ALTMYŞ SEKIZINJI BAP: KYSSA GÜRRÜŇ BERÝÄNLER, OLARYŇ HEKAÝATLARY, DEGIŞMELERI, DERWÜŞLERIŇ NAHARLARY WE OLARYŇ HUŞLARYNY ÝITIRMEKLERI HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ALTMYŞ SEKIZINJI BAP: KYSSA GÜRRÜŇ BERÝÄNLER, OLARYŇ HEKAÝATLARY, DEGIŞMELERI, DERWÜŞLERIŇ NAHARLARY WE OLARYŇ HUŞLARYNY ÝITIRMEKLERI HAKYNDA

Habbap ibn Ers[1] Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Beni Ysraýyllylar kyssa aýdyp başlanlarynda heläk boldular».

* * *

Aýdylyşyna görä, Kagp ibn Mälik kyssa gürrüň berer eken. Ol ýokardaky hadysy eşidende kyssa, gürrüň bermegini goýupdyr.

* * *

Ibn Omar şeýle diýipdir: «Resulallanyň, Abubekr Syddygyň, Omaryň we Osmanyň döwürlerinde kyssa gürrüň berilmeýärdi. Kyssalar aýdylyp başlanda, pitneler başlady».

* * *

 Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) kyssa gürrüň berip oturan bir adamyň ýanyndan geçipdir we ondan:

— Adyň näme? — diýip sorapdyr.

Ol:

— Abu Ýahýa[2] — diýipdir.

Onda Hezreti Aly:

— Sen Ýahýanyň däl, «Eý, ynsanlar, meni diňläň!» diýýänleriň atasysyň— diýipdir.

* * *

Abu Kulaba şeýle diýipdir: «Ylmy diňe kyssalar öldürýändir. Bir adam kyssaçynyň ýanynda her näçe otursa-da, ondan hiç zat öwrenmez. Emma bir adam alymyň ýanynda otursa, ondan nämedir bir zat alyp galar».

* * *

Ybraýym Nahgy ibn Ýezit Ybraýym Teýmä kyssa gürrüň bermegi gadagan edipdir. Oňa:

— Ybraýym Teými ýene-de kyssa gürrüň berip başlady — diýipdirler.

Ybraýym Nahgy:

— Näme üçin? — diýipdir.

Oňa:

— Gören düýşi üçin — diýipdirler.

Ol:

— Ol nähili düýş? — diýipdir.

Oňa:

— Ol göýä düýşünde dostlaryna reýhan paýlaýarmyş — diýipdirler.

Ol:

— Men bilýärin, reýhan ýakymly ysly, owadan, ýöne ol ajy ahyry — diýipdir.

 Soň bolsa ol şeýle diýer eken: «Ybraýym Teýmiden başga özüniň kyssalary bilen Allanyň razyçylygyny gözleýän ýokdur. Men onuň ondan doly el çekmegini dostlarça arzuw edýärin».

* * *

Ibn Mübärek şeýle diýipdir: «Men Sufýan Söwrüden:

— Ynsanlaryň iň haýyrlysy kim? — diýip soradym.

Ol:

— Alymlar — diýdi.

Men:

— Atly-abraýlylaryň iň haýyrlysy kim? — diýdim.

Ol:

— Alladan gorkýanlar — diýdi.

Men:

— Patyşalaryň iň haýyrlysy kim? — diýdim.

Ol:

— Takwa bolanlar — diýdi.

Men:

— Goh-galmagalçylaryň içinden kim? — diýdim.

Ol:

— Söz bilen ynsanlaryň emlägini iýýän kyssaçylar — diýdi.

Men:

— Garamaýaklardan kim? – diýdim.

Ol:

— Mazlumlar — diýdi.

* * *

Fuzaýldan kyssaçylaryň ýanynda oturmak we olary diňlemek barada soralypdyr. Ol: «Bu Allanyň halaýan zady däl, bu betgatdyr. Sebäbi Resulallanyň, Abubekriň we Omaryň döwründe kyssaçylar ýokdy. Eger kyssaçy Allatagala barada gürrüň berýän bolsa we ondan gorkýan kişi bolsa, onda onuň ýanynda oturmagyň zyýany ýokdur» diýipdir.

* * *

Mugawyýa ibn Kyrra şeýle diýipdir: «Bize daş ýerlerden azyk getirýän täjir meniň üçin kyssaçylardan has gowudyr’.

* * *

Sufýan Söwri Basra gelip, Merhum Attaryňka myhman bolupdyr. Merhum Attar oňa:

— Bu gün seniň bile kyssa diňlemäge kyssaçynyň ýanyna gidelimi? — diýipdir.

Ol ilki göwnemändir, soň onuň bilen gidipdir. Görse, onuň kyssaçy diýýäni Salyh Meri eken.

Sufýan oňa: «Bu kyssaçy däl, bu wagyzçy» diýipdir.

* * *

 Bir adam kyssaça gaşsyz ýüzük beripdir. Ol hem: «Allatagala saňa jennetde petiksiz otag bersin» diýipdir.

* * *

Kyssaçy Abdylagla adamlaryň ýanyndan serhoşlukdan ýaňa yranyp geçip barýan eken. Oňa:

— Ine, bu kyssaçy Abdylagla serhoş — diýipdirler.

Ol bolsa:

— Bäh! Meni nähili salyh adama meňzedýärler— diýip, serhoşlukdan ýaňa özüniň adyny hem unudan eken.

* * *

Kaýs ibn Jebr Nehjemi şeýle diýipdir: «Kyssaçylaryň gürrüňleri sebäpli özüňden gitmek şeýtandandyr (kyssaçylaryň gürrüňlerine uýmak şeýtandandyr)».

* * *

Hezreti Äşä:

— Käbir kişiler Gurhany eşidenlerinde, özlerinden gidip, huşlaryny ýitirýärler — diýipdirler.

Onda ol:

— Gurhan adamyň huşundan gitmeginden has keramatlydyr. Ýöne Allatagala şeýle diýýär: «Bu kitabyň täsirinden Reblerinden gorkanlaryň endamlary titräp, köňülleri Allanyň zikrine ýylap, ýumşar»[3] diýipdir.

* * *

Hezreti Omar ýemenlilerbilen duşupdyr we olardan:

— Siz kim? — diýip sorapdyr.

Olar:

— Biz mutewekkilun(Alla töwekgel edýänler) — diýipdirler.

Onda Hezreti Omar:

— Ýalan sözleýärsiňiz, siz muteekkilun (iýijiler). Size töwekgel edýäni habar bereýin, ol Alla töwekgel edip, özüniň muhabbetini ýeriň ýüzüne ýaýradan adamdyr — diýipdir.

* * *

Enes ibn Mälikden Gurhan okalýarka özünden gidip huşuny ýitirýänler barada soralypdyr. Ol: «Bu haryjylaryň[4] häsiýetidir» diýipdir.

* * *

Ibn Sirinden Gurhan diňlänlerinde özünden gidýänler barada soralypdyr. Ol: «Siz olar bilen bir jaýyň içinde oturyp, başdan ahyryna çenli olara Gurhan okap beriň. Eger olar başdan ahyryna çenli özünden gidip, huşuny ýitirip ýatsalar, onda olaryň aýdýany hakykat bolar» diýipdir.

* * *

          Ibn Semmak derwüşlere şeýle diýipdir: «Eger siziň bu lybasyňyz ruhy dünýäňize muwapyk bolsa, onda siz ruhy dünýäňiz bilen ynsanlara görünmegi islärdiňiz. Emma siziň bu lybaslaryňyz ruhy dünýäňize ters bolsa, onda siz heläk bolduňyz».

* * *

Bir adam derwüşe:

— Egniňdäki jüpbäňi sat — diýipdir.

Ol:

— Eger awçy özüniň duzagyny satsa, onda awuny näme bilen tutsun — diýdi.

* * *

Bir kyssaçynyň şeýle goşgy aýdýandygyny görüpdirler:

Gözleriňi doldurýan gözýaşlar bilen,

«Hawt» hakda kim aýdyp, kim agzap biler.

Soň bolsa elini ýüzüne urup, batly ses bilen aglap başlapdyr. Ondan «hawt» barada soradylar. Ol: «Eý, akmak, ol jähennemde bir çukur» diýipdir.

* * *

Derwüşleriň köp iýýändigi hakynda «Edil derwüşler ýaly iýýär» diýen bir nakyl bar. Munuň sebäbi hem olar köp iýmek bilen tanalýarlar, lukmalary uludan alýarlar, iýenleri gowy siňýär we olar diňe oljadan iýmitlenýärler.

* * *

Bir alymdan derwüşler barada sorapdyrlar. Ol: «Tans oýnap iýýänler» diýipdir we şu setirleri aýdypdyr:

Kiçi hem pes, aşak bolan bir topar,

Niýetleri kebap bilen tans tapar.

* * *

Derwüşleriň biri ýüzüginiň gaşyna: «Tagam iýmek müdimidir», beýleki biri bolsa «Bize tagam beriň» diýip ýazypdyr.

* * *

«Dineweriň derwüşleri», «Tusuň garakçylary», «Merwiň mekirleri» diýen sözler halk arasynda ýaýrandyr.

* * *

Isa alaýhyssalam Beni Ysraýyla wagyz edip durka, bir topar kişi eşiklerini ýyrtyp başlapdyr. Onda ol: «Eşikleriň günäsi näme? Siz ýürekler bilen meşgul boluň» diýipdir we olara gaharlanypdyr.

* * *

Halypa Mamun şeýle diýipdir: «Dünýäniň işleri dörtdir: Ymarat, tijaret[5],sungat we zyragat[6]. Kim bularyň haýsydyr birini öwrenmese, ynsanlara ýük bolar».

* * *

Diniň we dünýäniň goraýjysy ylym we hünärdir. Kim bulary inkär edip: «Ylym däl — terkidünýälik, hünär däl — töwekgellik» diýýän bolsa, ol nadanlygyň we tamakinçiligiň içinde galandyr.

* * *

Gürrüň berip oturan kyssaçy bir gezek:

— Jansyz zatlardan jennete ilkinji girjek zat tanburdyr[7] — diýipdir.

 Ondan:

— Sen ony nähili bilýärsiň? — diýip sorapdyrlar.

Onda ol:

— Sebäbi onuň garnyna kakylýar, bokurdagy gysylýar we gulaklary towlanýar. Bu zatlary Alla başga hiç kimde jemlän däldir — diýipdir.

* * *

Kyssa gürrüň berýän özüniň wagyzlary bilen diňleýjileri agladypdyr. Onuň mejlisinde uzak wagtlap aglansoňlar, ol tanburyny alyp, çalyp başlapdyr we: «Biz munça uzak gaýgydan soň, biraz şatlanmaga mätäçdiris» diýipdir.



[1]Habbap ibn Ers ibn Jendele ibn Sagt ibn Hazyma ibn Kagp ibn Zeýt - yslama ilkinji giren sahabalaryň biri. 6-njy hijri ýylynda eneden bolup, 37-nji hijri ýylynda 73 ýaşynda wepat bolupdyr.

[2]Abu Ýahýa – Ýahýanyň atasy diýmek.

[3]Gurhanyň «Zümer» süresiniň 23-nji aýaty.

[4]Haryjylar – Hezreti Ala garşy çykan topar.

[5]Tijaret – täjirçilik, söwda.

[6]Zyragat – ekerançylyk.

[7]Tanbur – saz guraly.