«ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY» KITABY BARADA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » «ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY» KITABY BARADA

Zamahşarynyň bu kitabynyň ýazylyş usuly özünden öň ýaşap geçen Ibn Kuteýba Dineweriniň «Uýunu'l-ahbar» (Habarlaryň gözleri) we Ibn Abdyrabbihiň «el-Ykdu'l-ferid» (Taýsyz monjuk) atly eserleriniň mowzugyna meňzeýär. Ýöne Zamahşary bu kitaplardan ýekeje maglumat hem almandyr. Zamahşary bu kitabyny meşhur tefsiri «Keşşafdan» soň ýazypdyr. Muny onuň özi kitabyň giriş bölüminde hem agzap geçip, şeýle diýýär:

«Men bu kitaby ýazmak bilen özümiň «El-keşşaf an hakaýyky't-tenzil» atly tefsirimi okanlaryň kelleleriniň dynç almaklaryny, pikirlenmek, onuň syrlaryny we ylmy hakykatlaryny çykarmak bilen ýadan kalplarynyň rahatlanmaklaryny, onuň çylşyrymly we syrly meselelerini anyklajak bolup tapdan düşen pikirleriniň nepeslerini dürsemeklerini üpjün edip, onuň ýetmeýän ýerlerini doldurýanlara gaýtalama bolmagyny, ondan asgyn gelenleriň özlerini dürsemekleri üçin bu kitaby gülälekli meýdan we miweli baglar bilen gözelleşdirip, bezäp, onuň şahalarynda oýnaşyp, gülleriniň ysyndan doýup, bişen miwelerinden hoşlanmaklary üçin, gözleriň onuň seýrek aýnalaryna seredip karar tapmaklary üçin, burunlaryň onuň ösen ýakymly ýelleriniň ysyny almagy üçin, agyzlaryň onuň bişen miweleriniň terligi bilen lezzet tapmagy üçin, gulaklaryň onuň ylham beren şaggyldyly suwlaryny diňlemegi üçin, bedenleri onuň kölegesinde salkynlamaga çagyrmak üçin, beden guşlarynyň täze şahalara gonup, guşlaryň saýraýyşlarynyň ýakymly bolmagyny niýet edindim. Bu bir dostlukly gezelenç we amatly pursatdyr. Kim bular bilen bile bolsa, ol hiç zada mätäç bolmaz. Kim bular bilen dost bolsa,оňаözge dost gerek bolmaz».

Kitap şygyr bilen kyssa utgaşdyrylyp ýazylan togsan sekiz bapdan ybarat. Zamahşary kitabyň her bir babynda öňürti şol babyň mowzugy bilen baglanyşykly Muhammet alaýhyssalamyň, sahabalaryň[1], tabygynlaryň[2], abytlaryň, zahytlaryň, takwalaryň, akyldarlaryň, beýleki pygamberleriň sözlerini getirýär, soň bolsa mowzuk bilen baglanyşykly şygyrlardyr atalar sözlerini, nakyllary hödürleýär.

Kitap ýygyndylar toplumyndan ýygnalan we halkyň arasyndan toplanan pähim-paýhaslardan, dana sözlerden ybaratdyr. «Ýagşyzadalaryň baharynda» pygamberlerimiziň, beýik-beýik akyldarlaryň, danalaryň, pähimli alymlaryň parasatly öwüt-nesihatlary, pentleri hem olaryň durmuşlaryny,  garaýyşlaryny öz içine alýan rowaýatlar, tymsallar arkaly watanperwerlik, ynsanperwerlik, jomartlyk, pespällik, mertlik, myhmanparazlyk, sadalyk ýaly biri-birlerinden çuň taglymlar ündelipdir. Şalar adalatlylyga, pespällige, begler adamkärçilige çagyrylypdyr.

Ol pentdir-nesihatlaryň, rowaýatlaryň, tymsallaryň ynsanlarda ýagşy gylyklary, ynsanperwerligi-watanperwerligi terbiýelemekde hyzmaty örän uludyr. Meselem, olaryň birinde pygamberimiz Muhammet alaýhyssalam ene ýere tagzym etmegi ündäpdir hem sebäbini düşündirýär. Ene ýer ynsana hyzmat edýär, ol hem düşek, hem ýapynja, hem eklenç çeşmesi. Rysgalyňy toprakdan gözle. Dünýä gelip ene topraga hyzmat etmedik, bir nahal ekmedik, il-gününe, halkyna hemaýat etmedik ýigit hakyky ýigit däldir. 

Husytlyk, açgözlik, Taňrydan, adamkärçilikden daş düşüp nebsiňi şagladyp mal üstüne mal ýygnamak, jaý üstüne jaý salmak ýaly häsiýetler paş edilipdir. Meselem, ýene pygamberimiz bilen baglanyşykly bir rowaýatda ynsanlara aýaklarynyň astyndaky ýer ýaly ýumşak bolmak, jomartlykda akar suw ýaly bolmak pent edilýär. Akar suw garyba-da, baýa-da deň. Ondan ynsanam, haýwanam hatda topragam islän wagty teşneligini gandyryp bilýär. Akar suw biminnet. Bu ajaýyp kitapda göreje nur berýän gudratyň biri akar suw hasap edilýär. Olaryň ikinjisi akar suwdan ganan gök çemenzarlyk, kalba, göreje nur berýän üçünji zady beýik akyldar  Hasan Basry mähirli, owadan ýüz hasap edýär.

Ýene Aý hem Gün ýaly rehimli-merhemetli bolmak pent edilýär. Sebäbi olar ýagşynyňam, ýamanyňam üstüne dogýar, deň şöhle saçýar, garaňkylygy ýagtaldýar.

«Ýagşyzadalaryň baharynda» ata Watana, ene topraga bolan söýginiň täsin nyşany bilen baglanyşykly şeýle hakykat beýan edilýär.

«Sabyr Zul Ektaf Ruma ýörişe gidipdir we ýesir düşüpdir. Şol ýerde hem näsaglapdyr. Rum patyşasynyň gyzy oňa aşyk bolupdyr.  Gyz sussy pes hem mejalsyz Sabyr Zul Ektafdan:

― Göwnüň näme isleýär? ― diýip sorapdyr. Ol hem:

― Dijläniň suwuny we Istehriň topragyny ysgamagy ― diýip jogap beripdir.

Gyz birnäçe günden soň onuň islegini berjaý edipdir. Onuň watanyndan bir gysym toprak we suw getirdip, eltip beripdir.

Sabyr Zul Ektaf öz ýurdunyň topragyny ysgap, suwuny içip, hakykatdan hem sagalypdyr.

Eziz topragyň gudraty baradaky tymsallary, rowaýatlary  «Ýagşyzadalaryň baharyndan» isledigiňçe getirip oturmaly. Ýöne olaryň hiç birem düşündirişe mätäç däl.

«Ýagşyzadalaryň baharynda» öň hem aýdyp geçişimiz ýaly, kitabyň ýazylyş usuly Ibn Kuteýba Dinaweri bilen Ibn Abdyrabbihiň kitaplarynyň ýazylyş usulyna meňzese-de, Mahmyt Zamahşarynyň olaryň kitabyndan ýekeje setiri, ýekeje sözi almazlygy kitabyň ähmiýetini ýene-de bir gezek artdyrýar, oňa özboluşlylyk durkuny berýär. Kitapdaky maglumatlaryň, gürrüňlerdir rowaýatlaryň, pähimdir paýhaslaryň agramly bölegi Zamahşarynyň arap ýurtlaryna syýahat eden wagty halkyň arasyndan ýygnap alan maglumatlary, dost-ýarlaryndan eşiden gürrüňleridir. Zamahşary bu kitaby barada «Newabygy'l-kelim», «Diwan», «en-Nesaihu's-sygar» ýaly beýleki eserlerinde babyň meselesi bilen baglanyşykly maglumatlary ýatlap geçýär.

Kitapda türkmen edebiýaty hem dili, medeniýeti hem sungaty bilen baglanyşykly maglumatlar azda-kände duş gelýär. Aýratynam türkmeniň beýik alymlary Abdylla ibn Mübärek, Bişr Hafy (Eýmen Baba), Abubekr Horezmi, Abu Abdylla Merwezi, Ybraýym Edhem dagylaryň aýdan sözleri eseriň içinden eriş-argaç geçýär. Kitapda Nusaý, Merw, Abywert, Horezm (Köneürgenç), Merweruz (Tagtabazar), Tabarystan, Gürgen ýaly ata-babalarymyzyň ýaşan ýer-ýurt atlary hem geçýär.

Ibn Hallikan «Wefeýatu'l-agýan» atly eserinde kitabyň adyna «Rabygu'l-abrar we nususu'l-ahbar»[3], Ýakut Hamawy «Irşadu'l-erip» atly eserinde «Rabygu'l-abrar fi'l-edebi we'l-muhadarat»[4], Hajy Halyfa «Keşfu'z-zunun»[5]atly eserinde «Rabygu'l-abrar», Brokelman GAL atly eserinde «Rabygu'l-abrar»[6], emma GAL, Suppl. atly eserinde bolsa «Rabygu'l-abrar fiýmä ýesirru'l-hawatyr we'l-efkar»[7]diýip görkezýärler. Biz kitabyň adyny golýazma nusgasyna salgylanyp «Rabygu'l-abrar» (Ýagşyzadalaryň bahary) diýip goýmagy makul bildik.

Dürli döwürlerde alymlar bu kitaby gysgaldylan görnüşde ýazypdyrlar. «Rabygu'l-abrardan» saýlanyp alnanlar we gysgaltmalar: 

1. Ýazaryň özüniň «El-muhtar min rabygy'l-abrar» (Rabygu'l-abrardan saýlanyp alynan bölekler ) atly gysgaltmasy.

2. Muhammet ibn Halyl Kabakybynyň ýazan gysgaltmasy (w. 1445-nji (hijri 849-njy) ýyl).

3. Muhammet ibn Kasym ibn Ýakubyň (1533-nji (hijri 940-nji) ýylda ýogalan) «Rawzu'l-ahýar» (Haýyrlylaryň bossany) atly kitaby.

4. Ýazary näbelli «Zehru'r-rabyg» (Baharyň ilkini gülleri) atly gysgaltma.

5. Ýazary näbelli «Enwäru'r-rabyg» (Baharyň nurlary) atly gysgaltma.

Kitabyň golýazma nusgalary bolsa şu kitaphanalarda saklanýar:

1.     Bagdat şäheriniň «Mektebetu'l-ewkaf» kitaphanasynda 386, 387, 388, 389 belgili bukjalarda (4 jilt görnüşinde).

2.     Şol ýerdäki, 7149 belgili bukjada, eseriň diňe 7-nji baby ýerleşipdir (başy «Mantyk we şygyr baby»).

3.     Şol ýerdäki, 10071 belgili bukjada, eserden bir bölek (başy: «Ýigrimi üçünji bap»).

4.     Leýden şäheriniň kitaphanasynda 0470 belgili bukjada 4 jilt görnüşinde).

5.     Berlin şäheriniň kitaphanasynda 8531, 8532, 8533 belgili bukjalarda.

6.     Stambul şäheriniň Aýasofiýa kitaphanasynda 3989, 2985 belgili bukjalarda.

7.     Konýa şäheriniňÝusup Aga kitaphanasynda 4900 belgili bukjada.

8.     Stambul şäheriniňD. Ybraýym kitaphanasynda 948 belgili bukjada.

9.     Leýpsig şäheriniň kitaphanasynda 0601 belgili bukjada.

10.Pariž şäheriniň kitaphanasynda 3499, 2500, 3985, 7642 belgili bukjalarda. Bularyň käbirleri bu kitabyň gysgaltmasydyr.

11.Londan şäheriniň Britaniýa muzeýiniň kitaphanasynda 1134/5 belgili bukjada.

12.Mançester şäheriniň kitaphanasynda 0424 belgili bukjada. 

13.Stambulyň Fatyh kitaphanasynda 3893-A belgili bukjada.

14.Marokka şäheriniň kitaphanasynda 01337 belgili bukjada.

15.Kair şäheriniň kitaphanasynda 0157/3 belgili bukjada.

16.Maşat şäheriniň kitaphanasynda 03018 belgili bukjada.

17.Rampur şäheriniň kitaphanasynda 093/1 belgili bukjaday.

18.Buhara şäheriniň kitaphanasynda 07/416 belgili bukjada.

Bu nussgalaryň hemmesini gözden geçirmeklige mümkinçilik bolmansoň, haýsy nusganyň doly, haýsysynyň bolsa gysgaldylandygyny, olaryň aratapawutlary, meňzeşlikleri, göwrümleri, mazmunlary barada anyk bir zat aýtmak mümkin däl. Şonuň üçinem biz bu nusgany taýýarlanymyzda onuň Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäheriniň Aýasofiýa kitaphanasynda saklanýan 2985 belgili bukjasyndan peýdalandyk. Bu golýazma XIII asyryň ahyrlarynda göçürilipdir. Bu golýazma örän galyň bolup,  bölümlerebölünmändir.

Golýazmanyň birinji sahypasynda hem kitabyň ady «Rabygu'l-abrar Lijarulla el-Allama el-Humama» (Beýik Alym Allanyň goňşusynyň «Ýagşyzadalaryň bahary» atly kitaby), onuň aşagynda bolsa: «Bu golýazmanyň (depderiň) bahasy 15 dinar»diýlen ýazgy bar.

Bu terjimede esasy üns berilmeli zatlaryň biri hem kitabyň içindäki hadyslardyr. Sebäbi Zamahşarynyň bu kitabynda hadys diýip gelýän bölekleri, sözüň doly manysynda Muhammet alaýhyssalamyň aýdan sözleri bolman, halk arasynda ýaýran gürrüňlerdir. Şonuň üçinem bulary gönüden-göni hadys hökmünde däl-de, edebiýatyň bir bölegi hökmünde kabul etmelidir. Biz Muhammet alaýhyssalamyň ähli hadyslaryny öz içine alýan «Kutubi sitte»[8] atly ygtybarly hadys ýygyndysy kitabyny seljerenimizde, kitabyň içinde Muhammet alaýhyssalamyň adyndan getirilýän hadyslaryň hemmesini tapyp bilmedik. Şonuň üçinem bu meselä ünsli çemeleşmek gerekdigini okyjylara ýatladýarys.

Bu nusga türkmen diline terjime edilende, mümkin boldugyça onda agzalýan şahs, ýer-ýurt atlary düşündiriş bilen üpjün edildi. Gerek ýerlerinde hem käbir sözlere, adalgalara düşündirişler berildi. Çykgytlardaky görkezilýän seneler hijri senesi bilen görkezildi.

 

Rahman ILMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras»
merkeziniň uly ylmy işgäri.

Abulkasym Mahmyt ibn Omar

Jarulla Zamahşary

 

Ýagşyzadalaryň bahary

 

Tehredaktor S. Abaýew

Çeperçilik redaktory A. Muhammedow

Sahaby bezänD. Mämejikow

Korrektor Z. Abdyllaýewa

Çap etmäge rugsat edildi 14.06.2004 ý.

Ölçegi 60x84 1/16.

Çap kagyzy 21,5.

Ofset kagyzy.

Ofset çap usuly.

Nusgasy 20 000 sany.

Bahasy ylalaşyk boýunça.

Sargyt №1703.

A-14553

 

 

Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi,
744000, Aşgabat, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 18.


[1]Sahaba - Muhammet pygamberi gören nesil.

[2]Tabygyn – sahabalary gören nesil.

[3]Ibn Hallikan «Wefeýatul-agýan» IV, 682 s.

[4]Ýakut Hamawy, «Irşadul-erip», VII, 151 s. 

[5]Hajy Halyfa «Keşfuz-zunun» , I, 832 s.

[6]Brockelmann, C.; GAL, I, 289 s.

[7]Brockelmann, C.; GAL, Suppl., I, 512 s.

 

[8]Kütübi sitte – hadys metinlerini özünde jemleýän «Alty kitap». Muňa meşhur hadys alymlary Buharynyň «Jamigu's-Sahyh», Müslimiň «Jamigu's-Sahyh», Abu Dawudyň «Sünen», Tirmiziniň «Sünen», Nesaýynyň «Sünen» we Ibn Mäjäniň «Sünen» atly ygtybarly hadys kitaplary girýär.