ALTMYŞ ÝEDINJI BAP: GARYNDAŞLYK, TIRE-TAÝPA, GARYNDAŞLAR BILEN GATNAŞYK SAKLAMAK, ENE-ATA HUKUGY, PERZENTLERI SÖÝMEK, PERZENTLERIŇ ENE-ATASYNYŇ ÖŇÜNDÄKI BORÇLARY WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ALTMYŞ ÝEDINJI BAP: GARYNDAŞLYK, TIRE-TAÝPA, GARYNDAŞLAR BILEN GATNAŞYK SAKLAMAK, ENE-ATA HUKUGY, PERZENTLERI SÖÝMEK, PERZENTLERIŇ ENE-ATASYNYŇ ÖŇÜNDÄKI BORÇLARY WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Abu Sagyt Hudry şeýle hadys gürrüň beripdir: «Men bir gezek:

— Eý, Allanyň Resuly, jennetde çaga dünýä inermi? — diýdim.

Onda ol:

— Nebsim gudrat elinde bolan Alladan ant içýärin, eger kim özüniň çagasynyň bolmagyny islese, bir wagtyň içinde ol hamyla bolar, dograr we sünnetlener (Ýöne beýle bolmagyny hiç kim islemez) — diýdi».

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Siz ene-atalaryňyza garşy çykmakdan habardar boluň. Sebäbi jennetiň ysy bäş ýüz ýyllyk ýoldan gelýändir. Onuň ysyny ene-atasyny diňlemedik, dogan-garyndaş bilen gatnaşygyny kesen, zyna edýän garry we tekepbirlik edip donunyny ýerde süýräp gezýän kişi almaz».

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Öz halkyňa hormat goý. Sebäbi olar seniň uçar ganatyňdyr we oňa öwrülýän seniň aslyňdyr. Sen olar bilen hemme ýere ýetýärsiň. Olar bilen uzaýarsyň. Olar kyn günüňde seniň kömegiňde taýýardyr. Olaryň aýbraýlylaryna hormat goý. Syrkawlaryna kömek et. Öz işleriňe olary goş. Olaryň kynçylyklaryny ýeňilleşdir».

* * *

Ýagşyzadalaryň biri her gün ejesiniň aýagyny öper eken. Ol bir gün dostlarynyň ýanyna gijä galyp barypdyr. Olar ondan sebäbini sorapdyrlar. Onda ol: «Men jennetiň bakjalarynda boldum. Men jennetiň eneleriň aýaklarynyň aşagyňdadygyňy eşitdim» diýipdir.

* * *

Mekhul şeýle diýipdir: «Mugaz ibn Jebel şeýle diýdi: «Hakykatdan hem Allatagala Musa alaýhyssalam bilen 3500 aýat gürleşipdir. Musa alaýhyssalamyň iň soňky sözi:

— Eý, Rebbim, maňa wesýet et! — diýip, Alladan haýyş etmegi bolupdyr.

Onda Allatagala oňa:

 — Men saňa ejeňi ynjytmazlygy wesýet edýärin — diýipdir we ony ýedi gezek gaýtalapdyr. Soň bolsa: «Eý, Musa, onuň razyçylygy meniň razyçylygym, onuň gahary meniň gaharym» diýipdir».

* * *

Zubeýr ibn Awwam ogly Abdyllanyň kalbyny galkyndyryp şeýle diýipdir:

Kowmuň güli sen Abu Atygyn[1],

Perzentleriniň mübäregi Syddygyň.

* * *

Abdylmuttalybyň ogly Hakem[2] öz kakasynyň ähli diýenlerini eder eken. Onuň kakasy ogly Harysy has gowy görýän eken. Hakem bir gezek özüne köp pula owadan gyrnak satyn alypdyr. Gyrnagyň garyndaşlary ony gowy edip bezäpdirler. Hakem hem owadan lybaslaryny geýipdir. Ol gowy atyr sepinip, kakasynyň ýanyna barypdyr. Görse, onuň ýanynda Harys bar eken. Kakasy oňa:

— Meniň senden bir islegim bar — diýipdir.

Ol:

— Eý, kaka, men seniň guluň, näme emriň bolsa aýt — diýipdir.

Kakasy:

— Sen gyrnagyňy Harysa ber. Öz donuňy hem çykar we oňa ber. Men anyk bilýärin, Harysyň göwni ol gyrnakda — diýipdir.

Harysyň muňa gahary gelip,gazaplanypdyr we ony almajagyna ant içjek bolupdyr. Emma Hakem ol heniz ant içip ýetişmänkä:

— Eger kakamyň aýdýanyny sen etmeseň, ol azat — diýipdir we donuny çykarypdyr. Soň bolsa dünýäden el çekipdir we serhetýakasyna gidipdir we tä ölýänçä Menbeçde ýaşapdyr.

* * *

Çarwa arap hajdan gelýän bir adama duşupdyr we onuň taýpasy barada sorapdyr. Ol:

— Men bahyla taýpasyndan — diýipdir.

Çarwa arap:

—         Men olardan Alla sygynýaryn — diýipdir.

Ol:

—         Näme üçin? Men hem olaryň azat eden guly — diýip sorapdyr.

Çarwa arap hem baryp, ony gujaklapdyr, onuň ellerinden öpüp:

— Men ynanýaryn, eger sen olaryň synagyndan geçip, azat bolan bolsaň, onda sen hökman jennete girersiň — diýipdir[3].

* * *

Muhammet Hanapyýadan sorapdyrlar:

— Hezreti Aly nädip seni Hasan we Hüseýinsiz kynçylyklara iberýär we darlyklara salýar?

Onda ol:

— Sebäbi olaryň ikisi onuň iki gözi, men bolsa iki eli. Ol hem iki eline daýanýar — diýipdir.

* * *

Mugawyýa şeýle diýipdir: «Maşgala mal-mülküň gurçugydyr».

* * *

Çarwa arap başga bir çarwa şeýle doga-dileg edipdir: «Alla seni iň öňdäkä daýanýan ahyrky etmesin».

* * *

Öňküler şeýle diýipdirler: «Ýakyn dogan-garyndaşlar içýanlar ýalydyr. Saňa emaý bilen ýapyşýarlar, erbet zyýan ýetirýärler».

* * *

Bedroý bir adam Jemmazyň ýanyna gelip:

— Meniň oglum boldy, ol göýä nagyşlanan dinar ýaly — diýipdir.

 Onda Jemmaz oňa:

— Git-de onuň ejesine ant içdir (ýagny ol senden däl bolaýmasyn) — diýipdir.

* * *

Pelsepeçi şeýle diýipdir: «Kim atasyna garşy çyksa, onuň ogly hem soň özüne garşy çykar».

* * *

Halyt ibn Abdylla Kusry bir gezek Wasyl ibn Atadan onuň taýpasyny sorapdyr. Onda ol:

— Meniň taýpam yslamdyr. Kim oňa şek ýetirse, öz taýpasyna şek ýetirdigi bolar, kim ony gorasa, öz taýpasyny goradygy bolar — diýipdir.

Onda Halyt oňa:

— Hakyky bende we jaýdar söz — diýipdir.

* * *

Bir adam okuwa gatnaýan oglundan:

— Sen haýsy süreden barýarsyň? — diýip sorapdyr.

Onda ol:

— «Men şu şäher bilen we perzentsiz kakam bilen kasam edýärin»[4] süresinden barýaryn — diýip, kakasynyň üstünden gülüpdir.

 Onda kakasy:

— Ömrümden ant içýärin, sen kimiň ogly bolsaň, ol ogulsyzdyr — diýipdir.

* * *

Bir adam ogluny uzynlygy ýigrimi zirag[5] bolan guýusyna ýüp satyn alyp gelmek üçin bazara iberipdir. Ol pullary ýolda sowupdyr we yzyna gelip:

— Kaka, ini näçe zirag? — diýipdir.

Kakasy hem onuň ýagdaýyny aňyp:

— Onuň ini meniň sen zerarly çeken zyýanym — diýipdir.

* * *

Muhammet ibn Beşir Ibn Juseým atly birini bir hajaty üçin iberipdir. Ol onuň işini bitirmän gelipdir. Muhammet ibn Beşir oňa seredip şeýle diýipdir:

Akyly-ha guşuň akylyna deň,

Düýeleriň arasynda özi hem.

Onda ol hem şeýle jogap beripdir:

Saňa meňzeşe duşdum,

Aýrylyp bilmän geçdim.

* * *

Çarwa arap ogluna gaharlanypdyr we onuň ene-atanyň öňündäki hukuklaryny ýatladypdyr. Onda ogly: «Eý, kaka, seniň maňa iň uly borjuň, meniň iň kiçi hukugymy depelemezligiňdir» diýipdir.

* * *

Birnäçe ýatlar bardyr, ýitmeýär ýagşylygy,

Birnäçe ýakynlar bar ynamsyz — şer gylygy.

* * *

Abul Mahaşdan (Mahaşyň kakasyndan):

— Seniň ogluň bolmanmydy? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Hawa bolupdy, ady Mahaşdy. Onuň agzy gyşykdy, burny ullakandy. Ol gürlände erniniň gyllygyny akdyrardy. Ol göýä dagyň çür depesinden seredip duran ýaly gözleri möledi, onuň bokurdagy göýä dinar ýalydy. Süňkleri arryk düýäniňki ýaly sommalyp durdy. Men ondan öň ýa-da soň onuň ýalyny gören bolsam, Alla meniň gözümi çykarsyn — diýipdir.

* * *

Aýdypdyrlar: «Ogluň çagalykda seniň gülüňdir, ýigit mahaly hyzmatkäriňdir, soň ýa duşmanyňdyr, ýa dostuňdyr».

* * *

Aýdypdyrlar: «Emewiler bir çelek sirkedir. Alla olardan bir halta bal, ýagny Omar ibn Abdylezizi çykardy».

* * *

Gara tomzak enesine:

— Hemmeler maňa tüýkürip geçýär — diýip zeýrenipdir.

Onda enesi:

— Olar seniň owadanlygyňa geň galýandyrlar — diýipdir.

* * *

Bir taýpanyň abraýly kişisi Sokraty taýpasynyň ýoklugy bilen tankytlapdyr. Onda Sokrat oňa: «Meniň taýpam meniň üçin namys. Emma sen taýpaň üçin utanç» diýipdir.

* * *

Çarwa arapdan onuň garagol bir ogly barada:

— Ogluň nähili? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Azap. Ömür boýy ondan ýaňa burnum ganaýar. Bela. Onuň öňünde sabyr eder ýaly däl — diýipdir.

* * *

Çarwa arap özüniň bedroý ogluna garap şeýle diýenmiş: «Eý oglum! Sen dünýä durmuşynyň zynaty dälsiň». (Ol Allanyň Gurhandaky şu sözüni göz öňünde tutupdyr: «Mal we perzentler dünýä durmuşynyň zynatlarydyr»[6]).

* * *

Hind ibn Utbäniň[7] ogly Ýezit ibn Abu Sufýan[8] wepat bolanda, oňa gynanç bildirmäge gelipdirler we oňa:

— Biz Mugawyýa onuň oruntutary bolmagyny arzuw edýäris — diýipdirler.

Onda Hint:

— Eýsem, heý Mugawyýa ýaly bolup biljek barmy? Eger ähli araplar ýygnansalar we olaryň arasyna Mugawyýany oklasalar, ol özüniň islän tarapyndan çykar — diýipdir.

* * *

Welit ibn Ýezit ibn Abdylmälik şeýle diýipdir:

Käwagt begendirse keseki-ýatlar,

Käwagt hem ýakynlar bagryňdan otlar.

* * *

Halypa Mansur haşymylardan bir adama:

— Seniň kakaň haçan wepat boldy? Ölümine näme sebäp boldy? — diýipdir.

Onda ol:

— Kakam syrkawlady, Alla oňa rehmet etsin we şeýle wagtda hem ýogaldy, Alla oňa rehmet etsin — diýipdir.

Şol ýerde duran Rabyg ibn Ýunus oňa:

— Näme üçin möminleriň emiriniň ýanynda kakaňa beýle köp rehmet dileýärsiň? — diýipdir.

Onda haşymy oňa:

— Bu gynançly ölüm saňa degişli däl, şonuň üçinem bilmersiň — diýipdir.

Halypa Mansur muňa ýylgyrypdyr. Rabyg hem utanypdyr.

* * *

Muhammet ibn Sirin ejesiniň ýanynda göýä öňünde borjy bolan serkerde bilen gürleşýän ýaly örän çekinjeň gürlär eken.

* * *

Fuzaýl şeýle diýipdir: «Çaganyň ysy jennet ysydyr».

* * *

Ýusup ibn Asbat şeýle diýipdir: «Eger Allatagala bir bendesine şer islese, ony zäherli ýylanyň dişleri bilen, ýagny maşgalasy bilen çakdyrar».

* * *

Lueý ibn Galybyň aýaly Mawyýa ondan:

— Sen haýsy ogluňy gowy görýärsiň? — diýip sorapdyr.

Onda Lueý oňa:

— Her bir zada açgözlük edip elini uzatmaýan, ýalan sözlemeýän, ahlagy erbet bolmadyk, ýagny seniň ogullaryň birini. Allatagala saňa we maňa onuň bilen bereket bersin — jogap beripdir.

Ýagny ol Muhammet pygamberiň sekizinji arkasy Kagb ibn Lueý ibn Galyp ibn Fehri göz öňünde tutupdyr».

* * *

Aly ibn Musa Ryza dogany Zeýt ibn Musa şeýle diýipdir: «Eý, Zeýt, saňa hiç gelişmeýär!Sen ertirki gün Resulalla näme diýjek? Sen gan dökýärsiň, ýol urup, talaňçylyk edýärsiň, nädogry ýollar bilen mal alýarsyň. Mümkin, seni Kufaly akmaklaryň pygamberiň adyndan: «Patma[9] ähli zatlardan goranandyr. Alla onuň zürýadyna dowzahy haram etdi. Munuň delili hem onuň Hasan bilen Hüseýini dogurmagydyr» diýip aýdýan toslama hadyslary aldaýan bolaýmasyn. Olar (pygamber nesli) bu derejä diňe Alla tagat etmek bilen ýetendirler».

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Dogan-gardaşlar bilen gatnaşmak malda baýlygy, maşgalada söýgini we ömrüň uzamagyny artdyrar».

* * *

Halypa Mugawyýa ogly Ýezide gaharlanypdyr we ony kowupdyr. Onda Ahnef ibn Kaýs Mugawyýa: «Eý, möminleriň emiri, çagalarymyz biziň bagrymyzdyr, kalplarymyzyň miwesidir, arkamyzyň daýanjydyr. Biz olara saýa salýän asmandyrys, pespäl ýerdiris. Biz ähli üstünliklerimize olar bilen ýetýäris. Eger olara gaharlansaňda, olardan razy bol. Bir zat sorasa, ber. Eger soramasalar, özüň eltip ber. Olara gyýa göz bilen seretme, ýogsam, senden bizar bolarlar we ölmegiňi dilärler» diýipdir.

 

* * *

 Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) Syffyn söweşinde[10] ogly Hasanyň söweşe goşulandygyny görende, şeýle diýipdir: «Bu ýigidi tutuň, meniň bilimi döwmesin. Sebäbi bularyň ikisiniň (Hasan bilen Hüseýiniň) wepat bolmaklaryny, Resulallanyň nesliniň kesilmegini islemeýärin. Bu maňa gaty agyr düşer».

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Niçe ýatlar bardyr, ýakyndan hem ýakyndyr. Niçe ýakyn bardyr, ýatdan hem daşdyr. Keseki adam hiç hili dosty bolmadyk adamdyr».

* * *

Pelsepeçä:

— Näme üçin ene-ataňa gulak asmaýarsyň? — diýipdirler.

Ol:

— Sebäbi olar meni bu bar boluş we ýok boluş[11] äleme çykardylar — diýipdir.

* * *

Aly ibn Hüseýin Zeýnalabydyndan:

— Sen ynsanlaryň iň abraýlysy. Näme üçin ejeň bilen bir ýerde nahar iýmeýärsiň? — diýip sorapdyrlar.

Onda ol:

— Men elim onuň gözleriniň seredýän ýerinden öňe geçer we netijede oňa hormatsyzlyk etdigim bolar öýdüp gorkýaryn — diýipdir.

* * *

At-abraý, gaýrat-tagalla belent hümmet bilendir, geçmişdäki çüýrük galyndy bilen däldir.

* * *

Paýhas taýdan ynsanlaryň iň paýhaslysy pygamberlik neberesinden bolanyňkydyr.

* * *

Oglan ýigit çyksa, atasynyň derdi artar.

* * *

Kagb ibn Mälik şeýle diýipdir: «Resulalla şeýle diýdi: «Kyptylara[12] haýyrly niýetde boluň. Olary goraň we rehm ediň. Ýagny Ysmaýyl pygamberiň ejesi Hajar kypty milletindendi. Eger Ybraýym pygamber ýaşan bolsady, ähli kyptylardan jizýäni[13] ýatyrardy».

* * *

Şebip ibn Şemse şeýle diýipdir: «Ähli lezzetler gitdi, olar diňe çagalary ysgamakda, dostlaryň mylakatlygynda we aýallar bilen hylwatda bolmakda galdy».

* * *

Omar ibn Abdyleziz Meýmun ibn Mehrana şeýle diýipdir: «Eý, Meýmun, eger ýagşylygy emr edip, erbetlikden gaýtarýan bolsa hem soltanlaryň ýanyna barma, hiç bir aýal bilen, eger ol Gurhan okaýan bolsa-da, hylwatda galma, ene-atasyna garşy çykýan bilen dost bolma, sebäbi ene-atasyna garşy bolan saňa wepa bermez».

* * *

Hezreti Omar ogluny boýnunda göterip ýören bir adamdan:

— Bu seniň nämäň? — diýip sorapdyr.

Onda ol:

— Oglum — diýipdir.

Onda Hezreti Omar:

— Ol eger ýaşasa — ýüküň, ölse-de gynanjyň — diýipdir.

* * *

Hezreti Omar şeýle diýipdir: «Perzentleriňizi köpeldiň. Sebäbi siz olara kimiň rysgal berýändigini bilmersiňiz ! Olara rysgal berýän Alladyr».

* * *

Halypa Mamun şeýle diýipdir: «Ynsanyň ýakyn dogan-garyndaşlary, göýä onuň başyndaky saçy ýalydyr. Oňa gowy seredilmelidir».

* * *

Akyldardan sorapdyrlar:

— Näme üçin çaga edinmeýärsiň?

— Ony has söýýändigim üçin — diýip akyldar jogap beripdir.

* * *

Hajjaç Ibn Kyrryýadan:

— Nähili miwe isleýärsiň? — diýip sorapdyr.

Ol:

— Perzent miwesini, ol jennetiň hurmasyr — diýdi.

* * *

Hezreti Omar şeýle diýipdir: «Arap dilini öwreniň, sebäbi ol paýhasy artdyrýar. Tire-taýpa ylmyny öwreniň. Çünki bilinmeýän garyndaşlyk tire-taýpanyň bilinmegi bilen tapylýar».

* * *

Hamdan taýpasyndan bir adam Ibn Apbasdan:

— Men kimlerden? — diýip sorapdyr.

Onda Ibn Apbas:

—         Sen araplardan — diýipdir.

Ol adam:

— Sen kimlerden? — diýip sorapdyr.

Ibn Apbas:

— Kim bizden, ýagny pygamber neslinden sorasa bilsin, biz Kusydandyrys[14], aslymyz Adam ata, hormatymyz takwadyr, aýratynlygymyz ahlakdyr. Şuňa çenli hem ynsanlaryň taýpasynyň kimdendigi belli bolýar — diýipdir.

* * *

Esma ibn Haryja bir adama:

— Men at-abraýly atalaryň ogly — diýipdir.

Muny eşiden Ibn Mesgut oňa:

— Ýalan sözleýärsiň. At-abraýly atalaryň ogly Ýusup ibn Ýakup ibn Yshak ibn Ybraýymdyr. Olar at-abraýly atalardyr. Seniň atalaryň däldir — diýipdir.

* * *

Isa pygamberden:

 — Nähili adam has abraýly? — diýip sorapdyrlar.

Ol elleri bilen iki gysym toprak alyp:

— Şularyň haýsy has abraýly? — diýipdir. Soň olary goşupdyr we pytradypdyr we şeýle diýipdir: «Allanyň ýanynda iň hormatly bolan takwa bolan kişidir (Alladan köp gorkýan kişidir)».

* * *

Hezreti Omar şeýle diýipdir: «Özüňiziň tire-taýpaňyzy öwreniň. Olar bilen aslyňyzy öwreniň we dogan-garyndaşlaryňyzy tanaň».

* * *

Yshak pygamberiň üç ogly bolupdyr. Ýakup, Iliýes, ol rumlularyň atasydyr we Bars, oňa Pars hem diýdiler, ol parslaryň atasydyr.

* * *

Gany bilen Bahyly özlerini üstün hasaplap, dawalaşypdyrlar we dawalaryny çözmek üçin Harkus Sadusynyň[15] ýanyna gelipdirler. Ol bir gumalagy iki ýaryp: «Munuň biri Gany, biri Bahyla» diýipdir.

* * *

Amr ibn Asyň ejesi Nabyga Anza taýpasyndan bir adamyň gyrnagy eken. Olar ony ýesir alypdyrlar. Soň ony Abdylla ibn Jedgan satyn alypdyr. Ol erbet aýal bolupdyr we soň ol azat edilipdir.Ol Abu Lehep, Umeýýe ibn Halef, Hyşam ibn Mugyra, Abu Sufýan ibn Harp, As ibn Waýyl[16] dagylar onuň bilen jynsy gatnaşykda bolupdyrlar.[17] Hemmesi hem bir wagtyň içinde bolup geçipdir. Soň ondan Amr doglupdyr. Olaryň hemmesi bu çaga menden diýipdirler. Emma ol aýal:

— Ol As ibn Waýylyňky. Sebäbi ol meni ekledi — diýipdir.

Emma oňa:

— Ol Abu Sufýana ibn Harba meňzeýär — diýipdirler. Munuň bilen baglanyşykly Abu Sufýan ibn Harys ibn Abdylmuttalyp şeýle diýipdir:

Hiç şeksiz Abu Sufýan seniň kakaňdyr,

Ol bize seniň ýüz keşbiň alamatlaryndan aýdyň.

 

* * *

Mugawyýa dört kişä degişli edilipdir: Mysapyr ibn Abu Amra, Ammara ibn Welide, Apbas ibn Abdylmuttalyba we Ammaranyň garaýagyz aýdymçysy bolan Sabaha.

Aýtdylar: – Abu Sufýan bedroý, güýçsüz bolupdyr. Sabah hem Abu Sufýanyň hyzmatkäri bolupdyr. Ol ýaş we görmegeý eken. Abu Sufýanyň aýaly Hint hem ony özüne çagyranmyş.[18]

* * *

Aýdylşyna görä, Utbe ibn Abu Sufýan hem Sabahdanmyş. Ejesi ony öýde dogurmak islemänmiş we ony at ýatakda dogranmyş.[19]

* * *

Halypa Mäti bilen Apbas ibn Muhammet Käbedäki gara daşy ogşamak üçin barypdyrlar. Mäti:

— Sen öňürti bar, agam — diýipdir.

Onda Apbas:

— Alla saňa haýyrly sogap bersin, eý, möminleriň emiri. Sen agaňy öňe geçirdiň. Bu seniň üçin abraýdyr — diýipdir.

* * *

Beni Süleýmiň hyzmatkäri Abu Nadyr şeýle diýidpir:

Barmakylaryň neslinden doglan çaga begenýän men,

Fazlyň neslinden bolaýsa, ondan — oňa aýratyn men.

* * *

Harun Reşit Ymam Musa Käzime:

— Men seni öldürjek — diýipdir.

Onda ol:

— Sen beýtme. Sebäbi men kakamyň şeýle diýendigini eşitdim: «Resulalla şeýle diýipdir: «Eger bir bende rehimli bolsa we onuň ajalyna üç ýyl galan bolsa, onuň rehimli bolandygy üçin Alla ony otuz ýyla çenli uzaldar. Emma eger bir bende rehimsiz bolsa we onuň ajalyna otuz ýyl galan bolsa, Alla ony üç ýyla çenli azaldar» — diýidpir.

* * *

Azat ýaradan Alla, saňa ýagşylyk etdi,

Sen sebäpli hemme ýeri gündiz — ýagtylyk tutdy.

Ogullaryň mertebesi has ýokary — belent galan,

Ynsanlaryň iň beýigi hem bäs edişmez olar bilen.

Rowaýata görä, Abdylmälik ibn Merwan şahyrlaryna:

— Siz Kagp Abu Mäligiň Muhellep we onuň ogullary barada aýdanlary ýaly aýdyp bilmermisiňiz — diýipdir we ýokarky iki beýdi aýdypdyr.

* * *

Ibn Harme Halypa Mansura:

— Men seni şeýle wasp etdim welin, hiç kim onuň ýaly wasp edilen däldir — diýipdir.

Onda ol:

— Kagbyň Muhellep barada aýdanlaryndan ýokary hiç zat bolup bilmez — diýipdir we ýokarky iki beýdi aýdypdyr.

* * *

Hezreti Alynyň Mugawyýanyň Zyýat ibn Ebihi özüne dogan yglan etmek niýetine düşen wagty Zyýada iberen haty: «Meniň eşitmegime görä, Mugawyýa seniň akylyňy çaşyrmak we gylyjyny ýitileşdirmek üçin saňa hat ýazypdyr. Ondan habardar bol. Ol hut şeýtanyň özüdir. Ol adamyň öňünden, yzyndan, sagyndan, çepinden geler, ony gapyllykda awlamak, gapyllykda tutmak islär. Abu Sufýan Hezreti Omaryň döwründe nebsine uýup, şeýtana aldanyp bir söz aýdypdy. Onuň aýdany bilen nesil emele gelmez, mirasa hem hukuk gazanylmaz. Beýle söz bilen özüni bir nesle degişli eden, düýeden asylan sakyrtga döner, boýny sallanar durar[20]».

(Düşündiriş: Hezreti Omaryň döwründe Zyýat ibn Ebih bir mejlisde örän jaýdar söz sözleýär. Muny eşiden Amr ibn As hem: «Bu kişi kuraýyşdan bolsady, araplary taýagy bilen islän ýerine sürerdi» diýýär. Abu Sufýan hem: «Walla, ol kuraýyşdandyr. Ony tanasaň, ol senden üstündir» diýýär).

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!): «Ynsanlaryň arasynda pygamberlere iň ýakyn bolanlar oňa geleni has gowy bilýänlerdir» diýipdir we şu aýaty okapdyr: «Ynsanlaryň arasynda Ybraýym pygambere iň ýakyn bolanlar oňa tabyn bolanlardyr».[21] Soň bolsa şeýle diýipdir: «Muhammediň dostlary eger onuň garyndaşlaryndan uzak bolsalar-da, Alla boýun bolanlardyr. Muhammediň duşmanlary bolsa, eger onuň iň ýakyn garyndaşy bolsa-da,Alla günäkär bolan kişilerdir».

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Seniň işiň köp bölegi öz maşgalaň we perzentleriň bilen bolmasyn. Eger seniň maşgalaň we perzentleriň Allanyň dostlary bolsa, Alla öz dostlarynyň ýüzüni gara etmez. Emma olar Allanyň duşmanlary bolsa, onda Allanyň duşmanlary bilen meşgullanyp, olara üns berip näme etjek?

* * *

Hasan Basry şeýle diýipdir: «Eger Allatagala öz bendesine haýyr islese, ony dünýäde öz maşgalasy we perzentleri bilen meşgullandyrmaz».

* * *

Aýdypdyrlar: «Maşgalaly adamyň sogaby örän uludyr. Ýalňyz kişi özüniň ybadatyndan maşgalaly kişiniň ybadatyndan almadyk lezzetini alar».

* * *

Aýdypdyrlar: «Biz bu işe seredip, şeýle netijä geldik. Bu maksada ýetenler terkidünýälerdir».

* * *

Awzagy şeýle diýipdir: «Öz maşgalasyndan gaçan kişi, göýä gaçak gul ýalydyr. Onuň orazasy we namazy tä ol yzyna gaýdyp gelýänçä kabul bolmaz».

* * *

Ews ibn Harysa[22] şeýle diýipdir: «Ene-ata gulak asmazlyk matam görmedik üçin matamdyr».

* * *

Abul Jerrah Ukaýly şeýle diýipdir: «Men her wagt öz taýpam bolan ukaýl taýpasyndan kimdir birini görsem, onda oňa rehim-şepagat edip, onuň bilen gadyrly bolýardym».

* * *

Kakasynyň oglunyň öňündäki borçlarynyň biri hem onuň erbet ýola düşmegine sebäp bolmazlyk üçin oňa mal-mülk bermegidir.

* * *

Kim öz dogan-garyndaşlaryna jepa berse, onuň öz nygmatlarynyň gözbaşyna uly jepa berdigidir.

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Kim özüniň neslini atasyndan başga birine degişli etse ýa-da hojaýynyndandygyny öňe sürse melgundyr, melgundyr».

* * *

Mejnun şeýle diýipdir: «Yjl[23] maşgalasynyň sesleriniň we ýüzleriniň üýtgemegi aýallaryň bozulandygynyň alamatydyr».

* * *

Aýdylypdyr: «Eger seniň ýakyn garyndaşyň bar bolsa, onuň ýanyna barmasaň we malyňdan oňa hiç zat bermeseň, sen ony özüňden kesdigiňdir».

* * *

Abu Adyý Ubly şeýle diýipdir:

Abdy Şems seniň kakaň, ol biziň hem kakamyzdyr,

Çagyrmaýarys biz seni alys ýerden, uzak ýerden.

Biziň aramyzda ahyr ýakyn garyndaşlaň bary,

Baglydyr mäkäm ýüp bilen, aýrylmak ýokdur olardan.

* * *

Zeberkan ibn Bedriň ýedi gyzy bolupdyr. Olaryň birini Hezreti Omara, birini hem Sagdy Wakgasa durmuşa çykarypdyr. Galanlaryny hem kuraýyşlylara we sakyflylara durmuşa çykarypdyr. Ol tä wepat bolýança oňa ýüz sany kuraýyş aýaly ozi bilen durmuş gurmagy teklip edipdir, emma ol ret edipdir.

* * *

Jerir ibn Abdylla Halypa Mätä şeýle diýipdir:

Abdy Şems ýöräp gelýär, ol Haşymyň yz ýanyndan,

Göýä ene-ata ýaly ikisi hen olaryň.

Sizi bizden üstün ýeriňiz öwrenerin, bilerin,

Biziň hem siz araplardan üstün ýerimizi bilmeli,

Biziň bilen gatnaşygy belent tutup, üstün tutup,

Goraň Abdy Şemsi siz, Abdylmuttalyp nesilleri.

* * *

Halypa Mamun: «Men kakasyna Fazl ibn Ýahýadan köp ýagşylyk eden hiç kimi görmedim» diýipdir. Onuň ýagşylyklarynyň diňe biri hakynda aýtsak, Fazlyň kakasy Ýahýa diňe ýyly suw bilen täret alar eken. Olar zyndanda ýatyrkalar, garawul olara sowuk gijede daşary çykmagy gadagan edipdir. Kakasy Ýahýa düşegine girende, Fazl ýerinden turup, kündügi çyranyň üstünde goýup ýyladar eken. Ol şeýdip, tä kündük gyzýança saklar eken. Garawul hem çyranyň ýagynyň azalýandygyny duýup ugrapdyr we çyrany hem aýrypdyr. Fazl bolsa kündügi tä ertire çenli gujagyna alyp gyzdyrypdyr.

* * *

Hezreti Osman (goý, Alla ondan razy bolsun!) gyzynyň ýanyna gelipdir. Ol ýoldaşy Abdylla ibn Halyt ibn Useýdiň ýanynda eken. Osman onuň hamyla däldigini görüpdir we oňa:

— Mümkin, ýoldaşyň seni sulhy alýan däldir? — diýipdir.

Onda gyzy:

— Ýok — diýipdir.

Soň onuň ýoldaşyna:

— Mümkin, onuň seni sulhy alýan däldir — diýipdir.

Onda ol:

— Ýok — diýipdir.

Onda Hezreti Osman:

— Siz biri-biriňizi isläň. Allanyň umeýýe ogullarynda bir ogly köpeltmek, meniňüçin gyzymdan has gowudyr — diýipdir.

* * *

Dyrar ibn Amr Dabby öz çagalarynyň arasynda on üç sany erkek oglan görüp, şeýle diýipdir: «Öz bagryndan önen ogullaryňdan başga buýsanç bolup bilermi?!»

* * *

            Çarwa arap ýiten ogluny gözläp ýören. Ondan:

            — Ogluň nähilidi? — diýip sorapdyrlar.

            Onda ol:

— Dinar ýalyjakdy — diýipdir.

Olar:

— Görmedik — diýipdirler.

Aradan köp wagt geçmänkä, ýaňky çarwa arap boýnunda tomzak ýaly birini göterip gelipdir.

Oňa:

— Eger sen ogluňy tomzak ýaly diýen bolsaň, biz saňa ony habar bererdik — diýipdirler.

* * *

Hadysda şeýle diýlipdir: «Kimiň çagasy bar bolsa, onuň ýanynda özüni çaga ýaly alyp barsyn».

* * *

Bir adamdan sorapdyrlar:

— Sen haýsy çagaňy gowy görýärsiň?

Ol:

 — Ulalýança — körpejämi, syrkawlanda — sagalýanyny we ýitende — tapylýanyny — diýipdir.

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Iň uly doganyň özünden kiçi doganlarynyň öňündäki borjy kakasynyň ogullarynyň öňündäki borjy ýalydyr».

* * *

Ibn Omar şeýle diýipdir: «Bir adam Resulallanyň ýanyna gelip:

— Kakam meniň malymy elimden alýar, men hem ony halamaýaryn — diýipdir.

Onda Resullala:

— Sen özüňiň malyň-salyň bilen kakaňkydygyňy bilmeýärsiňmi? — diýipdir».

* * *

  Hezreti Osman (goý, Alla ondan razy bolsun!) şeýle diýipdir: «Hezreti Omar dogan-garyndaşlaryna Allanyň razyçylygy üçin hiç zat bermeýärdi. Men dogan garyndaşlaryma Allanyň razyçylygy üçin berýärdim. Emma Omar ýalyny hiç görmedim».

* * *

Abu Hureýra şeýle diýipdir: «Dogan-garyndaş bilen gatnaşmak Allataga tarapyndan arşda ýazylgy durandyr. Onda şeýle diýilýär: «Dogan-garyndaşa zyýarat şeýle diýer: Kim meniň ýanyma zyýarata gelse, Alla hem ony zyýarat etsin. Kim menden gatnaşygyny kesse, Alla hem ondan gatnaşygyny kessin».

* * *

Abdylla ibn Omar Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Ýagşylyklaryň iň gowusy ýogalan kakaň dostlary bilen gatnaşmakdyr».

* * *

Abdylla ibn Dinar şeýle diýipdir: «Üç zatdan habardar boluň. Sebäbi olar arşda ýazylgy durandyr. Olar:

Birinjisi nygmatdyr. Ol »Eý, Allam, maňa şükür edilmedi» diýer.

Ikinjisi amanatdyr. Ol »Eý, Allam, maňa hyýanat etdiler» diýer.

Üçünjisi — dogan garyndaşlar bilen gatnaşyp durmakdyr. Ol: «Eý, Alla, men kesildim» diýer.

* * *

Ibn Apbas bilen onuň daşrak garyndaşy guda garyndaş bolupdyr. Ibn Apbas olara göwünlik berip şeýle diýipdir: «Resulalla şeýle diýdi: «Öz tire-taýpaňyzy biliň we dogan-garyndaşlaryňyz bilen gatnaşyň. Sebäbi eger ýakyn garyndaş bilen gatnaşyk kesilse, dogan-garyndaş ýakyn bolmaz. Şeýle hem eger gatnaşylyp durulsa, daş hem ýakyn bolar».

* * *

 Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Eger ene-ata garşy çykmakda «uf»[24] diýmekden hem aşak bolan bir zadyň bardygyny bilse, Alla ony oňa haram eder. Ene-atasyny diňlemeýän, näme etse edäýsin, ol jennete girmez. Näçe ýagşylyk etse hem, ol jähenneme girmez».

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Kimiň üç gyzy bolsa, olara sabyr edip, öz malyndan iýdirse, içirse we durmuşa çykarsa, ol gyzlar kyýamat gününde ot bilen onuň arasynda perde bolar. (Ol kişi men bilen şeýle bolar diýip, iki barmagyny birleşdirip görkezipdir)».

* * *

Abdylla ibn Zubeýr Kubada[25] dogulypdyr. Resulalla Kuba gelende, ýehudylar musulmanlara garşy özleriniň jadygöýlerine: «Olardan nesil önmez ýaly olary baglaň» diýipdirler. Emma haçanda Abdylla doglanda, musulmanlar «Allahu ekber» diýip gygyryşypdyrlar. Ol hijretden soň, yslamda ilkinji doglan çagadyr. Esma binti Abubekr ony Resulallanyň otagynda dogrupdyr. Resulalla bir hurmany çeýnäp, onuň agzyna çalypdyr. Oňa doga-dileg edipdir, oňa Abdylla diýip at goýup: «Men oňa Jebraýyl diýip at goýýaryn» diýipdir.

* * *

Abu Kebşe[26] Resullanyň babasydyr. Resulalla kuraýyşlaryň dinine garşy çykanda oňa: «Ony Abu Kebşäniň ynanjy olara garşy çykardy, sebäbi Abu Kebşe hem Şugra[27] ýyldyzyna ybadat etmek bilen olara garşydy» diýipdirler.

* * *

Resulallanyň gyzy Patma iki ogly Hasan bilen Hüseýini Resulallanyň ýanyna getirip:

— Eý, Allanyň ilçisi, bularyň ikisine, agtyklaryňa bir zat sowgat ber — diýipdir.

Onda Resulalla:

 — Kakaň saňa gurban bolsun, gyzym! Seniň kakaňda olara berer ýaly hiç zat ýok — diýipdir. Soň Hasany ogşapdyr we ony sag dyzynda oturdyp:

— Men şu agtygyma özümiň ahlagymy we agraslygymy berýärin — diýipdir. Soň bolsa Hüseýini çep dyzynda oturdyp:

— Bu agtygyma özümiň edermenligimi we sahylygymy berýärin — diýipdir.

* * *

Ymam Bakyr[28] şeýle diýipdir: «Biziň aramyzda Hezreti Ala meňzeş Zeýtden[29] başga hiç kim dogmady».

* * *

Abdylla ibn Hüseýin bilen Japar ibn Muhammediň arasynda düşünişmezlik ýüze çykypdyr. Abdylla oňa agyr sözleri aýdypdyr. Onda Japar ibn Muhammet oňa: «Sen näme dogan-garyndaşlar bilen gatnaşmagyň kyýamatda erbet hasaby ýeňledýändigini bilmeýärsiňmi?» diýipdir we şu aýaty okapdyr: «Olar Allanyň göz-gulak bolmagyny emr eden zatlaryna göz-gulak bolan, Reblerinden çekinen we agyr (erbet) hasapdan gorkan kişilerdir».[30]

* * *

Ibn Amyr aýaly Umama binti Hakeme:

— Eger ogul dogursaň, seniň islän zadyňy berjaý edeýin — diýipdir.

SoňUmama ogul dogrupdyr we oňa:

— Meniň islegim, ýedi günläp süýji nygmatly müň supra ýaz we müň goýun soý — diýipdir. Ol hem onuň aýdyşy ýaly edipdir.

* * *

Ibn Apbasyň ýanyna Abu Lehebiň zürýadyndan iki adam gelip, aralaryndaky dawany çözüp bermegi haýyş edipdir. Olaryň biri beýlekisini hanjar bilen uran eken. Ibn Apbas olara: «Men Gurhandaky «onuň eden işi üçin»[31] diýen sözlere şaýat bolýaryn» diýipdir.

* * *

Muhammet ibn Aly ibn Abdylla ibn Apbas Ubeýdylla Harysyýanyň gyzy Rita öýlenmekçi bolupdyr. Emma emewi Halypasy Welit ibn Abdylmälik muňa garşy çykypdyr. (Bu ýagdaý sebäpli araplar haçanda apbas ogullarynyň bir işi emewiler sebäpli oňuna bolmasa oňa «Ibn Harysyýa»diýer ekenler).

Soň Omar ibn Abdyleziz emewi halypasy bolanda Muhammet ibn Aly bu wakany oňa arz edipdir. Ol hem oňa: «Öz isläniňe öýlen» diýipdir. Netijede olaryň ikisi durmuş gurupdyrlar we ondan hem Abylapbas Seffah, ýagny ilkinji apbasly halypasy Abdylla ibn Muhammet ibn Aly ibn Abdylla ibn Apbas dünýä inipdir.



[1]Abu Atyk - Abubekr Syddyk. Zubeýriň aýaly, Abubekriň gyzydyr.

[2]Hakem ibn Abdylmuttalyp - emewiler döwründe ýaşap geçen sahylaryň biri. 108-nji hijri ýylynda wepat  bolýar.

[3]Sebäbi bahyly taýpasy araplarda şum hasaplanýan eken. Hatda şahyrlaryň biri bu barada şeýle diýipdir: «Eger bir ite: «Eý, bahyly» diýip ýüzlenseň, ol hem saňa ol taýpanyň şumlygy üçin üýrer».

[4]Gurhanyň «Beled» (Şäher) süresiniň 1-3-nji aýatlarynda: «Men bu şäher (Mekge) bilen kasam edýärin. Sen bu şäherde ýaşaýarsyň. Kakasy bilen oglundan (kasam edýärin)» diýilýär.

[5]1 zirag – takmynan 68-70 sm bolan ölçeg birligi.

[6]Gurhanyň «Kehf» süresiniň 146-njy aýaty.

[7]Mugawyýanyň ejesi.

[8]Mugawyýanyň dogany.

[9]Patma – Resulallanyň gyzy; Hezreti Alynyň aýaly.

[10]Syffyn söweşi – Hezreti Aly bilen Mugawyýanyň arasynda bolan söweş.

[11]Sebäbi pelsepe ylmynda äleme «Alemul-kewni wel-fesat» (bar boluş we ýok boluş älemi) diýilýär.

[12]Kypty – Müsüriň gadymy ilaty.

[13]Musulman bolmadyklardan alynýan salgyt.

[14]Kusy – Yrakda Ybraýym pygamberiň dogan ýeri.

[15]Gany, Bahyla, Harkus Sadusy - jahylyýet döwründe taýpa ýolbaşçylary.

[16]Jahylyýet döwrüniň taýpa ýolbaşçylary.

[17]Jahylyýet döwründe şeýle adat bolupdyr. Aýal köp erkekler bilen jynsy gatnaşykdan soň öz islänini çaganyň atasy diýip saýlap bilýän eken.

[18]Bu habar toslamadyr. Muny Mugawyýa we emewilere duşman bolanlar oňa töhmet atyp garalajak bolupdyrlar. Onuň ejesi Hint jahylyýet we musulmançylyk döwürlerinde namysly aýal bolupdyr.

[19]Bu habar hem emewilere duşmançylyk niýeti bilen toslanan habardyr.

[20]Bu habar şaýylaryň Hezreti Alynyň tarapyny tutup, Mugawyýa garşy toslan habarlarynyň biridir.

[21]Gurhanyň «Aly Ymran» süresiniň 67-nji aýaty.

[22]Ews ibn Harysa ibn Lam Taýy - jahylyýet döwründe taý taýpasynyň ýolbaşçylarynyň biri.

[23]Yjl maşgalasy - arap taýpasynyň biri. Olaryň ýolbaşçysy Yjl ibn Lejim akmak bolupdyr.

[24]Gurhanyň «Isra» süresiniň 23–nji aýatynda şeýle diýilýär: «Rebbiň diňe özüne ybadat etmegi we ene-ataňyza ýagşylyk etmegiňizi emr etdi. Olaryň biri ýz-da ikisi hem seniň ýanyňda garrasa, olara «uf» hem diýme we olara gaharlanma. Olara ýagşy söz aýt».

[25]Kuba – Medinäniň günbatarynda bir oba.

[26]Abu Kebşe – Resulallanyň babasy, ýagny ejesiniň kakasy Wehb ibn Abdymennaf. Abu Kebşe atly bir ýyldyzparaza meňzeýändigi üçin bu lakamy alypdyr.

[27]Şugra – Sirius ýyldyy.

[28]Ymam Bakyr Muhammet ibn Aly ibn Hüseýin - Hezreti Alynyň çowlugy.

[29]Zeýt ibn Aly ibn Hüseýin - Hezreti Alynyň çowlugy.

[30]Gurhanyň «Ragd» süresiniň 21-nji aýaty.

[31]Gurhanyň «Tebbet» süresiniň 2-nji aýaty. Bu sürede Abu Lehebiň Muhammet alaýhyssalama we yslama eden duşmançylygy üçin onuň dowzah odunda ýanjakdygy beýan edilýär.