Parzy kifaýa bolan ylmyň beýany (II)

Başy » YLYM BARADA KITAP » Parzy kifaýa bolan ylmyň beýany (II)

Başy

   Beýle ahlaklaryň çöwre tarapy oňlanylýan ahlaklar bolup, olar tagatyň we Taňra ýakynlygyň çeşmesiniň gözbaşlarydyr. Olaryň hakykatlarynyň sebäplerini, miwelerini, terbiýelenişini öwrenýän ylym ahyret ylmydyr. Bu ylym ahyret ylymlarynyň pitwalarynda parzyaýndyr. Bu ylmyň görkezmelerini berjaý etmedik kişi bu dünýäde hökümdaryň tabşyryklaryny berjaý et­me­dik adamyň onuň gylyjyndan heläk bolşy ýaly,ahyretde Beýik Taňrynyň gazabyna sataşyp heläk boljakdyr. Fakyhlaryň parzyaýna ähmiýet berşi dünýä işlerine ähmiýet berşinden has ýokarydyr. Çünki, parzyaýn ahyretiň bähbitleri bilen baglany­şyk­lydyr. Eger fakyhdan bu ahlaklaryň biri barada, meselem yh­las ýa-da Taňra bil baglamak, ýa-da ikiýüzlülik barada so­ral­sa, onda ol onuň parzy aýndygyny we oňa ähmiýet bermezligiň ahyretde heläk ediji zatdygyny aýdar. Eger sen ondan birnäçe parzyaýn barada sorasaň, onda ol saňa telim jiltlerden mysal­lary aýdyp berer. Saňa onuň sözlerini gije-gündiz dynuwsyz öw­renmekligiň, ýat beklemekligiň olardan gapyl bolmazlygyň zerur. Çünki, bu zatlar diniň ähmiýet berýän zatlarydyr.

   Eger bende diniň hakyny berjaý etjek bolsa, onda ol ilki par­zyaýn bolan zatlary, soňra parzy kifaýa bolan zatlary öw­ren­melidir. Ýurtda gaýry dinlerden bolan ençeme tebipler bar. Tebiplere olardan ilki tebipçilik ylmynyň fykh ylmy bilen bag­lanyşykly zatlaryny, soňra başga zatlaryny öwrenmek wajyp. Biz ylym bilen şeýle tertipde meşgul bolýan adamlary az görýäris. Olaryň köpüsi galapyn fykh ylmynyň üstünde dawa-jedel etmeklige meşgul bolýarlar. Ýurt bolsa pitwa we jogap berýän fakyhlardan doly. Eger olar parzyaýnyň wajypdygyny bilýän bolsalar, onda adamlaryň parzy kifaýa bilen başagaý bolup ýörmeklerine we wajyp däl zatlara meşgul bolup ýör­mek­lerine rugsat bermezdiler. Tebipçilik ylmy ahyret işlerine ýetmekligi ýeňilleşdiriji serişde bolmaýar. Ýetimleriň hakyny iýmeklik, wezipä kowalaşmak, dost-ýarlary hökümet işlerine çek­mek, göwnüňe ýaramaýan adamlara azar bermek ýaly ýa­ra­maz ahlaklar fakyhlaryň bozuklygy sebäpli ýüze çykýar.

   Din ylmy ýaramaz alymlaryň bardyklary sebäbinden ýitip ýok bolmaga ýakyn geldi. Ýöne Beýik Taňrynyň özi hak işe ýar­dam berijidir! Biz Onuň özünden beýle alymlaryň şerinden saklamak üçin pena soraýarys. Beýle alymlaryň adamlara al salmagy geçirimli Taňrynyň gaharyny getirýär we şeýtany şat­landyrýar. Adamlar daşky sypatyny bejeren kişileri batyny  ylym­lary kalbynda ornaşdyran welilerden takwa hökmünde öňe sür­ýärler.

       Ymam Şapygy (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!) Şeý­ban Ragynyň (çopanyň) öňünde çaganyň mekdepde mugal­lymyň öňünde oturyşy ýaly çök düşüp oturardy hem-de: «Şeýle ýagdaýda näme edeýin» diýip, dürli zatlar barada sorardy: «Heý, seniň ýaly alym adam, munuň ýaly çarwa arapdan ylym öwrenermi?» diýip, sorapdyrlar. Onda ol: «Bu adam biziň bil­me­ýän zadymyzy bilýär» diýip jogap beripdir.

   Ahmet ibn Hanbal (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!) bilen Ýahýa ibn Mugyn ikisi Magruf Kerhiniň[27] ýanyna baryp, düşünmeýän zatlaryny ondan sorardylar. Ol ikisi zahyr ylymda makamlary boýunça Magruf Kerhiden pesdi  we ondan köp zatlar hakynda sorardylar. Olar nädip soramasynlar.

«Sebäbi Pygamber alaýhyssalamdan:«Eger Gurhandan we sünnetden tap­ma­dyk meselämiz bilen ýüzbe-ýüz bolsak, näme edeli?» diýip soranlarynda: «Siz ýagşyzadalardan soraň we olary özü­ňi­ze nesihatçy tutunyň» diýipdir. Şonuň üçin: «Zahyr alymlar ýe­riň zynatydyr, batyn alymlar bolsa asmanyň zynatydyr» di­ýil­ýär.

Jüneýit[28] (goý, Beýik Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Ma­ňa ussadym Sary Sakaty bir gün menden: «Sen meniň ýanym­dan gideniňden soň kim bilen söhbet edip otyrsyň?» diýip so­rady. Men: «Muhasyby[29] bilen» diýdim. Ol: «Sen dogry edýär­siň. Onuň ‎‎‎edebinden we ylmyndan al. Emma kelam hakdaky söz­lerine gulak salma. Ony kelamçylara goý» diýdi. Soň men ussadymyň: «Alla seni öňürti hadysda alym etsin we soň sopy ‎‎etsin. Öňürti sopuçylyk ylmyny bermesin» diýendigini ‎‎‎eşitdim. Ol bu sözi bilen hadys ylmyny okanyňdan soň tasawwuf (sopu­çylyk) bilen meşgullananyň baýlyk tapjakdygyny, ylymsyz so­pu­çylyga giren kişiniň heläk boljakdygyny aýtmak isledi».

Sen maňa: «Näme üçin kelam we pelsepe ylymlarynyň gör­nüşleri baradaky pikiriň hakynda söz açyp, olaryň oňla­nyl­ýan ýa-da oňlanylmaýan ylymlardygyny açyklamaýarsyň?» di­ýer­siň. Meniň saňa bu nukdaýnazardan aýtjak jogabym şeýle bolar.

Kelam ylmy Gurhandan we hadyslardan gelip çykýan de­lilleri öz içine alýar. Deliller ýoýulmaga sezewar bolandyklary sebäpli ýa-ha oňlanylmaýan jedellerden (Jedeller bedgatdyr. Bed­gatyň beýany öz ýerinde, yzda berler) ýa-da gapma-garşy taglymatlara eýerýän akymlaryň döreden özara pitnelerinden we din bilen hem, yslamyň ilkinji asyrynda düzülen esaslar bilen hem baglanyşygy bolmadyk, gulaklara ýakmaýan tosla­ma­lar­dan, manysyz sözlerden, adamyň tebigatyny ýadawlyga salyjy uzyn-uzyn makalalardan we girişlerden ybaratdyr. Biziň döwrümizde kelam ylmy baradaky parasat Gurhanyň we sün­ne­tiň talaplaryna ýugrulyp özgerdi. Alymlar bu ylmy şübhe­ler­den päkläp, maksada laýyk tertibe saldylar. Bu parasat zerurlyk sebäpli ýüze çykdy we ol bedgatçy alymlaryň ündewlerine gar­şy göreşmegiň ygtybarly serişdesi derejesine ýetirildi. Biz bu parasat barada, eger Hudaý halasa, indiki bapda aýdyp geçeris.

     Emma pelsepe ylmy barada aýdylanda bolsa, onda ol diňe ýeke özi özbaşdak ylym bolman, eýsem dört sany bölümiň öz­ara baglanyşygyna daýanýar.

Olaryň birinjisi, hendese[30] (geo­met­riýa) we hasap ylmydyr. Bu iki ylym, öňde aýdylyp geçilişi ýaly, mubah ylymlardyr. Olara içgin aralaşmakdan diňe oňla­nyl­maýan ylymlaryň täsirine düşmekden heder edýän alymlar saklanýarlar. Bu iki ylma meşgul bolýanlar olaryň syrlaryna çuň­ňur aralaşmak bilen çäksizligiň öňünde ejiz gelmekleri se­bäp­li bedgata sezewar bolýarlar. Munuň özi derýanyň kenaryn­da duran çaganyň suwa gaçmakdan gorkmagynyň ýa-da döw­rüň musulmanlarynyň kapyrlar bilen gatyşmakdan heder et­mek­leriniň mysaly ýalydyr.

Olaryň ikinjisi mantyk[31] ylmydyr. Ol hem şol bir delilleri beýan ediş nukdaýnazaryndan derňeýär we kelam ylmyna degişli edilýär.

Olaryň üçünjisi ylahyýet yl­my­dyr. Ol Taňrynyň zatyny (özüni) we sypatlaryny öwrenýär. Bu ylym hem kelam ylmynyň düzümine girýär.Pelsepe barada aýdylanda hem ony pelsepeçi alymlar yl­myň özge bir usullary bilen däl-de, eýsem käbir akymlaryň kü­pür­lige, nazaryýetçi alymlaryň bolsa bozuk garaýyşlara düşen­dikleri bilen özbaşdak ylym hökmünde öňe çykardylar. Edil şunuň ýaly, mugtazyly akymynyň taglymaty hem özbaşyna bir ylym däldir. Çünki, ony esaslandyryjylar mütekellimlerden bo­lan nazaryýetçi alymlaryň bir toparydyr. Olar özleriniň bozuk taglymatyny ylym hökmünde öňe sürdüler.

     Olaryň dördünjisi tebigat ylymlarydyr. Olaryň käbiri şeri­ga­ta we hak dine tersdir. Munuň özi nadanlykdyr we tebipleriň garaýyşlaryna laýykdyr. Çünki, tebigatçy alym hemme jisim­le­re özgermek we hereket etmek jähetinden garaýar. Emma tebi­gat ylymlary olara mätäç däldir. Diýmek, kelam ylmy hem bed­gatyň hyýallaryndan köpçüligiň kalplaryny goramak nuk­daý­nazaryndan hemme ylymlara mätäçlik çekýär. Bu mätäçlik bedgatyň peýda bolmagy bilen baglanşykly ýüze çykdy. Edil şuňa meňzeş mätäçlik hajylaryň ýolunda araplaryň olara zulum etmekleri we ýol urmaklary sebäpli hem döreýär. Eger araplar beýle hereketlerini taşlasalardy, onda gorag mätäçligi aradan aýry­lardy. Bedgatçylar özleriniň dini manysyz ýoýmalaryny bes etseler, onda dine sahabalaryň (goý, Taňry olardan razy bol­sun!) döwründäki bolşundan artykmaçlyk girizmek gerek bolmazdy. Şonuň üçin mütekellim özüniň dindäki çägini bil­me­lidir. Onuň dindäki tutýan orny hajyň ýolundaky gorag­çy­nyň orny ýalydyr. Mütekellim goragdan we nazaryýetden mah­rum bolsa, onda ahyret ýoluny söküp bilmez, kalplary bu ýola gönükdirmegi başarmaz. Onuň ýaragy dini ylymlardan ybarat bolmalydyr. Mütekellimiň dinde ynançdan başga ýaragy bol­ma­ly däldir. Ol şol ynanjy köpçülige ýaýratmalydyr. Ol ynanç kalbyň we diliň amallarynyň jeminden ybaratdyr. Mütekellim köpçülikden jedel we gorag kärini ele alandygy bilen tapa­wut­lanýar.

     Emma biziň mukäşefe ylmynyň beýanynda Taňryny ta­na­mak, Onuň sypatlary, işleri bilen tanyşmak we Taňry bilen ben­desiniň arasyndaky gatnaşygy bilmek babatda aýdan zat­la­rymyz dogrusynda aýdylanda bolsa, bu zatlar kelam ylmyndan hasyl bolmaýar, belki kelam ylmy olara gorag perdesi bolar. Taňryny bilmek yhlas etmek bilendir. Yhlas etmegi bolsa Taňry dogry ýola gönükmegiň girelgesi edip goýdy. Bu nuk­daý­ nazardan Taňry: «Biz özümize yhlas edýänleri hökman dog­­ry ýola salarys. Elbetde, Taňry ýagşy işlere yhlas edýänler bilendir»[32] diýdi.

         Yslam ymmatynyň mertebeli alymlary fakyhlar we mü­te­kel­limlerdir. Olar Taňrynyň ýagşy adamlarydyr. Onsoň olaryň derejeleri din ylmynda nähili beýle pes derejä inderilýär?» di­ýip aýdarsyň. Bilip goý! Hakykaty Hakdan däl-de, eýsem yn­san­lardan  gözleýän, azaşmaklyk çölünde azaşar. Eger sen ha­kykat ýolagçysy bolsaň, onda Haky tana. Eger şeýtseň ha­ky­kat ählini taparsyň. Sahabalar kelam we fykh ylymlaryny däl-de, eýsem ahyret ylmyny, onuň ýolunda ýöremegi bilen­dik­leri bilen beýleki adamlardan tapawutlanýardylar. Abu Bekr (goý, Be­ýik Taňry ondan razy bolsun!) oraza köp tutandygy ýa-da namaz köp okandygy ýa-da söz, ýa-da rowaýat köp aýdandygy, ýa-da köp pitwa berendigi bilen däl-de, eýsem Pygamberleriň serweri (goý, Taňrynyň oňa ýalkawy we salamaty bolsun!) gü­wä geçişi ýaly, kalbynyň asyllydygy bilen tapawutlanýardy. Seniň hem bu syryň gözleginde talabyň güýçli bolsun! Çünki ol nepis göwherdir we syrly dürdür. Pygamber alaýhyssalamyň daşyny müňläp sahabalar (goý, Taňry olaryň hemmesinden ra­zy bolsun!) gurşap alýardy. Olaryň hemmesi Taňryny tanan alym­lardy. Pygamber alaýhysallam olary öwerdi. Ýöne sahaba­lar­dan ýekeje kişi kelam ylmyny bilýärdi we on töweregi adam diýäýmeseň, galany pitwa hem berip bilmändir. Ibn Omar[33] (goý, Taňry ondan razy bolsun!) özünden bir meseläniň çöz­gü­di barada pitwa soran kişä: «Sen pylan emiriň ýanyna git! Ol adam­laryň garamatyny monjuk düzümleri ýaly edip boýnuna dakdy. Muny hem onuň boýnuna geçir» diýerdi. Ol bu ýerde pitwa çykarmaklyga hökümdarlaryň ygtyýarlydygyny göz öňün­de tutdy. Omar (goý, Taňry ondan razy bolsun!) dünýäden ötende, Ibn Mesgut:[34] «Ylmyň ondan dokuz ülüşi öldi» diýdi. Adamlar oňa: «Beýle diýmek bilen sen nämäni göz öňünde tutýarsyň?» diýdiler. Ol: «Men bu ýerde ylym hökmünde hö­küm­ler we pitwalar ylmyny däl, ilähi magrypeti (Allany ta­na­mak­ly­gy) göz öňünde tutýaryn» diýdi. Görýärsiň, ol, kelam we jedel ylmyndan gürrüň hem gozgamady. Sen näme üçin Oma­ryň ölümi bilen ondan dokuz ülüşi giden ylma höwes etme­ýär­siň? Kelam we jedel ylmynyň gapysyny hezreti Omar ýapypdy.

    Şeýle-de Seniň: «Alymlaryň tanymalragy fakyhlar we mü­tekellimlerdir» diýen sözüňe meniň jogabym şeýledir: «Taň­ry­nyň dergähinde mertebeli bolmak bilen adamlaryň ýanynda mer­tebeli bolmak başga-başga zatlar. Abu Bekriň (goý, Taňry ondan razy bolsun!) şöhraty halypalyk bilendi. Ýöne onuň ýaşy­ryn mertebesi hem bardy. Ol onuň kalbynyň asyllylygydy. Omaryň (goý, Taňry ondan razy bolsun!) şöhraty syýasat bilen­di, mertebesi bolsa taňryhonlyk ylmy bilendi. Onuň ölümi bilen bu ylmyň dokuzdan bir ülüşi gitdi. Şeýle hem onuň mertebesi özüniň hökümdarlygynda raýatlaryna adyllygy, mähribanlygy bilen Taňra ýakynlyk gazananlygyndadyr.

    Şöhrata kowalaşýan adam üçin şöhrat heläk ediji bolup bi­ler. Mertebe ýaşyryn hem bolup biler. Ýaşyryn mertebä fakyh­la­ryň we mütekellimleriň köpüsi ýetip bilmeýär. Alymlar mer­te­be jähetinden ylym hem pitwa bilen Taňryny gözleýjilere Py­gam­ber alaýhyssalamyň sünnetini goramak bilen tapawutlanan, beýle hereketden şan-şöhrat yzlamaýan alymlara bölünýär. Bu­lar Beýik Taňrynyň razylygyny gözleýän alymlardyr. Olaryň Taň­rynyň dergähindäki mertebeleri pitwalary we nazaryýetleri bilen Taňrynyň jemalyny gözleýişlerine görä däl-de, eýsem ylymlaryna amal edişlerine görädir. Çünki, her bir ylym amal edilşine görä miwe berýär. Her bir amal ylym däldir. Tebip hem ylmy bilen Taňra ýakynlyk gazanyp biler. Ol ylmyna Taň­ry razylygy üçin amal etse, sogap tapar. Soltan Taňry bilen hal­kyň arasynda durýar. Eger ol Taňrynyň razylygy üçin iş ýöret­se, Taňry ondanrazy bolar we din ylmyna ökdeligi üçin däl-de, Taňra ýakynlyk gazanmak maksady bilen eden amaly üçin sogap gazanar.

Taňra ýakynlyk getirýän zatlaryň üç sany görnüşi bolýar:

1. Ýönekeý ylym. Ol aýanlyk ylmydyr.

2. Ýönekeý amal. Ol Sol­tanyň adyllygy, işi tertip-nyzam bilen alyp barmagy we ş. m.

3. Ahyret ýolunyň ylmy. Bu ylmyň eýeleri alymlar we amal edijilerdir. Sen özüňe bakyp, Taňry üçin ylym öwrenen we amal eden adamlaryň toparynda bolmaga çalyş. Munuň özi seniň üçin möhüm zatdyr. Bir şahyr şeýle aýdypdyr:

Eşiden zadyňa däl, ynan göz bilen görseň,

Gün dogansoň ne peýda, Zuhala[35] sary ýörseň.

     Indi, biz öten fakyhlaryň ömür beýanlary baradaky söhbe­ti­mize geçeliň. Sen mezhep başy fakyhlaryň yzyndan ýöränleriň olara nähili zulumlary edendiklerini we kyýamat güni iň uly duşmanlarynyň olardygyna göz ýetirersiň. Çünki, bu fakyhlar ylmy Taňry razylygyndan başga zat üçin ulanmaklygy maksat edinmediler. Biz olaryň ahwallary barada «Ahyret alymlarynyň alamatlary» diýen bapda söz açarys. Olar diňe fykh ylmyna berilmän, eýsem kalplar ylmyna hem meşgul boldular we ömür­lerini ylymlaryny öwretmeklige we kitap ýazmaklyga sarp etdiler. Bu fakyhlar pitwa ylmynda garaşsyz alymlardy. Biz aşakda Şapygy, Mälik, Ahmet ibn Hanbal, Abu Hanypa we Suf­ýan Söwri (goý, Taňry olaryň hemmesine rehimdarlyk et­sin!) barada yslamyň fakyhlarynyň aýdan sözlerini getirýäris. Olaryň her biri ybadathon, takwa, ahyret ylymlaryny ökde bil­ýän we adamlaryň dünýewi we ahyret bähbitlerini goraýan fa­kyh alymlardy.

   Ymam Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) gijäni üçe bölüp, onuň üçden bir bölegini ylym üçin, üçden bir bö­le­gini ybadat üçin we üçden bir bölegini uka sarp ederdi. Rabyg şeýle aýtdy: «Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) ora­za aýynda Gurhany altmyş gezek namazda hatm ederdi. Onuň talyplaryndan bolan Buwaýty hem ussadyna öýkünip, oraza aýyn­da her gün Gurhany hatym ederdi» Hasan Karabisi: «Men Şapygynyň ýanynda birnäçe gije ýatdym. Ol gijäniň üçden biri­ni namaz okap geçirýärdi we her rekagatda elliden ýüze çenli aýat okaýardy. Özi hem rehmet aýatlary gabat gelende Allata­ga­ladan hemme musulmanlar üçin rehmet soraýardy, azap aýatlary gabat gelende Taňrydan azapdan halas etmegini di­lär­di» diýdi. Onda howpda we umytda bolmak gylyklary jemle­nen­di. Elli aýat bilen çäklenmegi onuň aýatlarynyň syrlaryna çüm­megine we syrlar barada oýlanmagyna delildir. Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) şeýle aýtdy: «Men on ýyl­dan bäri doýa  garna tagam iýmedim. Çünki, doýmak göwräni agraldýar, kalby doňýürek edýär, aňy gidirýär, ukyny getirýär, ybadata gowuşgynsyzlyk döredýär» diýdi. Onuň dokluk bara­da­ky paýhasy hakynda we ybadata yhlasly ýapyşyşy dog­ru­syn­da oýlanyp gör. Ol doklukdan ybadat üçin saklandy. Çünki, yba­datyň başy-tagamy az iýmekdir. Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) şeýle aýtdy: «Men Taňrynyň ady bilen ýa­lan­dan hem, çyndan hem ant içmedim». Gör, onuň Taňra sy­lag-hormaty nähili eken! Munuň özi onuň Beýik Taňryny içgin tanaýanlygynyň alamatydyr.

Şapygydan (goý, Taňry ondan razy bolsun!) bir mesele barada soralypdyr. Ol bir salym dy­myp durupdyr. Oňa: «Eýsem sen sowala jogap bermejekmi?» di­ýip­dirler. Ol: «Men dymmaklygyň ýa-da jogap bermekligiň haýsynyň artykmaçdygyny düşünýänçäm dymmaklygy saýlap adym» diýipdir. Gör, onuň diline ygtyýar edişi nähili eken! Çünki, dil fakyhlarda iň bir musallat getiriji agzadyr. Şonuň üçin ol dilini saklap, ondan üstün gelýär we diňe anyk jogap­la­ry berýär. Bu ymam artykmaç sözi sözlemeýärdi.

Ahmet ibn Ýah­ýa ibn Wezir şeýle aýtdy: «Şapygy (goý, Taňry oňa rehim­dar­lyk etsin!) bir gün çyra bazaryna çykdy. Biz onuň bilen bile barýardyk. Ylym ählinden bolan bir kişi bir adama paýyş söz­le­ri aýdýardy. Şapygy bize tarap öwrülip: «Siz beýle sözleri aýt­mak­dan diliňizi saklaýşyňyz ýaly, gulagyňyzy hem diňle­mek­den saklaň. Çünki, diňleýji aýdyjy bilen şärikdir. Akmak öz ga­bynda hapa zady görüp, ony siziň gabyňyza boşatmak isle­ýär. Erbetleriň sözlerini diňleýänleriň günäkär boluşlary ýaly, diňlemän ret edýänler hem bagtlylyga ýeterler» diýdi.

Şapygy (goý, Taňry ondan razy bolsun!) şeýle aýtdy: «Bir dana beýleki bir dana şeýle hat ýazdy: «Maňa ylymdan paý berildi. Sen yl­myňy günä garaňkylygyna bulama! Ýogsa sen ylym ähliniň ylymlarynyň nury bilen ýörejek gününde (ýagny, kyýamat gü­nünde) garaňkylykda galarsyň».

Şapygy (goý, Taňry ondan razy bolsun!) ýeneşeýle aýtdy: «Alla söýgüsi bilen dünýä söý­gü­sini kalbymda bir ýerde jemlärin diýip öňe sürýän adam ýalançydyr».

Humeýdi şeýle aýtdy: «Şapygy (goý, Taňry oňa re­himdarlyk etsin!) hökümdarlaryň biri bilen Ýemene gitdi, ol ýerden on müň dirhem bilen Mekgä bardy. Onuň üçin Mek­ge­den çykylýan ýerde çadyr dikdiler. Onuň ýanyna çar tarapdan adamlar gelip başlady. Ol ýanyndaky ähli pullary paýlap, ol ýerden çykyp gitdi. Bir gezek hammama girip çykanda, ham­mam­ça köp pul berdi. Ýene bir gezek onuň gamçysy elinden gaçyp, ýere düşdi. Bir adam gamçyny ýerden galdyryp, oňa ber­di. Ol onuň bu hyzmatynyň haky üçin oňa elli dinar berdi». Şa­pygynyň (goý, Taňry ondan razy bolsun!) sahylygy uçursyz zordy.

Sahylyk-takwalygyň başydyr. Çünki, ol gowy görýän za­dyň­dan özüňi saklamakdyr. Sahylyk bar bolsa, mal senden aýrylmaz. Takwalyk dünýäni özüňden pes tutmakdyr. Onuň tak­walygynyň güýçlüdigine, Taňrydan gorkusynyň zordugyna we ahyret aladasyna gujur bilen ýapyşandygyna şu rowaýat delildir.

Bir gün Sufýan ibn Uýaýna [36] çuň manyly bir hadysy ro­wa­ýat edende, Şapygy muňa çydaman, özünden gitdi. Sufýana: «Ol öldi» diýdiler. Ol: «Zamananyň ýagşy adamsy ölüpdir» diý­di. Abdylla ibn Muhammet Balawydan şeýle söz aýdylýar: «Men we Omar ibn Nebata ikimiz oturyp, ybadathonlar we takwalar barada söhbet etdik. Omar: «Men Muhammet ibn Id­ris Şapygydan (goý, Taňry ondan razy bolsun!) takwarak hem dilewarrak adamy görmedim» diýdi. Bir gün men, ol we Harys ibn Lubeýt üçümiz Sapa gitdik. Harys – Salyh Murrynyň[37] ýag­şy şägirtleriniň biridi. Ol Gurhan açyp, okap başlady. Onuň sesi gulaga ýakymlydy. Ol şu aýaty okady: «Bu gün (kapyrlaryň) gep­lemeýän we olara geplemäge rugsat berilmeýän gündir. Olar ötünç sorarlar».[38] Men Şapygynyň (goý, Taňry oňa rehim­dar­lyk etsin!) bu aýaty diňläp, reňkiniň üýtgändigini, göwresi­niň titräp başlandygyny, güýçli tolgunma düşendigini, özüni ýitirendigini gördüm. Ol özüne gelensoň: «Eý, Taňrym! Özüň meni kezzaplaryň makamyna düşmekden we gapyllyk belasyn­dan saklawer! Eý, Taňrym! Aryplaryň kalplary Seniň erkiňe ta­byn­dyr. Eý, Taňrym! Jomartlyk mülküňden maňa sahylyk ül­şüni eçil! Aýyp ýapmak hazynaňdan hormata mynasyp bolmak nesibäni ber! Etmişimi jemalyň keremi bilen geçir!» diýdi. Soň­ra biz Harys bilen ýolumyzy dowam etdirip, Bagdada geldik. Görsem ymam Şapygy hem ol ýerde eken.Men bir gün Dejle derýasynyň kenarynda oturyp, täret almaga başladym. Meniň ýanyma bir adam gelip: «Eý, oglan! Täretiňi ýagşy alsaň, Taňry saňa dünýäde we ahyretde ýagşylyk eder» diýdi. Men öwrülip garasam, bir topar jemagat bir alymyň yzyna düşüp barýar. Täretimi tamamlap, onuň ýanyna bardym. Ol ma­ňa ýüzlenip: «Seniň menden hajatyň barmy?» diýdi. Men: «Hawa Allatagalanyň özüňe öwreden ylmyndan maňa bir zat öwret» diýdim. Ol: «Kim Taňra yhlasly bolsa, ol halaslyk ta­par. Kim şu gün dinine mähriban bolup, takwalyk etse, ertir onuň gözleri sogap görmek bilen şatlanar. Saňa ýene bir zat aýdaýynmy?» diýdi. Men: «Hawa» diýdim. Ol: «Imanyňy emri magrup,[39] nehi münker[40] we Taňrynyň emrini berjaý etmek bilen kämil et. Ýene bir zat aýdaýynmy?» diýdi. Men: «Hawa» diý­dim. Ol: «Dünýäde takwa bol, ahyretde sogap umyt edýän bol, hemme işleriňi Taňry üçin yhlasly et. Şonda sen halas bo­lu­jylaryň toparyndan bolarsyň» diýdi. Soňra ol gitdi. Men: «Ol kim?» diýdim. Adamlar: «Ol Şapygy» diýdiler. Gör, ol nähili wagyz edýär eken! Munuň özi onuň  takwalygyna, Taňrydan howpunyň çäksizdigine delildir. Beýle howp we takwalyk diňe Taňryny tanan adamlarda bolýar. «Elbetde, Taňrydan Onuň alym bendeleri gorkýandyr»[41] Şapygy (goý, oňa Taňry rehim­dar­lyk etsin!) Gurhandan we hadyslardan gelip çykýan ylym­lary ýagşy bilendigi sebäpli beýle howpa we takwalyga eýedi. Çünki, Gurhanda we hadyslarda öňdäkileriň we soňdakylaryň pähim-paýhaslary bardyr.

Şapygynyň (goý, Taňry ondan razy bolsun!) kalbyň syr­la­ry­nyň we ahyret ylymlarynyň alymydygyny ondan miras galan paýhaslardan bilmek mümkin. Ondan bir gezek ryýa[42] barada soraldy. Ol muňa: «Ryýa – alymlaryň kalp gözleriniň öňüne haý-höwesiniň ornaşdyran bir pitnesidir. Alymlar nebisleriniň arzuwyna tabyn bolup, oňa meýil etseler, amallary zaýa eder­ler» diýip jogap berdi. Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk et­sin!) ýene: «Sen şöhratparaz bolmakdan gorkýan bolsaň, onda ne mukdar sogap isleýändigiň, haýsy azapdan gorkýandygyň, nähili geçirimlilige şükür edýändigiň, nähili belanyň özüňi how­sala salýandygy barada oýlan. Eger sen bu zatlaryň biri barada pikir ýöretseň, onda amalyň saňa kiçi bolup görner» diýdi. Gör, ol ryýanyň we şöhratparazlygyň hakykatyna nähili kesgitnama berýär. Bu zatlaryň ikisi hem kalbyň uly apat­la­ryn­dan­dyr.

Şapygy (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Kim özüni ha­ram­dan saklamasa, ylmy oňa peýda bermez» diýdi. Ol ýene: «Kim ylmy bilen Taňrynyň erkine tabyn bolsa, ol Taňrynyň syr­lar hazynasyndan peýdalanar» diýdi. Abdylkadyr ibn Ab­dyl­eziz şeýle aýtdy: «Ol ýagşy hem takwa adamdy. Men ondan takwalygyň meseleleri barada sorardym». Şapygy (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Sabyrly bolan adam derejä ýeter. Derejä diňe kynçylyk çekmäge sabyr etmek bilen ýetilýär. Eýse, sen Beýik Taňrynyň Ybraýym alaýhyssalamy, Süleýman alaýhys­sa­lamy, Musa alaýhyssalamy, Isa alaýhyssalamy synagdan ge­çirip, dereje eýesi edendigini bilmeýärsiňmi? Derejä ýetmek hallaryň ýagşysydyr. Beýik Taňry: «Biz Ýusuby kynçylyklar görkezmek bilen derejä ýetirdik»[43] diýdi. Eýýup alaýhyssalam kynçylyk-muşakgat çekmekden soňra derejä ýetdi. Bu jähetden Allatagala: «Biz oňaili-maşgalasyny we olar bilen goşup, ýene şolaryň sanyça bala-çagalary bagyş etdik»[44] diýdi.

Şapygynyň (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) beýle söz­leri onuň Gurhanyň syrlaryna içgin aralaşandygynyň we py­gam­berleriň hem welileriň makamlaryna ýetendiginiň delilidir. Bu zatlaryň hemmesi ahyret ylymlaryndandyr.

Şapygydan (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Adam ha­çan alym bolar?» diýip soraldy. Ol bu sowala: «Okan her bir zadyna gowy düşenenden soň beýlekisine geçmek we ol ýer­dä­ki kemçilikleriniň öwezini dolmak arkaly alym bolar» diýdi. Ja­li­niusa (Galene): «Sen bir dert üçin köp dürli derman ulan­magy buýurýarsyň» diýildi. Ol: «Aslynda derdiň dermany bir­dir. Ýöne şol dermanlaryň biriniň beýleki bir dermanlara go­şul­magy, ol dermanyň zyýanly täsirlerini azaltmak üçindir. Ýene derman kämahal güýç bilen ters täsir edip, hassany öldürip biler. Ýöne beýleki dermanlar onuň güýjüni azaldar we onuň di­ňe şypa beriji häsiýeti galar» diýdi.

     Şapygynyň (goý, Taňry ondan razy bolsun!) Taňrynyň ýe­ke-täkligini bilmekde derejesiniň beýikligine delil bolýan my­sal­lar köpdür. Emma onuň fykh ylmyna bolan erk-isleginiň güýçlüdiginiň we Taňrynyň razylygy üçin paýhas nazaryýeti­niň giňliginiň delili hökmünde şeýle söz rowaýat edilýär: «Syr­kaw ýatyrka özüni soramaga gelen Rabyga: «Meniň maksadym maňa degişli edilmezden bilýän zatlarymy adamlara ýetirmek­di» diýipdir. Gör, onuň kalby Taňrynyň razylygyndan başga ni­ýete düşmekden nähili derejede päk eken! Abu Söwr (goý, Taň­ry oňa rehimdarlyk etsin!): «Men Şapygy ýaly alymy asla görmedim. Onuň ýaly alymy gören adama hem duşmadym» diýýär. Ahmet ibn Hanbal (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Men dört ýyldan bäri okan namazlarymda Şapyga ýagşy dileg edýärin» diýdi. Gör, dileg edijiniň oňa hormaty nähili eken, dileg edilýän derejesi nähili eken! Oňa dileg eden alymlar her asyrda köpdür. Ogly Ahmet ibn Hanbala: «Şapygy nähili adam­dy? Näme sebäpden oňa doga-dileg edýärsiň?» diýip so­wal berdi. Ahmet ibn Hanbal: «Eý, oglum! Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) dünýäniň ýanynda gün ýalydy. Adamlara garanyňda saglyk ýalydy» diýip jogap berdi. Ahmet ibn Hanbal: «Eli syýa çüýşäni tutan her bir adamyň Şapygy ýaly mertebesi bardyr» diýdi. Ýahýa ibn Sagyt Kattan:[45] «Kyrk ýyldan bäri her bir okan namazymda ylma we dogry ýola sa­lan­dygy üçin Şapyga bagyş edip doga-dileg edýärin» diýdi. Şonuň üçin Taňry Kattana ylymlaryň gapylaryny giňden açdy.

    Biz onuň ahwaly barada şu mysallary getirmek bilen çäklenýäris. Çünki, beýle mysallar köpdür. Biz bu mysallary şyh Nasr ibn Ybraýym Makdisiniň (goý, Taňry oňa rehim­dar­lyk etsin!) Şapyga bagyşlap ýazan «Mertebeler» atly kitabyn­dan aldyk.

     Ymam Mälik barada aýdylanda, bu alym hem bäş sany ahlak bilen häsiýetlendirilen adamlaryň biridir. Oňa: «Eý, Mälik! Sen ylym talap etmek barada näme aýdarsyň?» diýildi. Ol: «Ylym gözel zatdyr. Ýöne sen gündelik durmuşyňda gerek bolan ylmy talap et» diýdi. Ol din ylmyna şeýle bir hormat goýardy welin, hatda bir hadys rowaýat etmekçi bolsa hem, hökman täret alardy, onsoň düşegine geçip oturardy, sakgalyny darardy, hoşboý ysly jisimlerden üstüne seperdi, soňra söze başlardy. Oňa bu häsiýeti barada sowal berildi. Ol: «Men Py­gam­ber alaýhyssalamyň hadyslaryna hormat goýulmagyny ha­la­ýaryn» diýdi.

    Ymam Mälik: «Ylym bir nurdur. Taňry ony islän ýerine ýaýýar» diýdi. Ymam Mälik ýene: «Dinde jedel etmek hiç zat­dyr» diýdi. Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) şeýle diýdi: «Men Ymam Mäligi gördüm. Ondan kyrk sekiz sany me­sele barada soraldy. Ol: «Bu meselelerden otuz ikisini bil­me­ýärin» diýdi we galan on alty meseläniň çözgütlerini aýtdy. Özüne göwni ýetip gopbamsyraýan alymlar «bilmeýä­rin» di­ýip, pespällik görkezmezler. Şonuň üçin Şapygy (goý, Taňry on­dan razy bolsun!): «Mälik alymlaryň arasynda ýiti şöhleli ýyl­dyz ýalydyr. Meniň üçin Mälik ýaly alym ýokdur» diýdi.

       Aýdylyşyna görä, Abu Japar Mansur[46] mejbur edilen talak baradaky hadysyň rowaýatyny aýtmagy gadagan edipdir. Soňra ol hile gurnap, bir adamy gizlinlikde Ymam Mäligiň ýanyna iberdi. Ymam Mälik bu hadysy, rowaýaty halkyň arasynda aç-açan aýdyp; «Zor bilen aýalyny boşadanyň aýaly talak bolmaz» diýdi[47]. Abu Japar Mansur oňa gamçy urdurdy. Ýöne Ymam Mä­lik ol hadysyň rowaýatyny aýtmagy goýmady. Ýene-de ol: «Kişi rowaýat eden hadysynda ýalançy bolmaz. Dogruçyl aýtsa garranda syrkawlamaz. Akly ýitmez. Duýgulary gitmez» di­ýipdir.

      Onuň takwalygyna şeýle gürrüň delildir. Möminleriň emiri Mäti[48] bir gezek ondan: «Seniň öýüň barmy?» diýip sorady. Ol: «Ýok. Men Rabyga ibn Abu Abdyrahmandan eşiden hadysymy gürrüň bereýin. Kişiniň asly öýüdir» diýdi. Harun Reşit[49] hem ondan: «Seniň öýüň barmy?» diýip sorardy. Mälik «Ýok» diýdi. Harun Reşit oňa üç müň dinar berip: «Muňa öý satyn al» diýdi. Mälik puly aldy, ýöne ony sowmady. Harun Reşit Hyjazdan Yraga gaýtmakçy bolanda ymam Mälige: «Seniň meniň bilen bile gitmegiňi isleýärin. Sebäbi men Osmanyň (goý, Taňry ondan razy bolsun!) Gurhany adamlaryň arasyna ýaýradyşy ýaly, «Al-muwatta» («Hadys gollanmasy») kitabyny adamlaryň arasyna ýaýratmak isleýärin» diýdi. Onda Mälik: «Kitaplary «Al-muwatta» kitaby bilen alyş-çalyş etmäge hiç hili isleg ýok. Sebäbi Pygamber alaýhyssalamdan soň sahabalary dürli ýurtlara gitdiler we baran ýerlerinde adamlara eşiden-gören zatlaryny aýtdylar.

Pygamber alaýhyssalam: «Ym­ma­tymyň arasyndaky gapma-garşylyk olar üçin rehmet­dir» diýdi. Siz bilen gitmegime mümkinçilik ýok.

Pygamber alaýhyssalam ýene: «Eger bilseler, olar üçin Medine has ýag­şydyr»; «Oduň demiriň posuny aýryşy ýaly, Medine hem erbet adamlary dep eder» diýdi. Ine, bular hem beren pullaryň. Isle alyň, isle hem goýuň. Siz eden peşgeşleriňiz üçin maňa Medi­ne­den gitmegi teklip edýärsiňiz. Emma men dünýäni Resulyl­lanyň şäheri Medine bilen çalyşmaryn» diýdi. Munuň özi Mäli­giň takwalygynyň delilidir we onuň dünýä bolan söýgüsiniň azdygynyň subutnamasydyr. Takwalyk kalpda dünýä üçin boş ýeriň bolmazlygydyr. Süleýman alaýhyssalam öz mülkünde takwady. Şapygy (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Men Mä­li­giň gapysynda Horasan atlaryny we Müsür gatyrlaryny gör­düm. Men oňa: «Seniň gowy atlaryň bar eken» diýdim. Ol: «Eý, Abdylla! Ol atlaryň bary menden sowgat bolsun!» diýdi. Men oňa: «Sen münmek üçin özüňe bir at galdyr» diýdim. Ol: «Men at münüp, Pygamber alaýhyssalamyň aýak basan topra­gyn­da atyň yzyny galdyrmaga Taňrydan çekinýärin» diýdi. Gör, onuň sahylygy we Medinäniň topragyna hormat goýuşy nä­hi­li eken! Ol atlaryň baryny bir gezekde peşgeş berdi. Mu­nuň özi onuň Taňrynyň razylygy üçin ylym isländiginiň we yl­my dünýäden öňe tutandygynyň delilidir.

   Mälikden şeýle gürrüň aýdylýar: «Men Harun Reşidiň hu­zu­ryna bardym. Ol maňa: «Eý, Abu Abdylla! Biziň özara yla­la­şyga gelip çagalarymyza «Al-muwatta» kitabyňy öwretme­gi­miz gerek» diýdi. Men: «Möminleriň emirini Taňrynyň özi sy­la­syn! Bu ylym sizden, ýagny kuraýşdan çykýar. Eger siz ony äsgermän, hormat goýmasaňyz, onda ol pese düşer. Ylym hiç kimiň aýagyna gitmez, ylmyň bar ýerine geliner» diýdi. Ol: «Siz dogry aýdýarsyňyz» diýdi we çagalaryna: «Metjide baryp, beýlekiler bilen diňläň» diýdi.

    Emma ymam Abu Hanypa (goý, Taňry rehimdarlyk etsin!) barada aýdylanda, ol ybadathondy, takwady, arypdy we ylmy bilen Taňrynyň jemalyny isleýän dindardy. Onuň takwalygy barada Ibn Mübärek gürrüň berdi: «Ymam Abu Hanypa gije namazy köp okardy. Gijäni ybadat bilen geçirerdi». Hammat ibn Süleýman şeýle aýdýar: «Ol gijäni oýa geçirerdi» Bir gün ymam Abu Hanypa (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) ýol bilen ýöräp barýardy. Bir adam oňa eşitdirip: «Ine, şu kişi gijäniň baryny oýalykda geçirýär» diýdi. Şondan soň ymam Abu Hanypa gijäniň baryny ybadat bilen geçirdi. Ol «Men ybadatymdan bolmadyk zat bilen wasp edilmegim, ýagny et­me­dik işim bilen taryplanmagym sebäpli Taňrydan utanýaryn» diýdi. Onuň takwalygy barada Rabyg ibn Asym şeýle diýdi: «Men Abu Hanypa bilen Ýezit ibn Omar ibn Hubeýranyň ýa­ny­na bardym. Ol Abu Hanypany beýtilmala[50] ýolbaşçy belle­mek isledi. Abu Hanypa onuň bu teklibinden boýun towlady. Ol Abu Hanypa bu sebäpden ýigrimi gamçy urdurdy». Gör, ol häkimlikden nähili gaçdy we azap baryny gördi!

    Hekim ibn Hyşam Sakafy Abu Hanypanyň Şamda başyn­dan geçen bir waka barada şeýle diýdi: «Abu Hanypa amanata örän wepadar adamlaryň biridi. Hökümdar hazynalarynyň açar­la­ryna onuň eýelik etmegini, eger ylalaşmasa, oňa gamçy ur­mak­lygy buýurdy. Ymam Abu Hanypa Taňrynyň azabyna de­rek hökümdaryň azabyny saýlap aldy. Aýdylyşyna görä, ymam Ibn Mübäregiň ýanynda ymam Agzamyň garşysyna şeýle diýlipdir: «Dünýäniň ähli baýlygy hödürlenende hem ondan gaçan alym barada nädip beýle gürrüň edýärsiňiz». Muhammet ibn Şujag Abu Hanypanyň şägirtleriniň birinden eşiden sözüne salgylanyp, Abu Hanypa barada şeýle gürrüň aýtdy: «Mömin­le­riň emiri Abu Japar Mansur Abu Hanypa on müň dirhem ber­me­gi buýurdy» diýdiler. Abu Hanypa bu puly almaga göw­ne­me­di. Ol puly almaga barmaly gün ertir namazyny okady, soň­ra eşigine bürenip, geplemän oturdy. Möminleriň emiriniň ilçi­si Hasan ibn Kahtaby puly alyp geldi we Abu Hanypanyň ýany­na bardy. Abu Hanypa ilçi bilen gepleşmedi. Hasan ibn Kah­taba: «Sen näme biz bilen sözleşmeýärsiň? Ýa-da seniň adatyň şeýlemi?» diýdi. Abu Hanypa: «Siz puly jaýyň burçun­daky şu haltajyga goýup gidäýiň» diýdi. Soňra ogluna wesýet etdi: «Eger men ölsem, siz meni jaýlasaňyz, sen şu halta­jyk­daky puly alyp, Hasan ibn Kahtabanyň ýanyna git we oňa: «Sen Abu Hanypa goýan amanat zadyňy kabul edip al diý» diý­di. Abu Hanypa ölenden soňra, ogly kakasynyň tabşyrygyny berjaý etdi. Hasan ibn Kahtaba: «Seniň kakaň dinine örän gaýym eken» diýdi.

Aýdylyşyna görä, halypa ony kazy wezipesine bellemekçi bolupdyr. Ol: «Men bu wezipä laýyk däldirin» diýipdir. Halypa ondan: «Näme üçin?» diýip sorapdyr. Ol: «Eger dogrusyny aýt­sam, men beýle wezipä ýaramaýaryn. Eger ýalan sözlesem, onda men ýalançy bolaryn. Ýalançy bolsa, kazylyga ýaramaz» diýip jogap gaýtarypdyr.

Abu Hanypanyň ylmy ahyret ýoludyr we din işleriniň ýoludyr. Onuň magrypeti[51] beýik Taňrynyň razylygy üçindir. Mu­nuň özi Taňrydan howp etmeginiň güýçli bolandygynyň delilidir.

Şuraýk Nahgy:[52] «Abu Hanypa köp dymýan, köp pikirlen­ýän we adamlar bilen az sözleşýän adamdy» diýdi. Munuň özi bu ymamyň batyn ylmy erkiniň güýçli bolandygynyň we diniň möhüm işlerine meşgullanandygynyň delilidir. Kimde dymma­lyk we takwalyk bar bolsa, oňa ylym berlendir.

Ine, şu getirilen sözler üç ymamyň hallary baradadyr. Em­ma ymam Ahmet ibn Hanbal, Sufýan Söwri (goý, Taňry bu iki ymamdan razy bolsun!) barada aýtsak, bularyň yzlaryna dü­şen­ler az, aýratynam Sufýan Söwriniň yzyna eýerenler azdyr.Ýö­ne olaryň ikisi hem ybadathonlyk we takwalyk bilen meşhurlyk tapdylar we bu iki ahlak bilen özlerini ortaçykardylar. Bu ki­tapda olaryň hallary we sözleri barada mundan artykmaç aýt­maklygyň hajaty ýok. Indi sen olaryň dünýä işlerine garşy bo­lan hallary, sözleri, işleri barada oýlanyp gör! Şonda sen ahyret ylmynyň beýleki ylymlardan artykmaçdygyna göz ýetirersiň.

 



[27]Abu Mahfuz Magruf ibn Firuzan Kerhi – yslamyň beýik alymlarynyň biri. Ol 204/820-nji ýylda aradan çykýar.

[28]Abulkasym ibn Muhammmet Jüneýit Bagdady (822-910) – beýik sopy pirleriň biri.

[29]Abu Abdylla Hars ibn Eset Muhasyby – sopy pirleriň biri. Ol 243/858-nji ýylda dünýäden ötýär.

[30] اَلهـَـنـْـدَسـَـة ُAl-hendese – geometriýa.

[31]اَلمـَـنـْـطـِـقُAl-mantyk – logika.

[32]Gurhanyň 29-njy «Ankabut» süresiniň 69-njy aýaty.

[33]Abdylla ibn Omar – halypa Omaryň ogly. Ol 693-nji ýylda Mekgede 84 ýaşynda dünýäden ötýär.

[34]Abdylla ibn Mesgut – sahabalaryň biri. Ol 653-nji ýylda Damaskda ölýär.

[35]Zuhal – Ömrizaýa ýyldyzy.

[36]Abu Muhammet Sufýan ibn Uýaýna ibn Abu Ymran Meýmun Hilaly Kufy (725-813) – meşhur hadysçy alym.

[37]Ýagny, Salyh ibn Bişr Murry – ymam Şapygynyň döwürdeş alymy.

[38]«Murselat» 77-nji süresiniň 36-njy aýaty.

[39]Emri magrup– adamlaryýagşyişlerietmägeündemek.

[40] Nehi-münker – adamlarybozuk işlerietmezlige ündemek.

[41]Gurhanyň 35-nji «Fatyr» süresiniň 26-njy aýaty.

[42]Ryýa– özüňi mertebeli edip görkezmäge çalyşmak.

[43]Gurhanyň 12-nji«Ýusup» süresiniň 21-nji aýaty.

[44]Gurhanyň 21-nji«Enbiýa» süresiniň 84-nji aýaty.

[45]Abu Sagyt Ýahýa ibn Sagyt ibn Furuwwah Ahwal Kattan – basraly ymam. Ol 198/814-nji ýylda dünýäden ötýär.

[46]Abu Japar Mansur –apbaslylar neberesinden bolan halypa Mansur. Ol 754-774-nji ýyllarda halypalyk edýär.

[47]Bu ýerde gürrüň äriniň üç gezek talak eden, soňra: «Men seni yzyňa almagy halal etmek üçin başga bir är bilen nikalaşdyrýaryn» diýip, aýalyna şert goýan äriň ýagdaýy barada barýar. Ikinji är aýaly nikasyna alýar we onuň bilen ýakynlyk edýär. Ýöne ol aýalyň talagyny bermeýär. Beýle ýagdaýda aýalyň ikinji ärine zorluk bilen aýalynyň talagyny berdirmek dürs däldir.

[48]Mäti ibn Mansur – apbaslylar neberesinden bolan halypa. Ol 775-785-nji ýyllarda hökümdarlyk edýär.

[49]Harun Reşit – apbaslylar neberesinden bolan meşhur halypa. Ol 786-809-njy ýyllarda hökümdarlyk edýär.

[50]Beýtilmal – meýletin töleglerden ýygnanan döwlet hazynasy.

[51]Magrypet– Ýeke-täk Taňryny tanamak.

[52]Abu Abdylla Şureýk ibn Abdylla ibn Hars Nahgy – hadysçylaryň biri. Ony 178/ 792-nji ýylda Kuteýba ibn Müslim öldürýär.