Parzy kifaýa bolan ylmyň beýany (I)

Başy » YLYM BARADA KITAP » Parzy kifaýa bolan ylmyň beýany (I)

   Haýsy ylmyň haýsy parza degişli edilýändigini tapawut­landyrmak ylymlaryň toparlara bölünişini bilmezden mümkin däldir. Ylymlar biziň maksadymyza görä ikä, ýagny şerigat ylym­laryna we şerigata degişli bolmadyk ylymlara bölünýär. Şerigat ylymlary diýip pygamberleriň (goý, olara Beýik Taň­ry­nyň ýalkawy bolsun!) öwreden ylymlary göz öňünde tutulýar. Şerigat ylymlaryna hasap ylmy ýaly akyl bilen, tebipçilik ýaly tejribe bilen, dil bilimleri ylmy ýaly diňlemek bilen ýetilmeýär. Şerigata degişli däl ylymlar oňlanylýan, oňlanylmaýan ylymla­ra we mubah[1] bolan ylymlara bölünýär. Oňlanylýan ylymlar dünýä işleri bilen baglanyşykly tebipçilik, hasap ylymlary ýaly zatlardyr. Bu ylymlar hem öz gezeginde parzy kifaýa bolan zatlara, sogaply bolan zatlara we parz däl zatlara bölünýär.

    Emma parzy kifaýa bolan ylymlar barada aýdylanda, onda oňa dünýä işlerini ýola goýmak üçin gerekli bolan her bir ylym degişlidir. Meselem, tebipçilik ylmy. Çünki, bu ylma adamlar bedenlerini salamat saklamak üçin mätäç bolýarlar. Ýa-da hasap ylmy oňa degişli edilýär. Çünki, bu ylym adamlaryň öz­ara gatnaşygynda, wesýet edilen, miras galdyrylan ýa-da başga zat­laryň hasabyny etmekde  zerurdyr. Eger bir şäherde parzykifaýa bolan zady bilýän bir adam bar bolsa, onda ony bilmek parz hökmünde beýleki adamlaryň boýnundan düşer. Biziň: «Tebipçilik we hasap ylymlary parzy kifaýadyr» diýen sözü­miz­de hiç hili geň galarlyk zat ýokdur. Çünki, olaryň döreýşi we asyllary parzy kifaýadyr. Daýhançylyk, dokmaçylyk we sy­ýasat ylymlary hem bu jähetden edil şunuň ýalydyr. Şäherde gan aldyrmak ylmyny bilýän bir adam bolsa ýeterlikdir. Çünki, derdi beren Taňry onuň dermanyny hem berýär, dermany we ony ulanmaklygyň ýoluny hem  görkezýär.

Ylmyň artyk taraplaryny parzlyk däl-de, eýsem oňa içgin girişmek kesgitleýär. Meselem, hasap ylmynyň syrlaryna çuň­ňur aralaşylmasa, tebipçilik ylmynyň hakykaty bilinmese, olar­dan geljek peýda az bolar. Bu ylymlary höwesli adamlar içgin öwrenýärler.

Oňlanylmaýan ylymlara jadyçylyk,[2] tilsim-dogagöýlük,[3] gözbagçylyk,[4] pal atmak ylymlary degişlidir.

     Emma mubah ylymlarda ýerliksizlik ýokdur. Olara taryh we başga ylymlar degişlidir. Şerigat ylymlary barada aýdy­lan­da aslynda olaryň hemmesi oňlanylýan ylymlardyr. Emma olar­da hem säwlikler, şübheler goýberilýär. Bu sebäpden ola­ryň arasynda hem oňlanylmaýanlary bolýar. Bu ýerden şerigat ylymlary hem oňlanylýan we oňlanylmaýan toparlara bölünýär.

    Oňlanylýan şerigat ylymlary usulyýet,[5] pudaklaýyn ylym­lar,[6] girişler,[7] soňlamalar[8] diýen toparlara bölünýär. Olar dört görnüşli bolar:

Birinji görnüş usulyýetdir. Oňa beýik Taňrynyň dört sany kitaby, Pygamber alaýhyssalamyň sünneti, ymmatyň ijmagy we sahabalaryň işleri. Ijmag sünnete daýanýar. Bu ýer­den ijmag özüniň ähmiýeti boýunça üçünji derejeli bolýar. Sa­ha­balaryň işleri hem sünnete salgylanýar. Çünki, sahabalar (goý, Beýik Taňry olardan razy bolsun!) Hudaýtagaladan owaz gelşiniň we aýatlaryň inişiniň şaýady boldular, başgalaryň gör­medik zatlaryny gözleri bilen gördüler. Bu sebäpden alymlar olara uýdular, olaryň işlerini esas edindiler. Munuň hem anyk­lanan ýollary we ýörite şertleri bar. Ýöne bu ýerde olar bilen meşgul bolmak wagt alar.

Ikinji görnüş pudaklaýyn ylymlardyr. Ol usulyýetden al­nyp çykarylan ylymdyr. Ol sözleriň üsti bilen gelip çykýan ne­ti­je däldir, eýsem akyly manylara gönükdirýän netijedir. Onuň sebäbi bilen akyl ösdürilýär we aýdylan sözler başgalara düş­nük­li edilýär. Pygamber alaýhyssalamyň aýdyşy ýaly: «Kazy ga­harly wagty höküm bermez». Ýagny, bu kazynyň tebygy ýag­daýda däldigi, aç wagty we hassa ýatan mahaly höküm ber­mez diýen manydadyr. Pudaklaýyn ylym ikä bölünýär. Olaryň biri dünýä işleriniň nyzamy bilen bagly bolýar. Fykh kitaplary bu zatlary hem öz içine alýar we olar bilen meşgullanýanlara «fakyh» diýilýär.. Olar dünýä alymlarydyr. Olaryň ikinjisi ahyret işleriniň nyzamy bilen bagly bolýar. Ol kalbyň hallary, onuň oňlanylýan hem oňlanylmaýan ahlak nusgalary, Taňry­nyň halaýan we halamaýan zatlarydyr. Bu zatlar baradaky sö­zümiz bu kitabyň ahyrky bölüminde berler. Ylym kalba or­naş­ýan zatdyr. Kalp bolsa ylmy agzalaryň ybadatlara we adatlara meşgul bolmagyna gönükdirýär. Bu zatlar barada kitabyň birin­ji ýarymynda aýdylar.

Üçünji görnüş girişlerdir. Olar ylma ýardam beriji gurallar hökmünde geçýär. Meselem, dil ylmy, nahw ylmy.[9] Bu iki ylym Allatagalanyň kitabynyň we Pygam­ber alaýhyssalamyň sünnetiniň ylmyny bilmegiň guralydyr. Şerigat hem bu iki ylma mätäç bolýar. Çünki, bu şerigat araplaryň dilinde indi. Her bir şerigat bir diliň üsti bilen ýüze çykarylýar. Bu ýerden dil bu ylmyň guraly bolýar. Ylmyň gural­larynyň biri ýazuw ylmydyr. Çünki, ymmatyň Pygamberi başda sowatsyzdy. Aň adamyň hemme eşidýän zadyny ýatda saklap bilmeýär. Şonuň ýaly ýagdaýda ýazuw ylmy zerury zat bolýar.

Dördünji görnüş soňlamalardyr, ýagny öňde agzalan üç görnüş ylymlary saklaýjy ylymlardyr. Olar Gurhan ylymlaryna degişli bolup,olaryň bir bölegi kyragatlary,[10] harplaryň çykýan ýerlerini[11] öwrenmek ýaly zatlara we tefsir ýaly many bilen bagly bolan zatlara bölünýär.Olaryň beýleki bölegi bolsa hadyslar bilen baglanyşyklydyr. Çünki, diliň ýeke özüniň üsti bilen mana ýetip bolmaýar. Onuň ýene bir bölümi hökmi ýatyrylan[12] we hökmi çalşyrylan aýatlary,[13] köpmanylylygy, mah­suslygy, metn,[14] manysy aýan aýatlar, manysy ýaşyryn aýatlar, bir aýaty başga aýat bilen bile ulanmaklykýaly zatlary bilmek bilen bagly zatlara bölünýär. Muňa fykh ylmynyň usu­lyýeti[15] diýilýär.

    Emma soňlamalar barada aýdylanda, onda olar işlerde we habarlarda gelýär. Meselem, alymlar, olaryň atlary, nesepleri, sa­habalaryň atlary, olaryň ahlak sypatlary baradaky ylym. Bu­lar hem sünnete esaslanýar. Rowaýatçylaryň dogruçyllygy ba­ra­daky ylym we olaryň hallary baradaky ylym ygtybarly hadys­lary ygtybarsyz hadyslardan tapawutlandyrmak üçindir. Olaryň ömür beýanlary baradaky ylym habar beriji adam bilen salgy­lan­ýan adamy tapawutlandyrmak üçindir. Bu ylymlaryň hem­me­si oňlanylýan we parzykifaýa bolan şerigat ylymlarydyr. Bel­ki, sen maňa: «Näme üçin sen fykh ylmyny dünýä ylmyna, fakyhlary dünýewi alymlara garyp-gatdyň?» diýip aýdarsyň. Men saňa: «Allatagala Adam alaýhyssalamy toprakdan ýarat­dy. Diýmek, onuň zürýatlarynyň asly toprak bolýar. Taňry onuň bilinden çykan bir damja suwdan ene ýatgysyndaky dü­wün­çegi ýaratdy, soňra ony ynsan edip dünýä inderdi, soňra gabra saldy, soňra ony dowzaha ýa-da jennete kesgitlär. Ine, bu zatlar ynsanyň başlangyjy hem ahyrydyr we geçjek menzil­le­ri­dir. Bu dünýäniň durmuşy  ahyret saparyna azyk taýýarlamak üçindir. Eger adamlaryň özleri bu sapara adalat bilen taýýar­lan­sa­lar, onda fakyhlaryň geregi hem bolmazdy. Ýöne olar nebis arzuwlaryna tabyn bolýarlar. Bu ýerden günäler döreýär. Şonuň üçin kanunlaryň gerekligine mätäç bolunýar. Bu kanun­la­ry bolsa fakyh esaslandyrýar. Ol adamlary günä ýoluna düş­mek­den saklaýjy kanuny düzýän alymdyr. Bu ýerden fakyh sol­tanyň hem mugallymy we onuň  halky syýasatyň üsti bilen ýola ugrukdyryjy, adamlaryň dünýä işlerinde özlerini nyzamly-tertipli alyp barmagyna ýardam beriji ussady bolar. Ömrümden kasam bolsun! Fykh ylmy dünýäniň üsti bilen dine bagşla­ny­şyklydyr. Çünki, dünýä ahyretiň ekin meýdanydyr. Din dünýä bilen kämil bolýar. Hökümdarlyk we din ikisi ekizdir. Din esasdyr, soltan goragçydyr. Esassyz zat harap, goragsyz zat zaýa bolujydyr. Hökümdarlyk we dürslük soltansyz kämil bol­maýar. Hökümdarlygy dürs alyp barmak fykh ylmynyň höküm­lerine baglydyr. Halka hökümdarlyk etmek syýasaty din ylmy üçin birinji derejeli däldir, eýsem ol dini kämil ediji gollan­ma­dyr. Şonuň üçin syýasat ýoluny bilmeli bolýar. Meselem, hajy­la­ry ýolda garakçylaryň talamazlygy üçin soltanyň goragynyň gereklidigi mälimdir. Emma haj bir zatdyr, hajyň ýolundan ýöremek ikinji zatdyr. Goragy gurnamak üçünji bir zady bil­mez­den tamam bolmaýar. Ol gorag ýollaryny, olary başarnykly gurnamaklygy bilmekdir. Gorag gurnamaklygyň kanunlary bol­sa dördünji bir zatdyr. Gepiň kelte ýeri, bu jähetden fykh ylmy syýasatyň we goragyň ýollaryny bilmekdir. Muňa şu hadys delildir: «Adamlara üç kişi pitwa berip biler, emir, bu işi buýrulan kişi we «mütekellif»[16] («fakyh»). Emir ol ymamdyr. Emirler öň pitwalary çykarardylar. Buýrulan kişi onuň orunba­sa­rydyr. Fakyh üstüne borç ýüklenen adamdyr. Sahabalar (goý, Beýik Taňry olardan razy bolsun!) ahyret we Gurhan barada soranlarynda dessine jogap berýärdiler. Emma pitwa bermek­den gaça durýardylar we bu işi biri-birleriniň üstüne ýükle­ýär­diler. Hadysdaky «mütekellif» («fakyh») sözüniň deregine kä­bir rowaýatda «muraý»[17] («ikiýüzli») diýip ýazylandyr. Sebäbi pitwa üçin ygtyýary bolmasa-da, öz-özi «taklyt»[18](öýkünme) bilen pitwa bermäge höwesek kişiniň maksady – mal-mülk ar­zuwyndan başga zat däldigi üçin, ikiýüzlülikden başga zat däldir.

     «Adatlar» çärýeginiň öz içine alýan zatlary «Ybadatlar» çärýeginiň öz içine alýan gatnaşyklaryndaky halal-haram zatla­ryň beýanyny bilmezden aýratynlykda dürs gurnalmaýar. «Fykh ylmynyň garaýan esasy zatlary ahyret işleridir. Olar iman, namaz, zekat we halal-haramdyr» diýip sorasaň, onda biz saňa: «Sen fakyhyň ahyr maksady barada oýlanyp görseň, onda dünýäniň soňunyň ahyrete eltýändigine göz ýetirersiň. Eger sen bu zatlary[19] bilseň, galan zatlar saňa aýan bolar» diýip jogap bereris.

    Iman-fakyhyň dürs we bozuk zatlar hem-de imanyň şert­le­ri hakynda aýdýan sözleridir. Onda diňe dil bilen aýtmaklyga däl-de, eýsem aýdan zadyňy kalp bilen ykrar etmeklige äh­mi­ýet berilýär. Pygamber alaýhyssalam fakyhyň kalbyndan çyk­ýan sözleri soltanyň gylyjyna daýanyp, yslamy ýaýratma­gyn­dan ýokarda goýdy. Fakyhyň dürs imany gylyjyň ýardamy as­tyn­da uly güýje eýe bolýar. Ýöne fakyh gylyjyň öz maksadyny aýan etmeýändigini bilýär we adamlaryň kalbyndaky nadanlyk perdesini aýyrmaýandygyna düşünýär. Emma ol gylyç eýesine ýol görkezýär. Çünki, gylyç eýesi onuň gözegçilik edýän mese­lelerine ymtylýar we malyna el uzadýar. Bu ýagdaý iman gylyç eýesiniň kalbynda däl-de, dilinde bolsa şeýle bolýar. Dünýäde köplenç beýle ýagdaýlar ýüze çykyp durýar. Şonuň üçin Py­gam­ber alaýhyssalam: «Men bu adamlar: «Alladan başga Hu­daý ýokdur» diýip aýdýançalar we oňa ýürekleri bilen uýýan­çalar söweşmeklige emr edildim» diýdi.

       Emma ahyret barada aýdylanda onuň üçin malyň nepi ýok­dur, belki kalbyň nurlarynyň, syrlarynyň we päklenmeginiň peýdasy bardyr. Bu peýda diňe bir fykh ylmynyň üsti bilen ýe­til­ýär. Eger fakyh fykh ylmyna yhlas bilen ýapyşsa, onuň da­şyn­dan dilewarlyga we tebipçilik ylymlaryna daýansa, onda onuň işi netijeli bolar.

      Namaz barada aýdylanda, fakyh dürs pitwalary bermelidir. Eger fakyh daş sypatyny oňaryp namaza dursa, içinden bolsa namazyň başyndan ahyryna çenli bazar gatnaşyklary baradaky  pikire meşgul bolsa, onuň bu namazyndan ahyretde özi üçin hiç hili peýda tapmaz. Ol beýle pikire namazdan öň ýa-da soň özü­ni berip biler. Munuň özi ýürekden çykmaýan iman baradaky sözi dil bilen aýdan ýalydyr. Fakyhyň özi dürs pitwalara amal edip, beýleki bendelere görelde bolmalydyr.

  Kalbyň yslama tabynlygy we oňa berlenligi ahyret amal­la­ryn­dadyr. Zahyry amallar[20] diňe tabynlyk bilen peýda berer. Fa­kyh muňa goşulmaz, sebäbi bu onuň mowzugynyň daşyndadyr.

    Zekat barada aýdylanda, onda fakyh oňa soltanyň talapla­ry­na görä nazar salýar. Eger zekat berilmän saklansa, soltan ony hökümetiň güýji bilen alyp biler. Çünki, raýatlar soltanyň ygtyýaryndadyr. Hekaýat edilişine görä, Abu Ýusup[21] baýly­gy­ny üstünden bir ýyl geçensoň, aýalyna peşgeş berer eken. Peş­geş berlen zatdan bolsa zekat alynmaýar. Bu ýagdaý barada Abu Hanypa[22] (goý, Beýik Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) aý­dyp­dyrlar. Ol: «Bu onuň öz fykhydyr»[23] diýdi. Hawa, onuň bu dünýäniň fykhydygy tassyk edildi. Ýöne onuň ahyretdäki zy­ýany ähli jenaýatdan uludyr. Zyýanly ylmyň mysaly hem edil şunuň ýalydyr. Emma halal we haram barada aýdylanda bolsa ol takwalykdyr. Takwalyk bolsa hudaýhonlygyň esasy şerti bo­lup, ol diniň haram eden zatlaryndan saklanmakdyr. Takwa­ly­gyň dört sany basgançagy bolýar.

Birinji basgançakda kele­mä­ni dürs aýtmak we ony kalbyň bilen ykrar etmek şert edilýär. Kelemäni terk etmek bilen ynsan yslam ähli bolmaklykdan çyk­ýar. Bu şerti berjaý etmek görnetin haramdan saklanmak­dyr.

Ikinji basgançak ýagşyzadalaryň takwalygydyr hem-deha­ram ähtimallygy bar bolan şübhelerden saklanmakdyr. Pygam­ber alaýhyssalam: «Şübhelenýän zadyňy terk edip, şübhe­len­meýän zadyňy saýlap al!»; «Günä kalbyň titremesidir» diýdi.

Üçünji basgançak takwalaryň takwalygydyr we berjaý edilme­ginde harama eltmek howpy bar bolan halaly terk etmekdir. Pygamber alaýhyssalam: «Hiç bir adam harama eltjek halaly terk edýänçä takwa bolmaz» diýdi. Beýle takwalygyň bir my­sa­ly, gybata eltmek ähtimallygynyň bardygy sebäpli adamlaryň ahwallary barada sözlemekden saklanmak, işdäniň açylmagyn­dan heder edip, lezzetli tagamlary iýmeklikden saklanmak ýaly zatlardyr.

Dördünji basgançak syddyklaryň takwalygydyr we ol Allatagala gowuşmaga peýda bermeýän zatlardan daşlaşyp, ömrüň her bir pursatynda Taňrydan başga zatlaryň pikir-alada­syny etmekden saklanmakdyr.ömrüň her bir sagadyny sarp et­mek bilen Taňrydan başga zatlaryň pikirini etmekden sak­lan­mak­dyr. Eger ynsan şu derejeleri bilýän bolsa we olary berjaý edýän bolsa, onda ol haram işi etmez. Bularyň birinji dereje­sin­den başgasy fykh ylmynyň nazaryýetinden gelip çykýar. Fyk­hyň nazaryýetini berjaý etmeklik kazylary we güwälik berýän­leri takwalyga eltýär. Onuň ýaly adamlar adyllykda, dürslükde ýazgarylmaýar we ahyretde günäkär hasaplanmaýar.

Pygamber alaýhyssalam: «Saňa her hili pitwa berseler hem, sen kalbyňa geňeş, kalbyňa geňeş, kalbyňa geňeş» diýdi.

    Fakyh kalbyň duşmançylygy we onuň duşmançylyk bilen edýän işleri barada däl-de, eýsem ony düzetmegiň ýollary bara­da söz açýar. Fakyhyň kesgitnamalarynyň hemmesi dünýä bi­len bagly bolup, ol fykh ylmynyň üsti bilen ahyret ýoluny dü­zet­mek baradadyr. Eger fakyh kalbyň häsiýetleri we ahyretiň hökümleri barada söz açsa, onda ol sözüni kärine düşünmek bilen başga ylymlardan mysal getirip aýdýar. Ol sözüne tebip­çi­lik, hasap, ýyldyzlar, kelam we nahw ylymlaryndan, dana sözlerden, şygyrlardan mysal getirýär.

      Zahyr (fykh) ylmynyň ymamy Sufýan Söwri: «Zahyr (fykh) ylmynyň ahyretde hiç hili peýdasy bolmaz» diýdi. Çünki, alymlar ylma amal etmegiň ylmy bilmekden sogaply­dy­gy baradaky pikire kesgitleme jähetden ylalaşdylar. Onsoň fykh ylmyny bilmek Allatagala ýakynlaşdyrýan işlerden däl di­ýip kim oýlap biler? Beýle alym, elbetde mejnundyr. Kalp we agzalar bilen amal etmek hormatly işdir.

      Sen: «Näme üçin fykh ylmyny tebipçilik bilen deliller ge­tirip deňeşdirmediň? Tebipçilik ylmy hem dünýä bilen bagla­nyşykly ahyryn!» diýip aýdarsyň. Dogry, tebipçilik ylmy hem dünýä bilen baglanyşykly. Ol bedeniň saglygy bilen meş­gul bolýar. Şonuň üçin diniň düzüw berjaý edilmegi oňa hem bagly bolup durýar. Ýöne bu deňeşdirme musulmanlaryň ijma­gyna gap­­ma-garşy gelýär. Bu ýerde fykh ylmy bilen tebipçiligi de­ňeşdirmek däl-de, eýsem tapawutlandyrmak zerur. Fykh yl­my üç nukdaýnazardan tebipçilik ylmyndan hormatlydyr. Ola­ryň biri fykh ylmy şerigat ylmydyr we ol tebipçilik ylmynyň ter­si­ne esaslaryny pygamberlik ylhamyndan alýar. Tebipçilik ylmy bolsa şerigat ylmy däldir. Olaryň ikinjisi tebipçilik yl­my­na syrkawlar, hassalar diýäýmeseň, ahyret ýoluna düşenleriň hiç biri mätäç bolmaýar. Hassalar bolsa azdyr. Olaryň üçünjisi fykh ylmy ahyret ylmynyň goňşusydyr. Çünki, ol agzalaryň amal­larynyň nazaryýetidir, olaryň çeşmesidir, kalbyň sypatla­ry­nyň terbiýeçisidir. Oňlanylýan amallardan oňlanylýan hem ahyrete halas bolan şekildegetirýän ahlaklar döreýär. Oňlanyl­maýan amallardan oňlanylmaýan ahlaklar çykýar. Agzalaryň kalp bilen birleşýändigi bolsa ýaşyryn däldir. Emma saglyk hem hassalykdan gutulmak ikisiniň maksady beden lezzetini tapmakdan ybaratdyr. Bu bolsa kalbyň däl-de, eýsem bedeniň sypatlaryndandyr. Hut şu sebäpli-demen fykhyň tebipçilikden hormatlydygyny ykrar etsem öte geçdigim bolmaz. Ahyret ýolu­nyň ylmyny fykh ylmyndan artyk tutsam hem uly gep­le­di­gim bolmaz. Çünki, ahyret ýolunyň ylmy fykh ylmyndan hor­mat­lydyr. Eger sen: «Ahyret ýolunyň ylmyny düşündir» diý­seň, onda ondan aňryçäkde ylym bolmaz. Bu ylym iki bölüm­den ybaratdyr, aýanlyk ylmy we ahlak gatnaşygy ylmy. Bu ylym batyn ylymdyr. Bu ylym hemme ylymlaryň ymtylýan aň­ry­çäk maksadydyr. Erenleriň biri: «Men bu ylymdan nesibesi bolmadyk kişiniň ahyrynyň ýaramaz boljakdygyndan gorkýa­ryn» diýipdir. Başga ‎‎eren: «Iki sany häsiýeti bar bolan adama bu ylymdan hiç zat nesip bolmaz. Olar bedgat we ulum­sy­lyk­dyr» diýipdir. Aýdylyşyna görä, kim dünýäni söýse ýa-da neb­sine tabyn bolsa, ol ahyret ylmyna ýetmez, belki beýleki ylym­lara ýeter. Kim ahyret ylmyny inkär etse, onuň azaby köp bolar we ahyretiň lezzetlerinden hiç zat datmaz. Şahyrlaryň biri şeýle aýdypdyr:

Ahyreti ret edip, bolsa tekepbir kişi,  

Azaba duçar bolmak, onuň ahyrky işi.

   Aýanlyk ylmy syddyklaryň we Taňra ýakynlyk tapan weli­le­riň ylmydyr. Bu ylym erbet ahlaklardan tämizlenen we päk­lenen bendäniň kalbyna siňen nurdur. Netijede, köp işler aýan bolýar. Syrly manylara açylýar. Allatagalany we onuň baky sy­patlaryny bu ylym arkaly oňa aýan bolýar. Netijede, bu alyma Bu ylym pygamberlik, wahynyň hakyky manysy, şeýtanyň ynsany waswasa salyşy, perişdäniň[24] pygamberleriň ýanyna gel­şi, olara pygamberlik ylhamynyň iberilişi, asmanlaryň we ýer­leriň mülkleri bilen tanyşlygy, perişdeleriň hem şeýtanlaryň biri-birlerine gapma-garşy duruş ýollary, perişdeleriň toparlary bilen şeýtanlaryň toparlarynyň arasyndaky tapawut, jennet hem dowzah hakyndaky düşünje, gabyr azaby, Syrat köprüsi, mizan terezesi we ahyret hasaby hemme taraplaýyn äşgär bolýar. Ol Alltagalanyň: «(Kyýamat güni her bendä): «Kitabyňy oka! Bu gün saňa garşy hasapçy hökmünde öz nebsiň ýeter» diýerler»[25] diýen aýatynyň, «Eger bilseler, hakyky ýaşaýyş ahyret ýaşaý­şy­dyr»[26] diýen aýatynyň manysyna düşüner. Şeýle hem Taňry bilen duşuşygyň, Taňra ýakynlygyň, Taňrynyň dergähine bar­mak­lygyň, beýik derejeli menzilde ebedi bagtyýarlyga ýetme­giň, jennet ähliniň arasyndaky tapawutlaryň we başga zatlaryň manylaryna göz ýetirer. Onuň öwrenýän mowzuklaryny näçe sana­saň sanap oturmaly. Bu işleriň hemmesi şol makama ýet­me­dik adamlar üçin geň bolup görünýär. Beýle beýik derejäni Allatagala ýagşyzada bendeleri üçin taýýarlady. Ol dereje gu­laklaryň eşitmedik, gözleriň görmedik, ynsan kalbyna gelmedik pikiriň derejesidir. Käbir adamlar bu zatlaryň pikire hem gel­me­ýän zatlary mysaly hökmünde hasapladylar. Başga bir topar bolsa olara hakyky manysynda düşündiler. Ýene bir topar adam aňynyň bu zatlara düşünmekden ejiz gelýändigini ykrar edýär. Ýene bir topar Taňryny tanamaklygyň ägirt işdigini tas­syk­laýar. Bir topar bolsa Taňryny tanamaklygyň çägi hem­me­le­riň düşünip biljek görnüşindedir» diýdiler. Taňry bardyr, eşidijidir, görüjidir we sözleýjidir.

 Ine, biziň mukäşefe ylmyndan maksadymyz, Allatagala­nyň sypatlaryna we işlerine aňýetirmäge perde bolýan päs­gel­çi­liklerden we poslardan kalp aýnasyny päkläp, lowurdat­ma­gyň serişdesini habar bermekdir.

   Biz ahyret ýolunyň ylmy diýip şol kalbyň aýnasynyň şöhle saçyp, puçlugy aýan etmegine düşünýäris. Şol puçluk bolsa Be­ýik Taňry bilen ynsanyň arasynda duran perdedir we Onuň sypatlaryny bildirmeýän örtükdir. Ynsan kalbyny nebis arzuw­la­ryn­dan saplamak hem päklemek,ähli ýagdaýda pygamber­lere, (goý, olara Taňrynyň ýalkawy we salam bolsun!) uýmak bi­len ol örtügi aýryp biler. Oňa kalbyň aýnasynyň päklen­me­gi­niň şöhle saçyş mukdaryna laýyk mukdarda hakykatyň syrlary aýan bolar. Ýöne ol beýle hala diňe kalbyňy türgenleşdirmek bilen ýetip biler. Kalp türgenleşiginiň usullary barada biz öz ýerinde aýdarys. Bu ylym barada diňe şol makama ýeten adam kitaplarda setirleri ýazýar we Taňrynyň beýle nygmatlary ha­kyn­da söz açýar. Çünki, ol bu agzalan ýoly ýörän we ol ýoluň syrlaryny düşünen adamdyr. Ine, şu ýaşyryn ylym Pygamber alaý­hyssalamyň: «Ol ylym gizlenen dür ýalydyr. Oňa diňe Taňryny tanan adamlar düşünýärler. Eger olar bu ylymdan söz açsalar, olara diňe özlerini tekepbir alyp barýan topar nadanlyk ýükläp biler. Siz Taňrynyň onuň ýaly öz pazlyndan ylym beren adamsyny harlamaň. Çünki, Taňry hem ylym berlende olary harlamady» diýen sözünde şu ylym göz öňünde tutulýar.

           Emma ikinji topar ahlak gatnaşygy baradaky ýa-da kalbyň hallary hakyndaky ylymdyr. Ahlak sypatlaryndan oňlanylýan­lary sabyrly bolmak, Taňrydan howpda bolmak, Oňa şükür etmek, Ondan razy bolmak, halalhonlyk, takwalyk, kanagatly bolmak, sahylyk, hemme hallarda Taňrynyň ýagşylyklaryny bil­mek, adamlar barada ýagşy pikirde bolmak, olar bilen ýagşy gatnaşykda bolmak, dogruçyllyk, päklik ýaly gylyk-häsiýetler­dir. Bu hallaryň hakykatyny, çäklerini, sebäplerini, alamatla­ry­ny ol ahlaklar gowşak bolanýagdaýynda olary güýçlendirme­giň ýollaryny bilmek ahyret ylmyna alyp barýar.

          Ahlak sypatlaryndan oňlanylmaýanlary garyplykdan howp etmek, çaksyz gaharlanmak, ýigrenç, göriplik, bahyllyk, aldaw­çylyk, beýik mertebe islemek, öwülmegi halamak, dünýäde uzak lezzetli ýaşamagy gowy görmek, ulumsylyk, duşman­çy­lyk, tamakin bolmak, gysgançlyk, baý ýaşamagy gowy gör­mek, şükür etmezlik, bozuklyk, baýlara ýaranjaňlyk etmek, ga­ryp­lary halamazlyk, öwünjeňlik, bäsdeşlik etmek, bol ýaşaýşa hondanbärsi bolmak, kişiniň hakyny äsgermezlik bilen iýmek, peýdasyz sözleri geplemek, köp geplemek, öz pikiriňi gögert­mek, adamlardan gowy geýinmek we gowy iýip-içmek, özüňi go­wy görmek, öz aýybyňy ýaşyryp, adamlaryň aýyplaryny ile ýaý­mak, ýüregiňde gaýgy-gamy köp saklamak, Taňrydan gork­ma­gy kalbyňdan çykarmak, kişä zulum etmek, ýaltalyk, hy­ýa­nat etmek, mekirlik, aldawa salmak, ýüregiň gatylygy, gödek­lik, dünýä şatlanmak, öten zada gynanmak, wagşylyk, haýwan­lara sütem etmek, harsallyk, ýeňilkellelik, utançsyzlyk, geçi­rim­sizlik ýaly gylyk-häsiýetlerdir. Bu ahlaklar kalbyň bozuk­ly­gyna alyp barýan ýaramaz işleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Dowamy

 


[1]مـُـبـَـاح ٌMubah – berjaý etmekde meýletinlik berlen zatlar.

[2] عـِـلـْـمُ السِـحْــرِylm as-sihr – jadyçylykylmy.

[3] عـِـلـْـمُ الطـِـلـْـسِـمـَـاتِylm at-tilsimat – tilsim-dogagöýlükylmy.

[4] عـِـلـْـمُ الشـَـعْــبـَـذةِylm aş-şa‘baza – gözbagçylykylmy.

[5]اُصـُـولٌUsul – usulyýet,ýagny düýp ylymlar manysynda.

[6]فـُـرُوع ٌFuru‘ –pudaklaýyn ylymlar manysynda.

[7] اَلمـَقـَـدِّمـَـاتُAl-mukaddymat – girişler.

[8] اَلمـُـتـَـمـِّـمـَـاتُAl-mutammymat – soňlamalar.

[9] عـِـلـْـمُ النـَـحـْـوِylm an-nahw –nahw ylmy,sintaksis.

[10]اَلقـِـرَأةِAl-kyra‘a – Kyragatylmy, Gurhany okamaklygyň düzgün-kadalary.

[11]مـَـخـَـارِجُ الحـُـرُوفِMaharijal-huruf– harplaryň aňladýan sesleriniň çykýanýerleri.

[12]اَلنـَـاسِـخُAn-nasyh– hökmi ýatyrylanaýatlar.

[13] اَلمـَـنـْـسـُـوخُAl-mensuh – hökmi çalşyrylan aýatlar.

[14]اَلمـَـتـْـنُAl-metn – metin.

[15] اُصـُـولُ الفـِـقـْـهِUsul al-fykh – fykh ylmynyň usulyýeti.

[16] مـتكلـف– mütekellif – doly anygyna ýetmän, takyk bolmadyk hökümi çykarýan adam.

[17] مـرائ– muraýy – ikiýüzli.

[18]– taklyt – öýkünme.

[19]Ýagny imany, namazy, zekaty, halal-haramy.

[20]Zahyry amallar – daşky agzalar bilen berjaý edilýän amallar.

[21]Abu Ýusup Ensary – Abu Hanypanyň bir şägirdi (731-791 ý.ý.).

[22]Ymamagzam diýliptanalan beýik ymam Abu Hanypa Nugman ibn Sabyt (699-766) – hanapy mezhebini esaslandyryjy ymam.

[23] Bu ýerde şunuň şerigatda dürsdügi, emma, hile ulanylyp, ony özgä däl-de aýalyna, ýagny özüniň ulanyp biljek kişisine berýändigi üçin onuň günäkärdigi aýdylýar.

[24]Bu ýerde Jebraýyl perişde göz öňünde tutulýar.

[25]Gurhanyň 17-nji «Isra» süresiniň 14-nji aýaty.

[26]Gurhanyň 29-njy «Ankabut» süresiniň 64-nji aýaty.