Ylmyň apatlarynyň, ahyret alymlarynyň we bozuk alymlaryň alamatlarynyň beýany (II)

Başy » YLYM BARADA KITAP » Ylmyň apatlarynyň, ahyret alymlarynyň we bozuk alymlaryň alamatlarynyň beýany (II)

Başy

  Hekaýat. Ýahýa ibn Ýezit Nowfeli Mälik ibn Enese (goý, Taňry olaryň ikisinden hem razy bolsun!) şeýle mazmunda hat ýazdy: «Bismillähi-r-rahmäni-r-rahym! Taňrynyň resuly, ilki hem soňkydünýä gelenleriň seýidi Muhammet alaýhyssalama Taňrynyň ýalkawy bolsun! Bu hat Ýahýa ibn Ýezit Abdyl­mä­lik­den Mälik ibn Enese ýazylandyr. Emma mundan soň men saňa aýtjak sözlerime girişýärin. Meniň eşidişime görä, çar ta­rap­dan adamlar ýanyňa gelip, seni ymam edinýärler we söz­le­ri­ňe uýýarlar. Muňa garamazdan sen zynatly eşikleri geýin­ýär­siň, tagamly iýmitleri iýýärsiň, ýumşak düşekçeleriň üstünde otur­ýarsyň, gapyňda hyzmatkär saklaýarsyň hem-de ylym mej­lislerini gurnaýarsyň. Eý, Mälik! Özüňi beýle halda tutma, Taň­rydan gork we pespäl kişi bol. Men bu haty saňa maslahat berip ýazýaryn. Hatyň mazmuny barada Taňrydan başga hiç kim bilmeýär. Saňa salam bolsun!»

Mälik oňa şeýle mazmunda jogap hatyny ýazdy: «Bis­mil­lähi-r-rahmäni-r-rahym! Seýidimiz Muhammet alaýhyssalama we onuň sahabalaryna Taňrynyň ýalkawy bolsun! Mälik ibn Enes­den Ýahýa ibn Ýezide Taňrynyň salamy bolsun! Emma mun­dan soň men şeýle aýdýaryn. Seniň ýazan hatyň maňa gelip gowuşdy. Taňrynyň razylygyna hem takwalyga gabat gel­me­ýän häsiýetlerime duýduryş berýän nesihatlaryňy kabul etdim. Taňry saňa nesihatyň üçin sogabyny bersin. Men saňa Taňrydan ýardam dileýärin. Allatagalanyňky ýaly güýç we gudrat başga kimsede ýokdur. Emma meniň zynatly eşikleri geý­megim, tagamly iýmitleri iýmegim, ýumşak düşeklerde oturmagym, gapymda hyzmatkär saklamagym baradaky sözüň jähetden aýtsam, men beýle işleri etdim we onuň üçin toba edip, Taňrydan günälerimi geçmegini dileýärin. Allatagala: «(Eý, Muhammet) Sen olara: «Taňrynyň bendeleri üçin beren zynatyny we halal rysgalyny kim haram edip biler?» diýip aýt»[34] diýdi. Men bu zatlary terk etmegim beýle zatlara içgin girişmekden ýagşydygyny bilýärin. Bize ýazmagy unutma, biz hem saňa hat ýazmagy unutmarys. Saňa ýene bir gezek salam bolsun!»

Mäligiň ynsabyna bak! Soň olaryň hemmesini terk et­me­giň ýagşydygyny boýun aldy. Ol bularyň mubahdygyna[35] pitwa berdi. Ol aýdan sözleriniň ikisine hem haklydyr. Siz Mälik ýaly ymamlyk derejesine ýeten adamyň ynsabyndan, nesihaty kabul etmeginden, özüni mubahyň çäklerinde saklap bilmeginden görelde alyň. Şonda siz dünýäniň hözirinden gereginden artyk peý­dalanmaga, ikiýüzli we mekruw zatlara meşgullanmaga me­ýil etmersiňiz. Dünýäniň hözirinden mubah derejede peý­da­lan­mak hemme kişä başartmaýar. Taňrydan gorkusy az bolan adamlar dünýäniň hözürine çakdanaşa berilýärler. Şeýle etmek bi­len olar özlerini uly howpa salýarlar we Taňry gorkusyny unud­ýarlar. Alyma hemişe Taňrydan howpda bolmak mahsus­dyr. Taňrydan howpda bolmak heläkçilikden uzaklaşdyrýar.

Ahyret alymlarynyň alamatlarynyň biri – soralan zada pit­wa bermäge howlukmazlygydyr. Ol laýyk pitwa bermelidir. Eger sowalyň jogabyny anyk bilmeýän bolsa, onda ol Gurhana, hadyslara, kyýasa, ijmaga garamalydyr. Eger ondan şübhelen­ýän zady barada soralsa «Men bilmeýärin» diýip jogap ber­me­li­dir. Eger ondan ijtihat[36] ýa-da takmyny jogap bermeli zat bara­da soralsa, onda ol başga alymlaryň pikirlerine salgylan­ma­ly­dyr we hata düşmek howpuny öz boýnundan düşürmelidir. Çün­ki, ijtihatda hata düşmek howpy uludyr.

Bir hadysda: «Py­gam­ber alaýhyssalam: «Ylym üç dürlidir. Birinjisi Gurhandyr, ikinjisi hadyslardyr. Üçünjisini «Men bilmeýärin» diýmekdir» diýdi» diýilýär. Munuň jogaby şeýle: «Bilmeýärin diýmek yl­myň ýarysydyr. Bilmeýändigi sebäpli Allatagalanyň razylygy üçin dyman kişiniň aljak sogaby geplän adamyň sogabyndan az däldir. Çünki, nadanlygyňy boýun almak kyn zatdyr. Sahaba­la­ryň hem, olardan soň öten alymlaryň hem (goý, Taňry olaryň hemmesinden razy bolsun!) adatlary edil şunuň ýalydy. Ibn Omardan bir sowal barada pitwa bermegi soranlarynda, onda ol: «Ynsanlaryň işlerini boýnuna alan pylan emiriň ýanyna gi­dip, bu meseläniň çözgüdini ondan sora» diýip jogapkärçiligi öz boýnundan aýryp, onuň boýnuna atardy. Ibn Mesgut (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Ynsanlaryň her bir sowalyna jo­gap berýän kişi akmakdyr» diýdi. Ol ýene: «Alymyň galkany: «Men bilmeýärin» diýmekdir. Çünki, eger ol galkanyny ulan­makda hata goýberse, duşmany ony heläk eder» diýdi. Yb­ra­ýym ibn Edhem (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Şeýtan üçin alymyň käbir meseleler barada geplemeginden we käbir meseleler barada dymmagyndan agyr zat ýokdur. Şeýtan şon­da: «Alymyň geplemeginden dymmagy meniň üçin has erbet­dir diýer» diýdi.

Alymlaryň biri abdallary[37] şeýle wasp edipdir: «Olaryň azyk­lary mätäçlikdir, ukulary oýalykdyr, sözleri zerurlykdyr, ýagny olar soralmasa geplemezler, soralsa anyk jogap bererler we ýene-de dymarlar, mejbur edilseler geplärler, soraga başga jo­gap berjek adam bar bolsa dymarlar. Iýjek zatlaryny anyk­la­man iýmezler, ukulary tutmasa uklamazlar».

Aly bilen Abdylla ibn Apbas (goý, Taňry olaryň ikisinden hem razy bolsun!) adamlara öz sözlerini diňledip duran bir adama gabat geldiler. Ol ikisi ony biraz diňlänlerinden soňra: «Bu kişi özüni dili bilen adamlara tanatmak isleýär» diýdiler. Alymlaryň biri: «Hakyky alym bir mesele barada özünden sorasalar, jogabyň kynlygyndan ýaňa dişi bilen dili sogrulan adam ýaly bolar» diýipdir. Ibn Omar: «Adamlar! Siz bizi üs­tünden jähenneme ötülýän köpri etmek isleýärsiňizmi?» di­ýer­di. Abu Hafs Nyşapury: «Hakyky alym soraga jogap bermekçi bolanda, hyýalyna: «Kyýamatda: «Sen beýle jogaby nireden tap­dyň?» diýen sowalyň beriljeginden gorkýan adamdyr» diý­di. Ybraýym Temimi özünden bir mesele barada soralsa aglar­dy we: «Eýsem, siz menden başga tutaryk ediner ýaly adam tap­ma­dyňyzmy?» diýerdi. Abu Aly Reýýahy, Ybraýym ibn Edhem, Sufýan Söwri iki, üç ýa-da az sanly adam bolsa söz­lär­di­ler. Köp adam üýşse, olar çykyp giderdiler. Pygamber alaý­hys­salam: «Men Uzaýryň pygamber bolandygyny ýa-da py­gam­ber bolmandygyny bilmeýärin. Hökümdar Tubbagyň[38] mel­gun bolup bolmandygyny, Zülkarneýniň pygamber bolan­dy­gy­ny ýa-da pygamber bolmandygyny bilmeýärin» diýdi. Ol ýene edil şunuň ýaly ondan: «Oturylýan ýeriň iň ýagşysy haýsy ýer?» diýip soralanda: «Jebraýyl perişde gelip, bu sowala jogap getirýänçä men bilmeýärin» diýdi. Pygamber alaýhyssalam bu sowaly Jebraýyl perişdeden soranda, ol: «Taňry maňa oturyl­ýan ýerleriň iň ýagşysy metjitdir, iň erbedi bazardyr» diýip aýdýança bilmeýärdim» diýdi. Ibn Omar (goý, Taňry ondan razy bolsun!) özünden on mesele barada soralsa, onuň diňe bi­ri­ne jogap bererdi we dokuzyna jogap bermän dymardy. Fa­kyh­laryň: «Men bilýärin» diýýänlerinden «Men bilmeýärin» diýýänleri köpdi. Olardan: Sufýan Söwri, Mälik ibn Enes,[39] Ah­met ibn Hanbal, Fuzaýl ibn Yýaz, Bişr ibn Hars.

Abdyrahman ibn Abu Leýla:[40] «Men Medinedäki Pygam­ber alaýhyssalamyň metjidinde sahabalaryň ýüz sanysyna duş­dum. Olaryň hemmesi hem özlerinden bir hadys barada soralsa ýa-da soraga pitwa berilmegi islense, oňa özleri jogap bermek islemän, bu işi ýoldaşlaryndan başga biriniň boýnuna dakar­dy­lar. Onuň ýoldaşy hem başga birinden jogap bermegi sorapdy. Şeý­lelikde, jogap bermek işi biri-birine atylyp, iň soňunda onuň özüne aýlanyp gelerdi» diýdi.

Rowaýat edilişine görä eshab as-suffadan[41] bolan birine bi­şen goýun kellesi sadaka berlipdir. Ol iýmäge näçe mätäç bolsa hem, ony ýoldaşyna geçiripdir. Ýoldaşy bolsa başga bir sahaba geçiripdir. Şeýlelikde, kelle olaryň birinden birine geçip, öw­rü­lip-aýlanyp şol birinji sadaka berlen sahabanyň eline gelipdir. Olaryň arasyndaky sahawatyň nähili bolandygyna bakyň! Her bir sahaba özüniň mätäçligine garamazdan ýoldaşynyň mätäç­li­gi­ni unutmandyr. Ýene, häzirki zamanyň alymlarynyň özlerini alyp baryşlaryna bakyň! Işleri nähili tersine dönüpdir?! Indi, mä­täç däl adam mätäç adam, mätäç adam mätäç däl adamdan gaçýar. Pitwa bermekden häzir bolmalydygy barada ygtybarly alymlardan rowaýat edilýän habarlar güwä geçýär. Şeýle ha­dys­laryň birinde: «Adamlara diňe üç kişi pitwa berer: Emir, pit­wa çykarmaga ygtyýarlandyrylan we bularyň daşynda galan kyssaçylar» diýilýär. Alymlaryň biri: «Sahabalar dört zatdan gaçardylar: ymamlykdan, wesýet etmekden, amanat zat sakla­mak­dan we pitwa bermekden» diýipdir. Alymlaryň biri: «Pit­wa­ny çalt berýän alymyň ylmy pesdir, pitwany howlukman ber­ýän alymyň ylmy kämildir» diýipdir. Alymlar bäş sany zada meşgul bolardylar: «Gurhan okardylar, metjit bina ederdiler, Taň­rynyň zikrini ederdiler, adamlara ýagşy işleri etmegi we ýa­ra­maz işlerden saklanmagy ündärdiler. Olar beýle here­ket­le­rin­de Pygamber alaýhyssalamyň şu sözüni tutaryk edinerdiler: «Adam oglunyň her sözi üç zatdan başga zatda özüne zy­ýan­dyr. Ýagşy işi buýurmakdan, ýaman işden saklatmakdan we Taň­ry­nyň zikrini etmekden başga zatda». Beýik Taňry: «Ola­ryň sadaka bermäge, ýagşy işleri etmäge we adamlary ýaraş­dyr­maga ündeýän sözlerinden bolaýmasa, köp sözlerinden peýda ýokdur»[42] diýdi.

Nasr ibnAly Kuhzum kufeli müjtehit pitwaçy alymlaryň biri bolan Halyt ibn Ahmedi düýşünde gördi we ondan: «Sen ijtihatdan we pitwadan näme peýda gördüň?» diýip sorady. Ol oňa: «Men olardan hiç hili peýda görmedim» diýip jogap berdi.

Ibn Kaýýym: «Pitwaçy alymlaryň biri möhüm meselelere ýeke özi jogap berýärdi. Eger beýle meseleler barada Omar ibn Hattapdan (goý, Taňry ondan razy bolsun!) soralan bolsady, onda ol oňa Bedr söweşine gatnaşanlaryň hemmesini bir ýere jemlemän jogap bermezdi» diýdi. Zerurlyk bolmasa dymyp otur­mak ylym ähline mahsus bolan häsiýetdir. Bir hadysda: «Eger siz dymma we takwa adamy tapsaňyz, oňa ýakynlaşyň. Çünki, ol hikmet eýesidir» diýilýär. Aýdylypdyr: «Alymlaryň halal-haramy saýgarmak bilen meşgul bolýany bolýar. Beýle alym müftidir, soltanlaryň alymydyr. Ýa-da alym has alym bolýar. Ol towhyt we köňül işleriniň alymydyr. Beýle alymlar adam­lardan aýrylyp, özlerini çolalyga çeken alymlardyr. Aý­dy­lyp­dyr: «Ahmet ibn Hanbal ýaly alymlar Dejle derýasyna meň­ze­ýär. Her kim derýadan suw alyşy ýaly, olardan ylym alyp biler. Bişr ibn Hars ýaly alymlar süýji we dury guýy suwuna meňzär. Olardan köp bolup birden däl-de, eýsem guýudan no­ba­ta durup suw alnyşy ýaly nobatma-nobat ylym alnar». Şeý­le hem ­diýip alymlary bölýärler: «Pylany alym, pylany müte­kel­lim, pylany köp sözli, dymmaklyga has ýakyndyr». Abu Süleý­man Darany: «Ylym sözlemekden we dymmakdan tapylar» diý­di. Aýdylypdyr: «Söz köpelse, ylym azalar» Sel­man Parsy[43] Py­gamber alaýhyssalamyň dogan okaşan dogany Abu Derda (goý, Taňry olaryň ikisinden hem razy bolsun!) şeýle maz­mun­ly hat ýazdy: «Eý, dogan! Meniň eşidişime görä sen dertlilere em edýän tebip bolupsyň. Eger sen hakyky tebip bolsaň, dertli kişä maslahat ber, sözlemegi terk etme. Eger ýa­sa­ma tebip bolsaň, onda, musulmanlaryň ganyna galjakdygyňy bilip, Taň­ry­dan gork». Şundan soň Abu Derda soralan sowal­lara jogap bermekden gaçdy. Enes (goý, Taňry ondan razy bol­sun!) özün­den bir mesele barada soralsa: «Siz ony biziň beýik alymymyz Hasan Basrydan soraň» diýerdi. Ibn Apbas (goý, Taňry ondan razy bolsun!) özünden bir mesele barada soralsa: «Siz ony Ha­rysa ibn Zeýtden soraň» diýerdi. Ibn Omar (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Siz sowallaryňyzy Sagyt ibn Museýýebe beriň» diýerdi. Bir hekaýatda aýdylyşyna görä, Hasan Basrynyň gur­nan ylmy mejlisinde alymlaryň biri ýigrimi hadys okady. On­dan hadyslara düşündiriş bermegini soradylar. Ol alym: «Men bilýän zadymy aýtdym. Başga zat bilmeýärin» diýdi. Onsoň Hasan Basry her hadysy aýratynlykda düşündirmäge başlady. Bu mejlisde oturanlar şeýle gowy düşündiriş berşine we ýat­keş­ligine haýran galdylar. Ol alym: «Biziň aramyzda şeýle ez­ber alym bar. Siz bolsa menden soraýarsyňyzmy» diýdi.

Ahyret alymlarynyň alamatlarynyň biri– ünsüniň köpüsini batyn ylmyna gönükdirmelidir, kalbyna gözegçilik etmelidir,ahyret ýoluny bilmelidir hem-de onuň ýolagçysy bolmalydyr. Yhlasy we kalbyna gözegçiligi çynlakaý bolmagydyr. Çünki, yhlas ony aýanlyga we köňül ylymlarynyň inçe syrlaryna dü­şün­megine alyp barýar. Netijede, onuň kalbyndan hikmet çeş­me­leri çogup çykýar. Kitaplar we kitaplardan öwrenilen ylym­lar oňa ýardam bermeýär. Kalpdaky hikmetiň gapysy yhlas, gö­zeg­çilik we şerigat kanunlaryny, batyn amallaryny berjaý et­mek, maddy gatnaşyklardan kesilip, bütin barlygy bilen Taňry bi­len gatnaşykda bolmagy bilen açylýar. Munuň özi ylhamyň açarydyr we aýanlygyň çeşmesidir. Ençe talyplar näçe köp wagt ylym öwrenseler hem eşideninden artyk zat bilmegi ba­şar­mazlar. Köp möhüm ylymlary öwrenip, amaly artdyryp, kal­by­na gözegçilik edip, akyl eýelerini haýran galdyryp, hikmetiň inçe syrlaryna düşünenleriň Allatagala köňüllerini açar. Şonuň üçin Pygamber alaýhyssalam: «Kim bilýän zadyna amal etse, Allatagala oňa bilmeýän zadyny bildirer» diýdi.

Öten pygamberler baradaky kitaplaryň birinde şeýle ýazy­lyp­dyr: «Eý, Ysraýyl kowumynyň adamlary! Siz: «Ylym as­man­dadyr. Kim ony inderjek? Ylym ýeriň astyndadyr. Kim ony ýeriň üstüne çykarjak? Ylym deňizleriň aňyrsyndadyr. Kim ony deňizlerden ötüp getirjek?» diýmäň. Ylym siziň kalby­ňyz­da­dyr. Meniň öňümde ruhuňyzy terbiýeläp, ahlaklaryňyzy pe­riş­deleriňki ýaly päkläň. Şonda siziň kalbyňyzda ylym peýda bolar».

Sähl ibn Abdylla Tusteri[44] (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Alymlar, ybadathonlar, takwalar kalplary ýapyk halda dünýäden geçerler. Diňe syddyklaryň we şehitleriň kalplary açylar» diýdi. Soňra Allatagalanyň şu sözüni okady: «Gaýyp ylym­laryň açarlary Taňrynyň dergähindedir. Gaýyp zatlary di­ňe Taňrynyň özi anyk biler».[45] Soňra bu aýaty şeýle düşündirdi: «Eger batyn ylmy çaýylan kalplaryň aňlaýşy zahyr ylmyna häkim bolmadyk bolsady, onda Pygamber alaýhyssalam: «Saňa müftiler nähili pitwalar berseler hem öz kalbyňa geňeş» diýip aýtmazdy». Bir kudsy[46] hadysda Pygamber alaýhyssalam Taň­ry­nyň şu sözüni: «Bende nepil amallar[47] bilen meniň yşkyma ýa­kyn­laşar we söýgüme mynasyp bolar. Men ony söýen wag­tym onuň göz wegulagy bolaryn. Ol şol göz bilen görer bilen görer we şol gulak bilen eşider» diýdi.

Gurhanyň aýatlarynyň tefsir kitaplarynda berilmedik we beýik mufessirleriň[48] bilmedik inçe syrlary bar. Beýle syrlar pikir we zikr bilen bişişen kalplara ornaşýar. Özüne gözegçilik eden müride beýle syrlar aýan bolar. Beýik mufessirler onuň ylhamyny oňlarlar we munuň kalbynyň törüne Taňrynyň oňa mähribanlygyny we gujur-gaýraty gönderilendigini bilerler. Mu­kä­şi­fe, mugamala ylymlaryndaky we kalbyň inçe syrla­ryn­daky ýagdaý edil şunuň ýalydyr. Çünki, bu ylymlaryň her biri­niňçuňlugy nämälim deňiz ýalydyr. Ol deňze her talyp özüne berlen ylmyň mukdaryna we Taňrynyň amalyna derek beren ýardamynyň mukdaryna görä girýär. Şeýle alymlary wasp edip Aly (goý, Taňry ondan razy bolsun!) şeýle uzyn hadysy aýtdy: «Kalplar gaplardyr. Gaplaryň gowusy ýagşylyk bilen doldury­lan gapdyr.

Adamlar üç dürlüdir:

1. Taňryny tanan alym;
2. Ha­las­lyk üçin ylym öwrenýänler;

3. Bolar-bolgusyz adamlar.

Üçünji toparyň adamlary nadanlaryň we şerraýlaryň yzyna dü­şer­ler, her ösen şemala eýererler, ylym ugrundan şöhle al­maz­lar, ylmyň berk galasynda ornaşmazlar. Ylym maldan ýagşy­dyr. Ylym seni gorar, sen ylmy gorarsyň. Ylym harç edilmegi bi­len köpelýändir, mal harç edilmegi bilen azalýandyr. Diri­lik­de ýagşy amallaryňylmyň üsti bilengazanylyşy ýaly, ölümden soňky hormatly ýaşaýyş hem ylmyň üsti bilen mümkindir. Ylym häkimdir, mal höküm edilýän zatdyr. Baýlygyň peýdasy baýlygyň gitmegi bilen gider. Hazynaçy ölse, hazyna ortada galar. Diňe alymlar dünýä durdugyça ýaşarlar». Soňra hezreti Aly uludan demini aldy we: «Üns ber! Eger laýyk adamy tap­sadym, meniň gursagymda uly ylym bar. Ýöne oňa ygtykat etmän, dini dünýäniň peýdasyna öwrenýänler bar. Olar öwre­nen delillerini Taňrynyň nygmatlaryna we Taňrynyň dost­la­ry­nyň garşysyna ulanmak isleýärler. Olaryň kalbyna hakykat äh­line şübhe etmek tohumy ekilendir. Bular haýsy tarapa ýöre­ýän­diklerini bilmeýän, dünýä gözelliklerinden lezzet alyp, akyl­laryny ýitiren, artyk mal ýygnamak höwesine düşüp, nebsi­ne uýan kimselerdir. Olar lezzet almakda sürüde bakylýan haý­wan­lar ýalydyr. Beýle alymyň ölmegi bilen ondaky ylym hem öler. Şeýle hem bolsa ýer ýüzi Taňrynyň delillerini gora­ýan­lar­dan boş bolmaz. Beýle alymlar ýa-ha her kişiniň görüp biljek şe­kilinde hereket ederler, ýa-da öz delillerini goramak üçin giz­lin galmagy ýerlikli hasaplarlar» diýdi[49]. Olaryň sanlary azdyr, ga­dyr-gymmaty beýikdir. Allatagala öz delillerini olardan go­rar, delillerini olardan soňra geljeklere miras eder we olary soň­kularyň kalplaryna ýetişdirer. Ine, şeýle alymlar ylym bilen işiň hakykatyna hüjüm ederler. Olar ruhy derejelere ýetişerler. Ola­ryň içinde hem käbirleri dünýäni dost tutup, wagşylaşarlar. Ruh­lary beýik makamlara ýetişenler Taňrynyň ynamly we em­rine amal edýän dostlarydyr. Olar adamlary Taňrynyň dinine ün­därler» diýdi. Soňra aglady we: «Meniň höwes edýänlerim, ine şeýle adamlardyr» diýdi. Onuň soňky wasp edenleri ahyret ylymlarynyň waspydyr. Olar beýle waspa amal etmek we he­mişe yhlasly bolmak bilen ýetýärler.

Ahyret alymlarynyň alamatlarynyň biri — ýakyn ylmy[50] kuwwatlandyrmaga ähmiýet bermekdir. Din sermaýasynyň başy ygtybarly ylymdyr. Pygamber alaýhyssalam: «Ygtybarly ylym – imanyň jemidir» diýdi. Ilki saňa ygtybarly ylmyň baş­langyçlaryny öwrenmek gerek. Şonda saňa ygtybarly ylmyň ýo­ly açylar. Bu sebäpden Pygamber alaýhyssalam: «Ygtybarly ylmy öwreniň» diýdi. Ýagny, ýakyn ylmyň alymlary bilen otur­şyň, olardan ýakyn ylmyny öwreniň. Hemişe olara uýup geziň. Goý, siziň ygtybarly ylmyňyz olaryň ygtybarly ylymla­ry­nyň kuwwatlanyşy ýaly kuwwatlansyn. Ýakyn ylmyň azy-da köp amaldan haýyrlyrakdyr. Pygamber alaýhyssalam bu jähet­den: «Günäsiz adam bolmaz» diýdi. Ybadata yhlasly, ylmy az bilýän kişä günäler zyýan getirmez. Ol her sapar günä işi etse, toba edýär, ökünýär, günäleri barada pikirlenýär, onda ony jennete girizjek päklik galýar. Pygamber alaýhyssalam başga bir hadysda: «Kime ýakyn ylymdan we sabyrdan azajyk muk­dar berilen bolsa hem onda oňa öten orazalary hem gijeleri oýa bolup nepil namazlary okamandygy üçin azap berilmez» diýdi. Lukman ogluna wesýet berip şeýle diýdi: «Eý, oglum! Ýakyn ylmyň bolmasa amal edip bilmersiň, her kim ylmynyň mukda­ry­ça amal eder. Amalyň kemterligi ýakyn ylymyň kem­ter­li­gin­den gelip çykýar» diýdi. Ýahýa ibn Mugaz:[51] «Towhydyň nury müşrikleriň ýakan şirk odundan kuwwatlydyr» diýdi. Ol bu «nur» sözi bilen ýakyn ylmyny göz öňünde tutdy. Gurhanda ýa­kyn ylym berlenler hakda we olaryň ebedi bagtyýarlyga ýe­tiş­jekdigi barada köp aýatlarda ýatlanylýar.

Sen: «Ýakyn ylmyň manysy näme? Onuň kuwwatynyň we gow­şak ýeriniň manysy näme?» diýersiň. Ilki bilen oňa dü­şün­mek, özleşdirmek, soňra amal etmek gerek. Onuň suraty kal­byň­da aýan bolmasa, asla öwrenmek mümkin däldir. Biler bol­saň «ýakyn» sözi umumy söz bolup, iki sany dürli manyda ula­nyl­ýar. Nazaryýet we kelam alymlary ony: «Şübhäniň ýok­lu­gy» diýen manyda ulanýarlar. Nebsiň bir zada meýil etmeginiň dört sany makamy bardyr:

1. Inkär etmegiň we tassyklamagyň deň bolmagy. Muňa «şek» diýýärler. Eger senden bir anyk adama Allatagalanyň azap berjegi ýa-da bermejegi barada soralsa, onda ýagdaý seniň üçin näbelli haldyr. Sen bir tarapa höküm berip bilmersiň. Çün­ki, onuň azap görmegi hem, görmezligi hem mümkindir. Ine, şuňa «şek» diýilýär.

2. Iki işiň ikisiniň hem mümkindigine garamazdan, özüňi olaryň birine meýil etdirmek. Meselem, senden ýagşylyk we takwalyk bilen tanaýan adamyň barada: «Bu adam şu halynda ölse, onda ol azap görermi?» diýip soralsa, onda sen: «Ýok, oňa azap berilmez» diýen jogaba meýil edersiň. Bu onuň ýag­şy­lygynyň alamatlarynyň ýüze çykmasydyr. Ýöne sen içiňden: «Belki oňa azap degişli bolar» diýen jogaba meýil etmegiň hem mümkin. Içki meýliň dürli jogaplaryny deňeşdirmezden anyk sözüni kabul edip bolmaz. Ine, muňa «zan»[52] diýilýär.

3. Öz oýuňa geljek zady dogry diýip tapmak. Eger aý­dyl­ýan zat seniň oýuňa ters gelse hem, özüňkini dogry bilmek. Bu ýagdaý ynsanyň bir zady dogry diýip meýil etmegidir we dogry diýip bilmek tarapyna özüniň agramyny gyşartmaga çalyş­ma­gy­dyr. Ýöne onuň bu oýy degerli delillere daýanmaýar. Bu ma­ka­myň eýesi şek bilen öz oýuny dürs görýär. Muňa: «Ýakyna (ygtybarly ylma) ýakynlaşan ygtykat» diýilýär. Ol aam (sowat­syz) adamlaryň hemmesiniň şerigat hökümlerine ygtykadydyr (ynanjydyr). Beýle ygtykat diňlemegiň netijesinde emele gel­ýär. Bu makamyň adamlarynyň aňyna öz mezhepleriniň dürs­dü­gi we öz ymamlaryna eýermelidigi baradaky düşünje ornaş­ýar. Eger olaryň birine öz ymamlarynyň hata goýbermek müm­kin­çiliginiň bardygy barada aýdylsa, onda ol beýle pikiri kabul etmekden ýüz dönderer.

4. Hakykaty şeksiz delillerden gelip çykýan ýol bilen bil­mek. Şübhe we şübhe mümkinçiligi garyşmaýan ygtykada na­zar­ýet we kelam alymlary «ýakyn» diýýärler. Munuň mysaly, akyly bar bolan kişiden: «Bu barlyklaryň içinde gadymy zat bar­my» diýlip soralsa, onda ol anyk tassyk edip bilmez. Çünki gadymy zady göz bilen görüp bolmaýar. Gadymy zatlaryň köpüsi göz bilen görüp bolýan gün ýa-da aý ýaly däldir. Zatlar gadymdan bäri gelýän zat ýa-da soň dörän zatlar bolup biler. Munuň üçin biriň ikiden köp bolmaýandygyny we sebäpsiz bir hadysanyň bolmaýandygyny bilmek zerurdyr. Beýle zatlar birinji nazarda bilinýär. Ýöne, munuň özi soňra ýüze çykan zady bilmegiýaly däldir. Çünki bu hem zerurdyr.

Gadymy zadyň barlygyny käbir adamlar kitaplardan oka­ýar­lar, biri-birlerinden eşidýärler we beýle ynanç olaryň aň­la­ryn­da dowam edýär. Bu ynanç aam adamlaryň ynanjydyr. Adam­laryň käbiri gadymy zady delilleriň üsti bilen bilýär. Eger barlyklaryň hemmesi gadymy bolmasa olar täze[53] bolmaly bolar. Beýle zat bolsa mümkin däldir. Diýmek, barlyklaryň bir bölegi gadymy, bir bölegi täze bolmaly bolar. Şonuň üçin bar­lyk­lar baradaky mesele üç topara bölünýär:

1. Barlyklaryň hemmesiniň gadymy bolmagy;

2. Barlyklaryň hemmesiniň täze bolmagy;

3. Barlyklaryň bir böleginiň gadymy, bir böleginiň bolsa täze bolmagy. Eger «hemmesi gadymy» diýilse, onda hata bo­lar. Eger «hemmesi täze» diýilse, bu hem mümkin bolmaz. Beý­­le dawanyň ikisi hem çüýrän düşünjedir. Üçünji topar ba­ra­daky düşünje dürsdir. Beýle düşünjä «ýakyn» diýilýär. Ýakyn (ygtybarly) düşünje ýa-ha delilleriň üsti bilen, ýa-da ynsanyň bäş duýgusynyň üsti bilen subut edilip bilner. Bu jähetden her bir zady bilmek ygtybarly bolup biler. Ýöne her bir zady yg­ty­bar­ly bilmegiň şerti arada şübhäniň bolmazlygydyr. Ygty­bar­ly­lyk­da gowşaklyk ýokdur. Çünki, gowşaklyk bilen şübhe iki­si­niň arasynda tapawut ýokdur.

Ýakyn (ygtybarly) ylma sopularyň, fakyhlaryň we başga alymlaryň garaýyşlary barada aýdylanda bolsa, onda ýokarda aýdylan dürs, şübheli düşünjeler nazara asla alynmaýar we akyl bilen dürs bilinýän zatlar göz öňünde tutulmaýar. Bularyň dü­şün­jesine görä:«Pylanynyň ölüme bolan ýakyny gowşak» di­ýilse, bu sözde şek bolmaýar, emma: «Pylanynyň rysgala bolan ýakyny «güýçli» diýilse, onda bu söz şeklidir.Haçan adam bir zady tassyk etmäge meýilli bolsa, bu meýil onuň kalbynda ag­dyklyk etse, onda ol zady dürs hasaplamakda ýa-da dürs hasap­la­mak­dan saklanmakda ol özygtyýarly bolýar. Onuň bu halyna «ýakyn» diýilýär. Adamlaryň hemmesi ölümiň geljekdigine şek etmeýär. Ýöne olaryň käbiri ähmiýet bermeýär we oňa taý­ýar­lanmaýar. Bu kişiniň haly ölüme ynanmaýan hökmünde bol­ýar. Olaryň başga biri bolsa muny kalbyna ornaşdyrýar we başga zatlara meşgul bolup, bu ünsüni gowşatmaýar. Beýle ki­şi­niň haly «kuwwatly ýakyn» diýip atlandyrylýar. Şonuň üçin alymlaryň biri: «Men adamlarda ölüme şübhe bolmadyk ýa­ky­ny we ýakyn bolmadyk şübhäni gördüm» diýipdir (ýagny ölü­mi anyk bolan adamyň hem ölüme taýýarlanmazlygy ony şüb­he­li kişi hökmünde görkezýär). Bu ýagdaý olary şübheli kişä meňzedýär. Şeýle häsiýetnama görä ýakyn «gowşak» we «kuw­watly» adalgasy bilen aňladylýar.

Biz: «Ahyret ylymlarynyň alamaty – ýakynlaryny kuw­wat­landyrmaga ähmiýet bermelidir» diýen jümlämiz bilen iki manyny göz öňünde tutýarys. Birinji many şekli zady inkär et­mek, ikinji many bolsa ýakyny (ygtybarly ylmy) kalba or­naş­dyr­makdyr. Eger sen muňa düşünseň, onda biziň «ýakyn» di­ýen sözümiziň üç sany topara bölünýändigini bilersiň. Olar:

1. Kuwwatly we gowşak ýakyn;

2. Köp we az mukdar ýakyn;

3. Äşgär we gizlin ýakyn. Kuwwatly we gowşak ýakyn sopula­ryň adalgasyna görädir.

«Ýakyn» sözüniň manylaryndan: adamlaryň derejeleriniň kuwwatlylygynyň ýa-da gowşaklygynyň ýa-da ölüme taýýar­la­nyş­larynyň tapawutly bolmagydyr. Azlyk we köplük jähetden aýdylanda, onda ýakynlyk (ygtybarlyk) jähetden zatlaryň azlyk we köplügine baglydyr. Meselem: «Pylan adam pylanydan hem alymdyr, ylmy hem onuňkydan köpdür» diýip deňeşdirilişi ýa­ly. Ylmy köp kişiniň beýlekä görä ýakyny hem kuwwatlydyr.

Biler bolsaň, başdan tä ahyra çenli ähli pygamberlerden (goý, olara Taňrynyň ýalkawy bolsun!) gelip ýeten her bir zat ýakynyň akymlaryndandyr. Çünki, ýakyn mahsus ylymdan we şerigat bilen baglanyşykly maglumatlardan ybaratdyr. Ýakynyň öz içine alýan hemme maglumatlaryny sanap geçmek bu ýerde mümkin däl. Şonuň üçin men onuň esasylary hasaplanylýan mö­hüm zatlar barada aýdyp geçmekçi.

Towhyt — her bir zadyň sebäpkäri Alla diýip bilmekdir.

Hemme serişdeler Onuň erkine tabyndyr. Beýle ynanjy bolan adam ýakynyň täsirindedir. Eger adamyň iman bilen bilelikde şübhe gatanjy hem bar bolsa, onda onuň iki manynyň biri bilen ýakyna ynanjy bolar. Birinji many – eger imany şek-şübheden ag­dyklyk etse, onda onuň ýakyny kuwwatly bolar. Ikinji many – eger şeki imandan agdyklyk etse, onda onuň ýakyny gowşak bolar. Birinji many ýakynyň miwesidir, ruhy we peýpdasydyr. Kätibiň elindäki galamyň kätibiň emrine tabyn bolşy ýaly gün, aý, ýyldyzlar, jansyz her bir zat, haýwanlar, ýer, ynsan — bu­la­ryň hemmesi Taňrynyň emrine tabyndyr. Adam her bir zadyň çeşmesi ezeli gudrat diýip bilen halynda onuň kalbynda Taňra bil baglamak, Ondan razy bolmak, Onuň emrine tabyn bolmak agdyklyk edýär. Ol gahar-gazapdan, ýigrençden, göriplikden we başga ýaramaz ahlaklardan halas bolýar. Bu bolsa ýakynyň ýol­larynyň biridir. Ýakynyň peýdalarynyň birinden Alla­ta­ga­la­nyň: «Ýer ýüzündäki hemme zatlaryň rysgaly diňe Taňry­dan­dyr»[54] diýen aýata görä, ýakyn takdyrda adamyň özüne rysgal edilip buýulan zadyň özüne geljekdigine bolan ynançdyr. Ol bu ynanjy näçe kuwwatlandyrsa, şonça hem rysgalyny dogry ýollardan tapar. Onuň nebsewürli tamakinçiligi azalar. Ýitiren zadyna gynanmaz. Munuň özi ýakynyň miwelerindendir, tagat­lar­dandyr we öwgüli ahlaklaryndandyr.

Zerre mukdarynda ýagşylyk etseň, şonça mukdarda sogap görjekdigine, zerre mukdarynda ýaman iş etseň, onuň azabyny görjekdigine bolan ynanjyň kalpda agdyklyk etmegi ýakynlyk alamatlaryndandyr. Ýagny, bu hal sogap hem azap bilen bagla­ny­şykly ýakyn (päk) ynanjydyr. Tagat – çöregiň dokluga eltişi ýaly sogaba eltýär. Günä – awynyň heläkçilige eltişi ýaly azaba eltýär. Ýakyn ynanjy bolan adam açlygy gidermek üçin çöregiň azyny hem köpüni hem goralşy ýaly tagat — ybadatyň azyny hem köpüni hem gorar. Ol zäheriň azyndan hem köpünden ga­çy­şy ýaly, günäniň azyndan hem köpünden hem gaçar.

Birinji manydaky ýakyn hemme möminlerde bardyr. Ikinji manydaky ýakyn diňe Taňra ýakynlyk tapanlarda bardyr.

Ýakynyň miwesi hereketlere we oý-pikirlere gözegçilik etmek bilen, takwalygy artdyrmak bilen we ýaramaz ahlak­lar­dan çekilmek bilen ýüze çykýar. Eger ýakyn kuwwatly bolsa, ýaramaz ahlaklardan çekinmek hem kuwwatly bolýar.

 Ynsanyň özüniň her bir halyny Taňrydan diýip bilmegi, giz­lin we aýan pikirlerini Taňrydan diýip bilmegi ýakyn ynanç­dandyr. Beýle ýakyn ynanç birinji manyda bolup, ol her bir möminde bardyr, ýagny bu ynanç şübhäniň bolmazlygy bilen baglanşyklydyr. Emma ikinji many barada aýdylanda bolsa, ol syddyklara mahsusdyr. Onuň miwesi ynsanyň kalbyny terbi­ýe­leý­ji hylwatda (çolalykda) bolmakdyr. Beýle ýakyn ynanjyň eýe­leri ýeke özi çolalykda oturyp, köňül edebine meşgul bolýar we oňlanylmaýan hereketlerden çekilýär. Ol batyn düşünjelere hem zahyr hereketlere uýýar. Onuň içi-daşy bir bolýar. Ol da­şy­ny adamlar üçin, içini bolsa Taňry üçin päkleýär. Ýakyn ynan­jyň bu makamy haýa, howp, tabynlyk, pespällik, köňül kö­şeş­mesi ýaly we beýleki oňlanylýan ahlaklary döredýär we dür­li tagatlara meşgullandyrýar.

Mahlasy, ýakyn bu manylary bilen bir uly agaç mysa­lyn­da­dyr. Kalpdaky bu ahlaklar şol agaçdan çykan şahalar ýaly­dyr. Amallar, ybadatlar ahlaklardan çykan miwelerdir. Ýaky­nyň köp ýollary we girelgeleri bar. Eger Hudaý halasa, bu ýol­lar we girelgeler barada dördünji jiltde, ýagny «Halas ediji zat­lar baradaky çärýek» atly bölümde aýdarys. Häzirlikçe ýaky­nyň şu manylaryny bilmek ýeterlikdir.

Ahyret alymlarynyň alamatlarynyň biri — hemişe gaýgy­ly, köňül synyklykda, baş egsiklikde, dymyp oturmakda bol­mak­dyr. Taňrydan gorkmagyň eseri onuň daş sypatynda, eşi­gin­de, özüni alyp barşynda, hereketinde, gepleýşinde, dymy­şyn­da, oturşynda-turşunda ýüze çykýar. Oňa her bakan kişi onuň oturşyndan Taňryny zikr edýändigini, görnüşiniň ama­ly­na güwä geçýändigini biler. Onuň gözünden ýaşlaryň akmagy köň­lü­niň aýnasydyr. Ahyret alymlary kiçi göwünlilik, pespällik, ümsüm oturmak ýaly häsiýetler bilen tanalýar. Allatagalanyň bendelerine geýdiren eşiginiň iň gowusy tabynlyk bilen ümsüm oturmak eşigidir. Bu bolsa ýagşyzadalaryň, syddyklaryň we alymlaryň alamatlaryndandyr.

Emma köp geplemek, öwünip sözlemek, köp gülmek, he­re­ketde hem sözde gaharly bolmak barada aýdylanda, onda bula­ryň hemmesi özüňi ulumsy tutmakdan, Taňrynyň nygmat­la­ryna şükür etmezlikden, Taňrynyň azabynyň gatydygyndan, gaharynyň uludygyndan, gapyl bolmakdan gelip çykýar. Beýle hereketler Allatagala bilen özüni baglan alymlaryň däl-de, eý­sem dünýä bilen özüni baglan adamlaryň adatydyr. Abdylla Tus­teriniň[55] (goý, Taňry ondan razy bolsun) aýdyşyna görä, alym­lar üç hilidir:

1. Allatagalanyň emrine tabyn alymlar. Olar halaly-ha­ra­my saýgarýan müftiler ýaly zamana alymlary däldirler. Bu ylym içde Alladan gorky döretmeýär.

2. Taňryny tanaýan alym. Ol Taňrynyň emri bilen hem, zamanasy bilen hem alym däldir. Ol ýalňyz Allany bilýär. Beýle alymlar umumy musulmanlardyr;

3. Allatagalany hem zamanasyny hem bilýän alym. Olar syddyklardyr. Olarda howp etmek we tabynlyk agdyklyk ed­ýär.

Tusteri «zamana» diýmek bilen geçmişdäki we geljekdäki adamlara Allatagalanyň beren gizlin nygmatlaryny we azapla­ry­ny göz öňünde tutýar. Kim bu zatlary bilse, onuň Taňrydan gorkusy artar we Oňa tabynlygy güýçlener.

Omar (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Ylym öwreniň. Ylym bilen birlikde pespälligi, mylaýymlygy we asyllylygy öwreniň. Ussatlaryňyza hem, özüňizden ylym öwrenýänlere hem mähriban boluň. Ulumsy alymlardan bolmaň. Eger şeýle bolmasaňyz ylmyňyz nadanlygyňyzdan üstün bolmaz» diýdi. Bir sözde: «Taňry kime ylym berse, onuň ýany bilen myla­ýym­lyk, pespällik, gözel ahlak hem berer» diýlipdir. Peýda beriji ylym şeýle bolmalydyr. Ýene şeýle aýdylypdyr: «Kime ylym, takwalyk, pespällik we gözel ahlak berilse, ol takwalaryň yma­mydyr». Bir hadysda şeýle diýilýär: «Meniň ymmatymyň ýag­şy­lary Taňrynyň rehmetiniň giňliginden açyk gülýärler, Onuň azabyndan howpa düşüp, gizlin aglaýarlar. Olaryň göwreleri ýerde bolsa hem, köňülleri asmandadyr. Ruhlary dünýäde bolsa hem, akyllary ahyretdedir. Olar seýkin-seýkin basyp ýörärler we Taňra ýakynlaşarlar». Hasan: «Mylaýymlyk ylmyň weziri­dir, rysgal onuň atasydyr, pespällik onuň köýnegidir» diýdi. Bişr ibn Hars: «Kim ylym bilen adamlara baş bolmakisleýän bolsa, Taňra duşmançylygy ýakynlaşar. Ony ýerde-gökde söý­mez­ler» diýdi.

Ysraýyllylaryň bir hekaýasynda şeýle aýdylýar: «Bir dana adam parasat barada üç ýüz altmyş sany eser ýazdy. Adamlar ony beýik dana hökmünde wasp etdiler. Allatagaladan şol döwrüň pygamberlerine: «Sen ol adama ýeriň ýüzüni boş sözlerden doldurandygyny aýt. Onuň sözleri bilen hiç bir adam meniň razylygymy gazanmak ýoluna düşmedi. Men onuň bu manyly sözleriniň hiç birini kabul etmedim» diýdi. Ol adam eden işine puşman etdi. Bu işi terk edip, adamlaryň arasyna bardy, bazarlarda ýöredi. Ol özüni pespällige saldy. Ysraýyl ili ony kethuda saýlady. Taňry ýene olaryň pygamberine: «Sen in­di ol adama onuň meniň razylygymy gazanmak ýoluna dü­şen­di­gini aýt» diýip habar iberdi. Awzagy (goý, Taňry oňa rehim­dar­lyk etsin!) aýtdy: «Bilal ibn Sagt[56] şeýle aýdardy: «Siz­den biriňiz patyşanyň emeldaryna bakar we ondan sakla­ma­gy­ny sorap, Taňra sygynar. Ol ýene adamlara baş bolmagy söýen, mu­nuň üçin elden gelen gaýratyny sarp eden dünýä alymyna bakar we ondan saklamagy sorap, Taňra sygynmaz. Aslynda ol emeldardan dünýäni söýen alym has erbetdir». Bir hadysda şeýle aýdylýar: «Pygamber alaýhyssalamdan: «Haýsy amal ýag­şydyr?» diýip soraldy. Pygamber alaýhyssalam: «Haramdan çekilmek ýagşydyr. Haramdan daşlaşsaň, Allatagalanyň zik­ri­niň lezzetini agzyňda taparsyň. Taňryny köp ýatlarsyň» diýdi. Ondan ýene: «Haýsy ýoldaş ýagşy?» diýip soraldy. Pygamber alaýhyssalam: «Taňryny ýatlanyňda ýardam beren, Ony unu­da­nyň­da ýadyňa salan ýoldaş ýagşydyr» diýdi. Ondan ýene: «Haýsy ýoldaş erbetdir?» diýip soraldy. Pygamber alaýhys­sa­lam: «Taňryny ýatlanyňda ýardam bermeýän, unudanyňda ýa­dy­ňa salmaýan ýoldaş erbetdir» diýdi. Ondan ýene: «Adam­la­ryň ylma ökdesi kimdir?» diýip soraldy. Pygamber alaý­hys­sa­lam: «Taňrydan köpräk gorkýany ylma ökdedir» diýdi. Ondan ýene: «Biziň ýagşymyzyň kimdigini aýtsaň?! Biz onuň bilen otu­ryşsak» diýip soraldy. Pygamber alaýhyssalam: «Haçan görseň Taňryny ýatlaýan adamdyr» diýdi. Ondan ýene: «Adam­laryň erbedi kim?» diýip soraldy. Pygamber alaýhys­sa­lam: «Bozuk ahlakly alymdyr» diýdi.

Pygamber alaýhyssalam: «Dünýäde köp pikir eden adam ahyretde aman bolar. Dünýäde köp gülen adam ahyretde köp aglar. Dünýäde köp gaýgy-gussa batan adam ahyretde köp gü­ler» diýdi.

Aly (goý, Taňry ondan razy bolsun!) bir hutbasynda şeýle aýtdy: «Nebsim girewdir, men bolsa oňa kepildirin. Asly bozuk adam dogry ýola gelmez. Nadan adam özüni tanamaz. Taň­ry­nyň ýigrenýän adamy ondan mundan habar eşidip, myş-myş ýaýradýan kişidir. Adamlaryň bozugy ylym bilen ýaşamaýan alymdyr. Ylmyň ýagşylygy gönderýän az mukdary azgynlyga iter­ýän köp mukdaryndan ýagşydyr. Gerekmejek mukdarda köp ylym öwrenenler adamlaryň mätäç meselelerini çözmek üçin kürsä geçip oturar we gapma-garşy meseleleriň dogrusyny we ýalňyşyny seljerip bilmän bulaşar. Olaryň bu pikirleriniň berkligi möýüň kerebi ýalydyr. Onuň münmesi hem, düşmesi hem bilmezlikdendir. Ol ulumsulygyndan ýaňa bilmeýän me­se­le­lerinde «Alla bilýändir» diýip ötünç soramaz. Ylma yhlas edip, ondan peýdalanmak islemez. Ol ýalňyş höküm çy­kar­ma­gy­nyň üstesine özi hem şikaýatçydyr we ylma mynasyp adam däldir. Hökümlerinde halal zada haram, halala haram diýer. Onuň ýaly adamlar ömrüni dady-perýat edip aglap geçir­me­li­dir» diýdi.

Aly (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Ylmy üns berip diň­läň. Ylmy degişme bilen gatyşdyrmaň» diýdi. Öten alym­la­ryň biri: «Alym her gülende ylmyň bir bölegini ýitirer» diýip­dir. Aýdylypdyr: «Mugallymda üç häsiýet jemlense kämillige ýe­ter, ylym öwretmäge sabyrlylyk, pespällik, gözel ahlak. Ta­lyp­da üç häsiýet jemlense kämillige ýetişer, akyl, edep, düş­bü­lik».

Mahlasy, ahyret alymlary Gurhanda görkezilýän ahlaklara eýermelidirler. Çünki, olar Gurhany baş bolmak üçin däl-de, eýsem onuň hökümlerine amal etmek üçin öwrenýärler.

Ibn Omar (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Biz Gurhan in­mezden öň hem bir zaman ýaşadyk. Käbirimiz Gurhan in­mez­den öň imana geldi. Soňra süreler indi. Olar adamlary ýag­şy­lyga ündemegi, ýamanlykdan saklamagy öwrendiler, halal-haramy bildiler. Men Gurhan inenden soň imana gelen adam­lary hem gördüm. Olaryň arasynda Gurhany başdan-aýagyna çen­li okap, halal-haramy tapawutlandyrmaýanlary hem bar» diý­di.

Başga bir habarda hem edil şuňa mazmundaş gürrüň aý­dyl­ýar: «Biz Pygamber alaýhyssalama Gurhan indirilmezden öň iman getirdik. Ýöne geljekde käbir adamlar imana gel­me­zin­den öň Gurhan berler. Olar Gurhanyň harplarynyň dürs okal­­şyna üns bererler, onuň başga şertlerini berjaý etmezler we: «Biz Gurhany okyjylardyrys. Heý, ony bizden ýagşy oka­ýan­­lar barmyka?» diýerler. Olaryň Gurhandaky paýlary diňe şulardan ybaratdyr». Başga bir sözde: «Beýle adamlar ym­ma­tyň iň erbet adamlarydyr» diýilýär.

Aýdylypdyr: «Bäş sany ahlak ahyret alymlarynyň alamat­la­ryndandyr. Olar Taňrynyň kitabynyň bäş sany aýatyndan ge­lip çykýan şu ahlaklardyr: Gorky, kalby tabynlyk, pespällik, gö­zel ahlak, ahyreti dünýäden ýokary tutmak, takwalyk»

Gorky barada aýdylanda, ol Taňrynyň şu sözünden gelip çyk­ýar: «Allatagaladan Onuň alym bendeleri gorkýarlar».[57] Ta­byn­lyk barada aýdylanda oňa Taňrynyň şu sözi delildir: «Olar Taňrydan gorkup, Onuň aýatlary üçin az bolan nyrh almazlar»[58] (ýagny, aýatlaryň gadyr-gymmatyny ýagşy bilerler). Pespällik baradaky aýat şudur: «Möminler üçin ganatlaryňy ýaý».[59] Gözel ahlak baradaky aýat: «Allatagalanyň rehmeti üçin olara my­la­ýym garaň».[60] Takwalyk baradaky aýat: "Ylym berlen kişiler: «Size haýp bolsun! Imana gelip, ýagşy amallary işleýän adam­lara Allatagalanyň berjek sogaby has haýyrlyrakdyr» diý­di­ler».[61]

Pygamber alaýhyssalam: «Allatagala kimi dogry ýola gö­nükdirmek islese, kükregini yslam üçin açar» diýdi. Ondan: «Kük­rek açmak nämedir?» diýip soraldy. Pygamber alaý­hys­sa­lam: «Eger kalba nur dökülse, kalp açylar we giňär» diýdi. On­dan ýene: «Munuň alamaty barmy?» diýip soraldy. Pygamber alaý­hyssalam: «Hawa bar. Onuň alamaty aldawçy dünýäden daşlaşyp, ebedi ahyrete tarap ýüzlenmekdir we gelmezinden öň ölüme taýýarlanmakdyr» diýdi.

Ahyret alymlarynyň alamatlarynyň biri amaly bozýan, kalbyň tabynlygyny giderýän, şeýtanyň alyna düşürýän we ýaramaz netijelere getirýän sebäpleri bilmekdir. Diniň asly bu zatlardan päklenmekdir. Şahyrlaryň biri şeýle aýdypdyr:

Şeri şer etmek üçin däl, bil päklik üçin şerden,

Şere düşjekdigiň bil, bilmezden şere birden.

Amallaryň iň üstüni dil we kalp bilen Taňrynyň zikrini et­mekdir. Bu ýerde işiň hakykaty zikri bozýan we olary bulaş­dyr­ýan zatlary bilmekdedir. Biziň bu zatlary ýatlap geç­me­gi­miz olaryň akymlara we uzak ýollara bölünýändiklerini bil­dir­mek maksadyny yzyrlaýar. Ahyret ýolunda ýöreýän ýolagçy olaryň her birine gabat gelýär.

Dünýä alymlary höküm hem pitwalarynda seýrek gabat gelýän we gerekmejek meseleleriň çözgütlerine üns berýärler. Hat-da olar geljek nesiller üçin gerek boljak, özlerine zerur bolmadyk zatlary hem üns merkezinden düşürmeýärler. Başga tarapdan özlerine lazym boljak zatlary unudýarlar. Özüňe mö­hüm zady satyp, başga birine möhüm bolan zady satyn almak­dan nähili peýda bar? Beýle alymlaryň muzdy bu dünýädäki adamlar tarapyndan nobatma-nobat gelýän ýasdyr sadakalarda gadyrlanmakdyr, ahyretde azap tartmakdyr.

Hasan Basrynyň (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) sözi pygamberleriň sözüne meňzeşdir. Onuň dogry ýola gönükmegi sahabalaryňka (goý, Taňry olardan razy bolsun!) ýakyndy. Onuň sözleriniň aglabasy kalbyň düşjek howp-hatarlary, amal­la­ryň bozulmagy, şeýtanyň alyna düşmeklikwe nebis islegleri baradady. Ondan: «Eý, Abu Sagyt! Sen başgalaryň aýtmaýan söz­lerini aýdýarsyň. Sen olary nireden alýarsyň?» diýip soral­dy. Ol muňa: «Men olary Huzeýfa ibn Ýemandan alýaryn» diý­di. Adamlar Huzeýfadan: «Biz seniň Pygamberden başga hiç kimiň aýdyp bilmedik sözlerini aýdýandygyňy eşitdik. Sen beý­le sözleri kimden öwrendiň?» diýip soradylar. Huzeýfa: «Men bu sözleri Pygamber alaýhyssalamdan öwrendim. Ol bu sözleri diňe maňa aýtdy. Adamlar ondan haýyrly işler barada soraýardylar, men bolsa şer işler barada soraýardym. Çünki, şer işlere düşerin diýip gorkýardym. Sebäbi şer işleri bilmedik haýyrly işleri hem bilmez» diýdi. Ol başga bir sözünde adamlar: «Eý, Allanyň resuly! Şeýle-şeýle işleri eden adama nä­me bolar?» diýip ýa-da amallaryň sogaplary barada sora­ýar­dylar. Men bolsa: «Eý, Allanyň resuly! Şeýle-şeýle amaly nä­me bozýar?» diýip soraýardym. Ol meniň amallarymyň apat­la­ry barada soraýandygymy görüp, maňa bu ylmy öwretdi" diýdi. Huzeýfa (goý, Taňry ondan razy bolsun!) mynapyklary tana­mak babatda hem mahsusdy. Ol jedel ylmyna ökdedi, jedeliň se­bäplerini ýagşy bilýärdi we gowgalaryň inçe syrlaryndan ýag­şy baş çykarýardy. Omar, Osman we beýik sahabalar ondan (goý, Taňry olaryň hemmesinden razy bolsun!) hak adamlary gowga salýan zatlar barada soraýardylar. Hezreti Omar ondan mynapyklar, olaryň sany, atlary barada soraýardy. Huzeýfa olaryň sany barada aýtsa-da,atlaryny aýtmazdy. Hezreti Omar ondan: «Mende mynapyklyk alamaty barmy?» diýip sorady. Ol: «Sende mynapyklygyň eseri ýok» diýdi. Hezreti Omar jy­na­za namazyna barsa, ol ýerde Huzeýfany görmese, jynaza namazyna durmazdy. Huzeýfany «syrlaryň eýesi» diýip atlan­dyrýardylar.

Kalbyň makamlaryna we hallaryna üns merkezini gönük­dir­mek ahyret alymlarynyň adatlaryndandyr. Çünki, ynsany Taň­ra ýakynlaşdyrjak zat kalpdyr. Bu kalp ylmy ýat boldy, hatda unutmak derejesine çenli baryp ýetdi. Bir alym kalp yl­myn­dan bir zat aýtsa, adamlar: «Bu kişi düşnüksiz sözleri aýd­ýar» diýýärler. Adamlar hakykaty jedel etmegiň inçe syrlaryn­dan gözleýärler. Şu sözleri aýdan Abdylwahyt ibn Zeýt hak aý­dypdyr:

Ýollar sansyz bolsa hem, hakyky ýol bir diňe,

Bu ýola giren azdyr, basdyryp özün çaňa.

Çarkandakly ýollardan, omzap gidýär ol öňe.

Nätanyş özi — sözi, düşmeýärler hiç oňa.

Bilmez hiç kim soralsa: «Nämedir maksat saňa?»,

Köpler gapyl hak ýoldan, uky dönüpdir ýoňa.

Mahlasy, köp adamlar özlerine ýeňil, tebigatlaryna golaý bolan tagata meýil edýärler. Çünki, hakykat ajy, hakykaty ýöretmek kyn, oňa ýetişmek çetin, ýoly bolsa agyr. Aýratyn hem kalbyň sypatlaryny bilmek, ony oňlanylmaýan ahlaklardan päklemek barada aýdylanda şeýledir. Munuň özi ruhuň do­wam­lylyga düşmegidir. Ruhuň eýesi ajylygyna garamazdan der­many sagalmak umydy bilen içýär. Onuň mysaly perişdäniň beren hurmasy bilen agzyny açmak üçin muşakgat çekip, öm­rüni oraza tutmak bilen geçiren adamyň mysalyna meňzeýär. Şunuň üçin şeýle diýlipdir: «Basrada wagyz geçýän we zikr edýän ýüz ýigrimi mütekellim bardy. Ýöne olaryň arasynda diňe üç adam ýakyn ylmyndan, kalbyň hallaryndan we batyn sypatlardan söz çykarýardylar. Olar AbdyllaTusteri, Subaýhy we Abdyrahymdy. Beýleki alymlaryň mejlislerine örän köp adam ýygnanýardy. Bu üç alymyň gurnaýan mejlislerine bolsa az adam gelerdi we olaryň sany on adamdan geçmezdi». Çün­ki, gymmatly zadyň gadyryny bilmek belli bir adamlara mah­sus­dyr. Her kişi birlen zadyň gymmatyny bilmeýär.

Ahyret alymlarynyň alamatlarynyň biri – öz ylmyna göwnüniň ýetmegi we kitaplardan başga biriniň aýdyşyna görä däl-de, eýsem özüniň baş çykarmagydyr. Ol şerigatyň eýesi Py­gamber alaýhyssalamyň sözlerine we eden işlerine eýermelidir. Onuň sahabalara (goý, Taňry olardan razy bolsun!) eýermegi lazymdyr. Sahabalara eýermegiň sebäbi bolsa, olaryň edýän işlerini Pygamber alaýhyssalamdan eşidip berjaý edendikleri üçindir. Ol Pygamber alaýhyssalamyň sözlerindäki we işlerin­dä­ki syrlaryň inçe ýerlerini öwrenmäge höwesek bolmalydyr. Sebäbi eýerýän adam eýerýän zadyny berjaý edýär. Pygamber alaýhyssalamyň her bir hereketinde hikmet bardyr Onuň söz­le­riniň we işleriniň syrlaryna aýratyn dykgat bilen üns merkezini gönükdirmelidir. Diňe aýdylan zatlary ýatlamak bilen oňňut edýän kişi ylmyň gabygydyr. Ondan alym bolmaz. Şonuň üçin: «Pylany ylmyň gabygy» diýilýär. Hikmetlere we syrlara düşün­mäge çalyşmaýan, diňe ýat beklemäge meşgul adama «alym» diýilmeýär. Kim kalbynyň örtügini açyp, ony dogry ýola gö­nük­dirmek nury bilen şöhlelendirse, ol başga birine däl-de, eý­sem Pygamber alaýhyssalama eýerýän kişi bolar. Bu sebäpli Ibn Apbas (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Allanyň resu­lyn­dan başga kişiniň ylmyndan alynýan zat hem, alynmaýan zat hem bar» diýdi. Ibn Apbas Zeýt ibn Sabytdan fykh ylmyny, Ubeý ibn Kagpdan[62] bolsa kyragat ylmyny öwrendi. Soňra ol ikisi bilen fykh we kyragat[63] ylymlarynyň käbir aýratynlyklary jähetden ylalaşmady. Öten alymlaryň biri: «Biz Pygamber alaý­hyssalamdan özümize gelip ýeten her bir sözi göz we baş üstüne kabul etdik. Sahabalardan (goý, Taňry olardan razy bol­sun!) gelen sözleri alýanlarymyz hem, almaýanlarymyz hem bar. Ýöne tabygynlardan özümize gelip ýeten sözleri kabul et­män, terk etdik. Çünki, olar hem özümiz ýaly adamlar» diýip­dir. Sahabalaryň artykmaç tarapy olaryň Pygamber alaýhys­sa­la­mywe onuň işlerinihut öz gözleri bilen görendiklerindedir, gulaklary bilen sözlerini eşidendiklerindedir, onuň dürli ýag­daý­lar bilen baglanyşykly getiren delillerine ýürekleri bilen uýýandyklaryndadyr. Munuň özi olara goşmaça rowaýatlara we jümlelere ýüzlenmezden Pygamber alaýhyssalamyň halla­ry­ny dürs beýan etmäge mümkinçilik berdi. Çünki hata goýber­mekden olary pygamberlik nury goraýardy.

Başgalardan eşidilen zatlara uýmagyň kabul bolmaýşy ýaly kitaplara we eserlere uýup salgylanmak göwne jaý däldir. Çünki, kitaplar we eserler gürrüňlere görä düzülendir. Sahaba­laryň we tabygynlaryň döwründe heniz kitaplar ýokdy. Olar 120-nji hijri ýylyndan soň[64] peýda boldy. Gepiň kelte ýeri, kitap sahabalaryň hemmesiniň we beýik tabygynlar bolan Sagyt ibn Müseýýebiň, Hasan Basrynyň we beýlekileriň ölümlerinden soň ýüze çykdy. Sahabalar we tabygynlar Gurhany okamaga, onuň manylaryna düşünmäge, ýatlamaga bolan ymtylyşlarynda hata goýbererler diýen gorky bilen hadys we beýleki kitaplary ýazmagy halamaýardylar.

Olar: «Siz hem biziň ýatlaýşymyz ýaly ýatlaň» diýip aý­dardylar. Bu sebäpli Abu Bekr we sahabalaryň bir topary (goý, Taňry olardan razy bolsun!) Gurhany kitap görnüşine ge­çir­me­gi oňlamaýardylar we: «Biz Pygamber alaýhyssalamyň etme­dik işini nähili edeli?! Goý, ony okamak we okatmak bize bol­şy ýaly agyzdan-agyza ötsün» diýdiler. Omar we başga saha­ba­lar (goý, Taňry olardan razy bolsun!) bolsa adamlaryň Gurhany unutmagyndan, sözleriniň dürli okaýyşlarynyň ýüze çykmagy sebäpli dawa peýda bolmagyndan heder edip, Gurhany kitap gör­nüşinde jemlemegiň tarapdarlary boldular. Abu Bekriň (goý, Taňry ondan razy bolsun!) hem soňky teklibi kabul et­me­gi bilen Gurhan bir kitap görnüşinde jemlendi. Ymam Ahmet ibn Hanbal hem ymam Mäligiň «Al-muwatta» («Hadys gol­lan­masy») atly kitabyny ýazmagyny göwne jaý hasaplamaýardy we: «Ol sahabalaryň etmedik işini etdi» diýerdi.

Aýdylyşyna görä, yslamda ilkinji kitap ýazan Ibn Ju­raýh­dyr. Onuň kitaby hadyslara degişli bolup, «Al-asar» («habar­lar») diýip atlandyrylýar. Mekgede Atanyň[65] we Ibn Apbasyň şägirtlerinden bolan Mujahyt tefsir mowzugyndan «Huruf at-tefäsir» («Tefsir kitaplarynyň harplary») atly kitabyny ýazdy. Soň Ýemende Magmar ibn Reşit Sangany Pygamber alaý­hys­salamyň sünnetleri barada kitap düzdi. Soň Medinede Mälik ibn Enes «Al-muwwatta» («Daýanç»), soň Sufýan Söwri «Al-jamy» («Jemleýji kitap») atly eserlerini döretdiler. Soňra hijri­niň dördünji asyrynda kelam ylmyna degişli kitaplar ýazylyp başlady. Jedel ylmyna degişli kitaplar we makalalar köpeldi. Soň adamlar jedel ylmyna, kyssalara we olary wagyz etmäge meşgul boldular. Şol wagt hem ýakyn ylmy ýitip ugrady. Kalp ylmyny, nebsiň sypatlaryny we şeýtanyň hile ýollaryny öwren­mek seýrek hadysa öwrüldi. Az sanly alymlar diýäýmeseň, olaryň köpüsi bu ylymdan ýüz dönderdi. Jedelçi mütekellim hem, owaz taýdan sazlaşýan kyssany ulanyp sözüni bezeýän kyssaçy hem «alym» diýlip atlandyrylyp başlady. Çünki, olary diňleýänler ylmyň hakykatyny tapawutlandyryp bilmeýän ham adamlardy. Sahabalaryň (goý, Taňry olardan razy bolsun!) ömür beýanlary we ylymlar baradaky bilýän zatlary ýüzleýdi. Şeýlelikde, olara «alym» ady bekäp galdy. Öňki alymlardan bulara hem şeýle at miras galdy. Ahyret ylmy unudyldy we bu ylym bilen kelam ylmynyň arasynda tapawut galmady. Ahyret ylmyny az sanly alymlar bolaýmasa, hiç kim bilmedi. Eger tanymal alymlardan «Pylany ylma zormy ýa-da pylany?» diýip soralsa, olar: «Pylany ylmy bilen zor, pylany bolsa sözi bilen zor» diýip jogap berýärdiler. Has alymlar ylym toparlary bilen söz sungatynyň toparlarynyň arasyny tapawutlandyrýardylar. Şeýlelikde, «Geçen asyrlarda din gowşady. Onsoň diniň ýag­da­ýy seniň şu zamanyňda nähilidir diýip oýlaýarsyň?» di­ýip sora­saň, onda men: «Din häzir inkär etmek görnüşine çenli baryp ýetdi. Indi ony dürs akyma saljak bolsaň, dälilik hetdine barar­syň. Häzir, iň gowusy her adam özüne özi meşgul bolmaly ýa-da dymmaly» diýip jogap bererin.

Ahyret ylymlarynyň alamatlarynyň biri – täze ýüze çykan işlerden, eger olar bilen köpçülik ylalaşan hem bolsa örän häzir bolmakdyr. Ol sahabalardan (goý, Taňry olardan razy bolsun!) soňra ýüze çykan akymlaryň taglymatlaryna eýermeli däldir, ter­sine sahabalaryň hallaryny, ömür beýanlaryny, işlerini ýüze çykarmaga höwesli bolmalydyr. Näme sahabalaryň ähli tagal­lalary ylym okatmak, kitaplar ýazmak, jedel etmek, kazy bol­mak, häkim bolmak, wakflara[66] eýe bolmak, emläkleri gara­ma­gyna almak, ýetim malyny iýmek, patyşalara ýakyn durmak we olar bilen hoşniýetli gatnaşmakmydy?! Ýok, olar galapyn wagt­laryny howp, gaýgy-gussa, oý-pikir, yhlasly ybadat etmek, daşky agzalaryna hem içki duýgularyna gözegçilik etmek, uly-kiçi günä işlerden çekilmek bilen geçirdiler.

Eger biler bolsaň, zamananyň alymragy we hakykata ýa­kyn­ragy sahabalara meňzejek bolýan we olaryň sözlerini ýagşy bilýän adamdyr. Aly (goý, Taňry ondan razy bolsun!) özüne: «Sen pylanynyň aýdan sözüne ters iş etdiň» diýenlerinde: «Biziň ýagşymyz, bu dinde bize eýeren kişidir» diýdi.

Allanyň resulynyň zamanasyndaky adamlara uýjak bolup, öz döwrüň adamlaryndan daşlaşmak asla rowa bolmaz. Çünki, olar hem özlerini Pygamber alaýhyssalamyň zamanynda kes­git­lenen düzgünleri berjaý edýän adamlar hökmünde hasap ed­ýär­ler we: «Jennetiň mundan başga ýoly ýok» diýip tek­rar­la­ýar­lar. Hasan Basry: «Yslamda bedgat ýola düşen iki hili adam bar. Olaryň biri: «Meniň bilen pikirdeş adam jennete girer» di­ýen bozuk pikirli adamdyr. Beýlekisi bolsa dünýäde at-abraýa we nazy-nygmata eýe bolup, ahyret bähbitlerine däl-de, eýsem ýe­ne dünýä arzuwlaryna gyzygýan adamdyr. Men beýle adam­lary oňlamaýaryn. Olaryň ikisi hem dowzaha düşer. Ýene bir adam dünýä gyzygan we nebsine uýan adamlaryň hiline düşür­mezligi Taňrydan dileg edýär. Allatagala beýle adamyň dile­gini kabul eder we ony sahabalaryň dürs ýoluna salar» diýdi.

Ibn Mesgut (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Sözüň ýag­şysy Taňrynyň sözüdir, ýoluň ýagşysy Pygamber alaýhys­sa­lamyň ýoludyr. Işleriň erbedi täze ýüz beren işdir. Her täze ýüz beren iş bedgatdyr. Her bir bedgat bolsa dürs ýoldan azaş­mak­dyr. Dünýä arzuwlaryna berilmek kalplary gataltmakdyr. Saňa ahyret güni uzakda hem geljekde bolup görünýändir. Ýöne sen her geljek zadyň uzakda däl-de, eýsem ýakyndadygyny ýagşy bil» diýdi.

Pygamber alaýhyssalam: «Özi aýyply bolup, özge adama­la­ryň aýyplaryny gözlemäge meşgul bolmaýan, halal gazan­jyn­dan eklenýän, parasatly hem ylymly adamlar bilen gatnaşyp, günä işleri edýän adamlardan özüni uzakda saklaýan, özüni pes­päl tutup, asylly ahlagy bilen adamlara görelde bolýan, yl­my bilen amal edýän, malynyň artykmajyny ýagşy işlere sarp edýän, artyk söz aýtmakdan dilini saklaýan, meniň sünnetimi berjaý edip, bedgata düşmeýän adama jennet buşlugy bolsun» diýdi. Ibn Mesgut (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Zama­na­nyň ahyrynda köp amaldan gözel ahlak ýagşy bolar» diýdi. Ol ýene: «Siziň zamanaňyzda ýagşyňyz ýagşy işleri etmäge ym­tyl­ýanyňyz bolar. Sizden soň ýene bir zamana geler. Şol zamanada olaryň ýagşysy şübheli işleri etmekden saklanýany bolar» diýdi.

Biz Taňrydan köp adamlary heläkçilik ýoluna salan şeý­ta­nyň alyna düşüp, günä işlere ýüz urmakdan we ýalançy dün­ýä­niň aldawyna girip, dürs ýoldan azaşmakdan saklamagyny so­ra­ýa­rys!


[34]Gurhanyň 7-nji «Agraf» süresiniň 32-nji aýaty.

[35]Mubah – özygtyýaryňa goýlan iş, ony etseň hem etmeseň sogap ýa-da günä bolmaýar.

[36]Ijtihat – anyk pitwa.

[37]اَبـْـدَالٌAbdal– pir, gaýyperenler.

[38]Tubbag – yslamdan öňki döwürde hökümdarlyk eden Ýemen şalary şeýle atlandyrylypdyr.

[39]Mälik ibn Enes (715-765) – Mäliki mezhebini esasalandyran ymam.

[40]Abdyrahman ibn Abu Leýla – sahabalaryň biri.

[41]Eshab as-suffa – bassyrmanyň, teläriň eýeleri. Garyp sahabalaryň bir topary. Olar metjidiň bassyrmasynda oturar ekenler we Pygamber alaýhyssalamdan ylym öwrenipdirler. Sadakalary olara berer ekenler.

[42]Gurhanyň 4-nji «Nisa» süresiniň 114-nji aýaty.

[43]Selman Parsy – milleti pars bir sahaba. Ol 656-njy ýylda ölýär.

[44]Abu Muhammet Sähl ibn Abdylla ibn Ýunus ibn Isa Tusteri – Zünnun Müsriniň bir şägirdi, beýik sopularyň biri. Ol 233/847-nji ýylda dünýäden ötýär.

[45]Gurhanyň 6-njy «Engam» süresiniň 59-njy aýaty.

[46]Kudsy hadys – Pygamber alaýhyssalamyň Allatagalanyň ady bilen aýdan hadysy.

[47]Nepil amallar – sogap üçin berjaý edilýän parz bolmadyk amallar.

[48]Mufessir– Gurhanyň aýatlarynyň manylaryny düşündirýän alym.

[49] Ibn Kaýýym: «Bu jümläniň asly ýokdur, ol ýalançy rapyzylaryň toslamasydyr. Çünki Taňrynyň delilleri gizlinlik bilen goralmaz» diýip, beýan edýär. Rapyzylar bolsa Abu Bekr bilen Omaryň halypalygyny kabul etmeýän we ol ikisine töhmet atýan akyma eýerýärler.

[50]Ýakyn ylym – ygtybarly ylym, kalby ylym, duýgy we ruhy ylym.

[51]Ýahýa ibn Mugaz Razy – meşhur wagyzçy alym. Ol 871-nji ýylda Nyşapurda dünýäden ötýär.

[52]Zan– güman.

[53] حـَـادِیـث ٌHadys – täze. Ol «gadym» sözüniň garşydaş manysy bolup, bu ýerde «täze ýüze çykan zat» manysynda ulanylýar.

[54]Gurhanyň 11-nji «Hud» süresiniň 6-njy aýaty.

[55]Yzzeddin Abdylla ibn Hüseýin Tusteri – hadysçylaryň biri. Ol Ahwaz welaýatynyň Tuster şäherinde doglup, 1021-nji miladyýylynda ölýär.

[56]Bilal ibn Sagt – sahabalaryň biri.

[57]Gurhanyň 35-nji «Fatyr» süresiniň 28-nji aýaty.

[58]Gurhanyň 3-nji «Äli Ymran» süresiniň 199-njy aýaty.

[59]Gurhanyň 15-nji «Hijr» süresiniň 88-nji aýaty.

[60]Gurhanyň 3-nji «Äli Ymran» süresiniň 159-njy aýaty.

[61]Gurhanyň 28-nji «Kasas» süresiniň 80-nji aýaty.

[62]Ubeý ibn Kagp– sahabalaryň biri.

[63]Kyragat – Gurhany okamagyň kada-düzgünleri.

[64]738-nji miladydan soň.

[65]Ata ibn Abu Rabbah – fakyh we hadysçy. Ol 732-nji ýylda dünýäden ötýär.

[66]Wakyf – gurama, jemgyýet.