Ylmyň apatlarynyň, ahyret alymlarynyň we bozuk alymlaryň alamatlarynyň beýany (I)

Başy » YLYM BARADA KITAP » Ylmyň apatlarynyň, ahyret alymlarynyň we bozuk alymlaryň alamatlarynyň beýany (I)

Biz öňde ylmyň we alymlaryň mertebeleri barada aýdyp geçdik. Bozuk alymlaryň kyýamat gününde iň ejirli azaplara sezewar boljakdyklaryna delil bolýan köp aýatlar we hadyslar bar. Möhüm wezipeleriň biri dünýä alymlary bilen ahyret alym­laryny tapawutlandyryjy alamatlary bilmekdir. Biz «Dün­ýä alymlary» diýip, ylmyň üsti bilen dünýäde baýlyk, mertebe gazanmagy maksat tutunan alymlara düşünýäris. Pygamber alaýhyssalam:

«Kyýamat güni agyr azap görjek adamlaryň biri Taňrynyň dergähinde öz ylmyndan özüne peýdalanmagy nesip etmedik alymdyr»;

«Ylym iki hili bolar. Olaryň biri dilde bo­lup, ol Taňrynyň bendelerine delildir. Beýleki biri bolsa, kalp­da bolup, ol peýdaly ylymdyr»;

«Zamananyň ahyrynda nadan ybadathonlar we bozuk alymlar geler»;

«Ylmy alym­lar­dan üstün bolmak, nadanlary özüňize bakdyrmak we mertebe ga­zanmak maksady bilen öwrenmäň. Kim beýle etse, ol dow­zaha düşer;

«Kim özünde bar bolan ylmy gizlese, Allatagala ony otdan bolan jylaw bilen jylawlar»;

«Men siziň üçin Deçjaldan hem beter Deçjal[1] bolmadyk [ýöne şoňa meňzeýän] adam­lar­dan gorkýaryn» diýdi. Sahabalar ondan: «Ol adam kim?» diýip soradylar. Pygamber alaýhyssalam olara: «Adamlary dogry ýol­dan azaşdyran alymdyr» diýdi.

Pygamber alaýhyssalam ýene: «Ylmyny artdyryp, ahlagyny düzetmeýän alym Taňrydan daşlaşar» diýdi. Isa alaýhyssalam alymlara ýüzlenip: «Siz yba­dat edýänlere nähili ýol görkezjeksiňiz? Siziň özüňiz ýoluňyzy tapman, haýran bolup dursuňyz ahyryn» diýdi. Ine, şular we başga hadyslar ylmyň uly howpunyň bardygyna delil bolýan habarlardyr. Bu aýdylanlardan alymyň ebedi heläkçilige ýa-da ebedi bagtyýarlyga düşjekdigi mälim bolýar. Ol bagty­ýar­lyk­dan mahrum bolsa, onda oňa salamatlyk nesip etmez.

Omar (goý, Beýik Taňry ondanrazy bolsun!): «Men ym­mat üçin mynapyk alym howply bolar diýip gorkýaryn» diýdi. Adamlar ondan: «Mynapyk alym nähili bolýar?» diýip sora­dy­lar. Ol muňa: «Ol – dilinde alym, kalbynda nadan adamdyr» di­ýip jogap berdi. Hasan (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Alymlaryň ylmyny, akyldarlaryň dana sözlerini toplap, sözi bilen işi deň gelmeýän samsyklardan bolma» diýdi. Bir adam Abu Hureýra (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Men ylym öw­ren­mek isleýärin. Ýöne soň men ylmy ýitirerin diýip gork­ýa­ryn» diýdi. Abu Hureýra: «Ylmy esasan ýitirmek bu düşünje ony öwrenmekdir» diýdi. Ybraýym ibn Uýaýnadan: «Haýsy adam köp ökünýär?» diýip soraldy. Ol: «Dünýäde eden ýag­şy­ly­gy derekli bolmadyk, ahyretde bolsa, alym bolsa-da, amaly diýseň az bolan kişidir» diýip jogap berdi. Halyl ibn Ahmet: «Adam dört hili bolýar. Birinji – bilýän we bilýändigini bilýän adam. Beýle adam alymdyr, siz oňa uýuň. Ikinji – bilýän, ýöne bilýändigini bilmeýän adam beýle adam gapyldyr, göýä uku­da­ky adam ýalydyr. Siz ony ukudan, ýagny gapyllykdan oýaryň. Üçünji – bilmeýän we bilmeýändigini bilýän adam. Ol ýola gönükjek adamdyr. Siz ony ýola gönükdiriň. Dördünji — bil­me­ýän we bilmeýändigini hem bilmeýän adam. Beýle adam nadandyr. Siz ony terk‎‎ediň» diýdi.

Sufýan Söwri (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Ylym amaly çagyrar. Eger amal gel­me­se, onda ylym göçer» diýdi. Ibn Mübärek: «Alym ylym öw­ren­megi dowam etdigi saýy alymdyr. Haçan-da ol: «Men ylym öwrendim. Indi men alym» diýen wagty nadan bolar» diýdi. Fuzaýl ibn Yýaz[2] (goý, Taňy oňa rehimdarlyk etsin!): «Meniň üç hili adama rehimim inýär. Birinji – bir halkyň kethudasy bolup, soňra mertebeden düşen adama; ikinji – baý bolup, soň­ra garyp düşen adama; üçünji – dünýäniň elinde oýunjak bolan aly­ma» Hasan: «Alymyň azaby kalbynyň ölümi bilendir. Kal­byň ölümi hem ahyret ylmy bilen dünýäni talap etmekdir» diýdi. Şahyrlaryň biri şeýle diýipdir:

Bozuk ýol özünde goýup, dogry ýol satana haýran,

Öz dinin berip dünýäni,bärsine atana haýran.

Bulardan hem has beteri, başga kişi dünýäsine,

Özüniň dinin hödürläp, mertebä ýetene haýran.

Pygamber alaýhyssalam: «Alyma berilýän azabyň gatyly­gyn­dan ýaňa dowzahylar ony görmäge gelerler» diýdi. Pygam­ber alaýhyssalam beýle söz bilen bozuk alymy göz öňünde tut­dy. Usama ibn Zeýt[3] şeýle diýdi: «Men Pygamber alaýhys­sa­la­myň: «Kyýamat güni alymy getirip, oda taşlarlar. Oňa gaňňa salyp, ony dowzahlaryň arasynda degirmende eşegi aýlaşlary ýaly aýlarlar. Dowzahylar ondan: «Saňa näme boldy?» diýip so­rarlar. Ol: «Men adamlara ýagşy işleri etmägi ündedim. Özüm ýagşy işleri etmedim. Men ýaramaz işleri etmezligi ün­de­dim. Özüm ýaramaz işleri etmekden saklanmadym» diýer» di­ýe­nini eşitdim. Alym günä iş edendigi üçin azaby iki esse artýar. Çünki, ol ylmyna amal etmedi. Bu jähetden Beýik Taň­ry: «Mynapyklar jähennemiň iň aşaky gatynda bolarlar[4]» diýdi. Çünki, olar bilenlerinden soňra inkär etdiler. Şonuň üçinem nasaralardanam (hristianlardanam) ýehudylary ýaramaz hasap­la­ýarlar.Ýogsam olar: «Taňrynyň ogly bar. Taňry üçüň biri­dir»[5]diýmändiler. Olar pygamberimizi bilenlerinden soňra in­kär edendikleri sebäpli erbet boldular. Allatagala: «Olar öz ça­galaryny bilişleri ýaly onuň pygamberligini bilýärdiler»[6] diýdi. Beýik Taňry ýene: «Olar bilýän zatlary özlerine gelen mahaly ony inkär etdiler. Allatagalanyň näleti kapyrlara bolar»[7] diýdi. Beýik Taňry Balgam ibn Baguranyň kyssasynda: «(Eý, Mu­ham­met!) Ýehudylara bir adamyň habaryny okap ber. Biz oňa aýatlarymyzy bildiripdik. Ol adam biziň aýatlarymyzyň hök­mün­den çykdy. Şeýtan ony özüne uýdurdy. Onsoň ol adam az­gynlardan boldy. Onuň mysaly itiň mysaly ýaly boldy. Iti  kow­saň hem dilini çykaryp durar, ony öz ugruna goýsaň hem dilini çykaryp durar»[8] diýdi. Bozuk alym hem edil şunuň ýalydyr. Balgama Taňrynyň kitabyndan ylym berlenden soňra nebsine berildi. Şonuň üçin ol ite meňzedildi, ýagny oňa hikmet berilse hem, berilmese hem nebsine uýdy.

Isa alaýhyssalam: «Bozuk alymyň mysaly suwuň sakasyna düşen uly daşa meňzär. Onuň özi hem suw içmez, böwet bolup, bakja hem suw içirmez. Ýene bozuk alymyň mysaly suwuň için­de biten ota meňzär. Onuň daşy ýalpyldap dursa hem, içi çüýrükdir. Ýa-da bozuk alymyň mysaly gabyra meňzär. Onuň üsti abat bolsa-da, içinde çüýrän süňkler bardyr» diýdi. Bu ýer­de getirilen mysallar dünýä berlen alymlaryň halynyň na­dan­laryň halyndan erbet we olaryň nadanlara görä gaty azaba sezewar boljakdyklaryna güwä geçýär.

Beýle azaplardan halas boljak we Taňra ýakynlyk ga­zan­jak adamlar ahyret alymlardyr. Olaryň hem alamatlary bar.

Ahyret alymlarynyň alamatlarynyň biri – ylym bilen dün­ýäni islemezlikdir. Çünki, alymyň pes derejeleriniň biri dün­ýä­niň we onuň lezzetleriniň ýa-da lapykeçliginiň we panylygynyň täsirine düşmekdir. Ol dünýä bilen ahyretiň bir zat bolup bil­me­ýändigini bilmelidir. Munuň özi tereziniň iki gözi ýalydyr. Onuň bir gözi agyr gelse, beýleki gözi ýeňil gelýändir. Ýa-da ol bir adamyň iki aýalynyň bar bolşunyň mysaly ýalydyr. Iki aýalyň biri ärinden razy bolsa, beýlekisi närazy bolýar. Ýa-da ol günbatar bilen gündogar ýalydyr. Olaryň birine ýakynlaşsaň, beýlekisinden uzaklaşarsyň. Ýa-da ol iki sany meşigiň mysaly ýalydyr. Sen olaryň birinden beýlekisine suw guýsaň, biri bo­şap galar, beýlekisi bolsa dolar. Dünýäniň lapykeçlige, muşak­gat­lar salýandygyny, lezzetleriniň ajylyk bilen gatyşýandygyny bilmeýän adamyň akyly ýokdur. Ahyret işiniň we dowama­ty­nyň beýikdigini bilmeýän adam imandan aýrylan adamdyr. Eý­sem, alym nähili imansyz bolup biler? Ahyret bilen dünýäniň iki sany gapma-garşy zatdygyny, bu ikisini bir ýere jemläp bol­maýandygyny bilmeýän adam diňe bir pygamberleriň sün­net­le­ri­ni bilmeýän nadan däl-de, eýsem Gurhanyň içindäki ba­şyn­dan aýagyna çenli aýdylýan zatlara ynanmaýan adamdyr. Bu zatlaryň hemmesini bilenden soňra dünýäni ahyretden artyk görýän adamy nähili alym hasaplap bolar? Ol nebis ar­zuw­la­ry­nyň täsirine düşüp, özüni heläk eden, nebsinden ýeňlip, özüni mu­şak­gat laýyna batyran we şeýtanyň ýesiri bolan adamdyr. Onsoň ol özüniň şeýle haly bilen nähili ylym adamlaryndan hasaplanyp bilner?

Dawut alaýhyssalamyň habarlarynda Allatagalanyň şeýle diýendigi barada aýdylýar: «Eý, Dawut! Nebsiniň arzuwlaryny Meniň söýgümden üstün tutan alyma berjek jezamyň iň kiçisi, Maňa ýalbarmagyň tagamyny oňa haram etmekdir.Eý, Dawut! Dünýäniň söýgüsi bilen özüni mes eden alym barada menden sorama. Onuň ýaly alymlar adamlaryň Maňa bolan söýgüsini kesýärler, bendelerimi ýolumdan azaşdyrýarlar. Meni gözleýän adamy görseň, sen oňa hyzmatkär bol. Men alym diýip ýazgyt eden adamymy, bir azaşan bendämi Maňa gaýtaryp bereni üçin, hiç haçan azaba sezewar etmerin» diýdi. Bu sebäpden Ha­san (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Alymyň azaby onuň kalbynyň ölümidir, kalbynyň ölümi bolsa ahyrete derek dünýäni talap etmekdir» diýdi. Ýahýa ibn Mugaz hem bu sebäpden: «Ylmyň we hikmetiň nury ol ikisi bilen dünýä talap edilende gidýär» diýdi. Sagyt ibn Museýýep[9](goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Eger emirlere perdelenýän alymy görseň, sen ony ogry hasaplaý» diýdi. Omar (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Dünýäni söýýän alymy görseňiz, ony diniň adyndan günäkärläň. Çünki, her kişi söýýän zady bilen galar» diýdi. Mälik ibn Dinar (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Men öten alymlaryň kitaplarynyň birinde şeýle jümläni okadym: «Taňry: «Dünýäni söýen alyma iň bärki etjek işim,men onuň kal­byndan mynajatyň lezzetini gidirerin» diýdi.

Bir kişi doganyna şeýle hat ýazdy: «Saňa ylym paýy berlipdir. Sen ylmyň nuruny günä garaňkylygy bilen öçürme. Ýog­sa sen ylym eýeleri ylmyň nury bilen ýol ýöreýän wagty garaňkylykda galarsyň».

Ýahýa ibn Mugaz Razy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk et­sin!) dünýä alymyna: «Eý, ylym eýesi! Siziň köşkleriňiz Kaý­sa­ryň[10] köşgüdir, öýleriňiz bolsa Kisranyň[11] öýüdir, eşikleriň wezir Tahyryň[12] eşikleridir, aýakgaplaryňyz Jalutyň aýakgap­la­ry­dyr, ulaglaryňyz Karunyň ulagydyr, gap-gaçlaryňyz, düşek­le­ri­ňiz Pyrgaunyňkydyr, iýim-içimiňiz jahylyýet döwründe[13] bol­şy ýalydyr, ýollaryňyz şeýtanyň ýoludyr. Onsoň sizde Muham­me­diň şerigaty nireden bolsun?» diýdi. Şahyrlaryň biri şeýle diýipdir:

Algyr möjekden çopan, goramaly sürüni,

Süri abat galarmy, çopan goýsaň börüni?

Başga bir şahyr şeýle diýipdir:

Eý, alym! Duz her zady, bozulmakdan saklaýar,

Duz bozulsa haýsy zat, düzetmäge çaky bar?

Aryplaryň birinden: «Günä işlerden lezzet alan adama Allany tanamaýar diýip bolarmy?» diýlip soraldy. Ol muňa: «Dünýäni ahyretden ýagşy görýän kişiniň Taňryny tanamaýan adamdygyna hiç bir şekim ýokdur»diýip, jogap berdi.

   Dünýäni terk etmeklik ynsany ahyret alymlarynyň hata­ry­na goşýar diýip oýlama. Mertebe maldan hem beter zyýanly­rak­dyr. Bişr[14] beýle ýagdaý barada: «Bize dünýä gapylaryndan bir gapy bolan mertebe barada hadys oka» diýdi. Ol ýene: «Kim­dir biri bize hadys gürrüň ber diýen mahaly, ol bize ýe­ňil­lik döret diýmek isleýär» diýdi. Onsoň Bişr ibn Hars onlarça ki­ta­by ýere gömdi[15]. Ol beýle hereketiň üsti bilen özüniňki ýaly hala ýetişmegiň ynsana muşakgatly işdigini aňlatmak isledi. Bişr: «Nebsim geplemegimi isleýär. Nebsimiň bu islegini ýeňip bilsem, şol mahal gürrüň bererin» diýdi. Ol ýene: «Eger gep­le­mek höwesiň bar bolsa, onda sen dym. Eger geplemek isle­me­seň, onda geple. Çünki, dogry ýola gönükmekden we ylymdan peýdalanmakdan alynýan lezzet dünýädäki hemme lezzetlerden ýagşydyr. Nebsiň hyjuwyna uýanlar dünýä berlen adamdyr» diý­di. Bu sebäpden Sufýan Söwri: «Geplemegiň turuzýan pit­ne­si (gowgasy) maşgalanyň, baýlygyň we çaganyň pitnesinden güýçlüdir. Onsoň sen näme üçin onuň pitnesinden gork­ma­ýar­syň?!» diýdi. Beýik Taňry Muhammet alaýhyssalama: «Eger biz seniň gadamyňy hak ýolda ýöremek bilen berkitmedik bol­sak, onda olaryň arzuwlaryna tarap biraz eglişik ederdiň»[16] diý­di. Sähl (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Ylmyň hemmesi dünýä üçindir. Ylma amal etmek ahyret üçindir. Ahyret üçin amal etmeýänleriň hemmesi nebsiň alyna düşenlerdir. Alym­lar­dan başga adamlaryň hemmesi ölüdir. Amal edýän alymlardan baş­ga alymlar serhoşdyrlar. Yhlas bilen amal edýän alym ahyre­tiniň nähili boljakdygyny bilýändikleri sebäpli gorku­da­dyr­lar» diýdi.

    Abu Süleýman Darany (goý, Taňry oňa rehimdarlyk et­sin!): «Bir kişi güzerany üçin hadys öwrense, ýa-da öýlense, ýa-da ýola sapara çyksa, ol dünýä meýil eder» diýdi. Darany bu sözüniň üsti bilen ahyret maksady bilen hereket etmeýän kişini göz öňünde tutýar. Onsoň sözi dünýä üçin öwrenip, amal et­mek üçin öwrenmeýän adam nähili ylym ählinden bolup biler. Isa alaýhyssalam: «Ahyreti biwepa dünýä çalşan adam nähili alym bolup biler?» diýdi.

Salyh ibn Keýsan Basry: «Men sün­ne­ti (pygamber ýoluny) bilseler-de, bozuklyk eden alymlara garanyňda Taňra päklik bilen sygynýan, emma bozuklyk et­me­dik köp ussada duşdum» diýdi. Abu Hureýra şeýle hadysy ro­wa­ýat etdi: Pygamber alaýhyssalam: «Kim Allatagalanyň ra­zy­ly­gy üçin öwrenilýän ylmy dünýä üçin öwrense, ol kyýamat gü­ni Jennetiň garasyny hem görmez» diýdi. Allatagala bozuk alymlary ylym bilen dünýäni iýiji adamlar hökmünde, ahyret alymlaryny bolsa öz emrine tabyn we takwa adamlar hök­mün­de wasp edip: «Allatagala kitap berlen adamlardan: «Siz kitap­lar­daky aýdylýan zatlary adamlara düşündirersiňiz we olary giz­lemersiňiz» diýip ähtnama aldy. Olar bolsa ony arka tarap­la­ry­na zyňyp, ony sähelçe gymmata satdylar. Olaryň bu söw­da­la­ry nähili erbetdir! Allatagala ahyret alymlary barada: «Kitap in­de­rilen adamlaryň bir topary Taňra we size inderilen[17] hem-de olara inderilen kitaplara[18],Taňrynyň emrine tabynlyk bilen iman getirdiler. Olar Taňrynyň aýatlaryny az pula hem, köp pu­la hem çalyşmaýarlar. Olaryň Taňrynyň dergähinde sogaplary bardyr»[19] diýdi. Öten alymlaryň biri: «Kyýamat güni alymlary pygamberleriň topary bilen, kazylary bolsa hökümdarlaryň to­pa­ry bilen jemlärler» diýdi. Bu ýerde kazylar diýlip ylmy bilen dünýäni talap eden fakyhlar göz öňünde tutulýar. Abu Derda şeýle hadys rowaýat etdi. Pygamber alaýhyssalam: «Allatagala pygamberleriň birine: «Din ugrunda bolmaýan fakyhlara, ylmy amal etmek üçin öwrenmän, ahyret amaly bilen dünýä gazan­mak isleýänlere, ýagny goýun derisine bürenen möjeklere, kalplary gurduň kalby ýaly bolup, dilleri baldan şirin bolanlara, kalplary sabyr odundan ajy bolanlara, maňa hile edip, meniň üstümden gülýänlere: «Men olara şeýle belanyň gapysyny aça­ryn welin, geçirimli adamlar hem olara haýran galyp bakarlar» diýip aýt» diýdi. Ibn Apbasyň (goý Taňry olaryň ikisinden hem razy bolsun!) sözlerine salgylanyp,Zahhak şeýle hadys aýtdy: Pygamber alaýhyssalam: «Bu ymmatyň alymlary iki hilidir. Birinjisine Allatagala ylym berdi, ol bolsa ony sogap gazanmak üçin hak almazdan adamlara öwretdi. Asmandaky guşlar, de­ňiz­däki balyklar, ýerdäki haýwanlar, Kirama kätibeýn[20] periş­de­ler Taňrydan onuň günälerini geçmegini dilärler. Olar kyýamat güni Pygamberler bilen hormatly dereje Taňrynyň huzuryna çykarlar. Ikinjisi bolsa, ylmy dünýä üçin öwrenen halynda Taň­ry­nyň dergähine barar. Ol ylmy Taňrynyň bendelerinden hak almak bilen okadan alymlardyr. Kyýamat güni ony otdan bolan jylaw bilen jylawlar. Bir jarçy perişde adamlara: «Ine, şu pylan ogly pylany Taňrynyň dergähine dünýä üçin ylym öwrenip geldi. Ol ylym öwredenligi üçin Taňrynyň bendelerinden hak al­dy. Ol müdümi azaba duçar bolar» diýip jar çeker.

Musa alaýhyssalama hyzmat eden bir adamyň görjek aza­by mundan hem beterdir. Ol hemişe: «Musa safyýulla[21] şeýle diý­di», Musa nejiýulla[22] beýle diýdi», «Musa kelimulla[23] şeýle buýurdy», «Musa nebiýulla[24] şeýle düşündirdi» diýen ýaly söz­le­ri aýdardy. Ol adam köp baýlyk toplady. Musa alaýhyssalam ol adamy gözledi, emma ony hiç ýerden tapmady. Bir gün Mu­sa alaýhyssalamyň ýanyna boýnuna ýüp salnan doňuz sypa­tyn­da bolan bir adam geldi. Musa alaýhyssalam onuň kimdigini so­rady. Ol adam: «Men seniň gözleýän adamyňdyryn» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Sen muny ynsan keşbine aý­la. Men ondan doňuz keşbine girmeginiň sebäbini soraýyn» diý­di. Taňry: «Eý, Musa! Adam atanyň, ondan saňa çenli öten­le­riň barysynyň dilegini etseň hem, bu dilegiňi kabul etmerin. Gowusy, Men onuň keşbini doňuz suratyna öwrendigimiň se­bä­bini aýdaýyn. Ol diniň üsti bilen dünýäniň baýlygyny ga­zan­dy» diýdi.

Mugaz ibn Jebelden şeýle hadys rowaýat edilýär: Pygam­ber alaýhyssalam: «Alymyň pitneleriniň biri geplemegi gowy gör­me­gidir, söz owadanlamagydyr» diýdi. Dymmak — sala­mat­lykdyr. Alymlaryň arasynda bilýän zadyny adamlardan gys­gan­ýanlary bolýar. Ol başganyň bir zat öwrenmegini is­le­me­ýär we özgelere hiç bir zat öwretmeýär. Beýle alymlar jä­hen­nemiň birinji gatyna düşerler. Alymlaryň käbiri özüni hö­küm­dar ýaly duýýarlar. Onuň ylmyndan bir zat inkär edilse ýa-da ähmiýetsiz hasaplansa, ol gahar-gazap atyna müner. Beýle alymlar jähennemiň ikinji gatyna düşer. Alymlaryň arasynda öz ylmyny mätäç adamlara däl-de, eýsem mertebeli kişilere öw­red­ýänleri bar. Beýle alymlar jähennemiň üçünji gatyna dü­şer­ler. Alymlaryň ýene bir topary özlerini müfti saýarlar we ýal­ňyş pitwalary çykararlar. Beýle alymlara Taňry gazaplanar. Olar jähennemiň dördünji gatyna düşerler. Alymlaryň bir to­pa­ry jöhitleriň we hristiýanlaryň sözlerini sözlärler. Beýle alymlar jähennemiň bäşinji gatyna düşerler. Alymlaryň bir topary söz­lerini hikmet hasaplarlar we adamlar üçin pent-nesihat saýarlar. Beýle alymlar jähennemiň altynjy gatyna düşerler. Alymlaryň ýe­ne bir topary men-menlik eder, özlerini beýik hasaplarlar, wa­gyz edenlerinde paýyş sözleri aýdarlar. Beýle alymlar dow­zahyň ýedinji gatyna düşerler. Eý, dogan! Saňa dymmak gerek. Sen dymmak bilen şeýtandan üstün bolarsyň. Seniň sebäpsiz gülmekden we boş ýere gitmekden saklanmagyň gerek» diýdi. Bir hadysda: «Käbir adamlaryň öwgüdir tarypy günbatardan gün­dogar aralygy doldursa hem, Taňrynyň dergähinde onuň agramy çybynyň ganatyça hem bolmaz» diýlip aýdylýar. Ro­wa­ýat edilşine görä, Horasandan bolan bir adam Hasan Bas­rynyň mejlisinde bolupdyr. Soňra ol adam öz ýurduna gaý­dyp­dyr. Ol adam ikinji gezek Hasan Basrynyň ýanyna gelipdir we oňa bäş müň dirhem bilen on sany gymmatbaha eşikleri sowgat getiripdir. Ol adam: «Eý, Abu Sagyt! Ine, pul, eşikler menden saňa sadaka bolsun!» diýipdir. Hasan: «Saňa Taňry sahylygyň üçin sogap bersin! Ýöne pul hem, eşikler hem seniň özünde galsyn. Meniň olara mätäçligim ýok. Çünki, meniň ýaly ylym kürsüsinde oturyp, adamlardan beýle zatlary alýan adam ky­ýa­mat güni Taňrynyň gazabyna sezewar bolar» diýdi. Jabyrdan[25] (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) şeýle hadys rowaýat edil­di: Pygamber alaýhyssalam: «Siz her bir alymyň mejlisinde otur­maň. Siziň mejlisinde oturjak alymyňyz bäş sany häsi­ýet­den bäş häsiýete ündeýän adam bolsun: ýasamalykdan yhlasa, dünýä höwes etmekden takwalyga, ulumsylykdan pespällige, duşmançylykdan nesihata, şübheden ygtybarlylyga. Beýik Taň­ry: «Karun bezenip kowumynyň arasyna görnüşe çykdy. Dün­ýä gazanmagyň arzuwynda bolanlar: «Bize hem Karuna berlen baýlyk ýaly baýlyk berilsedi! Hakykatdan hem ol nesibäniň eýesi» diýdiler. Ylym berlen adamlar bolsa, Karunyňky ýaly mal islänlere: «Siziň başyňyza hesret iner. Elbetde, Taňrynyň so­gaby iman getiren we ýagşy işler eden adamlar üçin has peýdalydyr» diýdiler»1 diýdi. Bu aýatdan ylym ähliniň ahyreti dünýäden öňe tutmalydygy bilinýär.

 Ahyret alymlarynyň alamatlarynyň biri işiniň sözüne la­ýyk bolmagydyr. Ol özüniň etmeýän işini başga birine hem et­me­gi buýurmaly däldir. Beýik Taňry: «Siziň etmedik zadyňyzy etdik diýmegiňiz Taňrynyň dergähinde öte ýaman zatdyr»2 diý­di. Beýik Taňry ýene: «Siz adamlara ýagşy işleri etmeklerini buý­rup, özüňiz ýagşy iş etmegi unudýarsyňyzmy?»3 diýdi. Be­ýik Taňry Şugaýp alaýhyssalamyň kyssasyndan: «Men sizi bir işden gaýtaryp, ol işe özüm meýil edip, size garşy bolmagy islemeýärin»4 diýdi. Beýik Taňry ýene: «Siz Allatagaladan gor­kuň. Allatagala size ylym öwreder»1 diýdi. Beýik Taňry ýe­ne: «Allatagaladan gorkuň we biliň»2, «Allatagaladan gorkuň we diňläň»3diýdi. Allatagala Isa alaýhysssalama: «Eý, Merýemiň ogly! Ilki özüňe wagyz et. Özüňe aýdýan zadyňy özüň ýerine ýe­ti­reniňden soň adamlara wagyz et. Bolmasa, menden utan» diýdi. Pygamber alaýhyssalam: «Men Magraç gijesinde dowza­hyň yssysyndan ýaňa teşne hala düşüp, dodaklary ýarylan adam­lary gördüm we olardan: «Siz kimler bolarsyňyz?» diýip soradym. Olar: «Biz dünýäde adamlara ýagşy işler etmedik. Biz adamlara ýaman işleri etmezlikden saklanmadyk» diýdiler» diý­di Pygamber alaýhyssalam: «Meniň ymmatymyň heläk bol­ma­gy­na bozuk alymlar we nadan ybadathonlar sebäp bolarlar. Azgynlaryň iň azgyny azgyn ahlakly alymlardyr. Ýagşylaryň iň ýagşysy ýagşy ahlakly alymlardyr» diýdi. Awzagy[26] (goý, Taň­ry oňa rehimdarlyk etsin): «Gabyrlar kapyrlaryň ýaramaz ys­la­ryn­dan şikaýat etdiler. Allatagala olara bozuk alymlaryň iç­le­ri­niň yslarynyň gabyrlardaky hemme yslardn erbet boljakdygyny habar berdi» diýdi.

 Fuzaýl ibn Yýaz (Goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) «Taň­ry kyýamat güni bozuk alymlaryň hasabyna butparazlaryň hasabyndan hem öň başlar» diýdi. Abu Derda (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Bilmeýäne bir azap, bilip etmeýäne ýedi esse köp azap berler» diýdi. Şagby: «Kyýamat güni jennetileriň bir topary dowzahylaryň ýanyna zyýarata barar we olar: «Eý, dowzahylar! Sizi näme dowzaha girizdi? Siziň bize terbiýe we ylym berendigiňiz üçin biz jennete girdik» diýerler. Dow­za­hy­lar: «Biz adamlara ýagşy işleri etmegi buýurýardyk, ýöne özü­miz ýagşy işleri etmeýärdik. Biz adamlara ýaman işleri et­mez­ligi ündeýärdik, ýöne özümiz ýaman işleri etmekden saklan­ma­ýar­dyk» diýerler» diýdi. Hatam Asam[27] (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Kyýamat güni adamlara ylym öwredip, özi ylmyna amal etmedik alymdan beter azap çekjek adam ýokdur. Ondan ylym öwrenen adamlar azapdan gutularlar, ol bolsa azaba se­ze­war bolar» diýdi. Mälik ibn Dinar: «Wagyz edýän alym yl­my­na amal etmese, onuň wagzy adamlaryň köňüllerinden ýagyş dam­jasynyň ýylçyr gaýalardan taýyp gaýdyşy ýaly syrylyp gider» diýdi. Şahyrlaryň biri şeýle diýipdir:

Eý, wagyzçy! Diliňde dogry ýoly ündediň,

Adamlara janygyp pent-nesihat eýlediň.

Ömrümden kasam bolsun! Özüň ýola gelmediň,

Sözňe amal etmegi, berjaý edebilmediň.

Dünýä hyzmat etmegi saýdyň işiň erbedi.

Ile günä saýsaň hem, özüňe ters görmediň.

Başga bir şahyr şeýle diýipdir:

Öz ahlagyň düzetgil, ýagşylygy ündeseň,

Aýbyň ulusy bolar, özüň ýola gelmeseň.

Ybraýym ibn Edhem[28] (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Men Mekgede bir daşyň gapdalyndan ötüp barýardym. Gör­sem, onda şeýle ýazgy bar eken: «Meni öwürseň, nesihat beriji başga ýazgyny görersiň». Men ony öwürdim weli, şeýle ýaz­gyny gördüm: «Sen bilýän zadyňa amal etmeýän halyňda näme üçin bilmeýän zadyňy bilmek isleýärsiň». Ibn Semmak[29] (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Allatagalanyň adyny köp gaý­ta­lamagy adamlara ündäp, özleri Taňrydan gapyl bolýanlar bar. Adamlary Taňry gazaby bilen gorkuzyp, özlerinde gorky bol­ma­dyk adamlar bar. Adamlary Taňra ýakynlaşdyryp, özleri on­dan daşlaşan adamlar bar. Adamlar üçin Taňryny çagyryp, öz­le­ri ondan gaçan adamlar bar. Gurhanyň aýatlarynyň many­la­ry­ny adamlara ündäp, özleri olardan pent-nesihat almadyk adam­lar bar» diýdi. Ybraýym ibn Edhem (goý, Taňry oňa rehim­dar­lyk etsin!): «Biz sözümizi anyk sözläp, säwlige düşmedik. Ýö­ne amalymyzda hata etdik, ony gözelleşdirmedik» diýdi. Aw­za­gy: «Ryýa gelse, gorky gider» diýdi. Mekhul Abdyrahman ibn Ganamyň, Abdyrahman bolsa on sany sahabanyň sözlerine salgylanyp, şeýle hadys aýtdylar: Ol sahabalar: «Biz Kuba met­jidinde ylym öwrenýärdik. Ýanymyza Pygamber alaýhyssalam gelip, bize: «Siz isledigiňizçe ylym öwreniň. Ýöne öwrenen yl­my­ňyza amal etmeseňiz, Taňry size sogap bermez» diýdi» diý­diler. Isa alaýhyssalam: «Ylym öwrenip, oňa amal etmeýän ada­­myň mysaly gizlin zyna edip, soňra göwreliligi ýüze çykyp, masgara bolan aýal ýalydyr. Ylym öwrenip, oňa amal et­me­dikleri kyýamat güni Taňry adamlaryň öňünde masgara eder» diýdi. Mugaz (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) «Alymyň taýmagyndan häzir boluň. Çünki, onuň adamlaryň arasynda tut­ýan orny uludyr. Ol taýsa, adamlar hem onuň yzyna eýerip taýarlar» diýdi. Omar (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Aly­myň hatasy bilen köp adam ýalňyşar» diýdi. Omar (goý, Taňry ondan razy bolsun!) ýene: «Üç sebäp bilen zamana bozular. Ol sebäpleriň biri alymyň hatasydyr» diýdi. Ibn Mesgut: «Bir za­man geler. Adamlarda yhlas galmaz we imanyň lezzeti gider. Şol zamanda okan-da, okadan-da ylymdan peýdalanmazlar. Alym­laryň kalplary duzly şor ekin meýdanyna meňzär. As­man­dan ol meýdana ýagan ýagmyryň peýdasy bolmaz. Munuň ýaly ýagdaý alymlaryň köňülleri dünýäni söýmäge meýil edende, dünýäni ahyretden artyk hasaplanda ýüze çykar. Şonda Alla­ta­gala hikmet çeşmelerini guradar, kalplardaky dogry ýola gö­nük­mek çyralaryny öçürer. Şol zamanyň alymlary dillerinde Taň­rydan gorkýandyklaryny aýdarlar, ýöne bozuk işlere meş­gul bolarlar. Şol zamanda diller hasylly, köňüller hasylsyz bo­lar. Men beýle ýagdaýyň mugallymlaryň ylmy diňe Taňrynyň razylygy üçin öwretmeýändikleri, talyplaryň bolsa ylmy Onuň razylygy üçin öwrenmeýändikleri sebäpli ýüze çykýandygyna ýeke-täk Allatagalanyň ady bilen kasam edýärin!» diýdi.

Töwratda we Injilde şeýle söz ýazylypdyr: «Öwrenen yl­my­ňyzy amal edýänçäňiz amal ‎‎‎etmejek ylmyňyzy gözlemäň». Hu­zeýfa (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Siz ylma amal et­me­gi on adamdan biri terk edýän we on adamdan biri bu sebäp­den heläk bolýan zamanynda ýaşaýarsyňyz. Ýöne bir zaman ge­ler. Ol zamanda on adamdan dokuzsy ylma amal etmegi terk eder we şol sebäpden on adamyň dokuzy heläk bolar» diýdi.

Eger biler bolsaň, alymyň mysaly kazy ýalydyr. Käbir ka­zy­lar barada pygamber alaýhyssalam: «Kazylar üç hili bolýar. Olaryň biri bilip, adyllyk bilen höküm eder. Beýle kazy jennete düşer. Ýene bir kazy bilse hem, bilmese hem zulum bilen hö­küm eder. Beýle kazy dowzaha düşer. Başga bir kazy Taň­ry­nyň emrine görä höküm çykarmaz. Beýle kazy dowzaha düşer» diýdi.

Kägb (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Ahyr­za­man­da alymlar adamlary takwalyga ündärler, ýöne olaryň özlerinde takwalykdan hiç zat bolmaz. Olar adamlary Taňrynyň ady bi­len gorkuzarlar, emma özlerinde gorkudan hiç zat bolmaz. Olar adamlary häkimiýete ymtylmakdan saklanmaga ündärler, özleri häkimiýete meýil ederler. Olar dillerinde ahyretiň dünýäden ar­tyk­dygyny tekrarlar, özleri garyplardan daşlaşyp, baýlara ýa­kyn­laşarlar. Olar aýallaryň ärlerine biwepalyk edişleri ýaly yl­ma biwepalyk ederler. Olar dostlarynyň başga bir alymyň mej­li­sinde oturandyklaryny görseler, olara gahar ederler. Beýle alym­lar zalymlardyr we Taňrynyň duşmanlarydyr» diýdi.

Py­gam­ber alaýhyssalam: «Şeýtan sizi ylma meşgul etmek bilen amal­dan alyp galýar» diýdi. Sahabalar ondan: «Eý, Allanyň re­su­ly! Bu nähili beýle bolýar?» diýip soradylar. Pygamber alaý­hys­salam olara: «Şeýtan: «Ylym öwren, oňa amal etmek hök­man däl» diýýär. Netijede, adam tä ölýänçä ylym öwrenýär, ýö­ne oňa amal etmeýär» diýdi. Seriý Sakaty şeýle diýdi: «Men zahyr ylma höwesek bolan bir kişiniň ylmy taşlap ybadat et­mä­ge duranda ondan beýle etmeginiň sebäbi barada soradym. Ol şeýle diýdi: «Maňa düýşümde bir adam: «Taňry seni zaýa et­sin! Sen ylmy haçana çenli zaýalajak?!» diýdi. Men: «Ylma nä­me bilen zaýalaman saklaýyn?» diýdim. Ol adam maňa: «Ylmy oňa amal etmek bilen sakla» diýdi. Onsoň men ylym öw­ren­me­gi­mi bes edip, öwrenen ylmyma amal edip başladym» diýdi. Ibn Mesgut (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Ylym köp zat­la­ry bilip, rowaýat etmek däldir. Ol Taňrydan gorkmakdyr» diý­di. Hasan Basry (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Ylmy bil­digiňizçe okaň. Ýöne men amal edýänçäňiz, sogap ýok­du­gy­na Taňrydan kasam edýärin! Çünki, akmaklaryň maksady ro­wa­ýatdyr, alymlaryň maksady düşünmekdir» diýdi. Mälik (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Eger niýet dürs bolsa, on­da ylym öwrenmek hem, ony ýaýratmak hem gözeldir. Ýöne sen gündeki mätäç bolýan zatlaryňa üns ber. Şondan artyk zat öwrenjek bolma» diýdi. Ibn Mesgut (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Gurhan oňa amal etmek üçin inderildi. Siz ony öw­ren­megi amal hökmünde kabul etdiňiz. Sizden soň bir kowum geler. Olar diňe Gurhany şirin owaz bilen okamagy özlerine amal-ybadat hökmünde kabul ederler. Olar sizçe bolmaz» diýdi.

 Eger biler bolsaň, ylmyna amal etmeýän alymyň mysaly derdine derman tapman, dermany taryplan syrkawyň mysaly ýa­lydyr, ýa-da onuň mysaly ajygyp, iýmäge zat tapman, iýmiti taryplaýan aç adamyň mysaly ýalydyr. Onuň mysaly Beýik Taň­rynyň: «Laýyk bolmadyk zatlary taryplanyňyz üçin siziň ha­kyňyz dowzahdyr»1 diýen sözünde aýdylşy ýalydyr. Bir ha­dys­da: «Men ymmatym üçin alymyň taýýandygy we my­na­py­gyň Gurhan barada jedel edýändigi sebäpli gorkýaryn» di­ýil­ýär.

Ahyret alymlarynyň alamatlarynyň biri peýdasy az, jedel­leş­mesi köp bolan ylymlardan çekilip, ahyrete peýdaly, Taňra höweslendiriji ylymlary öwrenmegidir. Amala höweslendiriji we ahyrete peýdaly ylymlardan çekilmegiň mysaly köp derdi bolan we ökde tebibe sataşan adamyň mysaly ýalydyr. Ol özü­niň aldym-berdimli hala düşendigine garamazdan tebibi der­man­laryň häsiýetleri, tebipçiligiň geň-taňlyklary barada sowal­lar berip güýmeýär. Bu syrkawyňky ýaly özüne möhüm zatlary terk edip, ikinji derejeli zatlara meşgul bolmak diňe akmaga mah­susdyr.

Rowaýat edilişine görä, Pygamber alaýhyssalamyň ýanyna bir adam geldi we: «Eý, Allanyň resuly! Maňa ylmyň geň-taň­lyklaryny öwret» diýdi. Pygamber alaýhyssalam oňa: «Sen ylym­laryň esaslary barada näme bilýärsiň?» diýip sowal berdi. Ol: «Ylymlaryň esasy näme?» diýip sorady. Pygamber alaý­hys­salam: «Allatagalany tanaýarsyňmy?» diýdi. Ol adam: «Ha­wa, tanaýaryn» diýdi. Pygamber alaýhyssalam: «Beýle bolsa sen Allatagala üçin näme iş etdiň?» diýdi. Ol adam: «Men Taň­rynyň halaýan işlerini etdim» diýdi. Pygamber alaýhys­sa­lam: «Sen ölümi bilýärsiňmi?» diýdi. Ol adam: «Hawa, men ony bilýärin» diýdi. Pygamber alaýhyssalam: «Beýle bolsa, ölüm üçin näme zat taýýarladyň?» diýdi. Ol adam: «Allata­ga­lanyň ha­laýan zatlaryny taýýarladym» diýdi. Pygamber alaý­hys­sa­lam: «Onda sen git-de, şol bilen zatlaryňa ýagşy amal et! Soňra meniň ýanyma gel. Onsoň men saňa ylmyň geň-taňlyklaryny öwredeýin» diýdi.

Alymyň ylym öwrenişi Şakyk Balhynyň[30] şägirdi Hatam Asamyň (goý, Taňry olaryň ikisinden hem razy bolsun) ylym öwrenişi ýaly bolmalydyr. Şakyk Balhy Hatam Asama: «Sen nä­çe ýyldan bäri meniň ýanymda ýörsüň?» diýdi. Hatam: «Men otuz üç ýyl bäri seniň ýanynda» diýdi. Şakyk: «Şol wag­tyň içinde sen menden näme öwrendiň?» diýdi. Hatam: «Men sekiz meseläni öwrendim» diýdi. Şakyk: «Biziň hemmämiz Taň­rynyň mülküne degişlidiris we biz onuň dergähine do­la­narys.1 Meniň öten ömrüm saňa ylym öwretmäge sarp boldy. Sen menden bary-ýogy sekiz mesele öwrendiňmi?» diýdi. Ha­tam: «Eý, ussat! Men sizden diňe sekiz meseläni öwrendim. Men ýalan sözlemegi halamaýaryn» diýdi. Şakyk: «Onda sen şol sekiz meseläni aýt. Men olary diňläýin» diýdi.

Hatam: «Men adamlara baksam, olaryň her biriniň öz dosty bar eken. Ol dostlar gabra düşüp, biri-birinden aýrylyşýar eken. Men özüm ýagşy amallary dost saýladym. Men gabra girenimde dostum hem meniň bilen gabra girer» diýdi: Şakyk: «Sen ýagşy iş edipsiň. Indi ikinji öwrenen meseläňi aýt» diýdi. Hatym: «Men Beýik Taňrynyň: «Allatagalanyň beýikliginden gorkan we öz nebis isleglerinden geçen kişiniň orny jennetde bolar2» diýen sözüniň manysyna düşündim. Taňrynyň bu sözüniň hakdygyny bilip, nebsimiň isleglerinden halas bolmak üçin yh­las etdim we şu halda ybadata meşgul bolmagy dowam etdim. Üçünji mesele, men adamlara bakdym we her kişiniň gym­mat­ly zadynyň bardygyny, ony goraýandygyny bildim. Soňra Be­ýik Taňrynyň: «Siziň eliňizde bolan her bir zat tükener, Alla­tagalanyň huzurynda bolan zat bakydyr»3 diýen sözi barada oýlandym we onuň manysyna düşündim. Şondan soň meniň eli­me bir zat düşse, ol zady Taňrynyň razylygy üçin sarp etdim we ony Taňrynyň amanatyna tabşyrdym. Dördünji mesele, men adamlara bakdym we olaryň her biriniň mal, nesep, mertebe, hasap gözleýändigini gördüm. Men bularyň hiç zadyň alnyndan däldigine düşündim we Beýik Taňrynyň: «Allatagalynyň huzu­ryn­da siziň hormatlyňyz takwa adamdyr»1diýen sözi barada pikirlendim we onuň manysyna düşündim. Soňra Taňrynyň der­gähinde hormatly bolmak üçin takwalyga meşgul boldum. Bäşinji mesele, men adamlara bakdym. Adamlar biri-birine gy­jytly sözleri aýdýarlar, biri-birine gargaýarlar. Men beýle ýag­da­ýyň göriplik sebäpli ýüze çykýandygyny bildim. Soňra ola­ryň Beýik Taňrynyň: «Biz olaryň dünýä diriligindäki rys­gal­laryny bölüşdirdik»2diýen sözi barada oýlandym we onuň ma­ny­syna düşündim. Şondan soň göripçilik etmegi taşladym we adamlardan çekildim. Rysgalyň Beýik Taňrynyň dergähinden berilýändigini bildim. Altynjy mesele, men adamlara bakdym we olaryň biri-birine duşmançylyk edip, uruşýandyklaryny gör­düm. Onsoň Beýik Taňrynyň: «Siziň asyl duşmanyňyz bolan şeý­tany özüňize duşman görüň»3 diýen sözi barada oýlandym we onuň manysyna düşündim. Meniň ýeke duşmanym bar eken. Onsoň men şeýtandan häzir bolmak üçin köp yhlas et­dim. Çünki, Taňry onuň duşmandygyna güwä geçdi. Men bu se­bäpden adamlara duşmançylygy terk etdim. Ýedinji mesele, men adamlara bakdym we olaryň gazanç etmek üçin halal-ha­ram işlere baş goşýandyklaryny gördüm. Onsoň Beýik Taň­ry­nyň: «Hemme jan eýesiniň rysgaly Taňrynyň erkindedir»4 di­ýen sözi barada oýlandym we onuň manysyna düşündim. Men özümiň hem rysgaly Taňra degişli bolan jan eýeleriniň biri­di­gi­mi bildim we Taňrynyň razy boljak işlerine meşgul boldum. Se­kizinji mesele, men adamlara bakdym we olaryň biriniň baý­lygyna, biriniň wezipesine, biriniň saglygyna, garaz ýaradylan zatlaryna bil baglaýandyklaryny gördüm. Onsoň men Beýik Taň­rynyň: «Taňry Özüne bil baglan kişä kömege ýetişer»1 di­ýen sözüniň üstünde oýlandym we diňe Taňrynyň Özüne bil baglamalydygyna düşündim» diýdi. Şakyk: «Eý, Hatam! Men Töwratdaky, Injildäki, Zeburdaky, Gurhandaky ylymlara gara­dym we ýagşylyklaryň hem-de din işleriniň hemmesiniň şu se­kiz meselede jemlenýändigine göz ýetirdim. Kim şol sekiz meselä amal etse, onda onuň şol dört kitaba amal etdigi bolar» diýdi.

Ahyret alymlarynyň alamatlarynyň biri iýmek-içmek, geý­mek, öýleriniň iç-daşyny bezemek ýaly zatlarda artyklyk gazanmaga meýil etmezlikdir. Olar beýle zatlaryň hemmesinde tygşytly bolmalydyrlar. Ahyret alymlary beýle zatlarda artyk­lyk gazandyklaryça Taňrydan daşlaşýarlar. Muňa aşakda geti­ril­ýän şu hekaýat güwä geçýär.

Hekaýat.

Hatam Asamyň şägirdi bolan Abu Abdylla Haw­was şeýle diýdi: «Abu Abdyrahman Hatam Asam bilen ha­ja gitmek üçin üç ýüz ýigrimi adam bilen ýola düşdük. Ola­ryň arasynda men hem bardym. Ýolagçylaryň hemmesi ýüň eşik geýnendi, boýunlaryna torbalar asynandy. Olaryň ýol azy­gy ýokdy. Biz Reýe[31] gelip ýetdik. Şäherde düşlemek üçin bir täjiriň öýüne bardyk. Ol terkidünýäleri gowy görýärdi we olara hormat goýýardy. Täjir şol gije bizi myhman aldy. Ir bilen täjir Hatam Asama ýüzlenip: «Eý, Abu Abdyrahman! Men fakyhy­my­zyň halyny soramaga gitmekçi. Isleseňiz siz hem gidiň. Çün­ki, ol häzir syrkaw» diýdi. Hatam Asam: «Fakyhyň ýanyna barmak sogap iş, syrkawyň halyny soramak bolsa ybadat. Men seniň bilen bilelikde onuň ýanyna gideýin» diýdi. Ol syrkaw Reýiň kazysy Muhammet ibn Mukatyldy.

Hatam Asam täjir bilen kazynyň öýüne gitdi. Kazy Hatam Asamy görüp: «Biziň gapymyza hoş geldiň» diýip, ony güler ýüz bilen garşylady we öýe girmekligi teklip etdi. Hatam Asam kazynyň kaşaň bezelen we giň howlusyny görüp, haýran galdy we: «Eýsem alymyň öýi şeýle kaşaň bolarmy?» diýip pikir la­ýy­na batdy. Soňra olar kazynyň öýüne girdiler. Öýe owadan tutular tutulypdyr, ýüpek parçalardan tikilen düşekçeler ýa­zy­lyp goýlupdyr. Kazy ýumşak düşekçäniň üstünde otyrdy. Onuň gapdalynda bir hyzmatkär oglan gol gowşuryp, hyzmata taýýar bolup durdy. Hyzmatkäriň elinde ýelpewaç bolup, onuň bilen ka­zynyň ýüzüni ýelpeýärdi. Täjir kazynyň gapdalynda oturyp, onuň bilen hal-ýagdaý soraşmaga başlady. Hatam Asam heniz dik durdy. Kazy oňa oturmagy yşarat etdi. Hatam Asam: «Ýok, men oturjak däl» diýdi. Kazy Hatam Asama ýüzlenip: «Eý, Abu Abdyrahman! Seniň menden hajatyň barmy?» diýip sora­dy. Hatam Asam: «Hawa, bar» diýip jogap berdi. Kazy: «Eý, Abu Abdyrahman! Menden näme hajatyň bar bolsa, çekinmän aýdyber» diýdi. Hatam Asam: «Men senden bir mesele barada sorajak. Şol meseläniň jogabyny eşidenimden soňra oturaýyn» diýdi. Kazy: «Baş üstüne, soraň!» diýdi. Hatam Asam: «Sen ni­re­den ylym aldyň?» diýdi. Kazy: «Men ylmy ygtybarly alym­lar­dan öwrendim. Olar Pygamber alaýhyssalamyň sahaba­la­ryn­dan tälim alanlardan ylym öwrenipdirler» diýdi. Hatam Asam: «Sahabalar kimden ylym öwrenipdirler?» diýdi. Kazy: «Saha­ba­lar Pygamber alaýhyssalamdan ylym alypdyrlar» diýdi. Ha­tam Asam ondan ýene: «Pygamber alaýhyssalam kimden ylym alypdyr?» diýip sorady. Kazy: «Pygamber alaýhyssalam Jebra­ýyl perişdeden, ol Allatagaladan ylym alypdyr» diýip jogap berdi. Hatam Asam: «Onda nädip ylym öwrendiň?» diýdi. Ka­zy: «Dünýäden ýüz öwrüp, ahyrete tarap ýönelip, ýoksullara ýardam edip, ahyreti üçin taýýarlanan kişiniň Allatagalanyň ýa­nyn­da mertebesiniň uludygyny öwrendim» diýdi. Hatam: «Sen onda kime uýduň?Pygamber alaýhyssalama, onuň sahaba­la­ry­na, ýagşyzadalara eýeren olara kişileremi ýa-da özleri üçin ka­şaň binalary salan Pyrgauna we Nemrudamy?»diýdi. Kazy: «Men Pygamber alaýhyssalama, onuň sahabalaryna we ýagşy­za­dalara uýdum» diýdi. Hatam Asam: «Beýle bolsa,sen dün­ýä­de takwa bolan bolup, kaşaň jaýda oturmagy söýen kişiniň ahyret güni Taňrynyň dergähinde mertwebesiniň belent boljak­dy­gy hakyndaky gürrüňi eşitdiňmi?» diýdi. Kazy: «Ýok, men beýle sözi eşitmedim» diýdi. Hatam: «Eý, bozuk alymlar! Dün­ýä meýilli adamlar sizi görüp: «Eger alymlar beýle ýagdaýda bolýan bolsa, men ondan erbet bolarynmy?» diýerler» diýdi we soňra ýanyndan çykyp gaýtdy.

Bu wakadan soň Muhammet ibn Mukatylyň derdi güýç­len­di. Onuň bilen Hatam Asamyň arasynda bolup geçen gürrüň reýlileriň arasyna ýaýrady. Reýliler Hatam Asama: «Eý, Abu Abdyrahman! Kazwynda[32]Muhammet ibn Mukatyldan hem be­ter mertebehalar (şöhratparaz) alym bar» diýdiler. Beýle diý­mek bilen reýliler Tanafysyny1 göz öňünde tutýardylar.

Bir gün Hatam Asamyň ýoly Kazwyna düşüp, tötänden Ta­nafysa sataşdy. Hatam Asam Tanafysa ýüzlenip: «Men bir ajam­lydyryn2. Men diniň başlangyçlaryny öwrenmek isleýärin. Siz maňa namaz üçin täret almagy öwrediň» diýdi. Tanafysy: «Bolýar, öwredeýin» diýdi we hyzmatkärine: «Eý, gulam!3 Ma­ňa kündügi suwdan dolduryp getir!» diýip buýurdy. Hyz­mat­kär oglan kündügi suwdan doluryp getirdi. Tanafysy otu­ryp, üç gezekden agzalaryny ýuwdy, soňra: «Sen hem şunuň ýaly tertipde täret al» diýdi. Hatam Asam oturyp, üç gezekden agzalaryny ýuwmaga başlady. Ol iki tirseklerine gezek ge­len­de, olary dört gezekden ýuwdy. Tanafysy muny görüp oňa: «Eý, pylany! Sen suwy isrip etdiň» diýdi. Hatam Asam: «Nä­me üçin?» diýdi. Tanafysy: «Sen iki tirsegiňi üç gezege derek dört gezekden ýuwduň» diýdi. Hatam Asam: «Subhanalla! Sen bu kaşaňlyk bilen tutuş ylmy isrip edýärsiň. Men bolsa bir goşawuç suwy isrip etdim» diýdi. Tanafysy onuň göz öňünde tutýan zadyna düşünip, öýüne girdi we kyrk günläp adamlaryň gözüne görünmäge utanyp, daşary çykmady.

 Hatam Asam bilen Muhammet ibn Mukatylyň arasynda Reýde we onuň Tanafysynyň arasynda Kazwynda bolup geçen wakany söwdagärler ýurduň içine ýaýratdylar. Hatam Asam Bagdada baranda bagdatlylar onuň daşyna üýşdüler we ondan: «Eý, Abu Abdyrahman! Sen bir ajam adamysyň. Näme üçin sen adamlar bilen beýle çürt-kesik gürleşýärsiň?» diýdiler. Ha­tam Asam olara: «Meniň üç sany häsiýetim bar. Olaryň üsti bilen men garşydaşlarymdan üstün çykýaryn» diýip jogap ber­di. Adamlar: «Olar nähili häsiýetler?» diýdiler. Hatam Asam: «Garşydaşym dogry ýola düşse, begenýärin. Hata goýberse, utanýaryn. Oňa nadanlyk ýüklemekden çekinýärin» diýdi.

 Hatam Asamyň bu sözleri Ahmet ibn Hanbalyň gulagyna ýetdi. Ahmet ibn Hanbal onuň ýanyna geldi we: «Eý, Abu Ab­dy­rahman! Dünýäden aman we salamat bolmagyň çäresi nä­me­dir?» diýip sorady. Hatam Asam oňa: «Eý, Abu Abdylla! Dört sany häsiýetiň bolmasa, dünýäden aman we salamat bol­mar­syň» diýip jogap berdi. Ahmet ibn Hanbal: «Olar nähili häsi­ýet­lerdir, eý, Abu Abdyrahman?» diýdi. Hatam Asam: «Adam­laryň kemçiliklerine geçirimlik etmek, adamlara kem hyzmat etmezlik, özüňde bar bolan zada jomart bolmak we olarda bar bo­lan zada göriplik etmezlik» diýdi. Soňra Hatam Asam Me­di­nä gitdi. Medineliler ony garşy aldylar. Hatam Asam olardan: «Bu kimiň şäheri?» diýip sorady. Medineliler: «Bu şäher Py­gam­ber alaýhyssalamyň şäheridir» diýip jogap berdiler. Hatam Asam: «Pygamber alaýhyssamyň köşgi nirede? Men onda na­maz okasam?» diýdi. Olar: «Pygamber alaýhyssalamyň köşgi bol­mandyr. Onuň palçykdan sadaja hüjresi bolupdyr» diýdiler. Ha­tam Asam: «Sahabalaryň köşkleri nirede?» diýdi. Olar: «Sa­ha­balaryň hem köşkleri bolmandyr. Olaryň hem palçykdan sa­daja öýleri bolupdyr» diýdiler.

Hatam Asam: «Eý, adamlar! Onda siziň bu şäheriňiz Pyr­gau­nyň şäheri eken» diýdi. Adamlar Hatam Asamy tutup, şäher häkiminiň ýanyna getirdiler we: «Ine, şu ajamly: «Siziň şähe­ri­ňiz Pyrgaunyň şäheri eken» diýip aýdýar» diýdiler. Häkim on­dan: «Näme üçin beýle bolýar?» diýip sorady. Hatam Asam: «Men bir çet ýurtly ajamlydyryn. Şähere gelip girenimde, men adamlardan: «Bu şäher kimiň şäheri?» diýip soradym. Olar ma­ňa: «Bu şäher Pygamber alaýhyssalamyň şäheri» diýip jogap ber­diler. Men olardan ýene: «Pygamber alaýhyssalamyň köşgi bolupdyrmy?» diýip soradym. Olar maňa: «Pygamber alaý­hys­sa­lamyň köşgi bolmandyr» diýip aýtdylar. Hatam Asam adam­lar bilen özüniň arasynda bolup geçen gürrüňi ahyryna çenli aýdyp berdi, soňra: «Allatagala: «Pygamber alaýhyssalamda si­ze görelde alar ýaly ahlak bardyr»[33] diýdi. Siziň Pygamber alaý­hyssalamdan alan göreldeli ahlaklaryňyz nirede? Ýa-da siz il­kin­ji bolup özüne köşk salan Pyrgaundan görelde aldyňyzmy?» diý­di. Häkim Hatam Asamyň bu sözlerini diňläp, ony öz ug­ru­na goýberdi. Ine, şu Hatam Asamdan (goý, Taňry oňa rehim­dar­lyk etsin!) hekaýatdyr. Yzda öten alymlaryň dünýäniň zy­nat­laryny terk edendikleri baradaky hekaýatlary ýene-de gürrüň bereris.

Dogrusy, ýeterlik derejede dünýä zynatlaryna meýil etmek haram däldir. Ýöne bu meýle dowamly berilmek ynsany neb­si­ne uýmaklyga alyp barýar. Soňra oňa nebsiň erkinden aýryl­mak kyn düşýär. Bu sebäpli adamlara mertebeli görünjek bo­lup, günä işleri etmekden saklanmalydyr. Elbetde, kim dünýä be­rilse, onda ol günä işleri etmekden salamat bolup bilmez. Eger dünýä berilmek asylly iş bolýan bolsa onda Pygamber alaý­hyssalam terkidünýä bolmaga yhlas etmezdi. Hatda ol hut­ba okanda Allanyň ady bilen bezelen ýüzügini çykarardy. Ha­tam Asam hem bu sebäpli hutba okanda ýüzügini çykarardy. Bu hekaýany biz yzda aýdarys.

Dowamy


[1]Deçjal – kyýamatyň öň ýanynda ýer ýüzüne çykjak bir mahluk. Aýdylyşyna görä ony Isa pygamber öldürjekmiş. Bu ýerde bolsa bozuk ahlakly alym manysynda ulanylýar.

[2]Abu Aly Fuzaýl ibn Yýaz ibn Mesgut Temimi – yslamyň beýik alymlarynyň biri. Ol 105/724-nji ýylda Samarkantda doglup, Abywertde ösüp-ulalýarwe 178/795-nji ýylda Mekgede dünýäden ötýär.

[3]Usama ibn Zeýt ibn Harysa – hadys rowaýatçylarynyň biri. Ol 673-nji ýylda dünýäden ötýär.

[4]Gurhanyň 4-nji «Nisa» süresiniň 145-nji aýaty.

[5]Taňry üçüň (ýagny Taňry, Isa, Merýem) biridir. (Gurhanyň 5-nji «Manda» süresiniň 73-nji aýaty).

[6]Gurhanyň 2-nji «Bakara» süresiniň 146-njy aýaty.

[7]Gurhanyň 2-nji «Bakara» süresiniň 89-njy aýaty.

[8]Gurhanyň 7-nji «Agraf» süresiniň 175-176-njy aýatlary.

[9]Abu Muhammet Sagyt ibn Museýep ibn Huzn ibn Abu Wehp Mahzumy – meşhur tabygynlaryň biri. Ol 94/713-nji ýylda Mekgede ölýär.

[10]Kaýsar – Rum hökümdarlarynyň atlandyrylyşy.

[11]Kisra – Eýran şasynyň atlandyrylyşy.

[12]Wezir Tahyr – bu ýerde Halypa Mamunyň weziri Tahyr ibn Hüseýin göz öňünde tutulýan bolsa gerek.

[13]Jahylyýet döwrü– nadanlyk döwri, ýagny yslamdan öňki döwür.

[14]Bişr ibn Hars Hafy (767-842) – Merwiň Mabarsal atly obasyndan çykan beýik sopy pirleriň biri.

[15]Bişr ibn Hars ylym öwrenjek we öwrenen zadyna amal etjek bolup gören muşakgatyny başga biriniň görmezligi we oňa ýeňillik etmek maksady bilen kitaplaryny gömdi.

[16]Gurhanyň 17-nji «Isra» süresiniň 74-nji aýaty.

[17]Size inderilen kitap diýip Gurhan göz öňünde tutulýar.

[18]Olara inderilen kitaplar diýip Injil, Töwrat, Zebur göz öňünde tutulýar.

[19]Gurhanyň 3-nji «Ymran» süresiniň 199-njy aýaty.

[20]کـِـرَامـَـا کـَـاتـِـبـَـیْـن ِKirama kätibeýn — her adamyň iki egnindäki iki sany perişde.

[21]صـَـفـِـیُ اللهِSafyýulla – Taňrynyň päk bendesi.

[22] نـَـجـِـیُ اللهِِ Nejiýulla – Taňrynyň azapdan halas edeni.

[23]کـَـلـِـیمُ اللهِKelimulla – Taňry bilen gepleşen.

[24]نـَـبـِـی اللهِNebiýula – Taňrynyň pygamberi.

[25]Jabyr ibn Abdylla – sahabalaryň biri.

1Gurhanyň 28-nji «Kasas» süresiniň 76-nji aýaty.

2Gurhanyň 37-nji «Saffat» süresiniň 3-nji aýaty.

3Gurhanyň 2-nji «Bakara» süresiniň 44-nji aýaty.

4Gurhanyň 11-nji «Hud» süresiniň 88-nji aýaty.

1Gurhanyň 2-nji «Bakara» süresiniň 282-nji aýaty.

2Gurhanyň 2-nji «Bakara» süresiniň 196-nji aýaty.

3Gurhanyň 5-nji «Maida» süresi 108-nji aýaty.

[26]Abu Zurga Abdyrahman ibn Amr ibn Muhammet Awzagy – Şamyň ymamy, meşhur alym. Ol 707-nji ýylda Bagalbekde dogulýar we 774-nji ýylda Beýrutda dünýäden ötýär..

[27]Abu Abdyrahman Hatam ibn Unwan Asam Balhy – VIII asyrda ýaşap geçen meşhur sopylaryň biri.

[28]Abu Yshak Ybraýym ibn Edhem – meşhur sopylaryň biri. Ol 181/778-iylda dünýäden ötýär.

[29]Abu Zer Abd ibn Ahmet Ensary Herewi – hyratly muhaddis. Ol 434/1043-ji ýylda Hyratda ölýär.

1Gurhanyň 21-nji «Enbiýa» süresiniň 18-nji aýaty.

[30]Abu Aly Şakyk ibn Ybraýym Balhy – meşhur sopy pirleriň biri. Ol 791-nji ýylda Maweranahrda şehit bolup ölýär.

1Gurhanyň2-nji «Bakara» süresiniň 156-nji aýaty.

2Gurhanyň 79-njy«Nazygat» süresiniň 40-41-nji aýatlary.

3Gurhanyň16-njy «Nahl» süresiniň 96-nji aýaty.

1Gurhanyň 49-njy «Hujurat» süresiniň 13-nji aýaty.

2Gurhanyň 82-nji «Fatyr» süresiniň 6-nji aýaty.

3Gurhanyň 43-nji «Zuhruf» süresiniň 32-nji aýaty.

4Gurhanyň 11-nji «Hud» süresiniň 6-nji aýaty.

1Gurhanyň 65-nji «Talak» süresiniň 3-nji aýaty.

[31]Reý – Eýranyň gadymy şäherleriniň biri. Ony mongol-tatarlar weýran edýärler. Onuň harabalygy Tährana golaý ýerde ýerleşýär.

[32]Kazwyn – Reýden 27 parsah uzaklykda ýereleşen şäher.

1Abu Abdylla Muhammet ibn Ubeýt Tanafysy 127/745-nji ýylda doglup, 204/820-nji ýylda dünýäden ötýär.

2Ajamly— araplardan başga musulman halkyň wekili. Bu ýerle «ajamy» sözi «garamaýak» manysynda ulanylýar.

3Gulam— hyzmatkär oglan.

[33]Gurhanyň 32-nji «Ahzab» süresiniň 21-nji aýaty.