler.

Men hem:

— Hawa, men bar. Ýöne otuz goýun bermeseňiz bu işi etmerin — diýdim.

Olar hem:

— Biz size otuz goýun bereris — diýdiler.

Men hem oňa ýedi gezek «Alham» süresini okadym, ol hem gowulaşdy. Biz goýunlary aldyk, ýöne içimizden (muňa halalmy ýa-da dälmi) şek döredi. Şonuň üçinem goýunlara degmezden Resulallanyň ýanyna geldik we bolan hadysany aýtdyk.

Onda ol:

— Sen onuň («Alhamyň») şeýle täsirli bir dogadygyny nädip bildiň? Goýunlary böleşiň, meniň hem paýymy beriň — diýdi.

* * *

Ibn Apbas Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Göz degmek hakdyr. Eger ýazgydy böwsüp geçýän bir zat bolsady, bu göz degme bolardy. Eger size göz degendigi üçin suwa düşmegiňiz islenilse, suwa düşüberiň».

* * *

Hezreti Äşe şeýle diýipdir: «Biziň döwrümizde göz degende gözi degene täret kyldyrýardylar. Soňam onuň täret suwy bilen göz degeni ýuwýardylar».

* * *

Amyr ogullary taýpasyndan bir aýal doga-tumar edende şeýle diýer eken: «Men saňa Allanyň ady bilen gyzgyn nebisden we erbet gözden gorap, doga-tumar edýärin».

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Göz gözellige, suwa, ulaga we gök öwüsýän zatlara degýär».

* * *

Çarwa arap kiçiräk sürüsini ýitiripdir. Ol onuň gözlegine çykypdyr we ýolda başga bir çarwa araba sataşypdyr. Ol oňa süýt beripdir we ondan:

—    Onuň gözlegine haçan çykdyň? — diýip sorapdyr.

Süri ýitiren:

—    Daň atmazynyň öň ýanynda — diýipdir.

Ol:

— Näme eşitdiň? — diýipdir.

Süri ýitiren:

— Guzynyň üsgürýändigini, goýnuň mäleýändigini, düýäniň bögürýändigini, itiň we guşuň sesini eşitdim — diýipdir.

Ol:

—    Bular seniň ýöremegiňe päsgeldir — diýipdir.

Soň süri ýitiren:

— Daň atan çagy maňa möjek sataşdy — diýipdir.

Onda öňünden çykan:

— Sen ýitgiňe ýakynlaşypsyň — diýipdir.

Süri ýitiren:

— Gün dogandan soňra düýeguşa sataşdym — diýipdir.

Onda ol:

— Ol ýeleklidir we ady hem gowudyr. Sen yzyňa dön, ýitiren zadyňy öýüňden taparsyň — diýipdir we onuň aýdyşy hem bolup çykypdyr.

* * *

Kagbul Ahbar şeýle diýipdir: «Ösümlikler Süleýman alaýhyssalamyň mährabynda öser ekenler we onuň bilen gürleşer ekenler. Olar: «Men şeýle ösümlik we şeýle derde derman» diýip dillener eken. Ol hem olaryň atlaryny, suratlaryny we peýdasyny ýazyp, kitaphanasynda goýar eken. Şeýdip olaryň hemmesi barada maglumat ýazypdyr. Onuň ýanyna iň soňky bolup, çowdary ösümligi gelipdir. Süleýman alaýhyssalam ony görüp: «Indi meniň ölüm habarym geldi we Beýtil-mukaddes harap bolar» diýipdir».

* * *

Parslarda şeýle yrym bolupdyr:«Eger doňuzlara gyrgynçylyk gelse, adamlaryň ýaşaýşynda bölünişik bolar. Eger wagşy haýwanlara gyrgynçylyk degse, adamlara kynçylyk geler. Eger syçanlara gyrgynçylyk degse, ekerançylyk bereketli bolar, eger gurbagalaryň warryldysy köpelse, ölüm köpeler, eger leglekler gagyldasa we towuk oňa jogap berse, harabalyklar dikeldiler, eger towuk käkelese we oňa garga jogap berse, onda tersine ymaratlar weýran bolar. Eger horaz bir adamyň hasasynyň üstüne topulsa, ol adam hormata we şan-şöhrata eýe bolar. Emma towuk topulsa, onda tersine bolar».

* * *

Bir hristianyň boýnunda haç bar eken. Ol şeýle diýer eken: «Munuň agajy Isa alaýhyssalamyň asylan agajyndan. Muňa ot kär etmez». Ol şeýdip onuň bilen köp wagtlap gazanç edip gezipdir we ahyry aldaýandyr öýdüpdirler. Onuň agajyny ruhanylar ýakyp görjek bolsalar ýanmandyr.

* * *

Bir gezek çarwa arap: «Dik duran wagty oturan wagtlaryndan has pes bolýan zat näme, siz bilýärsiňizmi, ol itdir. It yzky aýagynda oturanda, dört aýagynda duran ýagdaýyndan has beýik bolýar» diýipdir.

* * *

Atasyz doglana haýran men, bendi,

Hem ene-atasyza bolup perzendi.

Olar Isa pygamber we Adam Atadyr.

* * *

Arap tapmaçalaryndan:

Döşi ak, ýagyrny gara, arkasy torbaly gezýär, peşewi damja-damja (kirpi).

* * *

Çarwa arap şeýle diýipdir:

Ýük çeker, öküz däldir, ganatlydyr, guş däldir. (gara tomzak).

* * *

Lakamy-ha «bilgiç», reňki — sary,

Iki sany orak oň aýaklary. (çekirtge).

* * *

Utby şeýle diýipdir: «Men Hyjazda göz degmegi açýan bir çarwa arap aýalyny gördüm. Ol şeýle diýdi: «Men seni hiç hili kemçiligi bolmadyk Allanyň sözi bilen ähli yns-jyns şerinden, gaharly nazardan goraýaryn. Seni günüň dogmagyndan, ähli ýöreýän hyssyldylardan, ähli gizlin nazarlardan, ähli hileli sözleýänlerden, çüfleýän hilegär aýal-erkeklerden, ýaýradyjylaryň seniň üstüňe ýaýradan zatlaryndan, saçly kelläňden, mawy gözleriňden, aşgazanly agzyňdan, oňurgaly arkaňdan, göbekli garnyňdan, dyrnakly elleriňden, yz goýýan aýaklaryňdan, toprakly guýrugyňdan, omuzly boýnuňdan. Sowuk suw bilen oda sepýärin. Alla seni öz penasynda aman saklasyn».

* * *

Ümmi Hysany görüp, galdym men haýran,

Özünden bolmadyk ogly bardy oň.

Şatdy ol, diýdim: «Bu nä beýle geň?»,

Maňa jogap berip şeýle diýdi ol:

«Çeňmi-nä, başga bir hemram bar-a meň».

* * *

Abul Atahyýa ýüze çykan gozgalaň sebäpli Basradan çykmakçy bolupdyr. Onuň gulagyna: «Eý, Alla töwekgel edýän, nirä!» diýen ses eşidilipdir we gitmän ol ýerde galypdyr.

* * *

Kagbul Ahbar Ibn Apbasa:

—    Sen ýorgut hakda näme diýýärsiň? — diýipdir.

Onda ol:

— Ol barada näme aýdyp bolar? Allanyň ýazgydyndan başga ýorgut ýokdur, Allanyň haýryndan başga haýyr ýokdur, Alladan başga Hudaý ýokdur, Alladan başga hiç hili güýç-kuwwat ýokdur — diýipdir.

Kagbul Ahbar:

— Seniň bu aýdan sözleriň Allanyň inderen kitabynda, ýagny Töwratda bar — diýipdir.



[1]Araplarda guşuň sesiniň ykbala täsir edýändigi barada asylsyz ynanç bolupdyr.

[2]Sagdyl-aşyrat taýpasy – araplaryň köpüsi bu taýpadan gelip çykan.

[3]Mezret ibn Dyrar ibn Armele ibn Sinap Mazyny Zubýany Gatafany - jahylyýet döwrüniň şahyry. Ömrüniň ahyrlarynda musulman bolupdyr.

[4]Zehep – altyn.

[5]En tezhep – gider diýip.

[6]Ud – saz guraly.

[7]Museýlimetul-Kezzap - Muhammet alaýhyssalamdan soň özüni pygamber diýip yglan edipdir. Ol jadygöý we palçy bolupdyr.  Soň ony Wagşy atly sahaba öldürýär.

[8]Ubulle – Dijle derýasynyň kenarynda bir şäher.

[9]Bakka – Hiranyň gaplaýynda bir şäher.

[10]Hira – Nejep şäheri. Kufadan 3 mil uzakda ýerleşýär.

[11]Sewse'n —  sowsan güli, liliýa.

[12]Sew —  erbet.

[13]Se'ni — ol maňa erbetlik etdi.

[14]Ýa's – umytdan düşmek.

[15]Mirt – ýakymly ysly we gülli hemişe gök öwsüp durýan gyrymsy agaç.

 

[16]Hajar ibn Adyý ibn Mugawyýa ibn Jebele ibn Adyý ibn Rabyga - oňa Hajar Haýyrly diýer ekenler. Hezreti Alynyň tarapdary bolupdyr.

[17]Kesir - medineli şahyr. Yzzat atly bir gyzy söýüpdir we oňa bagyşlap gazal ýazar eken. Şonuň üçinem Kesir Yzzat diýlen ady gazanypdyr.

[18]Muawwizeteýn süreleri - Gurhanyň soňky iki süresi bolan «Felak» we «Näs» süreleri..