ALTMYŞ ALTYNJY BAP: GYNANÇDAN SOŇKY BEGENÇ, KYNÇYLYKDAN SOŇKY ÝEŇILLIK, ŞATLYK, GUTLAMAK, BUŞLAMAK WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ALTMYŞ ALTYNJY BAP: GYNANÇDAN SOŇKY BEGENÇ, KYNÇYLYKDAN SOŇKY ÝEŇILLIK, ŞATLYK, GUTLAMAK, BUŞLAMAK WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Ibn Apbas şeýle diýipdir: «Men Resulallanyň yzyndan ýöräp baraýardym. Ol yzyna gaňrylyp maňa şeýle diýdi: «Eý, ýigit! Allany ýatla, ol hem seni ýatlar. Eý, ýigit! Allany gözle, ony taparsyň. Allany giňişlikde ýadyňa sal, ol hem seni darlykda tanar. Bil, eger halaýyklar jemlenişip, Allanyň saňa gadagan eden bir işini bermek isleseler, muňa güýç ýetirip bilmezler. Bilgin, kömek sabyrdan, begenç gynançdan soň gelýändir. Eger bir zat sorasaň, Alladan sora. Eger kömek isleseň, Alladan isle. «Her bir kynçylykdan soň ýeňillik bardyr».[1]

* * *

Ibn Mesgut şeýle diýipdir: «Resulalla şeýle diýdi: «Eger kynçylyk bir daşyň içinde bolsa, ýeňillik onuň içine girip, ony çykarar». Soň bolsa: «Her bir kynçylykdan soň ýeňillik bardyr»[2] aýatyny okady».

* * *

 Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Ýowuzlyk iň soňky derejesine ýetensoň şatlyk geler, belanyň halkalary daralansoň, rahatlyk geler».

* * *

Hudbe ibn Haşram kakasynyň doganynyň ogly Zyýada ibn Zeýt Uzaryny Mugawyýanyň halypalyk döwründe öldüripdir. Sagyt ibn As ony Medinede zyndana salypdyr. Ol tä Musewwir ibn Zyýada ibn Zeýt Uzary kämillik ýaşyna ýetýänçä bäş ýyllap zyndanda ýatypdyr. Hudbe zyndanda şeýle diýipdir:

Meniň başyma düşen gaýgy-gussanyň soňy,

Belki, begenje öwrülip, ýakynda geler gaýdyp.

Ýat garyndaşlar geler, uzak-alys ýerden diýip,

Gorkýan, olara hun töläp, halas bolaryn öýdüp.

* * *

Jerjeraýy Kätip şeýle diýipdir:

Düşmäň, ahyr umytdan, size begenç hem ýat däl,

Belki siziň arzuwyňyz arzuw edilýän zat däl.

* * *

Abul Atahyýa şeýle diýipdir:

Şu günlere hem-de beýlekilere,

Işi garaşyp dur bilseňiz Allaň.

Alla bardyr, bardyr onuň ýazgydy,

Şatlyk duşmaz öýdüp umytsyz bolmaň.

* * *

Şatlyk ýeli ösdi we meniň gaýgylarymy alyp gitdi.

* * *

Kabus şeýle diýipdir: «Her bir gaýgy dep bolar, her bir beýik pes bolar».

* * *

Arzuwyna ýeteniňki ýaly şatlyk bar mende,

Kitaby sagdan berleniň[3] şatlygy ýaly hem-de.

* * *

Sokratdan sorapdyrlar:

— Näme üçin geçen zada gynanmaýarsyň we peýdaly zada şatlanmaýarsyň?

Ol:

— Sebäbi geçen zadyň orny gaýgy bilen doldurylmaýar we peýdaly zat dowamly şatlandyrmaýar — diýipdir.

* * *

Halyt ibn Abdylla Kusry bilen Hyşam ibn Abdylmälik ibn Merwan süýtdeş dogan eken. Ýaş mahallary Halyt oňa:

— Men sende halypalygyň alamatlaryny görýärin. Sen hökman halypa bolarsyň — diýer eken.

Hyşam hem:

— Eger men halypa bolsam, Yragy saňa bererin — diýipdir.

Soň haçanda Hyşam halypa bolanda ony Yraga häkim belläpdir. Halyt hem bir gezek saçagyň başynda otyrkalar, oňa şeýle diýipdir: «Eý, möminleriň emiri! Alla seni öz yzzaty bilen yzzatlasyn. Seni perişdeler bilen güýçlendirsin. Wezipäňde seni mübärek etsin. Saňa göz-gulak bolup gorasyn. Seniň ýurduňy musulmanlara nygmat etsin. Kapyrlara öç etsin. Bu häkimlik seni özüňden hem has beter arzuwlapdyr. Sen onuň görküne görk goşýarsyň. Seniň we seniň ýurduň, göýä Ahwas ibn Muhammediň[4] aýdyşy ýalydyr:

Gözellik gözellige goşulyp, has-da artýar,

Sen şeýle gözelligiň bolarkaň niresinde?

Gözel ýüz gerek bolsa, ýa köşgüne eger-de,

Gözel ýüzüň bolardy köşgüň zynatynda.

* * *

Ybraýym Mosuly Harun Reşidi halypalygy bilen gutlap şeýle diýipdir:

Görmediňmi gün sen, ol hassalyk halady,

Nury bilen sagaldy — Harun nazary düşdi.

Harun halypa bolup, weziri bolup Ýahýa,

Bilseň, dünýä özüniň jemalyna gowuşdy.

Ol bulary perdäniň aňyrsyndan aýtdy. Harun oňa ýüz müň, Ýahýa elli müň dirhem berdi.

* * *

Mamun agdarylan halypa Emin öldürilensoň, Merwden Bagdada gelende onuň ýanyna Eminiň ejesi Ümmi Japar Zubeýda gelip:

— Alla şükür bolsun, men şu wagt seniň ýüzbe-ýüz gutlaýan bolsam, öňürti ýüregim görmezden seni gutlapdy. Men bir halypa ogly ýitirsem, ýerine başga halypa ogul tapdym. Men seni tapanym üçin hiç zada gynanmaýaryn. Elinde sen ýaly ogly bolan ene, hiç zat ýitiren däldir. Men Allatagaladan onuň alanyna sogap, berenine baýlyk dileg edýärin — diýipdir.

Ol çykyp gidenden soň halypa Mamun:

— Aýallar munuň ýalyny heniz doguran däldirler — diýipdir.

* * *

Ata ibn Abu Saýfy Sakafy emewi halypasy Ýezidiň ýanyna barypdyr. Ol ilkinji bolup gutlagy we ölüm gynanjyny bile bildiren kişidir. Ol oňa: «Allanyň halypalygy ýitirildi we Allanyň halypalygy berildi. Mugawyýa wepat boldy, biz ony söýýärdik. Alla onuň günälerini ötsün. Hökümdarlyk galdy. Syýasaty ýöretmäge iň laýyk ýolbaşçy sensiň. Sen muny Alladan gelen iň uly matam kabul et. Şeýle hem Allanyň iň uly dereje berenine şükür et» diýipdir.

* * *

Bir adam Abul Ynanyň ýanynda özüniň aýalyndan zeýrenipdir. Abul Yna oňa:

— Sen onuň ölmegini isleýärsiňmi? — diýipdir.

Onda ol:

— Ýok, diňe özünden başga Hudaý bolmadyk Allanyň adyndan ant içýärin, ýok — diýipdir.

Abul Yna:

— Özüň-ä ezýet berýär diýýärsiň, onda näme garşy çykýarsyň? — diýipdir.

Ol adam:

— Eger ol öläýse, begenjimden özümem ölerin öýdüp gorkýaryn — diýipdir.

* * *

Ýezit ibn Omar Hubeýra[5] bir adamy öldürmegi ýüregine düwüpdir. Onuň birden durky üýtgäp, içi gysyp ugrapdyr. Düýşünde kimdir biriniň özüne şeýle diýýändigini görüpdir:

Lowhda[6] ýazylan zadyň öňüne,

Hiç kimem ýetip bilmez deňine.

Bu wakadan soň bir aý geçip-gelmänkä, halypa Abu Japar Mansur ony öldüripdir.

* * *

Japar ibn Abu Talyp[7] Hebeşistan hökümdary Nejaşynyň ýanyndan Resulallanyň ýanyna gelipdir. Şol wagt Haýbaryň hem ýehudylardan basylyp alnandygy baradaky habar gelipdir. Resulalla ony görüp, gujaklapdyr, iki gözlerinden öpüpdir we oňa: «Enem-atam gurban bolsun saňa, men haýsysyna begenjegimi bilemok. Haýbar ýeňşinemi ýa-da Japaryň gelmeginemi?» diýipdir.

* * *

Halypa Seffahyň ölüminden soňra, halypa Mansur Mekgäniň ýolunda bir çarwa arap aýalyna duşupdyr. Ol aýal oňa: «Eý, möminleriň emiri, Alla saňa iki ýagdaýda hem has gowsuny etdi. Iki işde hem saňa has uly nygmat berdi. Allanyň halypasynyň ölmegi saňa matam boldy. Allanyň halypalygy saňa berildi. Bu matamy Alladan bil. Allanyň beren sowgadyna şükür et. Alla möminleriň emirini Halypa etdi we möminleriň işlerine ony laýyk gördi» diýipdir.



[1]Gurhanyň «Şerh» süresiniň 6-njy aýaty.

[2]Şol aýat.

[3]Kyýamat gününde Alla özüniň päk bendelerine olaryň amal depderlerini sagdan berjekdir.

[4]Abdylla ibn Muhammet ibn Abdylla ibn Asym ibn Sabyt Ensary - medineli şahyr. Ahwas onuň lakamydyr. Emewiler döwründe ýaşap geçýär.

[5]Ýezit ibn Omar ibn Hubeýra Fezary Abu Halyt - emewiler döwründe Kinnesrin häkimi.

[6]Lowh - asmanda adamlaryň ýazgydy ýazylan tagta.

[7]Hezreti Alynyň dogany Japar Taýýar.