ALTMYŞ DOKUZYNJY BAP: KAZYLYK, KAZYLAR, ŞAÝAT BOLMAK , KARZ, KASAM IÇMEK, DUŞMANÇYLYK WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ALTMYŞ DOKUZYNJY BAP: KAZYLYK, KAZYLAR, ŞAÝAT BOLMAK , KARZ, KASAM IÇMEK, DUŞMANÇYLYK WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA

Abdylla ibn Omar Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Adalat ýöredilmeýän ýerde millet mukaddes bolup bilmez».

* * *

Abdyrahman ibn Hawwaz Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Kim iki adamyň arasynda eminlik edýän bolsa, iki adam hem razy bolup, oňa emin bolmagy üçin ýüz tutsa, ol hem olaryň arasynda eminlik etmese, oňa Allanyň lagnaty bolsun».

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Kim adamlaryň arasynda kazylyk etse, kyýamat gününde, ellerine, boýnuna zynjyr urlup getiriler. Eger adalatly bolan bolsa, adalat ol zynjyry aýrar. Eger adalatsyz bolan bolsa, zulum ony özüne çeker».

* * *

Abu Hazm şeýle diýipdir: «Hezreti Omar Abubekr Syddygyň ýanyna baryp, oňa salam beripdir, emma ol salamyny almandyr. Hezreti Omar Abdyrahman ibn Awfyň ýanyna baryp:

— Allanyň resulynyň çaryýary mende bir zat gördümikä diýip gorkýaryn — diýipdir.

Ol hem gidip Abubekr Syddyk bilen gürleşipdir. Onda Abubekr Syddyk:

— Ol gelende meniň ýanymda iki sany dawagär bardy. Meniň kalbym, gözüm, gulagym olardady. Meniň ähli ünsüm Allanyň menden olar barada, olaryň aýdan zatlary we meniň aýdan zatlarym barada sorajakdygy hakdaky zatlardady — diýipdir.

* * *

Bir adam Hezreti Omaryň ýanyna baryp, Hezreti Alydan şikaýat edipdir. Hezreti Aly hem şol ýerde beýleräkde oturan eken. Hezreti Omar oňa:

— Eý, Hasanyň kakasy, tur, garşydaşyň ýanyna geçip otyr — diýipdir. Ol hem garşydaşynyň ýanyna baryp oturypdyr. Hezreti Omar olaryň ikisiniň arasyndaky dawany çözüpdir. Ol adam turup gidipdir. Hezreti Aly hem ýerine geçipdir. Hezreti Omar onuň ýüzüniň üýtgändigini aňyp, oňa:

— Eý, Hasanyň kakasy! Seniň reňkiň üýtgändigini görýärin. Ýa-da ýaňky bolup geçeni gaty gördüňmi? — diýipdir.

Onda Hezreti Aly:

— Hawa — diýipdir.

Hezreti Omar:

— Näme üçin? — diýipdir.

 Onda Hezreti Aly:

— Sen meniň garşydaşymyň ýanymda meniň künýämi tutduň, maňa: «Eý, Aly, tur garşydaşyň ýanynda otur» diýseň bolmaýarmydy?— diýipdir.

Hezreti Omar hem iki eli bilen Hezreti Alynyň kellesini saklap, onuň maňlaýyndan öpüpdir we oňa:

— Atam size gurban bolsun ! Alla bizi siziň bilen dogry ýola saldy we siziň bilen bizi garaňkylykdan ýagtylyga çykardy — diýipdir.

* * *

Halypa Mansuryň Medinedäki häkimi Hasan ibn Zeýt ibn Hasan kuraýyşlaryň ýolbaşçylarynyň biri bolan Yshak ibn Ybraýym ibn Talhany Medinä kazy bolmaga çagyrypdyr. Ol muňa garşy bolupdyr we Hasan ony zyndana salypdyr. Soň Talha ogullary onuň boşadylmagy üçin arza gelipdirler, olary hem zyndana salypdyrlar. Bu habar Hasan ibn Zeýde ýetende ol şeýle diýipdir:

— Sen maňa kejirlik görkezmekçi bolýarsyňmy?Men hem tä diýenimi edýänçäň, seni goýbermezlige kasam etdim — diýipdir.

Soň hem onuň ýanyna esger iberip, ony kazylyk mejlisinde oturdypdyr, esgerler hem onuň ýanynda durupdyrlar. Muny görüp duran Dawut ibn Müslim şeýle diýipdir:

Kim gezse fykh, paýhas, üstünlik isläp,

Bularyň ählisi bar sende, eý, Yshak.

Hasan ibn Zeýt:

— Ony goýberiň — diýipdir. Ony goýberipdirler we ol oturan ýerinden turupdyr. Hasan hem ony bagyşlapdyr. Soň ol Dawut ibn Müslimiň öýüne gelip:

— Seniň öz halamaýan zatlaryňy öwmegiň bahasy näçe? — diýipdir we onuň öňüne elli dinar taşlapdyr.

* * *

Ibn Zubeýr[1] gozgalaňy bolanda kazy Şureýh Kufa kazylygyny taşlap:

— Men kazy boljak däl — diýipdir. Ol şeýdip dokuz ýyl kazyçylyk etmän gezipdir. Emma soň ýene kazyçylyk edip başlapdyr. Günlerde bir gün ol özüniň kazylygynyň mejlisinden gaýdyp gelýärkä, onuň öňünden bir adam çykypdyr we oňa:

— Seniň Alladan gorkmaly wagtyň gelip ýetmedimi? Ýaşyň gaýdyşypdyr, akylyň çaşypdyr, ähli işler seniň garşyňa gidýär ahyry — diýipdir.

Onda ol:

— Sen dogry aýdýaň, seniň aýdýanlaryňy soň hiç kim maňa aýtmaz — diýip, kazylygy taşlapdyr we tä ölýänçä öýünde oturypdyr.

* * *

Bagdatda Ruweým[2] atly bir sopy kişi bolupdyr. Ony kazy belläpdirler. Bir gün Jüneýt Bagdady oňa sataşyp, şeýle diýipdir: «Kim özüniň gizlin amanadyny saklatmak üçin, ony hiç wagt äşgär etmejek ynamdar birini gözlese, ol Ruweýmiň ýanyna barsyn. Sebäbi ol özüniň dünýä bolan söýgüsini kyrk ýyllap gizläp gezmäge güýji ýetdi».

* * *

Kufanyň häkimi Ibn Hubeýra Utba ibn Nehhasy Kufa şäherine kazy bellemekçi bolupdyr. Onda ol:

— Allanyň adyndan ant içýän, men oňa laýyk däl, meniň oňa razy bolar ýaly kämil ylmym ýok. Eger sen meniň aýdýan zatlaryma ynanýan bolsaň, onda seniň meni ol wezipä bellemegiň dogry däl. Eger men aldaýan bolsam, ýalançyny hem kazy belläp bolmaz ahyry — diýipdir.

Onda Ibn Hubeýra oňa:

— Eger seniň bu aýdýan sözleriňi çöldäki çarwa arap aýdan bolsa hem, ony kazy bellärdik. Sen işle — diýip, ony kazy belläpdir.

* * *

Ibn Mesgut şeýle diýipdir: «Adamlaryň arasynda eminlik edenler kyýamat gününde getiriler. Eger ol adalatsyzlyk eden bolsa, bir perişde ýeňsesinden tutup, ony jähennemiň gyrasynda saklar. Soň onuň kellesini galdyrar we Allatagala oňa şeýle diýer: «Ony düýbüne çenli kyrk ýyllyk ýol bolan çukura taşlaň».

* * *

Mesruk şeýle diýipdir: «Meniň ýekeje gezek adalatly bir höküm çykarmagym bütin bir ýyllap Allanyň ýolunda gazawat etmegimden has gowudyr».

* * *

Hasan Basry şeýle diýipdir: «Men eger adalaty ýerine ýetirip, nähakyň tarapyny tutmasalar we para almasalar, musulman kazylaryna haýyr arzuw edýärin».

* * *

Abbat ibn Awwam namysly we adalatly kazy diýlip tanalýar eken. Ol şeýle diýipdir: «Kim kazylar barada olar adalatyň we özüniň arasynda islendik höküm çykarmaga ygtyýarly diýip pikirlenýän bolsa, ol nähili erbet pikirdedir».

* * *

Hafs ibn Gyýas şeýle diýipdir: «Men Ylýas ibn Abu Mäligiň şeýle diýendigini eşitdim: «Kim dünýäde şatlyk we ahyretde utanç isleýän bolsa, isleýän zadyny arzuw etsin. Men özüme kazylyk etmegimi hödürlenmezden öňürti ölmegimi arzuw edýärin».

* * *

Nadandyklary we adalaty bozandyklary bilen atlary tymsala öwrülen kazylar şulardyr: Mina kazysy, Jebbul kazysy we Inzeç kazysy.[3]

* * *

Kufa kazysy Muhammet ibn Abu Şewaryp şeýle diýipdir: «Men Halypa Mugtezdan başga ýüzi has görmegeý we çeper sözli hiç kimi görmedim. «Ol meni kazy bellände: «Eý, Muhammet! Men seni kazylyga belleýärin. Ol iş seniň permanlaryňdan çykjak gandyr, şatlykdyr we mal-mülkdir. Seniň hökümiň ret edilmez. Alladan gork, we edýän işiňe seret» diýdi.

Onuň bu sözi ýaly başga hiç bir söz meniň kalbyma täsir etmändi.

* * *

Abu Kulabanyň Basradan Şama gitmeginiň sebäbi onyň kazy bolmaklyga çagyrylmagydyr. Eýýup ibn Abu Temime oňa:

— Eger sen kazy bolsaň, adalatly bolardyň we sogap gazanardyň — diýipdir.

Onda ol:

— Eý, Eýýup! Kazylyk deňizde ýüzmek ýalydyr, adam gowy ýüzüp bilmese, gark bolar — diýipdir.

* * *

Abu Hanypa şeýle diýipdir: «Kazy göýä gök deňiziň ortasynda gark bolup barýan kişi ýalydyr. Eger ol ökde ýüzüji bolsa-da, nirä çenli ýüzsün?»

* * *

Kufa häkimi Omar ibn Hubeýra Ymam Agzam Abu Hanypany kazy bellemekçi bolupdyr. Ol razy bolmandyr. Omar hem onuň kellesine gamçy urmagy we zyndana salmagy emr edipdir. Soň onyň ýüzüne we kellesine tä özünden gidýänçä gamçy bilen urupdyrlar. Abu Hanypa: «Bu dünýäde gamçy bilen urulmagym meniň üçin ahyretde demir gürzi bilen urulmagymdan has gowudyr» diýipdir.

* * *

Ibn Awn şeýle diýipdir: «Abu Hanypa iki gezek kazylykdan boýun towlany üçin gamçylandy. Birinji gezek Ibn Hubeýradan, soň Halypa Abu Japar Mansurdan. Mansur ony çagyrdy we oňa bugdaýdan ýasalan içgini hödürledi. Ol mundan ýüz dönderdi we ýerinden turdy. Mansur oňa:

— Sen nirä? — diýdi.

Ol:

— Seniň meni iberen ýeriňe— diýdi we zyndana gitdi. Şol ýerde hem wepat boldy».

 Abdylla ibn Şeberme kazylyga bellenilende şeýle diýipdir: «Eý, Allam ! Sen bilýärsiň, men bu ýerde öz islegim bilen oturmadym, ýöne men ony söýýärin we isleýärin. Meni onuň soňunyň şerinden gora».

* * *

Ýusup ibn Omar Mansur ibn Mugtemiri kazy bellemekçi bolupdyr. Ol razy bolmandyr. Ony zynjyr bilen daňypdyrlar. Iki sany dawagäri hem onuň ýanyna getiripdirler. Ol olaryň ýüzüne hem seretmändir. Oňa: «Eger sen olaryň dawasyny çözenem bolsaň, saňa dogrudan hem kazylygy bermezdik» diýipdirler we ony boşadypdyrlar.

* * *

Abdylmälik ibn Umeýr Ýemenli bir adamdan şeýle gürrüň beripdir: «Abubekriň döwründe Ýemene uly sil geldi. Ol sil ýeriň aşagyndan ýapyk bir tabyt çykardy. Biz ony hazynadyr öýtdük. Muny Abubekre habar berdik. Ol hem: «Tä meniň ynamdar adamlarym barýança, oňa degmäň» diýdi. Soň olar gelensoň, açyp gördük. Görsek, agajyň üstünde bir adam ýatyr, üstünde hem ýetmiş sany altyn bilen bezelen hülle don bar. Sag elinde bir tagta bar. Tagtanyň ýüzünde şeýle ýazgy bar eken:

Emir etse hyýanat biz hem ýazsak eger-de,

Adalatly bolmasa ýer kazysy iline,

Oňa asman kazysyndan jeza permany geler,

Müň mertebe «Waý-waý!» — dat-bidat oň halyna!

Şeýle hem onuň kellesiniň ýanynda ösümligiň reňkinden hem has ýaşyl bir gylyç bar eken. Gylyçda: «Bu gylyç Hut ibn Ad ibn Eremiňki»[4] diýip ýazylgy eken.

* * *

Süleýman ibn Harp şeýle diýipdir: «Asman işlerinden (ýagny halal işlerden) hiç iş galmady, diňe hadys we kazylyk galdy. Olaryň ikisi hem ähli zady bozdular. Kazylar wezipelerinde para alýarlar. Hadysçylar hem Resulallanyň hadyslary üçin dirhem alýarlar».

* * *

Iki sany adam kazynyň ýanyna gelipdir. Olaryň biri gepläp, beýlekä hiç geplemäge maý bermändir. Onda beýleki adam:

— Eý, kazy. Maňa gaýyp diýip, höküm edip bolarmy? — diýipdir.

Kazy:

— Ol nähili? — diýipdir.

Ol adam:

— Eger maňa gürlemäge maý berilmese, men ýok hasabynda — diýipdir.

* * *

Ibn Eset Basrada bir köşk gurdurypdyr. Onuň golaýynda kiçijik, öý bar eken. Bahasy hem ýigrimi dinar, eýesi hem garry aýal eken. Ibn Esediň ol ýere mätäçligi bolup, garry aýala iki ýüz dinar hödürläpdir. Garry aýal razy bolmandyr.

Oňa:

— Kazy seniň bu samsyklygyň sebäpli seni akylyndan azaşan hasaplar, sebäbi sen ýigrimi dinarlyk zat üçin iki ýüz dinar ýitirýärsiň — diýipdirler.

Onda ol aýal:

— Näme üçin kazy ýigrimi dinarlyk zady iki ýüz dinara alýany akylyndan azaşan hasaplamasyn?— diýipdir.

Ibn Eset onuň bu sözünden soň ony üç ýüz dinara satyn alypdyr.

* * *

Bir aýal kazynyň ýanyna gelipdir. Kazy oňa:

— Jämeak şuhudek[5]? — diýipdir. Ol dymyp durupdyr.

Onda kätibi oňa:

— Kazy senden soraýar: «Jäe şuhudek meak? (Ýanyň bilen şaýatlaryň geldimi?)»— diýip sorapdyr.

Aýal:

— Hawa — diýipdir.

Soň bolsa kaza ýüzlenip:

— Sen näme üçin kätibiňki ýaly edip soramadyň? Ýaşyň gaýdyşypdyr, akylyň gysgalypdyr, sakgalyň köpelip, murtuň dodaklaryňy ýapyp dur. Men senden başga ölüniň dirilere höküm berýändigini henize çenli görmedim — diýipdir.

* * *

Kazy Şureýh dawa çözjek bolanda şu sözler bilen başlar eken: «Goý, zalymlar bilsinler, zalyma azap, mazluma ýeňiş garaşýar».

* * *

Iki sany adam kazy Şureýhiň ýanyna bir dawa bilen gelipdir. Kazy olaryň biriniň gürrüňiniň arasynda günä ýöňkelýäne görkezilýän günäniň nähakdygyny günä ýöňkeýäniň özüne tassyk etdiripdir. Soň bolsa günä ýöňkeýäne garşy höküm çykarypdyr. Onda ol adam:

— Eý, kazy, Alla işiňi oňuna etsin ! Siz dawany şaýatsyz çözäýdiňizmi? — diýipdir.

Onda kazy Şureýh oňa:

— Öz garşyňa özüň şaýat bolduň — diýipdir.

* * *

Iki sany adam Basra kazysy Bilal ibn Abu Burdanyň ýanyna gelipdir. Ikisi hem uzak wagtlap dymyp oturypdyr, kazy olara: «Görýän welin, siziň öz araňyzda zerur gürrüň bar öýdýän, men gidibereýin» diýipdir.

* * *

Bir adam owadan bir aýaly kaza şikaýat edipdir. Kazy hem ol aýalyň tarapyna meýil edýärmiş. Onda ol adam:

— Eý, kazy, Alla işiňi oňuna etsin. Meniň delillerim gündizden hem has aýdyňdyr — diýipdir.

Muny bahana eden kazy:

— Kes sözüňi, eý, Allanyň duşmany, çünki gün gündizden has aýdyňdyr. Tur güm bol, seniň ol aýalyň üstünden arz etmäge hiçhili hakyň ýok — diýipdir.

Onda ol adam:

— Alla saňa meniň gowşaklygym zerarly haýyrly sogap bersin — diýipdir.

Onda kazy:

— Ýöne meniň ugurtapyjylygymdan saňa sogap bermesin, çünki seni men gowşatdym — diýipdir.

* * *

Bir adam birine:

— Maňa dawalaşmany öwret — diýipdir.

Onda ol:

— Özüňe garşy bolan zady inkär et, özüňde ýok zada dawa tut, ölüleri şaýat edin, iň soňunda hem kasamyňy işiň içine sal — diýipdir.

* * *

Akyldar şeýle diýipdir: «Bergi ähli dertleriň ýygnanan ýeridir. Gijelerine gaýgydyr, gündizlerine peselmekdir. Ol Allatagalanyň ýerdäki syrtmagydyr. Eger Allatagala bir bendesini biabraý etjek bolsa, ony onuň boýnuna halka edip geýdirer».

* * *

Asmagydan bir dosty karz pul sorapdyr. Onda ol:

— Bolýar, baş üstüne. Ýöne kalbymyň rahatlygy üçin isleýän zadyňa iki esse bahasy bolan bir zady girewine goý — diýipdir.

Onda ol:

— Eý, Abu Sagyt ! Sen maňa ynanmarsyňmy? — diýipdir.

Ol:

— Ýok. Ybraýym pygamber hem Allanyň gudratyna ynanýardy we ol şeýle diýdi: «Kalbymyň rahat bolmagy üçin»[6].

* * *

Lukman Hekim şeýle diýipdir: «Misginden karz sorama, güýji ýetmez».

* * *

Ahmet ibn Şureýh şeýle diýipdir: «Men Ymam Şapygydan eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Eger bir adamyň birinden dirhem algysy bar bolsa, ol hem oňa düzüminde azajyk mis ýa-da gurşun bolan dirhem berse, bergisini bermedik hasaplanar».

* * *

Amr ibn Dinar şeýle diýipdir: «Bir adam Resulalladan:

— Eger men şehit öldürilsem nirede bolaryn? — diýip sorapdyr.

Onda ol:

— Jennetde — diýipdir, soň bolsa:

— Jebraýyl maňa, «eger onuň bergisi ýok bolsa» diýdi — diýipdir.

* * *

Sagdy Wakgas şeýle diýipdir: «Bir adam algysyny almak üçin algydarynyň ýanyna gelipdir. Oňa onuň gazawada gidendigini aýdypdyrlar. Ol: «Men Resulallanyň şeýle diýendigine şaýat boldum: «Eger bir adam Alla ýolunda öldürilse, soň ýene direldilse, soň ýene öldürilse, soň ýene direldilse, soň ýene öldürilse, ol kişi tä bergisini berýänçä jennete girmez».

* * *

Abu Sagyt Hudry şeýle diýipdir: «Resulalla ensarylardan bir adamyň jynazasyna gelip:

— Onuň bergisi barmydy? — diýip sorapdyr.

Oňa:

— Hawa — diýipdirler we ol yzyna öwrülip gidipdir.

Onda Hezreti Aly:

— Eý, Allanyň resuly, onuň bergisini men töleýän — diýdi.

Resulalla oňa:

— Eý, Aly ! Seniň bir musulman doganyň bergisini üzüp, ony gaýgy-gamdan halas edişiň ýaly, Alla hem seniň gaýgy-gamlaryňy halas etsin. Eger bir adam başga biriniň bergisini üzse, Alla hem kyýamat gününde onuň bergisini üzer — diýipdir.

* * *

Zuhry şeýle diýipdir: «Resulalla bergili bolan bir adamyň jynazasyny okamady. Soň bolsa: «Men möminlere olaryň janlaryndan hem has ýakyndyryn. Kim bergili bolup ölse, onuň bergisini men tölärin» diýdi we onuň namazyny okady».

* * *

Abu Hureýra şeýle diýipdir: «Resulallada bir adamyň bahasy tölenmedik düýesi bardy. Ol algysynyalmaga geldi. Hatda agyr sözler hem aýtdy. Sahabalar oňa hetdini bildirmek islediler. Ýöne Resulalla muňa pursat bermedi we olara:

— Degmäň oňa ! Her bir hakly algydaryň geplemäge haky bardyr — diýdi. Soň bolsa:

— Düýesini beriň — diýip buýruk berdi. Onuň düýesini gözlediler, emma tapyp bilmediler. Ýöne onuň düýesinden hem has gowy düýe tapdylar.

Resulalla:

— Şuny beriň — diýdi.

Ol adam hem:

— Maňa bergiňi doly berdiň, Alla hem seniňkini doly gaýtarsyn — diýdi.

Resulalla hem:

— Siziň iň haýyrlyňyz, bergisini doly üzýänlerdir — diýdi.

* * *

Jabyr Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Bergiden başga gaýgy ýokdur, gözden başga agyry ýokdur».

* * *

Ibn Apbas Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Kim bergisini bermekçi bolup, doganynyň ýanyna ýörese, onuň her ädimi üçin Alla oňa sogap ýazar».

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Kim soň tölemek niýeti bilen adamlardan mal alsa, Alla onuň bergisini bermäge kömek eder, kimisrip etmek niýeti bilen halkyň malyny alsa, Alla hem ony isrip eder».

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Kim galyň tölejek diýip, bir gyza öýlense we ony tölemezlige niýet etse, ol zynakärdir. Kim pul karz alsa we ony yzyna gaýtarmazlygy niýet edinse, ol ogrudyr».

* * *

Ýahýa Barmaky ölenden soňra onuň ýassygynyň aşagyndan möhürli bir hat tapypdyrlar we ony Harun Reşide eltip beripdirler. Ony açsalar, onda şeýle ýazylan eken: «Günäkärlenýän öňe geçdi. Günä ýöňkeýän onuň yzynda. Adalatly kazy zulum etmez, ol anyk delile mätäç däldir».

* * *

Omar ibn Abdyleziz bir kazyny işden boşadypdyr we oňa: «Meniň eşitmegime görä, sen dawa çözýän mahalyň dawagärlerden hem has köp gürleýän ekeniň» diýipdir.

* * *

Bir adamyň ýanyna bir kişi gelip:

— Bize pylan kişi üçin bir ýyl möhlet bilen müň dirhem karz gerek— diýipdir.

 Onda ol:

— Sen menden iki zat isleýärsiň. Men olaryň birini bitireýin, ýagny saňa bir ýyl möhlet bereýin we onuň üstüne ýene bir ýyl goşaýyn, şonda has gowy bolar. Men saňa iki ýyl möhlet bereýin. Ýöne karzdan meni azat et — diýipdir.

* * *

Çarwa arap kasam edipdir. Oňa: «Sen «Inşalla» (Alla halasa) diý» diýipdirler. Ol hem baran ýerinde onuň bilen ýalan ýere ant içip, hajatlaryny bitirip: «Inşalla» diýen söz nähili gowy zat eken» diýer eken.

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Allanyň öňünde edilen günäleriň içinde zynadan başga jezasy has çalt berilýäni ýokdur. Ant içýän zynahor bossanlygy çöllük meýdana öwrer».

* * *

Çarwa arap bir kazy hakda şeýle diýipdir: «Meseläni düşnüksiz çözýär, öz-özünden keýpi kök we para alýar».

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!) şeýle diýipdir: «Allanyň adyndan ant içmegi äsgermezlik etmäň, Alla hem siziäsgermezlik eder».

* * *

Dew[7] şäheriniň kazysy dawagäriň birine kasam etdirjek bolupdyr. Oňa:

— Ol kişi ant içmekden gorkmaýar, ol anty äsgermeýär, onuň sözüne ynanyp höküm berme — diýipdirler.

Onda kazy ol adamy çagyryp:

— Eger sen ant içip, ýalan sözleseň, Allatagala seniň ukyňy zäher eder, naharyňy damagyňa tegek eder, ýöreýşiň çaýşyk bolar, endamyňa pis açdyrar, rysgalyňy keser, gözleriňi ukuly eder, kapasa salar. Ol seni şu hasa bilen synag edýär — diýip, elindäki hasasyny görkezipdir.

 Ol adam hem gorkup, ant içmändir we hakykaty bolşy ýaly äşgär edipdir.

* * *

Sibeweýh şeýle diýipdir:

Karzdarlara ýanymda taýýarlap goýdum ony,

Ýokarsynda demirden ölüm bolan hasany.

* * *

Ibn Abu Sabyt[8] şeýle diýipdir: «Men mätäç bolan ähli zatlarymy diňe özümden karz alýardym».

Ýagny ol: «Arkaýynçylygy üpjün etmek üçin sabyr edýärdim» diýmek isleýär».

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

Taşlan zadym bahalansa, berginiň siz bahalany,

Hernäçe bahalansa-da, oldur arzanyň arzany.

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!) birine hat ýazyp şeýle diýipdir: «Şu wagt seniň eliňde bolan zatlaryňy mynasyp eýelerine bermegiň wagty geldi. Olary saklandygyň üçin Alladan günäň geçilmegini dile».

* * *

Bir aýal kazynyň ýanyna gelip:

— Meniň ýoldaşym wepat boldy, yzynda onuň ene-atasy, ogly we dogan-garyndaşlary galdy — diýipdir.

Onda kazy:

— Onuň ene-atasyna ýitgi, ogluna ýetimlik, aýalyna dulluk, dogan-garyndaşlaryna gynanç we ýetmezçilik galypdyr. Sen git-de, ondan galan zatlary olaryň arasynda duşmançylyk bolmaz ýaly, bize getir — diýipdir.

* * *

Ibn Abu Ewfa şeýle diýipdir: «Resulalla şeýle diýdi: «Eger kazy dogry ýoldan aýrylmasa, Alla onuň bilendir. Eger kazy dogry ýoldan aýrylsa, onda Allatagala ondan uzaklaşar we şeýtan geler».

Şeýle hem başga bir rowaýatda: «Eger kazy dogry ýoldan aýrylsa, Allatagala ony terk eder» diýlipdir.

* * *

Jabyr ibn Abdylla Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Kyýamat gününde adalatly kazylyk edenleriň oturmagy üçin nurdan münberler gurlar. Soň olar halaýyklara görkezilensoň, Allatagala olaryň jennete äkidilmegini emr eder».

* * *

Muhammet ibn Harys şeýle diýipdir: «Nasr ibn Alyny Basra kazy bellemek isläpdirler. Bu teklip bilen onuň ýanyna gelseler-de, ol kabul etmändir. Adamlar ondan närazy bolup, oňa gödek sözleri aýdansoňlar, ol öýüne gidipdir we arkan düşüp, ýüzüni hem ýaglyk bilen örtüp ýatypdyr. Ol: «Eý, Allam, eger sen meniň bu işi halamaýandygymy bilýän bolsaň, meni öz ýanyňa al» diýipdir. Alla hem ony öz ýanyna alypdyr».

* * *

Enes Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Kyýamat gününde kazylar adamlar üçin köprüdirler, adamlar olaryň arkalaryna münüp, üstlerinden geçerler».

* * *

Hadysda şeýle diýlipdir: «Kazynyň dili iki ot böleginden ybaratdyr. Ol ýa jennete gider, ýa dowzaha».

* * *

Hyşam ibn Abu Ýusup şeýle diýipdir: «Kakam — kazy Abu Ýusup ölüm halyna ýetende, onuň daşyna üýşdük.

Biz ondan:

— Seniň bu kazylyk işinden ýadyňda galany barmy? — diýip soradyk.

Onda ol:

— Ýok, ýöne ýekeje zat ýadyma düşýär. Bir gezek bir hristian gelip, Harun Reşide garşy dawagär boldy. Men hem Harun Reşidi çagyrdym. Ol geldi. Ýanynda hem jynaza okalýan namazlyk bardy. Hiç kim onuň ýaly hristian dawagär bilen jynaza okalýanyň üstünde kazynyň öňünde durmandy. Şol ýagdaý ýadyma düşýär — diýipdir».

* * *

Hezreti Äşe şeýle diýipdir: «Resulallanyň şeýle diýendigini eşitdim: «Kyýamat güni kazydan şeýle bir sorag ederler welin, käşgä iki kişiniň arasynda eminlik etmedik bolsadym diýip öküner».

* * *

Sufýan Söwri kazylyga bellenilen Şerik ibn Abdylla bilen sataşypdyr. Sufýan oňa:

— Yslamdan, fykhdan, haýyrdan soň kazylyk gelýärmi? — diýipdir. Şol wagt ol ýerde Abu Abdylla Hasan ibn Salyh hem bar eken.

Onda Şerik:

— Eý, Abu Abdylla! Ynsanlara kazy hem gerekdir — diýipdir.

Sufýan hem:

— Eý, Abu Abdylla ! Ynsanlara ýasawul hem gerekdir — diýipdir.

Hasan ibn Salyh:

— Haýsysynyňkyny nädogry hasaplajagymy bilmedim ! — diýipdir.

* * *

Abu Zer şeýle diýipdir: «Resulalla maňa alty günläp: «Eý, Abu Zer, meniň saňa aýtjak zatlaryma üns ber» diýip gezdi. Ýedinji gün bolsa: «Men saňa açyklykda we gizlinlikde Alladan gorkmagy wesýet edýärin, saňa ýamanlyk etseler hem, sen ýagşylyk et. Hatda gamçyň ýere gaçsa hem hiç kimden tama etme, düş-de özüň al. Hiç zady amanat alma. Ýetimden ýüz öwürme. Iki kişiniň arasynda kazy bolma» diýdi.

* * *

Hezreti Osman Abdylla ibn Omary kazy bellemekçi bolupdyr. Onda ol:

— Sen Resulallanyň: «Kim Alladan özüni goramagyny isläp, oňa sygynsa, ol sygynýan zady bilen Alla sygyndygy bolar» diýenini eşitmänmidiň? — diýipdir.

Ol:

— Hawa, eşitdim — diýipdir.

Onda Abdylla:

— Men hem meni kazy bellejek bolýandygyň sebäpli senden Alla sygynýaryn — diýipdir.

* * *

Nafyg Ibn Omardan şeýle gürrüň beripdir: «Resulallanyň şeýle diýendigini eşitdim: «Eger adamlar dinarlaryny we dirhemlerini gysgansalar, söwdada barlap (dadyp) görüp söwda etseler, sygyrlaryň guýruklaryny alyp başlasalar we jyhady terk etseler, Allatagala olary şeýle peselder welin, ony olardan tä dinlerine gaýdyp gelýänçä aýyrmaz».

* * *

Kazy Mutallyp ibn Abdylla ibn Hantabyň[9] hyzmatkäri Omar ibn Abdyleziziň ýanyna gelipdir. Omar ondan onuň hojaýyny barada sorapdyr. Onda ol:«Ol iki şaýat[10] bilen deň» diýipdir (ýagny adalatsyz).

 

* * *

Hafs ibn Gaýýas özünden kazylyga degişli meseleleri soran bir adama: «Mümkin, sen kazy bolmak isleýänsiň? Bir adamyň barmaklaryny seniň gözüňe sokup, gözleriňi çykaryp zyňmagy seniň kazy bolmagyndan has haýyrlydyr» diýipdir.

* * *

Ibn Apbas şeýle diýipdir: «Şaýatlara hormat goýuň. Sebäbi Alla olar bilen hakykaty ýüze çykarýar we olar bilen zulumy dep edýär».

* * *

Abu Derda Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Ýalançy şaýadyň kyýamat gününde tanalar ýaly tagmasy bolar. Allatagala ony dili tikenli we dişleri bilen ony çeýnäp duran şekilde direlder. Ol göýä it ýaly dilini sallap durar».

* * *

Sufýan ibn Uýeýne şeýle diýipdir: «Kufada käbir adamlar bar. Olar ertir namazyny okap bolansoňlar:«Kim karz isleýär?» diýer eken we soranlara karz berereken».

* * *

Çarwa arap şeýle diýipdir: «Bäşim bire ýetip bilenok (ýagny barmaklarym rahatlyga ýetip bilenok)».

* * *

Buhtury şeýle diýipdir:

Mukaddes Käbe bilen kasam etdim men,

Hem orazaň hormatynam tutdum men.

* * *

Rawh ibn Zenbag Halypa Abdylmälik bilen gijelerine oturyp söhbet eder eken. Bir gün halypa oňa:

— Men Esma ibn Haryjadan gowy gürrüň berýäni görmedim — diýipdir. Olar gijäniň ahyryna çenli söhbet edişip oturypdyr.

Abdylmälik oňa:

— Seniň gaýgy-aladaň barmy? — diýipdir.

Onda Rawh:

— Hawa, eý, möminleriň emiri, meniň bergim bar — diýipdir.

Ol:

— Näçe? — diýipdir.

Ol:

— Elli müň dinar— diýipdir.

Onda Halypa:

— Sen näme üçin bergi etdiň? — diýipdir.

Onda Rawh:

— Sahynyň abraýyny we gysgançdan öz abraýymy goramak üçin — diýipdir. Ol hem oňa pul bermegi emr edipdir.

* * *

Kazy Yýasyň ýanyna iki sany aýal gelipdir. Ellerinde hem bir ýüň ýumak bar eken. Olaryň ikisi hem bu ýumaga meňki diýýär ekenler. Kazy olaryň birini ýanyna çagyryp:

— Sen ýumagy nämä saradyň? — diýipdir.

Ol:

— Bölek tagtajyga — diýipdir.

Soň beýlekini hem çagyryp:

— Sen ýumagy nämä saradyň ! — diýipdir.

Ol hem:

— Bölejik mata — diýipdir. Ýumagy çözüp görseler, ol bölejik tagta saralan eken. Bu habary Ibn Sirin eşidip:

— Onuň düşünjesi nähili güýçli, onuň düşünjesi nähili güýçli — diýip gaýtalapdyr.

* * *

Abdylla ibn Wehbe[11] kazylyk hödürläpdirler. Ol: «Men bu ylmy kyýamat gününde kazylar jemagatynyň arasynda bolmak üçin öwrenmedim. Men bu ylmy kyýamat gününde alymlaryň arasynda bolmak üçin öwrendim» diýipdir.



[1]Ibn Zubeýr gozgalaňy –Mugawyýanyň ogly Ýezit wepat bolansoň, birnäçe ýerler Ibn Zubeýri halypa diýip yglan edýärler, netijede söweş başlanýar.

[2]Ruweým ibn Ahmet - hadys alymy.

[3]Mina – Mekgäniň golaýynda bir şäher. Jebbul - Tuseg Keskeriň şäherleriniň biri. Halypa Mamunyň döwründe bolupdyr. Inzeç – Huzystan bilen Yspyhan arasynda bir şäher.

[4]« Ansap» (taýpa-tire) barada ýazylan kitaplarda ol Ad ibn Aws ibn Erem ibn Sam ibn Nuh diýlip agzalýar.

[5]Bu sözüň iki manysy bar. Eger «jämeak» işlik hökmünde okalsa: «Şaýatlaryň seniň bilen jynsy gatnaşyk etdilermi?», eger «jäe» işlik hökmünde okalsa: «Şaýatlaryň seniň ýanyň bilen geldilermi?» manysynda bolýar.

[6]Gurhanyň «Bakara» süresiniň 260-njy aýaty. Düşündiriş: Ybraýym pygamber Alladan ölen guşy direltmegini haýyş edýär. Onda Alla oňa: «Sen näme meniň ony direltjegime ynanmaýarsyňmy?» diýende ol: «Ýok, ynanýaryn, ýöne diňe kalbymyň rahatlygy üçin» diýýär.

 

[7]Basranyň golaýynda bir şäher.

[8]Abdyleziz ibn Ymran - ynamdar bolmadyk hadysçy.

[9]Muttalyp ibn Abdylla ibn Muttalyp ibn Hantap ibn Harys - Medine kazysy.

[10]Yslam hukugynda iki aýal bir erkegiň ýerini tutýar.

[11]Abdylla ibn Wehb ibn Müslim Kuraýşy - ynamdar hadys alymy. 125-nji hijri ýylynda dünýä inipdir. Oňa ylmyň diwany diýipdirler. 197-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr.