Magtymguly işanyň diwanynda berlen birnäçe syrly setirleriň düşündirilişi

Geliň, indi bolsa, hezreti Magtymguly işanyň diwanynda berlen birnäçe syrly setirleriň düşündirilişi bilen tanşalyň. Bilşiňiz ýaly, häzire çenli aryf şahyrymyzyň diwany köpçülik taýdan okalsa-da, onuň diwanynda bolan syrly setirleriň magnysy çözülmän galypdyr. Magtymguly işan bolsa ýazan bu syrly setirleriniň manysyny çözmekligi öz ildeşlerine goýup gidipdir. Biz, "Her kim bildijegini diýer gider" diýlişi ýaly, fazly Pyragynyň pähiminden ugur alyp, başardygymyzdan bu möhüm meselä girişip, şeýle düşündiriş berdik. Elbetde, bu syrly setirlerdir we kyssa rowaýatlaryň tapawutly düşündirişleri bolmagy mümkin, emma häzirlikçe şular bilen çäklenmeli bolduk. Galyberse-de, bu berlen düşündirişler we rowaýatlar mümkindir fazly Magtymgulynyň maksadyny öz pikiriçe ödäp bilmesin, ýöne hormatly ýazyjy we aryf doganlarymyz tarapyndan bu barada gowrak düşündiriş berip bilen bolsa, enşalla, ony geljekki neşirimizde peýdalanarys. "Kaýdadygy bilinmez" atly şygry barada düşündiriliş:

Aryf bolsaň, senden habar soraýyn,

Ne milletdir kaýdadygy bilinmez.

Fazly  Pyragynyň   "Ne  milletdir"   diýip  eserinde getirmegi - jyn, peri bolsa bolaýmaly, çünki olaryň belli mekany ýok, onuň üçin hem olaryň haýsy ýerdedikleri hem belli däl.

Habar ber, soraýyn genji - hazyna,

Pakyrdamy, baýdadygy bilinmez.

Gençdir hazyna- yman bolsa bolaýmaly. Her kimde kemal iman bolsa, oňa genç we hazyna bolup biler. Olpakyrlyga ýa baýlyga degişli däl. Belki-de kämil ymana, takwalyga, möminlige baglydyr.

Ne kirişdir bent olupdyr kemana,

Kaýsy goparmyş ahyrzamana.

Kiriş hem Ysrafylyň sury bolmagy mümkin. Ahyrzamanyň haýsy gün gopjakdygy diňe ýaradan Allah Tebärek we Tagaladan gaýry adam bilip bilmez. Mysal üçin:

Bi sagatda gopar ahyrzamana,

Eger geler bolsa gahry dilberiň.

diýen şygry hem bu aýdanlarymyza güwä geçýär. Hudaý Tagala wahydul Gahhar, ol haýsy wagt erada etse, kyýamat gopjakdygy ikuçşuzdyr.

Ne sebäpden gark olupdyr ummana,

Kenardamy saýdadygy bilinmez.

Sebäbini kämil bileýin diýseňiz, "Kuranyň kasasy" atly kitaba seredip bilersiňiz.

Bu setirden iki hili netije çykarmak mümkin. Birinjisi, Ýunus pygamber käpirlerden gaçyp, derýa gark bolup balyk garnyna düşýär. Ikinjisi hem, Musa aleýhussalamy Pirown aleýhullagna öldüräýmesin diýen gorky bilen, Selime atly enesi ony sandyga salyp, Gulzuni atly deňze akdyrýar.

Ne göwherdir nirde ýatyr kembaha,

Niçik isbat etmiş surata,

Gorgi, çopan, bärre, bälbäl, äždarha,

Bäşisiniň bir öýdedigi bilinmez.

Bu gazal Musa aleýhissalamyň kyssasyndan alnandyr. Musa aleýhissalam Şugybyň goýnuny bakyp ýörkä, azygy gutaryp, goýnuny möjege tabşyryp gidýär. Möjek, Musaaleýhissalam gidip gelýänçe, goýny bakyp, soň goýny tükel tabşyrýar. Möjek gaýtjak bolanda: "Ýa Musa maňa bir ýol aşar ýaly garnymy doýurmasaň boljak däl"diýýär. Musa: "Bu goýun amanat, sen gözüňi ýumup agzyň aç-da topul!" diýende Möjek sürä urup Musa aleýhissalamyň ýekeje guzusyny agzyna alyp, mäledip ekidýär. Ol: "Bäşisiniň bir öýdedigi bilinmez" diýýäni bolsa, ine şulardan ybaratdyr:

1.     Musa

2.     Möjek

3.     Goýun

4.     Aždarha - Musanyň asasy

5.     Bälbäl - guzy (Kasas Kuran, 222-nji sah.)

Ol ne guşdur otyr goşly, simkeşli,

Alty müň ganatly, elli müň başly.

"Ol ne guşdur" diýip getirmegi, "Dünýä" Dünýäniň ömri Adam aleýhissalamdan bäri alty müň ýylmyş. "Elli müň başly" diýýäni hem. Adam aleýhissalamdan elli müň ýyl öň Benijan nesli dowran sürüpdir.

Atasy kyrkynda, ogly ýüz ýaşly,

Toýdadygy, ýasdadygy bilinmez

- diýen setirleriniň rowaýaty şeýle:

Elbetde, bu setiriň rowaýaty uzagrak,bir gun Uzeýirçöden eşegine ýük ýükläpgelşine, onuň kellesine şeýle bir pikir gelipdir:"Hudaý Tebärek we Tagala ölen adamlaryň dargap giden süňklerini gaýtadan ýygnap nähili direltjekkä?" diýip ýüregine şek getiripdir. Emma onuň bu pikri Hudaý Tagala aýan bolansoň, Hudaý Tagala Uzeýre (adamlary) nähili direldýänini görkezmek üçin Uzeýriň janyny alýar. Ýüz ýyldan soň ýene gaýtadan Uzeýre jan berip, onuň öňünde süňkleri dargap giden eşegini direlýär. Uzeýir bu wakadan son, toba edip, eşegine ýük ýükläp öýüne garşy ugraýar, Uzeýir ölen wagty kyrkýaşynda, ogly hem, rowaýata görä,bir ýaşynda eken. Uzeýiriň dirilen wagty ogly ýüz ýaşapdyr.

Uzeýir şol kyrk ýaşynda galýar. Ol biraz ýol ýöräp öýüne gelip gapyny kakýar, ogly içerden: "Kim sen?" diýip soraýar. Ol "Men Uzeýir" diýip jogap berýär. Ogly gapynyň aňyrsyndan: "Uzeýir barmy? Ýüz ýylozal ölüp giden adam" diýýär. Uzeýir her zat edip ynandyrjak bolýar weli, emma ogly kabul etmeýär. Uzeýir gelipdir diýen habar şäher halkyna ýaýrasa-da, emma oňa hiç kim ynanmaýar. Ahyr adamlar oňa ýüzlenip: "Eger sen Uzeýir bolsaň, hany Töwraty ýatdan okaň! Eger sen ýatdan okasaň, biz seniň Uzeýirdigiňi kabul edeli'' diýenler. Çünki "Uzeýir Töwraty ýatdan okaýardy" diýipdirler.

Şol halda Töwratyň bir nusgasyny tapyp getirip Uzeýre berýärler. Uzeýir bolsa Töwraty ýatdan okapdyr we ýatdan ýazypdyr. Ol Töwrady ýatdan okap, ýazansoň, Uzeýirdigi hemmelere belli bolýar ("Kasasy Kuran", 289-njy sahypa).

Ynha, bu okan rowaýatyňyz hem "Atasy kyrkynda, ogly ýüz ýaşly" diýlen goşgunyň manysy.

Ol nedir kim tort ýanynda ýüzi bar,

Ol nämedir sinesinde gözi bar.

"Dört ýanynda ýüzi bar" diýen eseri ýylyň dört paslydyr. "Sinesinde gözi bar" diýýäni hem "Aý" we hem "Gün". "Her kelamda üç ýüz altmyş sözi bar" diýýäni bolsa, "360gün", ol-da "birýyl".

Ol nedir kim öňi bar-da ardy ýok,

Ol nedir kim gonar, göçer ýurdyýok.

Bu hem ynsanyň ömri, pany dünýä gelen geçmeli, soňy bolsa hiç ýalan dünýä.

Hasap edip dursam, ýene dördi, ýok,

Ne mekanda jaýdadygy bilinmez.

Bu beýdiň manysy dört pasyl bolmaly, ol-da galman ýel ýaly geçip barýandygyny duýdurýar.

Magtymguly, üç müň üç ýüzi dursun,

Dört müň dört ýüz kyrk dört sapasyn sürsün,

Her kim ustat bolsa, jowabyn bersin,

Dört dalyň bir zeýdedigi bilinmez.

"Üç müň üç ýüzi dursun" diýen soragy - "Ryjal gaýb" bolmaly, ýagny öten welilerdir. "Dört müň dört ýüz kyrk dört sapasyn sürsün" diýeni bolsa, häzirki bar işlap ýörän öwlüý ärler. "Dört dal" diýýäni ebjet hasabyndan "dal" ol-da -dört weli,ady bolsa "awtad". "Z" - harpy - ýedi, ol-da -ýedi weli, adyna "ahýar" diýilýär. Eger awtaddan biri aradan çyksa, ahýardan birini onuň ýerinde goýulýar. Eger ahýardan biri ýogalsa, badladan biri onuň ýerinde goýulýar. Şeýlelik bilen, öwlüýärleriň ýeri dolmaly, kemelmeli däl. Ine dört dalyň bir zeýe bagly bolmanlygy şundan ybaratdyr.

Bilermi sen aby-haýat zulmatda,

Hyzr bilen kim täharet etdi.

diýmegi, Isgender Zülkarneýn hezreti Hyzr aleýhissalamyň-ýoldaşlygynda zulmata barsa-da, oňa aby-haýatdan içmeklik miýesser bolmandyr. Emma Musaaleýhissalam bilen Ýuşyg bin Nun aby-haýata baryp, Hyzr bilen teharet etmeklik olara nesip bolýar.

"Bu dünýa" atly eserinde:

Dört käpir hudaýlyk dawasyn etdi,

Sakar atly jaýa saldy, bu dünýa.

"Dört käpir" diýip getirmegi: Pirown, Şetdat, Nemrud we Hamandan ybarat.

Hiç aňmaýan zir-u zeber,

Ger tapsa. jismimden755 eser.

Biden, elipden bihabar,

Bäş demde btr Kuran çykar.

Hudaý Tagala, öwlüýärlere daş ýoly ýakyn edişi ýaly, enbiýalara hem köp sözi az wagtda okap geçmeklige mümkinçilik berýär. Hezreti Muhammet söýgüli pygamberimiziň elipbiýden habarsyz bolsa-da, Hudaý Tagalanyň gudraty bilen oňa okamaklyk güýji berilýär. Ine bu eserde bolsa:

Darganyň şährine gökden ses geler,

Ol bir şeýle sesdir eşiden öler.

Ol ses Jebraýyl aleýhissalamyň sesi bolmaly. Hudaý Tagala azyp, ýoldan çykan her bir şäher halkyny Jebraýyl aleýhissalama: "Heläk et" diýip hokum etse, Jebraýyl aleýhissalamyň sesini eşidenjandar galman ölýär, ýaşalýan jaýlar kül-peýekun bolýär. Ine, Magtymguly işanyň: "Gökden gelen sesi eşiden öler" diýmeginiň rowaýaty şeýledir. ("Kasasyl-Enbiýa, 31-32-nji sah.)

Akyldar alym Pyragy "Zamana" diýen şygrynda şeýle ajaýyp eser döredýär:

Jahany ýakdy gitdi, ýamanyň ody sönmez,

Bir Muhammet hatyryna ýer ýarylmaz, gök inmez,

Guwanar çarh bu işe, bolmaz ahyrzamana.

Bu eserde ilki bilen pygamberimiz Hezreti Muhammet Mustapa Sällallahi aleýhi wäsälläm Hudaý tagalanyň habyby we dostudygyny duýdurýar. Ondan soň, geçen pygamberleriň kowmy azanda, Hudaý Tagala, ýokarda belleýşimiz ýaly, olaryň kowmyny ýer bilen ýegsan edýän eken. Emma biziň pygamberimiz Beýik Taňrymyzyň ýanynda hatyrasy gaty köp bolmagyna görä, onuň ummaty her hili azsa-tozsa hem kyýamata çenli onuň hormatyna degiljek däl-de, belki-de saklanyljakdygyny aňladýar. Emma bu eserde:

Bizden salam Orazmeňli şahyra,

Musulman käpiriň parky kimdedir.

Ol ne guşdur gonar adam serine,

Onuň gonar, gonmaz erki kimdedir.

Ilki setirde aýdyşy, musulman, käpiriň parky "Dabbetul arz" Safa, Çerwede hyruj edende belli bolmaly. Bu barada Magtymguly işanyň "Beýan geler" diýen goşgusynda "Dabbetul arz" Safa, Merweden hyruj edende, halklary Musa aleýhissalamnyň hasasy bilen urany ýüzi gara käpir bolup we emma Süleýmanyň möhri bilen urany ýüzi ak musulman boljak eken. Ikinji setriň magnysy hem, Ezraýyl perişde bolsa bolaýmaly, elbetde onuň erki Beýik ýaradan Allahdadyr. (Kasasy-Kuran, 380-nji sah.)

Olar kimdir aglar-gezer şat olmaz,

Ne bendedir gulluk eder zat almaz,

Ne aşnadyr müň ýyl gider ýat olmaz,

"Nirde söhbet gurar ryzky kimdedir.

Adam aleýhissalam bilen How ene bar zamanynda şeýle aglapdyrlar ki, bütin kyýamat ahyra çenli duran, ýagny halk bolan adamlaryn agysyndan kän aglan bolmaly (Kasasyl-Enbiýa, 15-nji sah.)

"Ne bendedir gulluk eder zat almaz" diýen şygry barada, aryflar diňe Hudaý Tagalanyň razylygy üçin, ony muhtaç-ybadat bilip ybadat edýärler. Olaryň hiç lähzedeHudaý Tagala ýadyndan çykmaýar we çykmazam. Başga hili aýdaňda, käpirler buta sygynyp, kyýamatda olar hiç zat almazlar. Ikinji mosragasy, edilen günäler, hiç wagt unudylmaz, magşara baraňda taýýar bolmaly.

Idris şündeý nirede gurar söhbeti,

Bil kimdedir ýörüň-gögüň kuwwaty,

Ol ne guşdur alty müňdir ganaty,

Aý-günüň, ýyldyzyň erki kimdedir.

Idris aleýhissalam behiştde söhbet guraýar. Aý-Günüň, ýyldyzyň erki bolsa Möwäkkäl perişdede bolmaly.

Başy aşak asdylar, kaýsy agajy,

Hak haýsy dostuna berdi magrajy.

 

Magraj pygamberimize berilipdir,

Biziň pygambere berilen täji,

 

Habar bergin, şundeý börügi kimdedir?

Börük, ýagny pygamberlere berilen täji, ol hemulamalarda.

Beýleki setiriň manysy:

Behişdiň agaçlary başaşak bolýar we aýry bir rowaýata görä, bir gün Abu Jehl pygamberimiz Hezreti Muhammet Sälliallahy aleýhi we Aly-ala wäsalläme ýüzlenip: "Senpygamber bolsaň hany, mugjyzaňy görkez, onsoň men saňa yman getireýin?" Mysal üçin, şol gögerip oturan agaç köki gopup saňa gelip sejde etsin, ýagny baş egsin" diýýär.

Pygamberimiz hem: "Bar-da şol agaja gel diýip, aýdyň" diýip adam iberýär. Agaç derrew kökünden gopup gelip, pygamberimize baş egip tagzym edýär. Magtymgulynyň "Başaşak asdylar haýsy agajy" diýýäni pygamberimiziň bu mugjyzasyna baglydyr.

Belki Magtymgulysan joşa geldi

Şundeý Isa gökden ne şähre indi.

Isa aleýhissalam Şam-şeripde "Minara Beýaza" inýär.

Pygamber kimsäge wesýet kyldy,

Asasy, hyrkasy kürki kimdedir.

Pygamberimiz Hezreti Resul-Ekrem(s) Hezret Alyga wesýet eden: "Men wepat bolanymda, Hezret Aly aleýhissalam meni ýola salsyn" diýen, asasy, hyrkasy, kürki bolsa Weýsel Garanyda bolmaly.

Bir akdyr, bir gara ýylan,

Süleýmanyň başyndadyr.

Gara ýylan-käpir jyn, ak ýylan hem musulman jyn bolmaly.

Jan howpundan bolar akly haýran,

Ýylan kişmir görse, öler bigüman.

Hindistan diýlen ýurtda Kişmir adynda bir haýwan, özi-de ýylanyň garry (ganym) duşmany bolmaly. Ol ýylany gören badyna ony sypdyrman heläk edýän. Başga bir rowaýata görä, "atbakar" adynda oňa hem kişmir diýilýän, aýagy uzyn çekirtgä meňzeş janly, ol ýylanyň kellesine gonup, iki pyçgy ýaly aýagy bilen ýylanyň gözüni alýan. Ine bu hem akyldaryň okyjylary köp oýlanmalara sezewar edýän goşgusynyň manysy.

"Berme pelege" diýen eserinde "Çalyp bolmaz çal agarsa çelege" diýen setiriniň manyny: Süýt çüýrese öňki formasyndan, ýagny bolşundan üýtgäp, çüýrän süýdi gatyk edip, ýaýyp, ýagny alyp bolmajagyny duýdurýar.

"Ötüp durupdyr" diýen eserinde:

Bir çüýrük hoz bilen jahan jöwherin,

Ol ne gumarbazdyr ötüp durupdyr.

Çüýrük saman salmyş mata bazaryna,

Jöwhere barabar satyp durupdyr.

"Çüýrük hoz" - dünýa. "Jahan jöwheri" - iman. "Gumarbaz" hem - şeýtan. "Çüýrük saman" - dünýä. "Jöwhere barabar" diýýäni hem - ynsanyň ömri.

Ne düşekdir oňa basan ýaramaz,

Ne keştidir derýa batar ýöremez,

Ne enedir ölmez-ýitmez garramaz,

Öz balasyn özi ýuwdup durupdyr.

Gara ýerdir oňa basan ýaramaz, ýagny gelen hökman gitmelidir diýdigi. Ikinji masragyň manysy bolsa-ajaldyr. Adamyň peýmanasy dolsa, keştiniň derýada batyp galyşyýaly, adamzadyň hem dünýäden geçmelidigini düşündirýär. Öz balasyny özi ýuwdýan hem, şu wagt üstünde ýaşap ýören gara ýerimizdir.

Ne çyragdyr gözsizlerge ýaraýdyr,

Ne görgüdir bu aýnadan arydyr,

Ne sakydyr piýalasyz ýöredir,

Barany bogazyndan tutup durupdyr.

"Ýürek aýnasy" bar aýnalardan ary päkdir diýdigi. Ikinji beýti ajal ýetensoň, bogazdan zat geçmez, razky-ryzkyň peýmanaň dolan güni kesiljekdigini makullaýar. Ýene şol şygyrda:

Ne mahlukdyr, ne erkekdir, ne dişi,

Bir gözi akdyr, bir gözi çaşy,

Reňi hem aladyr, on iki başy

Ýer-u gögi birden ýuwdup durupdyr.

"Ne erkekdir, ne dişi" diýmekden maksady, "dişi-zenan". "Bir gözi ak" diýýäni - gündiz. "Bir gözi çaşy" diýýäni bolsa - gije. "Dört pasyl", "On iki" - aý. "Ýeri-gögi ýuwdup duran" hem ýyldyr.

Ine "Ot nedir?" diýen şygry hakda berlen düşündiriş:

Bizden salam bolsun Durdy şahyra,

Ne mährapdyr, sözläp çykan ot nedir?

Kimdir ölüp, bir ýyldan soň bilindi,

Dokuz ýüzden dogan nim zürýat nedir?

"Ne mährabdyr sözläp çykan od" däl-de, "ot" dogrurak görünýär. Onda onuň manysy şeýle bolup çykýar:

Hezreti ibn Apbas razyýallahy - anhoma pygamberimizden rowaýat edipdir: Süleýman aleýhissalam mährapda namaza duran wagty "Harub" adyna bir ot onuň gözüne görünýär. Süleýman aleýhissalam ol otdan: "Sen kim? Eger ekmeli bolsa, ekeli, derman oty bolsaň-da, derman üçin ulanaly" diýip sorag berende, ot jogap bermeýär. Soň ikinji gezek ol otdan: "Sen kim?" diýip soraýar. Ahyr ol ot jogap berýär: "Meniň adym harapçylyk" diýýär. Süleýman bu habary eşiden soň, öz öljegini bilip: "Eý, bary-Hudaýa! Men ölenimde, döwler we jynlar meniň ölenimi duýmawersinler" diýip ýalbarýar.

Elbetde, ozal Süleýman aleýhissalam Ezraýyl bilen duşanda, ondan: "Meniň ajal wagtym haçan bolar?" diýip sorag berende, ol: "Her haçan seniň sejdegähiňde "Harub" atly ot peýda bolsa, seniň ölüm wagtyň geldigidir" diýip aýdypdyr.

Soň, ol Beýik Taňra mynajat edip aýdýar: "Eý, bary-Hudaýa, men öljegime aslan gynanamok, ýöne, Beýtulmukaddesiň binasynyň gaýra galjakdygyna gynanýaryn" diýýär. Soň ýaradan Allahyň miýesser etmegi bilen, ol aýnaly ybadatgahyň içinde hasasyna söýenip, duran halatynda, dünýäden ötýär.

Jynlar we döwler beýle ýagdaýy duýman, zol işläp ýörüpdirler. Bir ýyl geçensoň Süleýmanyň hasasyny gurçuk iýp ýykylýar we döwler bolsa, bir ýyldan soň Süleýmanyň wepat bolanyny duýýarlar. (Kasasy-Kuran, 344-nji sah.).

Ine, alym Pyragynyň "Kimdir ölüp, bir ýyldan soň bilindi" diýýän şygrynyňrowaýaty şeýle:

Dawut pygamber barada "Dokuz ýüzden dogan nim zürýatnedir" diýip, getirmegi, aýdylyşyna görä, Dawud pygamberiň dokuz ýüz aýaly barmyş,şol dokuz ýüz aýalynyň  birinden  bir  nakys  çaga  dogýar.  Dördünjimesragysy  (bendi)  bolsa,   şol nakys dogan çaganyň Süleýman aleýhissalamdygyny görkezýär.

Sen Gözli ata bolsaň, biz gerkez ili,

Çöl ýerde gezip sen ýad edip ili,

Bilermiň tamugnyň çekilen mili,

Habar ber aslyny, pul-Syrat nedir?

Ikinji setiriň manysyna girişsek, Pul-Syrat üç müň ýyllyk pyýada ýol bolmaly. Bir mil, dört müň ardym günäli, bigünä bendeler onuň üstünden ötmeli. Bir niçesi müň, birniçesi bäş müň, soňy on bäş müň ýylda geçmeli. "Soňy on bäş müň ýylda geçse gerekdir" diýip, akyldar Pyragy başga eserinde ony görkezýär.

Bilermusen kaýsy derýa içinde,

Adamzat jigerli ýatan hutnedir?

"Adamzat jigerli ýatan hut" bolsa, Gulzum derýasynda Ýunus pygamberi ýuwdan balyk bolmaly.

Ne agyr sarpadyr, kaýsy awyçda,

Älem harap bolar niçe towuşda.

Bahyl adama sadaka üçin sarp etmeklik gaty agyr degmeli. Ikinji mäsragysynyň magnysy bolsa, ýetimleriň gözüniň ýaşyndan arş titremeli, aýry bir rowaýata görä, Ysrafylyň sury bolmagy hem mümkin,

Gudrat bile dört ýüz nedir başda,

Tebranda ondan çykan ot nedir?

Bu eserde akyldar: "Gudrat bile dört ýüz nedir bir başda?" diýip getirmegi, ony ebjet hasaby 400 sany bilen düşündiriş bermeklik mümkin (şin harpy - 300, mim harpy - 40, sin harpy - 60, jemi - 400). Üç harpy jemlänimizde "Şäms" bolýar. Onuň jogaby "Gün". Gün galdygyça yssysy güýçlenýändigini görkezýär.

Ne sine, ne jandyr söýle bu syrdan,

Bilinden aşagy bolmuş hajyrdan,

Aşyk beýan etse, haýsy şejirdan,

Hemjanly, hemjansyz dogan zat nedir?

Ilki beýtiň jogaby: ,,Süýrenji, gursagy bilen omuzup ýöreýänlerden bolmaly, ol jandar gijelerde bilinden ýokarsyny hanasyndan çykarmagy bilen, bilinden aşagy daşa meňzeş bolmagy üçin aryf şahyr ony daşa meňzedip ,,hajar" diýip, ýagny ,,daş“ diýip getirýär. Ol janly çöpleriň başyna ýapyşyp, ýörän ,,kersen göti" (halzun) bolmagy mümkin. Emma aryf atamyzyň ,,hem janly, hem jansyz'" diýip aýtmagy Musa aleýhissalamyň hasasyna degişli, ol hasasyna ýere taşlanda, aždar janly bolup, ýöne wagtda Musa aleýhissalamyň hasasy jansyz bolup durýar. Akyldaryň ,,hemjanly, hemjansyz dogan zat nedir?“ diýip, sorag bermeginiň jogaby bolsa ine şeýledir.

Magtymguly aýdar aşyk bu syra,

Käýinmeýin dogry söýle bu ýerde,

Muny bilermu sen kaýsy şährde,

Türkge gulluk eden iki tat nedir?

,,Türk diýmegi-dili türk. Elbetde sada adama hem haslanýar. Bu erde türk diýmegi Hoja Ahmet Ýasawy pir bolmagy mümkin. Onuň iki sany tat sopusy barmyş diýýärler. Adata görä, sopy halky öz piriniň gullugynda bolmaly bolýar.

Başga hili aýdanyňda, ,,şäher" diýmegi-,,kalb". ,,Türk" diýmegi ,,çaga". Enäniň göwsi hem ,,iki tat" bolsa bolaýmaly. Bilşiňiz ýaly, çagany ene öz süýdi bilen iýmitlendirýär, ýagny enäniň iki göwsi onuň gullugyndabolup ony ekleýär.

,,Üçi öwlatdan" diýen eserinde:

Ne on bäş aýaldyr artmaz perzendi,

Ne on bäş aýalyň üçi öwlatdan,

Üçi ekiz on dört erer peýwendi,

Ol ne jemag eýlärler ne çykar ýatdan? jogaby: ,,Elipbiý"

Ol ne halkdyr gök pelege gonarlar,

Gah hakykat ýer ýüzüne inerler,

Ol ne adamzatdyr bir ata münerler,

Üzeňňisi suwdandyr, jylawy batdan

Ilki setiriň manysy ,,bulut" bolsa bolaýmaly, bulutlar käwagt, käwagt ýer ýüzüne inýändigini görkezýär.

Ikinji beýtiň manysy ,,naw", ,,gämidir" diýip çak edýäris.

Olar kimdir ýalaňaç garyp otyrmyş,

Awazsyz äleme sözi ýetirmiş,

Agzyn açyp, özün ýasa batyrmyş,

Sorasaň, habar biýr saňa bar zatdan.

,,Ýalaňaç garyby“ jogaby-Galam. ,,Ýasa batyrmyş" diýýäni hem - moräkkäb, ,,gur. ,,Awazsyz“ äleme sözini ýetirýän“ hem -,,hat“.

Mydam şeýle gezer bu dört deňi-duş,

Bular andan barça älem ýüzi hoş,

Ol döwrüň biri bar daýym sebzepuş

Kellesi buzdandyr, aýagy otdan.

„Dört deňi-duş“ diýýäni- dört pasyl. ,,Kellesi buzdan" diýmegi-gyş. ,,Aýagy otdan" diýýäni bolsa-tomus.

,,Elli müň ýyl döwran süren Benijan,

Dünýäde galmady ýerbe-ýer geçdi.

Hudaý Tagalanyň ýaradan mahlugy üç kysymdan ybarat: ,,Perişte", ,,Benijan", ,,Beni Adam". ,,Benijanyň" deslapky atasy ,,Jan“, ,,Jany" Hudaý Tagala otdan ýaratdy. ,,Benijanyň" nesli gaty pisatçylyk (erbetçilik) etmegi üçin, Hudaý Tagala periştelere Benijanyň neslini gyryp aradan aýyrmagy höküm edýär. Şu wagtky bar jynlar dagda-damanda bukulyp galan jynlar Benijanyň neslinden bolmaly. Hudaý Tagala perişteleri nurdan we Adam Atany hem toprakdan hulk etdi (ýaratdy) (Kasasy-Kuran, 11-nji sah.).

,,Samada belli" diýen eserinde:

Kyrk günden ozaldan ýapragyň düşer,

Öldi diýip at beriler samada belli-

diýýän şygryna girişsek, behiştde tuby agajyň ýapragynaähli adamlaryň öz ady, atasynyň adyýazykly bolmaly. Ölmezinden kyrk gün öň, adamzadyň özüne bagly bolan ýapragy saralyp perişteleriň ýanyna gaçýar. Şeýlelik bilen, kyrk gün öň perişteler adamyň öljegini duýýarlar. Elbetde gulak hem, şol ýapraklaryň bir-birine degmeginiň esasynda şaňlamaly.

Magtymguly haýran her ýana bakar,

Bu ne gudrat işdir, suwdan ot çykar,

Ýagşy oguldan rahmet arygy akar,

Lagnatkerde ogul dogdy-dogmady.

Bu hem Musa aleýhissalamyň kyssasyna bagly. Musa aleýhissalam Şygyp pygamberden rugsat alyp, maşgalasy bilen enesiniň, zyýaratyna barşyna, garaňka galyp, ýoldan azaşyp, näderini bilmän, haýran bolup durýar. Oňa uzakdan bir ot görünýär. Ol şol oda tarap ugraýar. Ol oda ýakynlaşdygyça, ot güýjeýär, ýakyn baryp görse, suwy damyp duran göm-gök agaçdan ot çykyp duran. Ol ot däl-de, ,,nur" bolmagy mümkin. Musa aleýhissalamyň şeýle bir gök agajyň ot bolup, ýanyp duranyny görüp (synlaýşyna), alym Pyragy-da haýran bolýar we ,,Ykbal olmady" diýýän gazalynda şol agaja ýüzlenýär.

,,Ýagşy oguldan rahmet arygy akar" diýýäni- ,,Musa aleýhissalam'" (göz öňünde tutulýar). ,,lagnatkerde ogul" hem - Pirown diýen adam bolmaly.

,,Bir hat bardyr ol Patmanyň saçynda". Hezreti Resulyň gyzy Hezreti Patmany Hezreti Alyga nikalanmaly edilende; ,,Mehriname bolmaly?'' diýlen soraga Hezreti Patmanyň özi jogap beren: ,,Meniň mehrim belli, diňe bir Kuran we hem-de Hudaý Tagala öz fazly-Keremi bilen meniň atamyň ummatynyň günäsini kyýamatda meniň şepagatym bilen bagyşlaýsa, meniň möhrüm şol bolar" diýýär.

Hudaý Tagala, Hezreti Patmanyň islegini kanagatlandyryp, öz gudraty bilen Hezreti Patmanyň saçyna atasynyň ummatynyň günäsini, onuň şepagaty bilen bagyşlanjakdygy ýazylýar.

Beýik daglar beýikligiňe buýsanma

Guwaşda suw bolan zer dek bolar sen.

Bu goşgudaky ,,Guwaş"diýmegi, zergärleriň gyzyl eredýän gaby bolmaly. Wagty gelse zergärleriň zeriniň ereýşi ýaly,daglar hem şonuň ýaly eremeli. Akyldar alym Pyragynyň: ..Daglar gurşun kimin erär, ýaranlar" diýşi ýaly, daglar hem öz wagtynda erejek. Elbetde bu şygyr daglara bagyşlansa-da, menlikçi adamlara degişlidir.

Akyldar Pyragy ulumsy adamlara ,,Men menlik edip, çişip, paňkaryp ýörmäň, şeksiz, siz hem bir gün men-menligiňizden başaşakinderilersiňiz" diýip, nygtap aýdýar:

Diýseler atlan-ha atlan,

Süňki çenäp iýer syrtlan.

Rowaýata görä, syrtlan süňki iýjek bolanda, ony syrtyna çenäp görüp, süňk syrtyndan çykar öýtse, ony iýýän eken. Diýmek, başarmajak işiňi etjek bolup azara galmaly däl.

Bu şygyr haýwana bagyşlansa-da, adama degişlidir. Ine, akyldaryň özi hem bu hakda: .,Başarmajak işi edip, soň utanja galmaly däl" diýip, aşakdaky setirlerinde berk nygtaýar:

Ýowuz güni gaýrata gatylan,

Lagnat goýma riş üstüne.

,,Gidiji bolma" diýen eserinde şeýle setirlere duş gelýäris: ,,Baý ogul balasy bar äpär bolar".

Bu beýtdäki ,,äpär“ diylen söze iki, üç tüýsli düşündiriş bermek mümkin: umuman, baý ogullary lälik we asuda dynç ýaşamagy üçin, biziň pikirimizçe, iş ýokmaýan, bolgusyz,ýalta bolan diýdigidir diýip çak edýäris.

Başga hili alsak, howalaň, göçgünli, ulumsy, menlikli bolmaklygy hem ähtimal.

Iş hoş gelmeýänler barada akyldaryn bir goşgusy hembar:

Ulalanda iş hoş gelmez,

Ýaşlykda köýmän ýigide-

diýip, muny ýaşlykda işe bişmedikler barada aýdýar.

Şahyr, ,,Gaça başlady" diýen eserinde, şeýle suratlandyrýar:

Gaýta bedasyllar asylzadadan,

Pisint etmän, töre öte başlady.

Ine, bu setirde ýaramaz bedasyllar, tüýs asylzadalary, ýagny ile ýaraýan başarjaň adamlary halamadyksyran bolup, äsgermejekdiklerini beýan edýär. Şu barada başga bir eseri hem bar.

Aýaklar baş bolar,

Başlar hem aýak -

- diýlen sözüň zamany şu wagtgeldimikä diýýärin.

,,Oýan diýdiler"atly eserinde şeýle ajaýyp setirlere duş gelýäris;

Okudylar, hak sözledim sözümi,

Segsen müň kelamy bilgil diýdiler.

Akyldar Pyragynyň ,,segsen müň kelam“ diýip getirmegi, bir mahlugyň ähli bilmeli zadyny bilgil diýip, şol ýerde özüne aýdylan sözi beýan edýär. Elbetde, muny Kuranyň manysyndan hem almak bolýar. Ol - hikmet.

Dowamy