Giriş

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » Giriş

BISMILLÄHI-R-RAHMANY-R-RAHYM

Ol (Alla) meniň daýanjymdyr we ol diýseň gowy dostdur

Özüni bendelerine mynasyp öwgüler bilen öwdüren, özüniň aýdyň we egsilmeýän nygmatlaryny aşa köp bagyş eden Allatagala – bütin asmanlaryň we ähli ýeriň tutuşlygy[1] ýaly, tä ol razy bolynça, oňa öwgüler bolsun! Allatagalanyň ýazgydy we hakykaty hökman amala aşýandyr!

Onuň älemlere rehmet üçin iberen pygamberine salawat bolsun. Ol älemlere yzyna eýerilsin diýlip iberildi. Ol kapyrlara hakykaty äşgär edip görkezen aýatlary – mugjyzalary[2] bilen batyllaryň delillerini çüýretdi. Onuň ýakynlaryna, neslinden päklere we ýagşylara, muhabbeti we dostlugy jähtden oňa kömek berip, onuň bilen hijret edenlere[3], araplardan we ajamlardan[4] oňa ýardam edenlere, hatda onuň ýüzünden gaýgyny giderenlere Allatagalanyň razyçylygy bolsun. Elmydama olardan yhsan edýänlere we hanapy mezhebiniň alymlaryna[5] Allatagalanyň rehmeti ýetsin!

Men bu kitaby ýazmak bilen «El-keşşäf an hakaýyky't-tenzil»[6] atly tefsirimi okanlaryň kelleleriniň dynç almaklaryny, pikirlenmek, onuň syrlaryny we ylmy hakykatlaryny çykarmak bilen ýadan kalplarynyň rahatlanmaklaryny, onuň çylşyrymly we syrly meselelerini anyklajak bolup tapdan düşen pikirleriniň nepeslerini dürsemeklerine ýardam edip, onuň ýetmeýän ýerlerini doldurýanlara gaýtalama bolmagyny, ondan asgyn gelenleriň özlerini dürsemekleri üçin bu kitaby gülälekli meýdan we miweli baglar bilen gözelleşdirip, bezäp, onuň şahalarynda oýnaşyp, gülleriniň ysyndan doýup, bişen miwelerinden hoşlanmaklary üçin, gözleriň onuň seýrek aýnalaryna seredip karar tapmaklary üçin, burunlaryň onuň ösen ýakymly ýelleriniň ysyny almagy üçin, agyzlaryň onuň bişen miweleriniň terligi bilen lezzet tapmagy üçin, gulaklaryň onuň ylham beren şaggyldyly suwlaryny diňlemegi üçin, bedenleri onuň kölegesinde salkynlamaga çagyrmak üçin, beden guşlarynyň täze şahalara gonup, guşlaryň saýraýyşlarynyň ýakymly bolmagyny niýet edindim. Bu bir dostlukly gezelenç we amatly pursatdyr. Kim bular bilen bile bolsa, ol hiç zada mätäç bolmaz. Kim bular bilen dost bolsa,оňаözge dost gerek bolmaz.

Mälik bilen Ukaýlyň[7] dostluklary bularyň ýanynda hiç zatdyr. Kesir Yzzat[8] bilen Jemiliň[9] söýgi gazallary-da bularyň ýanynda hiç zatdyr. Eger sen özüňe bütin gijäni söhbet edip geçirer ýaly ýagşy dosty gözleýän bolsaň, ine, saňa şeýle ýaran! Eger sen özüňe dürli habarlaryň ýetirilmegini isleýän bolsaň, ine sen, şeýle habarlaryň ummanyna düşdüň. Eger sen ýarym – ýaş edýän ybraty hadysalar gözleýän bolsaň, bular seniň göz okaraňy gözýaşlar bilen püre-pürlär. Ýa-da sen şorta sözler isleýän bolsaň, onda ýylgyrmakdan ýaňa dişleriň dür bolup görner.

* * *

Dawut alaýhyssalamyň[10] hikmetlerinde şeýle ýazylypdyr: «Akylly kişi şu dört pursatdan gapyl bolmaly däldir:

1.     Rebbine mynajat etmekden;

2.     Özüniň nebsini hasaba çekmekden;

3.     Aýyplaryny ýüzüne göni aýdýan dostlarynyň ýanynda bolmakdan;

4.     Nebsi bilen nebsiniň lezzetleriniň arasynda öz-özi bilen ýalňyz galyp, özüne gelmek we jemlenmek üçin ony öz peýwagtyna goýmakdan.

Soňky pursat beýleki pursatlara garanyňda kalba dynç bermek meselesinde iňňän möhümdir».

* * *

Hezreti Aly (Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn)[11] şeýle diýipdir: «Kalbyňyza dynç beriň we oňa peýdaly pursatlary gözläň. Sebäbi bedeniň ýadaýşy ýaly ol hem ýadaýandyr».

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  başga bir rowaýatda şeýle diýipdir: «Bedeniň ýadaýşy ýaly kalp hem ýadaýandyr. Dana pähim-paýhaslary okamak bilen oňa dynç beriň».

* * *

Ibn Apbas[12] kelam ylmyny[13] okap ýadan wagty: «Men okap ýadadym» diýende, oňa okamak üçin şygyrdyr rowaýatlary getirip berer ekenler.

* * *

Kusama ibn Zuheýr[14] şeýle diýipdir: «Allany zikir etmek bilen kalbyňyza rahatlyk beriň».

* * *

Selman Parsy[15] şeýle diýipdir: «Men oýalygymy hasaplaýşym ýaly, ukudaky wagtymy hem hasaply tutýaryn».

* * *

Erdeşir ibn Bäbek[16] şeýle diýipdir: «Hakykatdan hem gulagyň we kalbyň ýadawlygy bardyr. Bu iki hikmetiň arasyny, olara dynç bermek üçin, başga zatlara güýmenmek bilen açyň».

* * *

Çarwa arap şeýle diýipdir: «Bedenleriňize dynç berşiňiz ýaly, kelleleriňize hem rahatlyk beriň».

 

* * *

Akyldar şeýle diýipdir: «Nebsiň – seniň ýoldaşyňdyr. Eger oňa rahatlyk berseň, ol güýçlener, eger ony ýadatsaň, ol tapdan düşer».

* * *

Men Allatagaladan biziň bedenlerimizde pikirlerimizi janlandyrýan zatlary ýaratmagyny, ellerimiziň olary sahypalara ýazmagyny, onuň hoşnutlygyny gazanmagy, razyçylygyny niýet edinmek we gahar-gazabyndan aman bolmak üçin bizi bagyşlamagyny isläp, ondan haýyş edýärin. Hakykatdan hem ol jomartdyr, sahydyr we onuň ýazgydy belentdir. Ol ähli haýyr işleriň tutaşdyryjy çakmak daşydyr.



[1]Gurhanyň «Taryk» süresiniň 11-nji aýaty.

[2]Mugjyza – adatdan daşary waka, hadysa. Mugjyza pygamberleriň subutnamalarydyr. Her bir pygamberiň Alla tarapyn berlen mugjyzasy bolupdyr.

[3]Hijret edenler – Muhammet alaýhyssalam bilen Mekgeden Medinä göçenler.

[4]Ajamlar – araplardan özge milletler.

[5]Mahmyt Zamahşary ygtykatda sünnilige ters bolan mugtezile mezhebinden bolsa-da, amalda sünni mezhep bolan hanapy mezhebinden bolupdyr.

[6]«El-Keşşäfu an hakaýyky gawamizi't-tenzil we uýuni'l-ekawiýl fi wujuhi't-te'wil» (Düşündiriş esasynda inderileniň (Gurhanyň) maksatlarynyň hakykatlaryny we aýdylýanlaryň çeşmelerini düýpli açyp görkeziji). Mahmyt Zamahşarynyň meşhur tefsiri. Oňa gysgaça «Keşşaf» diýilýär.

[7]Mälik we Ukaýl – iki dost. Bularyň ikisi aýdylyşyna görä, kyrk ýyllap, bile iýip-içip, günlerini şady-horramlykda geçiripdirler. Şonuň üçinem olaryň dostlugy gürrüňdeşlikde atalar sözüne öwrülip galypdyr.

[8]Kesir - medineli şahyr. Yzzat atly bir gyzy söýüpdir we oňa bagyşlap gazal ýazar eken. Şonuň üçinem Kesir Yzzat diýilen ady gazanypdyr.

[9]Jemil ibn Abdylla ibn Muammar Azeri Kazagy Abu Amr — şahyr. Besine atly bir gyza aşyk bolupdyr. Şygyrlarynyň köpüsini nesib (yşk şygyrlary we gazal (söýgi şygyrlary) görnüşinde ýazypdyr. Emewi halypasy Abdyleziz ibn Merwanyň ýanyna, Müsüre gidipdir. Halypa hormat edip, oňa ol ýerde ýaşamaga öý beripdir. Şol ýerde az wagt ýaşansoň, 82-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr. Onuň «Jemil Besine» atly kitaby bar.

[10]Yslam dinine göre, eger haýsydyr bir pygamberiň ady tutulsa, onda hökman onuň yzyndan «alaýhyssalam» (Oňa salam bolsun) diýilýär.

[11]Yslam dininiň sünni ynanjyna görä Hezreti Alynyň ady agzalanda «Kerremallahu wejhuh» (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  diýilýär. Sebäbi hem Hezreti Alynyň çagalykdan yslamy kabul edip, butlara ynanmandygy üçindir.

[12]Abul Apbas Abdylla ibn Apbas ibn Abdylmuttalyp – Muhammet alaýhyssalamyň doganoglany. Hijretden 3 ýyl öň Mekgede dünýä inipdir. Elmydama pygamberiň ýanynda gezipdir we 68-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr. Ylmynyň çuňlugy üçin oňa «ymmatyň syýasy» diýip at beripdirler. Onuň Gurhany tefsir edýän bir kitaby bar.

[13]Kelam ylmy – Allanyň sypatlary, ýaradylyş we ahyret barada yslam düşünjelerine görä söz açýan ylym.

[14]Kusama ibn Zuheýr Abul Minhal Mazyny - ynamdar hadys rowaýatçysy. Ibn Hajar we Ibn Şahyn dagylar oňa sahaba diýipdirler. Emma Yjly, Ibn Hybban we Heýsem dagylar oňa tabygyn diýipdirler. 130-njy hijri ýylynda Utbe bilen Ible söweşine serkerde hökmünde gatnaşypdyr. Abu Musa Eşgarydan hadys rowaýat edipdir. Ondan Katada, Jeriri we basralylar hadys rowaýat edipdirler.

[15]Selman Parsy – oňa Selman Yslam we Selman Haýr hem diýipdirler. Asly Ramehurmuz şäherinden bolupdyr. Oňa Yspyhandan diýenler hem bolupdyr. Şeýle hem onuň musulman bolmazdan öňki ady (Mabih Bud, Bähbut) barada köp garaýyşlar bar. Aýdylşyna görä, ol Şiýan obasynda dünýä inip ulalypdyr. Hakyky diniň gözlegi üçin Şama, Mosula, Nusaýbine, Ammuryýa gidipdir. Mejusylygy (otparazlygy) we oda ybadat etmegi inkär edipdir. Soň arap ýurtlaryna gidipdir. Ýolda ony kelb ogullary taýpasyndan bolan garakçylar tutup, gul edip satypdyrlar. Medineden kureýza ogullary taýpasyndan bir adam ony satyn alyp, Medinä getiripdir. Selman yslam baradaky habarlary eşidip, pygamberiň ýanyna gidipdir we oňa Kubada (Medinäniň bir obasy) duş gelipdir. Onuň sözlerini eşidip, birnäçe gün ýanynda galypdyr. Ol gulçulykdan azat bolup, yslama girmek isläpdir. Musulmanlar oňa eýesinden janyny satyn almaga kömek edipdirler we ol yslama girýändigini yglan edipdir. Muhammet alaýhyssalam onuň bilen Abu Derdany dogan edipdir. Hendek (garym) söweşinde Medinäniň daşyna garym gazmagy maslahat beripdir. Hatda muhajyrlar (mekgeliler) bilen ensarylaryň (medineliler) ikisi hem «Selman bizdendir» diýip ony özlerinden hasaplapdylar. Muhammet alaýhyssalam hem: «Selman ähli beýtdendir (pygamber neslindendir)» diýipdir. Yragyň eýelenmegi üçin söweşlere gatnaşypdyr. Medaýyn şäherine häkim bellenipdir we tä wepat bolýança şol ýerde ýaşapdyr. 62-63-nji hijri ýyllarynda wepat bolupdyr. Onuň gubury Selmanpäk atly obadadyr. Bu oba Bagdadyň günorta-gündogarynda ýerleşýär.

[16]Erdeşir ibn Bäbek ibn Sasan – sasanlylar döwletini esaslandyryjy. 226-njy milady ýylyndan tä 241-nji milady ýylyna çenli hökümdar bolupdyr. Adalatly, haýyrhon bolupdyr. «Kitabul-kernamaç» «Kitabul-amal» atly kitaplar oňa degişlidir. Bu kitaplarda onuň söweşleri, eden ýörişleri, ömri we döredijiligi beýan edilýär. Araplaryň edebiýat kitaplarynda onuň ady bilen baglanyşykly hekaýatlar kändir.