ALTMYŞ BÄŞINJI BAP: AT-ABRAÝ, TAPAWUT, JEDELLEŞMEK, MEŇZEŞLIK WE ŞULARA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ALTMYŞ BÄŞINJI BAP: AT-ABRAÝ, TAPAWUT, JEDELLEŞMEK, MEŇZEŞLIK WE ŞULARA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Resulalla Halyt ibn Welide we Ykryma ibn Abu Jehle seredende: «Ölüden diri çykarýar»[1] diýen aýaty okar eken. Sebäbi olaryň ikisi hem sahabalaryň haýyrlylaryndan bolup, kakalary bolsa, Allanyň we onuň resulynyň iň ganym duşmanlarydy.

* * *

Resulalla IbnAllasa[2]:

— Özüň bilen Amyryň[3] arasynda näme bar? — diýip sorapdyr.

Onda ol:

— Men iman etdim we ol kapyr boldy, men wepaly boldum we ol biwepa boldy, meniň çagam boldy, ol perzentsiz galdy. Men namysly boldum, ol pyssy-pyjurlyk etdi — diýipdir.

Onda Resulalla:

— Sen ondan haýyrlysyň — diýipdir.

* * *

Hezreti Aly Mugawyýa şeýle diýipdir: «Seniň: «Biz hem Abdymennafyň ogullarydyrys» diýen sözüňe geleli. Dogry, ýöne Umeýýe Haşym ýaly, Harb Abdylmuttalyp ýaly däldir. Abu Sufýan hem Abu Talyba menzemez. Muhajyryň azat edilene meňzemeýşi ýaly, asyl neberesine güman bolmadyk hem şübheli nebereden gelene meňzemez. Haka uýan batyla uýana, ynanan ikirjiňlenene deň däldir. Öz atalaryna uýup jähenneme düşen, nähili erbet perzentdir.

Biziň ellerimizde pygamberlik üstünligi bar, biz şeýle neberedendiris. Biz jahylyýet üstünligi bilen üstün bolan kişini hor-homsy etdik, pes bolana üstünlik berdik. Alla araplary öz dinine topar-topar salyp durdygyça bu ymmat isleseň-islemeseň, oňa baş egdi. Kim ynanyp musulman boldy, kim gorkup musulman boldy. Ilkinji muhajyrlar üstünlikleri bilen geçip gitdiler, abraý gazandylar».

* * *

Hezreti Alydan kuraýyşlar barada soralanda ol: «Mahzum ogullary kuraýşyň gülleridir. Biz olaryň erkekleriniň sözlerini eşitmegi we aýallary bilen nikalaşmagy söýýäris. Abdy Şems ogullary ejdatlaryny goramakda we seresaply hereket etmekde iň öňe gidenlerdir. Biz bolsa, elimizde bar bolan zady haýyr-yhsan ederis. Ölümiň öňünde janlarymyzy jormatlarça bereris. Olar köplükdir, mekirdir, erbet gylyk-häsiýetlidir. Biz bolsa, has arassa, nesihat bermekde has öňde we güler ýüzlülikde has rüstemdiris».

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Iki iş arasynda nähili uzaklyk bardyr. Iş bar lezzeti gider, zähmeti galar we iş bar, zähmeti gider, sogaby galar».

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir:«Geň zat, Mugawyýa ýanyna zalymlary çagyrýar, olara hiç zat bermeýär, emma onda-da oňa tabyn bolýarlar. Men musulman bolanlaryň neberelerinden gelen, olaryň orunlaryny tutan sizi kömege çagyrýaryn. Ýa-da nämedir bir zat bermek üçin söweşe çagyrýaryn. Emma siz meniň ýanymdan gaçýarsyňyz, maňa garşy bolýarsyňyz».

* * *

Abu Söwrden[4] sorapdyrlar:

— Sen Hammat ibn Zeýt ibn Dirhem we Hammat ibn Seleme ibn Dinar barada näme diýersiň?

Onda ol:

— Olaryň arasynda atalarynyň atlarynyň arasyndaky tapawut bar[5] — diýipdir.

* * *

Bir adam Amr ibn Ubeýtden bir mesele barada sorapdyr. Ol onuň jogabyny bermekde kynçylyk çekipdir. Ýaňky adam şeýle diýipdir:

Geň-taňlygy gutarmaýar döwrümiň,

Başy gitdi, tutduk onuň guýrugyn.

Onda Amr:

— Sen Abu Huzeýfe barada aýtmak isleýärsiň, men şaýatlyk edýärin, ol meniň başymdy, men hem onuň guýrugydym — diýipdir.

* * *

Ibn Mübärek şeýle diýipdir: «Men Abu Hanypadan eşitdim. Ondan Alkama we Eswet barada soralypdyr. Ol hem:

—         Men olaryň ady bilen doga-dileg edip, olary araçy edip görmedim. Olaryň haýsynyň rüstemdigini nähili bileýin? — diýipdir».

* * *

Abul Ynadan sorapdyrlar: »Sen Wehbiň[6] iki ogly barada näme diýersiň? Ol hem Allanyň şu aýatlaryny okapdyr:«Iki deňiz biri-biri bilen deň bolmaz. Bu süýjüdir suwsuzlygy gandyrýar, içilmegi aňsat. Bu hem duzludyr, ajydyr (bogazy ýakar)».[7]

* * *

Dilewar bir adam birine şeýle diýipdir: «Sureýýa ýyldyzyny seniň başyňa täç etseler, özüňi Ýedigen ýyldyzlaryna meňzetseler, Jöwza ýyldyzyny biliňe guşak etseler we bütin asman älemini seniň başyňa täç etseler hem pylany ýaly bolup bilmersiň».

* * *

Zyýat ibn Ebih Abul Eswetden Hezreti Ala bolan söýgüsi barada sorapdyr. Ol şeýle diýipdir: «Alyny söýmek meniň kalbymda yssylygy artdyrýar, göýä Mugawyýany söýmegiň seniň kalbyňda yssylygy artdyryşy ýaly. Men Allany we ahyreti Alyny söýmek bilen isleýän, sen bolsa dünýäni onuň zynaty bilen, Mugawyýa bolan söýgüň bilen isleýärsiň. Seniň we meniň ýagdaýym göýä Mezhejiň gyz doganynyň aýdyşy ýalydyr:

Biz iki dost, şanymyzdan üýtgeşik,

Beýiklik isleýän, Ýemeni söýüp.

Men Beni Mäligiň ganyny söýýän,

Beýikligiň nury göýä bir ak süýt.

* * *

Ahmet ibn Sehl[8] şeýle diýipdir: «Adamlar üç hilidir. Öňe giden, gowuşan we dargadan. Birinjisi, öz gazanan abraýy bilen öňe giden kişidir. Ikinjisi abraýyna kakasynyň abraýy bilen gowuşan kişidir. Üçünjisi, ata-babalarynyň abraýyny dargadan kişidir».

* * *

Akyldar deňziň ýüzündäki tagtanyň üstünde ýatan ýylany görüp: «Ol üstünde deňizçisi bolan gämä meňzeýär» diýipdir.

* * *

Biri-birinden parhy bolmadyk iki zat barada «Göýä, abbadylaryň iki eşegi ýaly» diýipdirler. Abbadylardan birine:

— Seniň iki eşegiň haýsysy erbet? — diýlipdir.

Onda ol:

— Şu, soňam şu — diýip, eşekleriň ikisinem görkezipdir.

* * *

Rakkaşydan iki sany adam barada soralypdyr. Onda ol şeýle diýipdir:

Ikisi hakda soralan abbadylaryň iki eşegi.

Olaň biri beýlekiden has-da erbet eken.

* * *

Amyr ibn Tufeýl bilen Alkama ibn Alasa tersleşip, Herem ibn Kutbanyň[9] ýanyna barypdyrlar. Emma ol olaryň hiç birini hem beýlekisinden hak edip görkezip bilmändir we şeýle diýipdir: «Siz göýä aýagyny ýere deň goýan düýäniň iki dyzy ýaly».

* * *

Omar ibn Abu Rabyga Hezreti Omaryň wepat bolan gijesi dünýä inipdir. Şonuň üçinem onuň adyny dakypdyrlar. Adamlar bu barada: «Hak gitdi, batyl doguldy» diýipdirler.

* * *

Mugawyýa Ahnefe, Jariýe ibn Kudama we sagt ogullary taýpasyndan iki sany adama gaharlanypdyr. Olar hem oňa sögüpdirler. Muny hem Binti Kurta[10] eşidipdir we Mugawyýany eden işi üçin ýazgarypdyr. Mugawyýa oňa: «Mudar ogullary taýpasy araplaryň diregi, temim ogullary taýpasy mudaryň diregi, sagt ogullary taýpasy temimiň diregi, olaryň hemmesi hem sagt taýpasynyň diregidir» diýipdir.

* * *

Araplar şeýle diýipdirler: «Mudar araplaryň arasynda iň haýyrly taýpadyr, kuraýyş mudaryň iň haýyrly tiresidir, haşym kuraýyşyň iň haýyrlysydyr. Resulallanyň neberesi haşymyň iň haýyrlysydyr».

* * *

Japar ibn Süleýman Haşymy şeýle diýipdir: «Yrak dünýäniň gözüdir. Basra Yragyň gözüdir. Merbet[11] Basranyň gözüdir. Meniň öýüm Merbediň gözüdir».

* * *

Ýahýa ibn Halyt Barmaky şeýle diýipdir: «Adamlar eşidýän zatlaryny gowy ýazýarlar, ýazýan zatlaryny gowy ýat tutýarlar we ýat tutan zatlaryny gowy gürrüň berýärler».

* * *

Ibn Rumy şeýle diýipdir:

Bular hem döwrüň oglunda bardyr,

Öýlän yssysy hem saba çagdyr.

Döwür ogly – gündiz. Gündizde saba çaglary we öýlän yssysynyň bardygy üçin gündize döwür ogly diýlipdir. Şeýle hem döwürde şatlyklar we gynançlar bardyr.

* * *

Halypa Mamun şeýle diýipdir: «Öwlatlyk taýpa görä kesgitlenýär. Arap öwlady arap garaçysy üçin ajam[12] öwladyndan ýokardadyr. Ajam öwlady ajam garaçysy üçin arap öwladyndan ýokardadyr».

* * *

Bir adam şeýle gürrüň beripdir: «Men Käbäniň howlusynda gezip ýördüm. Biziň ýanymyzdan kel, arryk, aýagy gyşyk bir adam geçip gitdi. Onuň burny paşşykdy, reňki gazandan hem garady. Onuň egninde köýnegi we dony bardy.

Men:

— Bu adam kim? — diýip soradym.

Maňa:

— Hyjazlylaryň fykh alymlarynyň ymamy Ata ibn Abu Rabah — diýdiler.

* * *

Wehb ibn Werd Mekki Iblise gögünýän bir adama şeýle diýipdir: «Sen näme Iblise sögýärsiň, Alladan gork, özüň Iblisiň gizlin dosty, ýene-de oňa açykdan sögýärsiň».

* * *

Hasan Basry şeýle diýipdir: «Eger sen gödek bolsaň, mylaýymlygy öwren, eger sen alym däl bolsaň, ylym öwren, sebäbi eger bir adam az hem bolsa, bir kowuma meňzese, ol olaryň hatarynda kabul ediler».

* * *

Mezine[13] Hassan ibn Sabyty[14] jahylyýet döwründe ýesir alypdyr. Onuň taýpasy pul töläp, ony satyn almakçy bolupdyr. Onda Mezine:

— Onuň fidýesi[15] bir süri geçidir — diýipdir.

 Onda olar:

— Biz öz şahyrymyzy geçilere pida etdirmäge razy däl — diýipdirler.

Onda Hassan:

— Siz näme öz gözüňiziň görüp duran zadyny bileňzokmy? Bular teýs[16] ogullary taýpasyndan. Siz bulardan doganyňyzy alyň we olaryň öz doganlaryny beriň — diýipdir.

* * *

Allanyň misgin guly (Zamahşary) hem şeýle diýdi:

Menden bir gün soradylar Musa hem-de Musa hakda,

Iki ýazgyt — iki kysmaty haýyr bilen şer diýdim,

Iki Musa arasynda tapawut ap-aýdyňdyr,

Musa ibn Ymran[17] bilen Musa ibn Zafer[18] diýdim.

* * *

Hasan ibn Kaýsyň ogly şaýy, gyzy harrury[19], aýaly mugtezile, aýal dogany murjiýe,[20] özi bolsa sünni bolupdyr. Oňa bir gün: «Görýän welin, siz dürli pikirli birnäçe mezhep öýdýän» diýipdirler.

* * *

Mugtasym apbasly halypalaryň sekizinjisi bolupdyr. Ol sekiz ýyl we sekiz aý halypa boludyr. Onuň sekiz ogly we sekiz gyzy bolupdyr. Ol sekiz galany basyp alypdyr. Ol sekiz köşk saldyrypdyr. Ol özünden soňra hazynada sekiz ýüz müň dinar we sekiz segsen müň dirhem galdyrypdyr.

* * *

Agdarylan halypa Muhammet Emin özüni gabaýan duşmanyň gykylyklaryny we öz goşunynyň daşyny saklap, olara garşy durýandygyny eşidip şeýle diýipdir: «Iki topara hem Allanyň lagnaty bolsun! Olaryň biri meniň ganymy isleýär, beýlekisi bolsa meniň dirhemlerimi isleýär».

* * *

Mutarraf şeýle diýipdir: «Eger bendäniň gizlin we açyk işleri deňleşse, Allatagala oňa: «Bu meniň hak bendäm» diýer.

* * *

Adamlar Hezreti Abubekr bilen Hezreti Omaryň haýsynyň üstündigi barada gürrüň edip oturan ekenler. Bu habar Hezreti Omara ýetipdir we ol: «Abubekriň bir gijesi Omaryň ähli neberesinden haýyrlydyr» diýipdir.

* * *

Çarwa arap Abdylla ibn Zubeýriň we Amr ibn Osmanyň ýanyna gelip, ondan bir zat barada pitwa sorapdyr. Olar hem biri-birine «sen aýt-da, sen aýt» bolşupdyrlar. Onda ýaňky çarwa:

— Alladan gorkuň, men siziň ýanyňyza dogry ýoly gözläp geldim, men indi din barada kimden soraýyn — diýipdir. Olar hem Hasan bilen Hüseýini görkezipdirler. Olar hem onuň soragyna jogap beripdirler. Çarwa arap olar barada şeýle diýipdir:

Alla siziň ikiňiziň ýüzüňizi ak etsin,

Sandallary gaýyşdan bolan iki sany güler ýüzli Hasanlar (Hasan we Hüseýin).

* * *

Japar ibn Abu Talyp Resulalla keşbi we häsiýeti taýdan meňzeş eken. Bir gezek bir adam Japary görüp:

— Essalamu aleýkum, ýa, Resulalla — diýip, ony Resulalladyr öýdüp salam beripdir.

Ol bolsa:

— Men Resulalla däl, men Japar — diýipdir.

* * *

Abu Hureýra şeýle diýipdir: «Resulalladan soňra, sandal geýmekde we ulaga münmekde Japardan ökde hiç kim ýokdy».

* * *

Hüseýin öldürilende, Sagyt ibn As şeýle diýipdir: «Üstünlik Alladandyr, eý, Ibn Zyýat! Ol bir sary magdandy, indi altyna öwrüldi».



[1]Gurhanyň «Rum» süresiniň 19-nji aýaty.

[2]Alkama ibn Allasa ibn Awd ibn Ahwas Kilaby Amyry - sahaba. Jahylyýet döwründe Amyr taýpasynyň ýolbaşçylyrynyň biri. 20-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.

[3]Amyr ibn Tufeýl ibn Mälik ibn Japar Amyry - jahylyýet döwründe Amyr taýpasynyň ýolbaşçylarynyň biri. Şahyr. Yslamy kabul etmändir.

[4]Abu SewrKufy Habyp ibn Abu Melik - ynamdar hadys rowaýatçysy.

[5]Birinji Hammadyň atasynyň ady Dirhem, ikinjisiniň ady Dinar. Dirhem kümüşden, dinar altyndan ýasalýar.

[6]Wehb ibn Sagyt ibn Amyr Harysy.

[7]Gurhanyň «Fatyr» süresiniň 12-nji aýaty.

[8]Ahmet ibn Sehl ibn Hyşam ibn Welit Merwezi - serkerde. Merwde dünýä inipdir we şol ýerde ýaşapdyr. Mawerannahrdaky Samanlylara goşulyp, olaryň serkerdesi bolupdyr. Amr ibn Leýs ony Merw welaýatyna häkim belläpdir. Soň ony tutup, Sijistanda zyndana salypdyr. Soň ol ýerden gaçyp, Merwe gelip, häkimligi eline alypdyr. Soň Samanlylaryň emirlerinärazy bolup, ony Sagyt Nasr ibn Ahmede ýamanlapdyrlar. Ahmet ibn Sehl olardan aryny alýar, hutbadan onuň adyny aýyrypdyr, şeýle hemGürgeni we Horasany eýeläpdir. Merwde galada ýaşapdyr, Sagyt Buharadan onuň üstüne goşun iberýär. Ahmet olar bilen söweşde ýeňlipdir,özi hem Merweruzda (Tagtabazarda) ýesir düşüpdir. Ony Buhara alyp gidýärler. 307-nji hijri ýylynda zyndanda wepat bolupdyr.

[9]Herem ibn Kutba ibn ýesar ibn Amr Fezary - jahylyýet döwründe araplaryň kazysy. Resulallanyň döwründe musulman bolupdyr.

[10]Mugawyýanyň aýaly.

[11]Basranyň bir etrapy.

[12]Ajam - araplardan beýleki milletler.

[13]Mezine kabylasyndan Ibn Ed ibn Tabyha ibn Ýas ibn Mudar.

[14]Pygamberimiziň şahyry, Hysan ibn Sabyt.

[15]Fidýe sözüne iki hili many berip bolýar. 1. Pida etmek. 2. Töleg puly.

[16]Teýs – manysy geçi diýmek. Sebäbi araplarda teýs (geçi) ogullary diýen taýpa bolupdyr. 

[17]Musa pygamber.

[18]Musa Samyry. Ol kapyr bolupdyr we gölä ybadat edipdir.

[19]Harrury - Hezreti Ala we Hezreti Osmana garşy çykan haryjylaryň başga ady. Olar Harrur obasyndan çykandyklary üçin bu ady alypdyrlar.

[20]Murjiýe - sünnillikden aýry mezhepleriň biri.